"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Guşlar haçan göçýärler?

Jandarlar bir ýerden başga ýere möwsümleýin göçýärler. Muňa olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň ýetmezçiligi, gurakçylyk, suwuň derejesiniň üýtgäp durmagy, ýokary galmagy ýa-da çekilmegi, doňmagy, adam işewürligi we beýlekiler sebäp bolýar. Bu guşlar babatda-da şeýle. Olar beýleki jandarlara garanda, gysga wagtyň içinde uzak aralygy geçýärler. Guşlar köplenç şol bir ugur boýunça uçup, kenar ýakalarynda aram-aram düşläp, iýmitlenenlerinden soň, ýollaryny dowam edýärler. Haýran galaýmaly tarapy hem guşlaryň göçüşleriniň biri-biriniňkä meňzemeýänligidir. Sakarbarak, tersaýak, çuluk (käbir görnüşleri), baýguş gün ýaşandan soň uçsa, serçe, sar, torgaý, garlawaç, goýunguşlar, geçiguşlar gündiz göçýärler. Ördek, çarlak, çärik gije-gündiz uçýan guşlardyr. Uçup barýan guşlara howa şertleri hem täsir edýär, ýel öňünden bolsa pessaýlaýarlar, tersine, yzlaryndan bolsa ýokary galýarlar. Uçup barýan ördek, jüptün, çuluk ýaly, suw guşlary gury ýere golaýlanlarynda 50 – 100 metr ýokary galyp, suwy görenlerinde aşak gaýdýarlar. Suwda we batgada ýaşaýan guşlaryň müňlerçesi ýylda iki gezek (ýaz we güýz) Hazar deňziniň üstünden uçup geçýärler. Olaryň köp sanlysy goraghananyň Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda, Esenguly-Çekişler, Aýym, Garşy kenarýaka saý suwlarynda arly gyşy geçirmek üçin galýarlar.

Iň sowuk sebit

Ähli janly-jandarlar, megerem, ýyly ýurdy söýýän bolsalar gerek. Emma, ynsan babatynda bu ýagdaý düýbünden başgaça. Muny «towşana dogduk depe» diýlişi ýaly, dünýäniň iň sowuk howaly künjeginiň — Russiýa Federasiýasynyň Saha (Ýakutiýa) respublikasynyň ilatynyň mysalynda hem görmek bolýar. Bu ýerde Werhoýansk hem-de Oýmýakon atly ilatly ýerlerde gyş paslynda iň sowuk howanyň temperaturasynyň – 71 ° C derejä çenli düşýändigi hasaba alyndy.

Al­tyn ba­ly­jak­lar ha­kyn­da

Al­tyn ba­ly­jak­lar te­bi­ga­tyň tä­sin gö­zel­li­gi ha­sap­lan­ýar. Olar karp­lar maş­ga­la­sy­nyň we­kil­le­ri­niň bi­ri­dir. Hy­taý­ly­lar bu ba­ly­ja­gy ga­dym dö­wür­ler­den bä­ri ös­dü­rip ýe­tiş­di­rip­dir­ler. Bu ba­lyk­laryň gy­zyl ýa-da al­ty­n menekli öý­jük­le­ri bol­ýar. Ba­lyk­çy­lar seç­gi iş­le­ri­ni ge­çir­mekleri ne­ti­je­sin­de çal, sa­ry menekli al­tyn ba­ly­jak­la­ryň to­hum­la­ry­ny dö­re­dip­dir­ler. Tak­my­nan, IX asyr­da ba­lyk­çy­lar ta­ra­pyn­dan al­tyn ba­ly­jak­lar tu­tu­lyp­dyr. Em­ma olar bu ba­ly­jak­la­ry iý­män­dir­ler. Ba­lyk­la­ryň gö­zel keş­bi adam­la­ry haý­ran gal­dy­ryp­dyr. Şol se­bäp­li hem ýö­ri­te ho­wuz­la­ry dö­re­dip, ola­ry onuň için­de sak­lap­dyr­lar. Şeý­le ho­wuz­la­ry yba­dat­ha­na­la­ryň go­la­ýyn­da gu­rup­dyr­lar. Din­dar adam­lar bol­sa, ola­ra yzy­gi­der­li ideg edip­dir­ler we iý­mit­len­di­rip­dir­ler. Olar bu ba­ly­jak­la­ry öz­le­ri­niň go­rag­çy­sy hök­mün­de ka­bul edip­dir­ler.

Doky, bekre, kepir ... balyklary bar

Hazar deňzi tebigatyň taýsyz, täsin merjenidir. Birmahallar Tetis diýlip atlandyrylan ägirt uly gadymy ummanyň bir bölegi bolan bu deňiz tebigy özgerişleriň netijesinde beýleki deňizlerden tapawutly bolup galypdyr. Gojaman Hazaryň geografik ýerleşişi, tebigy gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Guşlaryň esasy uçup geçýän ýollarynyň üçüsi Hazar sebitinde kesişýär. Şonda olaryň aglabasy baý batgalyk ýerlerde we deňze guýýan derýalaryň aýaguçlarynda gyşlamak hem-de höwürtgelemek üçin amatly şertleri tapýarlar. Her ýyl Hazaryň türkmen kenarynda, Ogurjaly adasynda, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hazar deňzinde döredilen emeli adada guşlaryň müňlerçesi gyşlaýar we höwürtgeleýär.

Göwenekler — gözel guşlar

Mahal-mahal hyruç edip, tebigata gezelenje çykaýmam bar. Güýzüň ortaky aýynda şol günem welaýat merkeziniň golaýyna — Uly Balkan dagynyň etegindäki giňişlige seýle çykypdym. Gün ýaňy guşluga galypdy. Ýagyş-ýagmyr güýçli gelende suw akýan çaýyň kenarynda ösüp oturan ýylgynyň deňine ýetiberenimde, birdenkä ol ýerden alahasyrdy bolup çykan guş uçmakçy boldy, ýöne başa barmady. Sol ganatyny sallap, derrew ýere gondy. Gögümtil kepderiniň ululygyndaky ol guşuň beden gurluşy owadandy, ykjamdy. Kelle tutuşy, çüňki, gözleri, aýaklarynyň dyrnaklary laçyna çalym edýärdi. Arkasy meneksiz açyk çypar, guýrugynyň etegrägi açyk reňkli we ujy gara zolakly guşuň agramy 200 gram töweregidi. Men hemişe-de tebigat, haýwanat we ösümlik dünýäsi babatda sowal dörese, Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň başlygy Öwlüýaguly Gurbanowa jaň edýärin ýa-da ýanyna ýöriteläp barýaryn. Onuň tebigatyň täsinlikleri, dürli janly-jandarlaryň, ösümlikleriň häsiýetli aýratynlyklary barada berýän gürrüňleri özüne bendi edýär. Beýle guşy ozal ýakyndan görmänim üçin, onuň nähili guşdugyny bilmek höwesi bilen bu gezegem Öwlüýaguly aganyň ýanyna bardym. Saglyk-amanlyk soraşylansoň, ol bolan wakany aýdaryma mähetdel:

Muny bilmek gyzykly

Ähli janly-jandarlar ýaly, balyklar hem kisloroddan dem alýar. Ýöne olar ony howadan däl-de, suwdan alýar. Munuň üçin olarda ýörite agza bar. Balyklar agzyny suw bilen doldurýarlar we suwdaky kislorody sorup alýarlar. Gyşda suwuň doňmagy bilen balyklar has aşak çümýärler we az hereket edýärler. Balyklaryň käbiri süýji suwly derýalarda, köllerde, howuzlarda ýaşaýar. Käbirleri bolsa şor suwly giňişlikde—deňizlerde, ummanlarda mekan tutýarlar. Şor suwda ýaşaýan balyklar has köpdür.

Gar leopardy barada

Gar leopardy ýa-da Irbis — göwresi uly bolan we sany azalýan ýyrtyjylaryň biridir. Olar süýdemdirijiler synpynyň pişikler maşgalasyna degişli bolup, daşky keşbi boýunça «gar leopardy» diýlip atlandyrylýar. Ol ýekelikde dag jülgelerinde ýaşaýar. Bu jandar ýitip barýandygy sebäpli Gyzyl kitaba girizilendir. Bütin Ýer ýüzünde olaryň sany 800-den hem azdyr. Gar leopardy dagly ýerlerde we dag gerişlerinde ýaşaýar. Bu maşgalanyň wekilleri Gimalaýda, Tibetde, Pamir daglarynda duş gelýär. Russiýanyň çäginde gar leopardy Sibirde, Altaý, Kawkaz daglarynyň gerişlerinde, Baýkal sebitlerinde duş gelýär. Hytaýda 500-e golaý gar leopardy bar diýlip çaklanylýar. Bu ýyrtyjyny 1761-nji ýylda ilkinji gezek fransuz alymy Jorj Býuffon suratlandyrypdyr. Pakistanyň çäklerinde hem olara duş gelmek bolýar. Alymlaryň aýtmagyna görä, gar leopardy bir million ýyl mundan ozal daglyk gerişlerde giňden ýaýrapdyr.

Ak alligator

Florida ştatyndaky Gatorland seýilgähi üýtgeşik bir «jandara» eýe boldy. Seýilgähde örän seýrek duş gelýän ak alligator dünýä indi. Ol adamlaryň goltgy bermeginde dünýä inen ilkinji alligatordyr. Bu kiçijik täsinlik dünýäniň saýlama toparynyň düzümine girdi. Gatorland seýilgähiniň baş müdiri Mark Makhýu: «bu alligatoryň dünýä inmegi «örän seýrek» we «örän täsin» diýip belledi. Täze dünýä inen urkaçy alligatoryň we onuň erkek doganlarynyň agramlary 96 gram we boýlary 50 santimetre golaý. Öz albinos kowumdaşlaryndan tapawutlylykda, bu alligatorlar gök gözleri bilen haýran galdyrýar. syýahatçylar ýakyn wagtda olary görüp bilerler. Şu ýyl olaryň köpçülige ilkinji gezek görkezilişi bolar, häzirlikçe bolsa, olar weterinar lukmanlarynyň gözegçiliginde saklanýarlar.

Muny bilmek gyzykly

Çagalar, siziň hemmäňiz haýwanat dünýäsini söýýän bolmaly. Mysal üçin, pişijekleriň, güjüjekleriň ýa-da bolmasa beýleki eýjejik jandarlaryň hereketleri siziň ünsüňizden asla düşenok. Siz olar bilen dostlaşjak hem bolýarsyňyz. Umuman, siz tebigaty eý görýäňiz. Hut şonuň üçinem, tebigatyň bir ülşi bolan haýwanlar bilen tanyşmak size gyzykly bolsa gerek! Geliň, onda bilelikde olaryň ýene-de käbirleri hakyndaky gyzykly maglumatlary öwreneliň! Kirpi — bu jandaryň ady size tanyşdyr. Muňa ýabany haýwan diýilse-de, biz ony kämahallar, melleklerimiziň içinde ýa öýümiziň töwereklerinde hem görýäris. Ol özboluşly häsiýetli jandar. Biler bolsaňyz, kirpiler 18 ýyla golaý ýaşap bilýär. Olaryň aýaklarynyň bäş barmagy bolup, ol kirpileriň çalt hereket etmegine ýardam berýär. Özlerem şol aýajyklaryň kiçijikdigine garamazdan, uzak ýoly geçmäge-de şeýle ukyply weli, kirpiler öz aýaklarynyň kömegi bilen günde 3 kilometre golaý ýoly geçip bilýär. Adatça, kirpiniň tikenleri barada aýdyp geçsek, olaryň sany ortaça 10 müňe ýetýär. Kirpileriň tikenleri her üç ýyldan täzelenip durýar. Kirpileriň hemme görnüşlerinde diýen ýaly tiken bardyr, ýöne onuň Malaýa diýlip atlandyrylan görnüşi tikensizdir.

Balykly sütün

Merkezi Aziýada gowak suwlarynda ýaşaýan ýeke-täk jandar Köýtendagyň kör ýalaňaç balygydyr. Olar Garlyk şäherçesiniň gündogar tarapynda ýerleşýän Köýtendag demir ýol menzilinden, takmynan, 45 kilometrlikde karst çöketligindäki ýerasty kölde ýaşaýarlar. Bu balyklar ilki ýüze çykarylanda sanynyň 150-ä golaýdygy bellenilýär.

2023-nji ýylda alymlar jandarlaryň 150-den gowrak täze görnüşlerini tapdylar

Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary 2023-nji ýylda ozal ylma belli bolmadyk jandarlaryň 153 sanysyny bellige alyp, olar barada maglumatlary jemlediler. Bu sana 66 görnüş möý, 20 görnüş deňiz sülekeýi, 18 görnüş ösümlik, 13 görnüş deňiz ýyldyzlary, 12 görnüş gekkon, 10 görnüş tomzak, 5 görnüş balyk, gurçuklaryň 4 görnüşi, 2 görnüş ary, 1 görnüş deňiz ulitkasy, 1 içýan we 1 aýaksyz ssink degişli. Barlaglar Ýitip barýan jandarlary goramak baradaky kanunyň (ESA) 50 ýyllygy mynasybetli geçirildi. Alymlaryň aýtmagyna görä, ýokarda agzalan jandarlaryň käbirlerine ýakyn geljekde ýok bolmak howpy abanýar. Olaryň içinde San-Hoakin çölüniň içýany-da bar. Bu içýana «Paruroctonus tulare» diýen ylmy at beripdirler. Jandarlaryň azalmagyna, ýitmegine howanyň üýtgemegi we oba hojalygyň ösmegi täsir edýär. Şonuň üçin alymlar ýitmek howpy bolan jandarlara goralmak derejesini bermegi teklip edýärler. «Jandarlaryň, şol sanda içýanlaryň hem köp görnüşleri resmi taýdan hasaba alnyp ýetişilmänkä, ýok bolup gidendir. Bulary näçe tiz goraga alsak şonça gowy» diýip, ylmy işe gatnaşyjylaryň biri nygtaýar.

Elektrik ugor balygy

Ýylan sypatly elektrik ugor balygy ýyrtyjy balyklaryň toparyna degişli bolup, batgalyklarda ýa-da gurap barýan köllerde (Günorta Amerikada) ýaşaýar. Onuň uzynlygy 1,5 – 2 metre, agramy bolsa 15 – 20 kilograma ýetýär. Näme üçin batgalykdaky we köllerdäki balyklar ugor balygyň agzyna özleri barýarka? Bu sowal köp wagtyň dowamynda alymlarda uly gyzyklanma döredipdir. Muňa garamazdan, alymlaryň irginsiz zähmeti netijesinde bu sowala jogap tapylýar. Ugor balygynyň ýaşaýşy öwrenilende bu gizlin syryň üsti açylýar. Balygyň bedeninde 1000 watta barabar kuwwaty, 600 wolta ýetýän elektrik togy bolýar. Ol öz awy üçin kuwwatlylygy 600 wolt bolan energiýasyny peýdalanýar. Balyk togy suwa goýberende suw kisloroda we wodoroda dargaýar. Netijede, kisloroda mätäç balyklar onuň golaýyna gelýärler. Balyk ýene-de bir elektrik urgy bilen balyklary heläkçilige sezewar edýär we şolar bilen iýmitlenýär. Bu balyklaryň elektrik öndürýän beden agzasy edil häzirki zaman akkumulýatorlarynyň gurluşy ýalydyr.

Äýnekli ördek

Tebigatda guşlar dünýäsiniň geň-enaýy wekilleriniň biri bolan äýnekli ördek (latynça, Somateria Fischeri) ördekler maşgalasyna degişli bolan guşdur. Äýnekli ördek Alýaskanyň we Demirgazyk-Gündogar Sibiriň deňiz kenarýakalarynda duş gelýär. Guşlar dünýäsiniň bu täsin wekiliniň beden gurluşy-da üýtgeşikdir. Onuň boýny gysgadan gelen ýogynrak bolup, kükregi gara reňklidir. Onuň kellesinde mese-mälim bildirip duran nagşy bar. Bu guşuň bedeniniň ululygy 60 santimetre, agramy bolsa, ortaça 1,6 kilograma çenli ýetýär. Äýnekli ördegiň bedeniniň esasy aýratynlygy – gözüniň töweregindäki çiş ýaly şekilidir. Çünki onuň gözünde diametri 30 millimetr töweregi bolan çişirilen «äýnegi» bar. Bu görnüşiň horazynyň bedeni ak nagyşly, mäkiýanlarynyňky çal nagyşlydyr. Maňlaýynda aýratyn ýaşyl reňkli tüý örtügi bolup, çüňki sary ýa-da mämişi reňkli, ýelekleriniň uçlary gara reňkli bolýar. Äýnekli ördegiň bedeniniň reňki pasyllara görä üýtgeýär. Mäkiýanlarynyň bedeni tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly gülgüne ýa-da goňrumtyl reňkli bolýar. Horazy garamtyl reňkli bolup, arkasyndan ak zolak geçýär, gözleriniň töweregindäki sarymtyl-ýaşyl öwüsýän uly ak tegelek tegmiller onuň özboluşlylygyny artdyrýar. Bu ördekleriň mäkiýany garamtyl-goňrumtyl reňkli bolup, ýiti ses bilen gagyldaýar.

Täsin jandarlar

Fenek tilkisi Fenek tilkisi täsin jandar hasaplanýar. Bular, esasan, Demirgazyk Afrikanyň çöllerinde ýaşaýarlar. Fenek beýleki tilkilerden göwrüminiň kiçiligi we ullakan gulaklary bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 15 santimetre çenli bolan gulaklary, diňe diň salmagyň özboluşly serişdesi bolman, eýsem, bedeni sowatmagyň hem gowy serişdesidir. Olar juda çalasyn hereketleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Çünki çölde ýaşaýan bu tilkileriň der bölüp çykarýan mäzleri ýok, şol sebäpli giň gulaklara eýe bolmak bilen termoregulýasiýa hadysasyny aňsatlaşdyrmagy başarýarlar. Jandaryň duýgur gulaklary gaty seslere çydap bilmeýär. Olar bökmek ukyby bilen hem meşhurdyr. Kiçijik tilkijikler aňsatlyk bilen 70 — 120 santimetr öňe bökmegi başarýarlar.

Gulanlara gözegçilik edilýär

Haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri hem gulanlardyr. Gulanlar gylýallar maşgalasyna degişlidir. Olaryň gulaklary eşekleriňkiden gysga bolsa-da, atyňkydan uzyndyr. Arkasy eşekleriňki ýaly gönüdir, gysga guýrugynyň ujunda bolsa çotga şekilli çöpürleri bar. Emma ol eşege garanda has syratly, güýçli we uludyr. Gulanlar süri bolup ýaşaýarlar. Olar gurak şertlere has oňat uýgunlaşandyr. Şor suwy-da içmäge ukyplydyrlar. Geçmişde gulanlar ýurdumyzda daglaryň gaýalyk ýerlerinden, dag we derýaýaka tokaýlardan, gamyşlaryň gür jeňňelliklerinden hem-de batgalyklardan beýleki ähli pesliklerde, dag etegi baýyrlyklarda ýaşapdyrlar. Däneli ösümlikler, ýowşanlar we şoralar gulanlaryň esasy iýmiti bolup durýarlar. Gulanlaryň häzirki ýaýrawy we sanynyň artmagy suw çeşmelerine baglydyr. Ýylyň gurak we yssy döwürlerinde, otlaryň çyglylygy pes bolanda, gulanlar suwy yzygiderli içmeli bolýarlar. Olar maý we aprel aýlarynda höwre gelýärler. Ene gulan üç-dört ýaşyndan 15 ýaşyna çenli nesil öndürmäge ukyplydyr. Amatly şertler bolanda, ene gulanlar, aýratyn-da ýaş gulanlar her ýyl, käte yzygiderli 5-6 ýyllap nesil öndürýärler. Ýyndam we örän çydamly haýwan bolan gulanlaryň görüş, eşidiş we ys alyş synalary has ösendir. Olaryň ýanyna duýdansyz golaýlaşmak mümkin däl diýen ýalydyr.

Täsin Fenek tilkisi

Fenek tilkileriň arasynda ýeke-täk öýde saklanýan görnüşidir. «Fenek» arap sözünden gelip çykyp, «tilki» diýen manyny berýär. Alymlar köp wagtlap bu jandary tilkiler urugyna degişli etmändirler. Fenek özüni alyp barşy boýunça hem beýleki haýwanlardan güýçli tapawutlanýar. Göwresi boýunça öý pişiginden kiçi bolan tokaý fenegi – fenekler urugyna degişlidir. Bu kiçijek ýyrtyjynyň boýunyň uzynlygy 20 santimetre, guýrugy bilen hasap edilende 65 santimetre barabar bolup, agramy 1,5 kilograma golaý bolýar. Onuň daşky keşbi örän gelşikli bolup, tumşugy we burny uzyndyr. Fenek daşky görnüşi boýunça pişigi hem ýadyňa salýar. Görüjiligi ýiti, dişleri ownukdan gyýak bolýar. Aýaklary inçe, ýöne güýçli we çalasyn bolýar. Dabanyndaky gür tüýler çäge gyzanda, gyzgynyň dabanyna zyýan ýetirmeginden gorap saklaýar. Bedeni çäge reňkli, uzyn, gür we ýumşak tüýli bolup, guýrugynyň ujy garadyr.

Saýgak

Dünýäniň dürli ýerlerinde, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynda gabat gelýän saýgak tebigatyň ýyndam jandarlarynyň biridir. Ol sagatda segsen kilometr tizlikde ylgap bilýär. Şonda saýgak 10 kilometr aralygy ýadamazdan geçmegi başarýar. Bu haýwanyň agramy otuz kilograma çenli bolup, erkegi biraz ulurakdyr. Ol pasyllara görä öz tüýüni, reňkini özgerdýär. Ýagny saýgagyň tomsuna sarymtyl-mele, inçe, gyşyna sarymtyl ak, ýogyn tüýleri bolýar. Onuň düýäniňkä çalymdaş uly gözleri, ujy tegelenip duran gulaklary bar. Saýgagyň diňe erkeginde şah bolup, ol mum reňklidir we tegelek, ýogyn halkalardan düzülendir.

Haýwanlar hem aýdym aýdýarlarmyka?

Siz tebigatda diňe bir guşlaryň aýdym aýdyp, nagma kakman, eýsem, beýleki suw jandarlarynyň hem aýdym aýdyp bilýändigini bilýärmisiňiz? Şeýle jandarlara kitler degişlidir. Kitleriň sesleri adamlaryň aýdym aýdyşlaryna meňzemän hem duranok. Tebigatda dişli we dişsiz kitler bar. Dişsiz kitler köpeliş döwründe üýtgeşik, aýdyma meňzeş sesleri çykarýarlar. Dişli kitleriň we delfinleriň sesleri dişsiz kitlere garanda, pes ýygylykdadyr.

Edermenligiň ajaýyp nusgasy

Türkmen alabaýynyň batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk ýaly häsiýet-sypatlaryny öz duýgulary, hereketleri arkaly, özüni alyp barşy bilen örän anyk, dürs aňladýandygyny bu gün bütin dünýä bilýär. Milletiň öz bolşuny milli gymmatlyklaryna şeýle dürs geçirip bilşi bolsa, çuňňur oýlanyp otursaň, hakykatdan hem, dünýäni aňk ediji, juda haýran galdyryjy ahwalatdyr. Şeýle ahwalaty biz milli gymmatlyklarymyzyň ählisinde — bedewimizde, halymyzda, kilimimizde, saryja goýnumyzda, dutarymyzdan, gyjagymyzdan syzylyp çykýan mukamlarymyzda hem görýäris, duýýarys. Dünýä alymlary alabaýlaryň iň gowy tohumynyň hut Türkmenistandadygyny ykrar edýärler. Bu milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda Milli Liderimiziň bitiren hyzmatlarynyň ähmiýeti bütin geljegimize uzap gidýär. Bu türkmen alabaýy babatynda hem şeýledir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby ata-babalarymyzyň ýaşaýşynda özboluşly orny eýelän alabaý itlerine degişli bilimleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu kitapda Gündogaryň beýik danasy Jelaletdin Rumynyň pars dilinde ýazylan «Mesnewi» diwanynda: «Baraýsaň sen tötänden gapysyndan türkmeniň, işiginde itiniň ýatanyny görersiň» diýen setirler getirilýär. Gahryman Arkadagymyz alabaýyň aňrysynyň juda gadymdan gelýändigini dürli maglumatlaryň üsti bilen beýan edýär. Köne Nusaý ýadygärliginden 1949-njy ýylda ýüze çykarylan şabadalaryň erňegine çekilen tä

Annageldiniň şir penjeli itleri

Annageldi ýaşlykdan alabaý itlerine höwrükdi. Onuňam özüne ýetesi sebäbi bardy. Kakasy Rozy aga Garagum çölünde dowar bakýardy. Ol ogluny okuwdan boş wagtlary çöle ýanyna gezelenje alyp giderdi. Tebigatyň gözelligi, çöl haýwanlarynyň üýtgeşikligi Annageldini haýran galdyrýardy. Aýratyn-da alabaý itleri ünsüni özüne çekýärdi. Çopanyň alabaý itleriniň özlerini alyp baryşlary, hereketleri, gylyk-häsiýetleri, sürini del haýwanlardan goraýşy Annageldi üçin täsinlikdi, üýtgeşikdi. Bir günem kakasy oňa: