"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Wagyz-nesihat duşuşygy

Golaýda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň Türkmenbaşynyň Olimpiýa suw-sport toplumy bilen bilelikde guramagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ak ýollarymyzyň abatlygy ugrunda durmuşa geçirýän beýik işler uly buýsanç bilen bellenildi.   Wagyz-nesihat duşuşygynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri Abadan Berdiýewa, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň 4-nji bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň maýory Juma Pygyýew dagy çykyş edip, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk berjaý edilmelidigini, munuň saglyk hakyndaky aladanyň möhüm bölegidigini nygtady. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy Hanaly Baýramowyň, Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň geňeşiniň başlygy Parahat Kakajaýewiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Baýmyrat Döwletgeldiýewiň täsirli söhbeti bu ýerde edilen çykyşlaryň üstüni ýetirdi.

Sahnada — körpeler

Şu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda çagalar baglarynyň uly ýaşly toparlarynyň körpeleriniň arasynda bäsleşik geçirildi. Welaýat baş bilim müdirligi tarapyndan guralan «Garaşsyzlygymyzyň saýrak bilbilleri» atly bäsleşige etrapdyr şäherlerden çagalar gatnaşdylar. Zehinli körpeler aýdym aýtmakda, tanslary ýerine ýetirmekde, goşgulary labyzly okamakda, çaga durmuşyna degişli gysgajyk sahna oýunlaryny görkezmekde bäsleşdiler. Bagtyýar çagalar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ata Watanymyzda gazanylýan ösüşleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy belentden wasp etdiler. Bu çäre körpe nesliň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Täze kitaplar gelip gowuşdy

Kitap adamzadyň deňsiz-taýsyz gymmatlygydyr. Bu gymmatly baýlygyň halkymyza has elýeterli bolmagy üçin ýurdumyzda uly tagallalar edilýär. Golaýda welaýat kitaphanamyza «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Kitaplaryň arasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly kitabynyň I jiltiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi tarapyndan işlenilip taýýarlanylan «Hatyra» kitabynyň V jiltiniň, «Arkadag hem Pyragy — köňüller şamçyragy» kitabynyň, «Türkmen keçesi» kitabynyň, şeýle-de Annadurdy Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri», Akmyrat Hojanyýazowyň «Watan hakda aýdym», «Özüň bolup ýaşamak» atly kitaplarynyň bolmagy bizi diýseň begendirdi. Täze gelip gowşan kitaplaryň jemi sany 1760 bolup, olar welaýat kitaphanasynyň hünärmenleri tarapyndan şäher, etrap merkezi kitaphanalaryna we olaryň şahamçalaryna paýlanyldy. Kitaplar baradaky maglumatlar kitaphanamyzyň elektron, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi. Kitaphanaçylar täze gelen kitaplary sergileriň, tanyşdyrylyş dabaralarynyň, synlaryň, edebi agşamlaryň üsti bilen wagyz edýärler. Bu bolsa kitaphanalarda okyjylaryň sanynyň artmagyna itergi berýär.

Baýramçylyk çäresi geçirildi

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleri, dabaralary giň gerime eýe bolýar. Bu şanly senä bagyşlap, Türkmenabat şäherindäki «Arzuw» toý mekanynda guralan baýramçylyk çäresi hem ruhubelentlige beslendi. Oňa ýaşulular, dürli pudaklarda zähmet çekýän öňdebaryjy partiýa agzalarymyz gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda ildeşlerimiziň baýramçylyk gutlaglary diňlenildi. Olar hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlary bilen Garaşsyz Watanymyzda durmuşa geçirilýän beýik işleriň, uly ähmiýetli başlangyçlaryň, gazanylýan ösüşleriň asyrlara barabardygyny nygtadylar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň ösüşlerini has-da öňe ilerletmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň döwletimiziň halkara abraýynyň we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokary göterilmegine uly itergi berýändigini buýsanç bilen bellediler.

Garaşsyzlyk — naýbaşy toýumyz

Şu günler güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär, Watanymyzyň baş baýramynyň şanyna Tejen etrabyndaky bilim-terbiýeçilik ojaklarynda guralýan baýramçylyk duşuşyklaryna, maslahatlara we dabaralara ýaş nesliň wekilleri egsilmez şatlyk duýgusy bilen gatnaşýarlar. Tejen etrabyndaky 29-njy çagalar bagynda “Garaşsyzlyk — bagtymyz”, “Berkarar Watanymyzyň naýbaşy toýy”, “Garaşsyzlygyň saýrak bilbilleri” şygarlary astynda geçirilýän baýramçylyk çäreleri şanly senäniň dabaralaryna özboluşly öwüşgin çaýdy. Körpeler arasynda “Garaşsyz Watanym” ady bilen geçirilýän surat bäsleşiklerine, aýdym-saz dabaralaryna gyzyklanmma ýokary. Körpe nesli ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, milli sungatymyza söýgi döretmekde şeýle çäreleriň uly ähmiýeti bardyr.

Aýdyň maksatlar ýollarymyza şamçyrag

Kaka etrap häkimliginiň mejlisler jaýynda “Aýdyň maksatlar ýollarymyza şamçyrag” şygary astynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan maslahat şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetine bagyşlandy. Maslahatdaky çykyşlarda bellenilişi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde halk häkimýetini amala aşyrmakda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi, halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň uly ähmiýeti bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri berkitmekde, döwletimiziň hukuk esaslaryny dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmekde, jemgyýetde demokratik däpleri pugtalandyrmakda, halkyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmekde Halk Maslahatynyň mejlislerinde kabul edilýän çözgütler möhüm ähmiýete eýedir.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy — gülläp ösüşleriň kepili

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Köpugurly gözden geçiriliş «Garagum» myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Döredijilik toparlary, bagşy-sazandalar sergä gatnaşyjylary we myhmanlary berkarar Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bilen mübäreklediler. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk — bagtymyzyň gözbaşy

Tylla güýzüň ilkinji aýynda biz şanly baýramy — Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçýäris. Bu baýram biz üçin iň arzyly baýramlaryň biri, çünki bu pederlerimiziň göwün küýsegine, köňül arzuwyna öwrülen arzuwyň amala aşan, arzylanyp ýetilen Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan baýram. Hut şonuň üçin-de her ýyl bu baýramy ähli ildeşlerimiz uly dabara bilen belläp geçýärler. Şu ýyl biz Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny belläp geçýäris. Taryh üçin gaty bir uzak döwür bolmadyk 33 ýylyň içinde biz Garaşsyzlygyň miwelerini ýurdumyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görüp gelýäris. Garaşsyzlyk — bu söz örän köp zady öz içine alýar. Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Dünýä halklaryna özüniň dost-doganlyk goluny uzadýan türkmen halkynyň geljegi aýdyň maksatlardan doly. Bu günki gün asly halal, rysgal-bereketli, sahawatly toprakly, Garaşsyz döwletli türkmen halky asuda asmanyň astynda, owadan Diýarda özüni juda bagtly, erkana duýýar. Döwletli döwrana eýe bolan halk özüniň beýik Garaşsyzlygynyň miwelerini, eşretini görüp, oňa guwanyp ýaşaýar.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy — gülläp ösüşleriň kepili

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu forum aýratyn ähmiýete eýedir. Garaşsyz Türkmenistan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä äşgär edýär.

San­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň aý­ra­tyn­lyk­la­ry

Be­ýik Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýy­ly­nyň do­wa­myn­da ýur­du­myz asu­da, ili­miz ag­zy­bir, ba­zar­la­ry­myz bol, top­ra­gy­myz be­re­ket­li, der­ýa­la­ry­myz joş­ly, öri meý­dan­la­ry­myz agyp-dö­nüp ýö­ren mal­ly, oba­dyr şä­her­le­ri­miz aba­dan bo­lup, hal­ky­myz bag­ty­ýar­ly­gyň hö­zi­ri­ni gö­rüp ýa­şa­ýar. Tä­ze ýol­lar, kö­çe­ler gu­rul­ýar, ga­zy, elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny, aras­sa agyz su­wu­ny ge­çi­ri­ji­ler her öý-oja­ga eş­ret bu­la­gy­ny ak­dyr­ýar. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, or­ta, ýö­ri­te or­ta we ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­riň, luk­man­çy­lyk mer­kez­le­ri­niň, teatr­la­ryň, ki­tap­ha­na­la­ryň birnäçesi gurlup ulanmaga berildi. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­lim ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak sy­ýa­sa­ty­nyň çäk­le­rin­de onuň mad­dy-en­jam­la­ýyn, yl­my-usu­ly­ýet we okuw-usu­ly bin­ýa­dy yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­ýär.

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy

19-njy sentýabrda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu forum aýratyn ähmiýete eýedir. Garaşsyz Türkmenistan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä äşgär edýär.

Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde etrap aragatnaşyk bölüminiň täze binasy ulanmaga berildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, «Daşoguztelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň gurluşyk-abatlaýyş bölüminiň işçi-hünärmenleri tarapyndan gurlan binada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän iň kämil enjamlar ornaşdyryldy. Ol etrabyň şäher we oba ilatyna ýokary derejede aragatnaşyk hyzmatlaryny ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze edara binasy açylyp ulanmaga berildi

«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Tagtabazar etrap aragatnaşyk bölüminiň täze döwrebap edara binasy açylyp ulanmaga berildi. Bu bina etrap merkezine aýratyn gözellik berýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, 2 gatdan, 16 sany önümçilik we iş maksatly otaglardan ybarat bina sanly ulgamyň kämil enjamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi etrabyň ýaşaýjylaryna aragatnaşyk hyzmatynyň dürli görnüşini ýokary hilli guramaga ýardam berer.

Watanymyzyň Garaşsyzlygy — gülläp ösüşleriň kepili

Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açyldy Aşgabat, 19-njy sentýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady. Watanymyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, medeni-ynsanperwer durmuşyndaky giň möçberli özgertmeleriň, özboluşly baý medeni mirasymyzyň guwandyryjy üstünliklerini şöhlelendirýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralýan bu forum aýratyn ähmiýete eýedir. Garaşsyz Türkmenistan ählumumy dünýä hojalyk gatnaşyklaryna okgunly goşulyşýan ýurt hökmünde ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösýändigini, serişdeler kuwwatynyň artýandygyny we geljeginiň uludygyny tutuş dünýä äşgär edýär.

«Ýaşyl» we «akylly» şäher — täze eýýamyň nyşany

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen badalga berlen we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň tutanýerli tagallalary esasynda gurluşygy dowam etdirilýän Arkadag şäheri entek taryhymyzda, şol sanda tutuş sebitde görlüp-eşidilmedik iri şähergurluşyk taslamasydyr. Ol bary-ýogy dört ýylyň içinde Köpetdagyň ajaýyp eteginde dörän iň döwrebap şäherdir. Mälim bolşy ýaly, gurluşygyň birinji tapgyrynyň çäklerinde dürli maksatly desgalaryň 336-sy guruldy. Häzir onuň gurluşygynyň ikinji tapgyry üstünlikli amala aşyrylýar. Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň halkara sylaglaryň 21-sine mynasyp bolmagy, şeýle hem “Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna goşulmagy ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamynda innowasion esaslara daýanýan başlangyçlaryň hem-de çözgütleriň halkara jemgyýetçilik tarapyndan ykrar edilýändigini we goldanylýandygyny görkezýär. Arkadag şäheri döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Türkmenistanyň häzirki zaman şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy. Ol ýurdumyzda başy başlanan uly maksatlaryň ýokary derejede amala aşyrylýandygyny tassyklaýar.

Maksadymyz ― döwrebap hyzmat

Baş Kanunymyzda görkezilişi ýaly, adam ― ýurdumyzyň iň gymmatly baýlygy. Şeýle bolansoň, raýatlarymyza kanunçylyk tarapyndan döwrebap derejede hyzmat etmek biziň hemişelik aladamyz. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly başlangyçlary netijesinde ildeşlerimiz bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşaýarlar. Täze jaýlary edinýän, satyn alýan, jaý toýlaryny tutýan ildeşlerimiziň sany bolsa barha artýar. Bölümimiz tarapyndan täze jaýlaryň eýesi bolan ildeşlerimize resminamalary doly we dogry düzetmekde ýardamçy bolmak üçin elimizden gelen kömegi gaýgyrmaýarys. Resminamalaryň milli kanunçylyk namalarymyza laýyklykda taýýarlanylmagyna ýardam edýäris.

Täze bina ulanylmaga berildi

Şanly senä mynasyp sowgat “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş-özgerişleriň ýoly bilen öňe barýar. Ähli ugurlarda ýokary görkezijiler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda gurlup, ulanylmaga berilýän binalardyr desgalar baýramçylyk sowgady bolup, il-günümizde guwanç duýgusyny döredýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna

Garaşsyzlyk — başymyzyň täji Ýakynda şeýle at bilen TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TDP-niň welaýat komitetiniň we TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, TDP-niň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň ýolbaşçylary, işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahaty TDP-niň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Myrat Ataýew alyp bardy.

Şatlyk-şowhuna beslenen dabara

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TAP-nyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki “Kejebe” toý mekanynda “Garaşsyzlyk — Pyragynyň arzuwlan ajap eýýamy” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Baýramçylyk ruhunda geçirilen dabara dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy

Ýakynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýuny mynasyp garşylamak, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Mary şäherindäki “Bagt köşgi” toý dabaralar merkezinde «Garaşsyzlyk bagtymyzyň gözbaşy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri we dürli pudakda zähmet çekýän işjeň agzalary hem-de Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp ýaşlary aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Aýdymlarda ata Watanymyzyň beýik ösüşleriniň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň rowaçly işleriniň waspy edildi. Şeýle-de, dabarada işjeň agzalaryň hem-de talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlary belentden ýaňlandy.