"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Maksatly iş myrada ýetirýär

Söhbetdeşimiziň iş otagyna baranymyzda, onuň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň öň ýanynda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medaly bilen sylaglanylmagy mynasybetli şatlygyny paýlaşýanlaryň sanynyň örän kändigine magat göz ýetirdik. Telefon arkaly gutlaglary uly buýsanç bilen ýüregine siňdirýän Babajan Narmamedow biz bilen mähirli salamlaşyp, hal-ahwal soraşdy. Onýança ýene-de jaň gelip, gutlaglar dowam etdi... — Görşüňiz ýaly, şu günler iň bagtly pursatlary başdan geçirýärin. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýyly meniň üçin ýatdan çykmajak ýyllaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ujypsyz zähmetime ýokary baha bermegi, döwlet sylagy bilen sylaglamagy maňa ruhy joşgun paýlap, täze zähmet ýeňişlerine galkyndyrdy — diýip, Babajan öz ýürek buýsanjyny beýan etdi.

Ösüşli menziller bagt getirýär

Halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny, Watanymyzyň kuwwatynyň berkemegini üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly tutumlaryň netijesini bu gün durmuşymyzyň ähli ugurlarynda aýdyň görmek bolýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň uly ösüşlere eýe bolýandygynyň we halkara abraýynyň has-da belende göterilýändiginiň subutnamasydyr. Ajaýyp zamanamyzda badalga berilýän her bir başlangyç rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzyň hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri sebitde we bütin dünýäde uly goldawa eýe bolýar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuşa geçirilýän iri taslamalar diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem bähbidine gönükdirilýär.

Kämil kanunçylyk — döwletiň kuwwatlylygynyň kepili

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe yzygiderli kämilleşdirilýär, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak hem-de üpjün etmek boýunça netijeli çäreler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde halkara tejribäniň ulanylmagy adam hukuklarynyň ähli zatdan belentde tutulmagyny üpjün etmegiň wajyp serişdesi bolup hyzmat edýär. Adam hukuklaryny üpjün etmek bolsa, raýat jemgyýetini gurýan her bir demokratik ýurduň esasy ýörelgesidir. Her bir adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak, şol bir wagtda jemgyýetde her bir adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň hakyky ulgamyny döretmek hukuk döwletini gurmagyň esasy şerti bolup durýar. Dürli ugurlarda, şol sanda ylym-bilim babatynda kabul edilýän resminamalar, amala aşyrylýan oňyn özgertmeler giň gözýetimli, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenýän, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan, saýlap alan hünärine yhlasly ýaşlary kemala getirmekde bilim işgärleriniň has netijeli işlemeklerine giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ajaýyp zamanamyzda barha kuwwatlanýan ata Watanymyzda guwandyryjy ösüşleriň gazanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyny ylmy esasda kämilleşdirmek we ony halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylmagy bilen hem berk bagl

Türkmen bedewi ― dünýäniň gymmatlygy

Üstümizdäki aýy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň has giň gerimde bellenilýän aýy hökmünde häsiýetlendirsek, hakykatdan daş düşmeris. Ýakynda merjen paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly geçirilen halkara forum hem muny doly tassyklaýar. Dünýä halklarynyň bilelikdäki ösüşi üçin iňňän ähmiýetli cözgütleriň kabul edilen forumyň yzysüre Arkadag şäherinde ýurdumyza «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini tassyklaýan şahadatnamanyň gowşurylmagy ýakymly günleriň ýakymyny has-da artdyrdy. Mundan bir ýyl ozal ― 2023-nji ýylyň dekabrynda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň Botswana Respublikasynyň Kasane şäherinde geçirilen 18-nji mejlisinde kabul edilen çözgüdi Ýer ýüzüniň 24 döwleti goldap çykyş edipdi.

Üç çärýegiň jemleri: wajyp wezipeler, belent sepgitler

Ministrler Kabinetiniň golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde şu ýylyň ýanwar — sentýabr aýlarynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde gazanylan netijelere seljerme berildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Hasabat döwründe ykdysady ösüşi häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň 6,3 göterim artmagy maksatnamalaýyn çemeleşmäniň netijeliligini ýene-de bir gezek tassyklady. Häzirki döwürde hereket edýän köp sanly maksatnamalarda we konsepsiýalarda kesgitlenen anyk wezipeleriňdir ugurlaryň ösüşiň täze menzillerini nazarlamagyň hereketlendiriji güýjüne öwrülendigi geljekki üstünliklere giň ýol açýar. Islendik ýurduň ykdysady ösüşine baha berlende, birnäçe görkezijilerden ugur alynýar. Şunda ykdysadyýetiň pudaklary boýunça öndürilen içerki hem-de jemi öndürilen önümler ulgamyň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýär. Mejlisde, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 11,7 göterim artandygy bellenildi. Bu görkeziji ýurtda jemlenen tebigy, zähmet we maliýe serişdelerini ulanmagyň netijesinde öndürilen önümiň hem-de ýerine ýetirilen hyzmatlaryň möçberiniň ösüş meýline eýe bolandygyny aňlatmak bilen birlikde, öň bar bolan, şeýle-de täze döredilen kärhanalardyr edaralar tarapyndan tölenilýän salgydyň möçberiniň ýokarlanmagyna getirendigine-de güwä geçýär. Salgyt töleýjileriň

Täzelik

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Narhal Haknazarowa degişli bolan Çärjew etrabyndaky «Hepdelik» haryt nyşanly hususy önümçiliginde süýji-köke, çörek önümlerini, şeýle-de peýnir öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Bu ýerde datly tagamlaryň 32 görnüşi taýýarlanylyp, ilata hödürlenilýär. Kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, işlerini awtomatlaşdyrylan usulda alyp barýan «Hepdeligiň» agzybir işçi-hünärmenleri şu ýylyň başyndan bäri çörek we süýji-köke önümleriniň 33 tonnadan gowragyny, peýniriň bolsa 19 tonna golaýyny öndürip, ak bazarlarymyza ugratdylar. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden ep-esli artykdyr.

Bankyň hyzmaty — halkyň hyzmaty

Türkmenistan döwletimiz bir asyryň üçden bir böleginden hem gysga wagtda ösüşleriň belent menzillerine ýetdi. Şol ösüşler ýurdumyzyň bank we maliýe ulgamynda hem öz beýanyny tapdy. Islendik döwletiň durnukly ösüşinde onuň maliýe-ykdysady ulgamyna uly orun degişlidir. Ilkinji nobatda bolsa, pul dolanyşygyny akylly-başly ýöredip, onuň hümmetiniň durnukly ýagdaýda saklanmagyny gazanmagy ykdysady üstünlik hasaplap bolar.

Nusgalyk ýol

Bu nusgalyk ýol Mälikguly Berdimuhamedowyň nesillere goýup giden hem-de mynasyp dowam etdirilýän ahlak-terbiýe mekdebidir. (Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda).

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­dy

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 8-nji okt­ýabr­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­na iş sa­pa­ry bi­len giden hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň Mosk­wa­da ge­çi­ri­len mej­li­si­ne gat­naş­dy.

«Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Olim­pi­ýa şä­herçesiniň «Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty» sport top­lu­myn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­si ge­çi­ril­di. Bu çä­re ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne ba­gyş­lan­dy.

«Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-en­sik­lo­pe­dik ki­ta­byň no­bat­da­ky jil­di­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 9-njy okt­ýabrda Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly köp jiltli yl­my-ensiklopedik işi­niň XVI jil­di­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Tä­ze ne­şir ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän hü­när baý­ra­my­nyň — Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öňü­sy­ra­syn­da çap edil­di.

Aş­ga­bat «Dost­luk oýun­la­ry­ny» we GDA ýurt­la­ry­nyň beý­le­ki sport çä­re­le­ri­ni ka­bul eder

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 7-nji okt­ýabr­da Mosk­wa­da ge­çi­ri­len GDA-nyň ag­za döw­let­le­ri­niň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­le­ri­niň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­de Aş­ga­ba­dyň «Ar­ka­la­şy­gyň tä­ze sport müm­kin­çi­lik­le­ri­niň şä­he­ri» diý­lip yg­lan edil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly 2024-2025-nji ýyl­lar­da ge­çi­ril­jek çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Bu ba­ra­da GDA-nyň in­ter­net-por­ta­ly ha­bar ber­ýär.

Maslahatly il — maksatly il

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Türk­me­nis­ta­nyň Baş baý­ra­my şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­sin­de ka­bul edi­len ta­ry­hy çöz­güt­ler bag­ty­ýar hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­le­ri­ni gel­jek­de hem has-da ýo­kar­lan­dy­rar. «Geňeşli ýollar — gü­neş­li ýollar», «Mas­la­hat­ly — mak­sat­ly». Bu jüm­le­ler he­ri­miz se­ri­miz­de my­da­ma dur. Bu ta­ry­hy mas­la­hat­da hem her bir öňe sür­len tek­lip­ler, baş­lan­gyç­lar, pi­kir­ler Türk­me­nis­ta­n döw­le­ti­mi­zi mun­dan beý­läk hem ös­dür­mä­ge, ýur­du­my­zyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, ösüp gel­ýän ýaş ne­sil­le­ri­mi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­da­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.

«Hal­ky­my­zyň joş­gun­ly, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti esa­syn­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler­de kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň tut­ýan or­ny» at­ly okuw maslahaty

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni taý­dan oňyn ösü­şi­ne Türk­me­nis­ta­nyň Kär­deş­ler ar­ka­la­şyk­la­ry­nyň goş­ýan go­şan­dy­ny has-da art­dyr­mak, Kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, döw­re­bap­laş­dyr­mak, gu­ra­ma­nyň ag­za­la­ry­ny dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­te ug­ruk­dyr­mak we tä­ze usul­la­ry işe or­naş­dyr­mak mak­sa­dy bi­len okuw mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek dä­be öw­rül­di. Şeý­le­lik­de, «Hal­ky­my­zyň joş­gun­ly, tu­tan­ýer­li zäh­me­ti esa­syn­da ýe­ti­len be­lent sep­git­ler­de kär­deş­ler ar­ka­la­şy­gy­nyň tut­ýan or­ny» at­ly okuw mas­la­ha­ty gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­di.

Aş­ga­bat — bag­tyň şä­he­ri

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Aş­ga­bat — bag­tyň, ba­ky bag­ty­ýar­ly­gyň şä­he­ri. Dün­ýä­de ta­nal­ýan mer­jen paý­tag­ty­my­zyň deň­siz-taý­syz gö­zel­li­gi, döw­re­bap­ly­gy, ýa­kym­ly ho­wa­sy her bir yn­sa­nyň göw­nü­ni joş­dur­ýar, tä­ze zäh­met üs­tün­lik­le­ri­ne ruh­lan­dyr­ýar.

Watan mukaddesdir

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Watan mukaddesligi hakynda söz açylanda, Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan biziň her birimiz üçin elýetmez mertebedir. Munuň hem sebäbi, Watan söýgüsi soňlanýan däldir. Watan söýgi hemişe joşup duran mukaddes duýgudyr. Şeýle bolanlygy üçinem diňe mertler, Watanyň mert ogullary Watany beýgeldýärler» diýen parasatly setirleri seriňe dolýar. Ilkinji kitaplarynyň birini «Garaşsyzlyga guwanmak, Watany, halky söýmek bagtdyr» diýip atlandyran Gahryman Arkadagymyzyň watançylyk söýgüsi biziň üçin nusgalyk bolup, halkyň manyly ýaşaýşynyň, Watanyň gymmatyna düşünmegiň, zähmetde uly üstünlikler gazanmagyň, belent maksatlara ýetmegiň özenine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär», «Watan goragy mukaddesdir», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar» ýaly ençeme watançylyk çagyryşly kitaplary her bir ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Ýaşlar Watanyň ynamly güýjüdir

«7/24.tm»: №42 (229) 14.10.2024 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da ylym ul­ga­my­ny ös­dür­mek, ýaş­la­ry­my­zyň dün­ýä tä­ze­lik­le­ri we hä­zir­ki za­ma­nyň öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na erk edip bil­me­gi­ni ga­zan­mak ýa­ly me­se­le­le­re uly äh­mi­ýet ber­ýär. Bu ba­bat­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz: «Hal­ky­my­zyň «Oka­ýan il ozar» di­ýen aja­ýyp pä­hi­mi bar. Şo­ňa gö­rä-de, ylym we bi­lim ul­gam­la­ry­ny düýp­li öz­gert­mek hem-de kä­mil­leş­dir­mek Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ul­gam­lar ýur­du­my­zyň tä­ze be­lent­lik­le­re ta­rap öňe git­me­gi­niň, bi­lim ber­me­giň dün­ýä de­re­je­si­ne çyk­ma­gy­nyň hem-de ýaş ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­le­me­giň düýp­li esas­la­ry­nyň bi­ri­dir» di­ýip bel­le­ýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulagy Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz uly ruhubelentlik bilen garşylanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud PEZEŞKIANY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlaryny hem-de medeniýetleri ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we eýran halklarynyň arasynda dost-doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan uly şahsy goşandyny nazara alyp, şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem-de ýadygärlik we sowgatlyk nyşanlary bilen sylaglamaly.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň geçiren duşuşyklary

11-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşmaga ýurdumyza sapar bilen gelendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.