"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Owganystan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa eksportyny artdyrýar

Owganystan söwdany giňeltmek we ýerli senagaty ösdürmek maksady bilen, Merkezi Aziýanyň üsti bilen Ýewropa harytlaryň eksportyny artdyrýar. Bu barada Bahtar habarlar agentligi habar berýär. Owganystanyň Söwda we senagat edarasynyň agzasy Hanjan Alkozi: «Bu gün Owganystandan Ýewropa bahasy birnäçe million amerikan dollaryna barabar bolan 120 tonna guradylan miweler, şafran (zagpyran), haly we minerallar iberildi» - diýip, bu barada mälim etdi.

Sport. Dostluk. Hyzmatdaşlyk

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan dostluk ýörelgeleri Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary täze derejelere çykýar. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen-koreý gatnaşyklarynyň durnukly ösüşi iki ýurduň köpugurly hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagyň ugur edinilýändigi bilen şertlendirilendir. Şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler möhüm ähmiýete eýe boldy. Iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň barha pugtalanmagynda sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mynasyp paýynyň bardygyny bellemek gerek. Futbol boýunça dünýä çempionatynyň saýlama tapgyryndaky duşuşykdan başlap, yklymyň iri sport ýaryşy hasaplanýan Aziýa oýunlaryna, dünýä ýaryşlaryna çenli dürli derejeli bäsleşiklerde türkmen we koreý türgenleri sport meýdançasynda ýüzbe-ýüz boldular. Iki ýurduň sport babatdaky hyzmatdaşlygynyň menzillerine ser salsak, ol buýsandyryjy wakalara beslenendir. 2013-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalard

Hoşniýetli goňşuçylyga ygrarlylyk

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda Hökümet wekiliýetleriniň özara saparlarynyň möhüm ähmiýetiniň bardygy nygtaldy. Myhmanyň belleýşi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly ähmiýet berilýär. Döwlet Baştutanymyz goňşy ýurtlar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Watanymyzyň daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Eýran iki döwletiň arasynda ýola goýlan gatnaşyklaryň dost-doganlyk häsiýetine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursadyndan bäri netijeli türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň okgunly ösdürilýändigini nygtady.

Netijeli medeni gatnaşyklar giňeldilýär

28-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewi kabul etdi. Hususan-da, Türkmenistanyň bu halkara guramanyň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine berýän goldawyna we ýurdumyzyň dünýäde türki halklaryň örän baý medeni mirasyny wagyz etmäge goşýan goşandyna TÜRKSOÝ-nyň ýokary baha berýändigi bellenildi. Duşuşygyň dowamynda däp bolan hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda medeniýet we sungat ugurlary, bu ulgamda ylmy-barlaglary, özara bähbitli döredijilik alyşmalaryny höweslendirmek, bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyny bellemek hem-de 2024-nji ýylda beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmek bilen bagly meselelere deglip geçildi.

Özara hyzmatdaşlyk sazlaşykly ösdürilýär

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Myhman bilen mähirli salamlaşyp, Gahryman Arkadagymyz Neda Bergeriň Türkmenistanda uly hormata eýedigini aýtdy. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz onuň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Nygtalyşy ýaly, Türkmen-awstriýa jemgyýeti 2008-nji ýylyň noýabr aýynda döredildi we onuň internet saýty açyldy. Şeýle-de «Galkynyş» žurnaly çap edilýär. Şunuň bilen bir hatarda, Aşgabatda hem-de Wena şäherinde bu jemgyýetiň guramagynda Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Ýewropada ýeke-täk «Galkynyş» atly bilelikdäki simfoniki orkestriň çykyşlary, paýtagtymyzda guralýan Wena ballary we beýleki döredijilik çäreleri taraplaryň medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Işewür düzümleriň maslahatlary

29-njy noýabrda paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar. Bu gezekki duşuşyga Awstriýanyň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet gatnaşdy. Türkmen tarapyndan foruma birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki işler üçin anyk meýilnamalar kesgitlenildi. Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň ministrliklerin

Parlament diplomatiýasy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary muny nobatdaky gezek tassyklady Soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşi iki ýurduň köpugurly ykdysady hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmagy ugur edinýändikleri bilen şertlendirilendir. Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary, şol sanda Koreýa Respublikasy bilen ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi.

Halkara gatnaşyklaryň täze ugry

28–29-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynda resmi saparda boldy. Onuň çäklerinde dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo bilen duşuşdy. Ynanyşmak we özara hormat goýmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny belläp, hormatly Arkadagymyz saparyň diňe bir türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygyna däl, eýsem, döwletara gatnaşyklaryň tutuş toplumyna hem ägirt uly itergi berjekdigine ynanýandygyny aýtdy. Şeýle-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtap, bu gatnaşyklaryň hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başyny başlandygyna ünsi çekdi.

Türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Awstriýanyň doly ygtyýarly wekiline Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri halkara taslamalar barada giňişleýin maglumat berildi. Şeýle-de awstriýaly diplomat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň düzümi hem-de alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.

Işewürleriň duşuşygy

Noýabr aýynyň 29-na paýtagtymyzda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde gurady. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi. Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ulag diplomatiýasy kämillik ýolunda

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda ulag diplomatiýasynyň orny has hem ýokarydyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG ulag diplomatiýasyny ösdürmek ugrunda birnäçe resminamalary kabul etdi. Şolaryň hatarynda: «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň orny», «Durnukly, köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi barada», «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» hakynda resminamalary görkezmek bolar. Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 8-nji awgustynda ulag düzüminiň ýene bir möhüm desgasynyň Türkmenbaşy — Garabogaz Gazagystanyň serhedine çenli barýan ýoluň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşmagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirdi. Mundan başga-da, «Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012—2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, howa ulaglary ulgamy dowamly kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň ulag üpjünçilik ulgamynyň iň häzirki zaman ugry bolup, barha kämilleşýän raýat awiasiýasy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna mynasyp goşant goşýar. «Türkmenhowaýollary» agentliginiň esas

Hoşniýetli gatnaşyklar rowaçlanýar

Dost-doganlyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan türkmen-koreý gatnaşyklary täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatynyň netijesinde barha okgunly häsiýete eýe bolýar. Daşary syýasy strategiýasynda ähli döwletler bilen köpugurly gatnaşyklary ösdürýän Garaşsyz Watanymyzyň halkara abraýy barha artýar. Bu hakykat ýurdumyzyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolan Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklar babatda-da üýtgewsizdir. Sport, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlary hem köptaraply türkmen-koreý gatnaşyklarynyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl doldy. Şol döwrüň dowamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerindäki gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürip gelýär. Ine, ýakynda

Ilçi işe başlady

30-njy noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm sahypasy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary we onuň dowamynda geçirilen gepleşikler dostlukly döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmakda, ýurdumyza daşary ýurt maýa goýumlarynyň täze tapgyryny çekmekde, milli işewürligi ilerletmekde uly ähmiýete eýe boldy. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda saparda bolan wekiliýet agzalarynyň käbiriniň bu döwletli sapar hakyndaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklanyp, olaryň beren gürrüňlerini ýazga geçirdik. Guwançmyrat AGAÝEW,Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygy:

Türkmenistan — Birleşen Arap Emirlikleri: gadyrly gatnaşyklary berkitmegiň täze gözýetimleri

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda arap dünýäsiniň ýurtlary bilen deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Arap Emirlikleri bilen hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, netijeli häsiýetini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda bu dostlukly ýurda amala aşyran ilkinji resmi sapary bolsa türkmen-emirlikler gatnaşyklaryna degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmagyň, hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleridir ugurlaryny anyklaşdyrmagyň ýolunda täze sahypany açdy. Abu-Dabi duşuşygy: mümkinçilikler – ösüşiň bähbidine

Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: parlament gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýoly bilen

Hormatly Arkadagymyz Koreýa Respublikasynda resmi saparda boldy Türkmenistanda iri önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýan Koreýa Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty netijesinde üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 27 — 29-njy noýabrda Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary hem türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berjek möhüm waka boldy.

Hoşniýetli ýörelgelere eýerip

Ýakyn-u-alys ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyryp, dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan hyzmatdaşlygy ösdürmek Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan asylly ýörelgeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge has-da uly many-mazmuna eýe bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň hem-de hormatly Arkadagymyzyň diňe soňky aýlarda dostlukly ýurtlara amala aşyran saparlarynda hem-de ýurdumyzda geçirilen ýokary derejedäki duşuşyklar hem bu hakykatyň aýdyň beýanydyr. 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň başlygy hanym Neda Berger bilen geçiren duşuşygy hem halklarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da berkemegini şertlendiren ajaýyp wakalaryň biri boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz hormatly myhmanyň ýurdumyzda geçirilýän köp sanly baýramçylyk dabaralaryna işjeň gatnaşýandygyny we iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Türkmen-türk parlamentara hyzmatdaşlygy ilerledilýär

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop öz ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana sapar bilen geldi. Saparyň çäklerinde dürli derejelerde geçirilen netijeli gepleşiklerdir gazanylan ylalaşyklar ýyl-ýyldan täze mazmun bilen üsti ýetirilýän özara bähbitli türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine iki tarapyň hem uly gyzyklanma bildirýändigini nobatdaky gezek tassyklady. 18-nji noýabrda Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop bilen geçiren duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini we sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň parlamentiniň ýolbaşçysynyň Aşgabada saparynyň çäklerinde geçiriljek gepleşikleriň we duşuşyklaryň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklara täze itergi berjekdigine ynam bildirildi.

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 11-nji mejlisi geçirildi. Oňa iki ýurduň birnäçe döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Nobatdaky mejlisiň gün tertibine ozal gazanylan ylalaşyklary, hususan-da, geçen mejlislerde öňe sürlen teklipleri iş ýüzünde ýerine ýetirmek, sazlaşykly ösýän hyzmatdaşlygyň geljekki täze ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi.  Mejlisi açmak bilen, toparlaryň başlyklary birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik esasda ýola goýulýan türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtadylar. Bellenilişi ýaly, taraplar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda bar bolan uly mümkinçilikleri doly derejede peýdalanmaga çalyşýarlar. Mejlise gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine hemmetaraplaýyn üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, türkmen-awstriýa döwletara gatnaşyklaryň söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler. 

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministrini kabul etdi

Aşgabat, 30-njy noýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabiany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň aýdan mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Eýranda Türkmenistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de berkidilmegine uly ähmiýet berilýär.