"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Hywa sülgüni

Hywa sülgüni ýurdumyzyň demirgazyk çäklerinde, ýagny Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan guşdur. Ol Amyderýanyň aşak akymlarynda, şonuň ýaly-da, «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda gabat gelýän endemik guş hasap edilýär. Geçirilen barlaglarda onuň gyş döwründe igde agajynyň has köp ýerlerinde, ýaz-tomus döwürlerinde jeňňelliklerde toplanýandygy anyklanyldy. Sülgüniň bu görnüşiniň mäkiýany we horazy hemişelik jübüt bolup ýaşaýar. Horaz sülgünler mart aýynda özboluşly sesi bilen saýrap başlaýarlar. Aprel-maý aýlarynda mäkiýan sülgünler ýumurtga goýýarlar. Soň bolsa belli bir wagt olary basyp, jüýje çykarýarlar. Aradan üç aý çemesi wagt geçip, jüýjeler uçurym bolýarlar.

Uzyn gulakly kirpi

Tebigatyň özboluşly jandarlarynyň biri-de kirpidir. Kirpileriň ençeme görnüşi bar. Olaryň arasynda köp duş gelýäni uzyn gulakly kirpidir. Ol maýda görnüşli kirpileriň biri bolup, tikeni ýumşak we gysgadyr. Onuň gulagy beýleki kirpileriňkiden uzynlygy bilen tapawutlanýar. Tüýüniň we iňňejikleriniň reňki kirpiniň ýaşaýan ýerine görä tapawutlanýar. Kirpiler, esasan, çöllerde, ýarym çöllerde, çägesöw ýerlerde ýaşaýarlar. Bu jandarlar gür ösümlikli ýerlerden we tokaýlardan gaça durýarlar.

Gulan

Gulan, täktoýnaklylar toparyna, gylýallar maşgalasyna degişlidir. Bu jandaryň meýdan alamatlary barada gysgaça beýan etsek, daşky keşbi işeňňir ýaba meňzeş bolup, onuň bedeniniň uzynlygy 206-240 santimetre çenli, agramy 200-350 kilograma çenli bolýar. Onuň sütüginiň tomusky reňki açyk çägepisint-sarymtyl bolýar, garnynyň we göwresiniň gapdallarynyň aşagy, aýaklarynyň iç ýüzi, artky butlary we üstki bölekleri, kellesiniň, boýnunyň aşak tarapy, tumşugynyň ujy ak reňklidir. Gulanyň ylgaw tizligi sagatda 60 kilometre çenli bolýar. Öňki döwürde, ýagny XX asyryň ortalarynda gulanlar diňe Bathyzda gabat gelýärdiler. Häzirki döwürde olar Sarygamyş çöketliginde, Günbatar Köpetdagda, Aşgabadyň günorta-gündogar eteginde, Mäne-Çäçe düzlüginde hem duş gelýärler. Gulanlaryň esasy ýaşaýan ýerleri dykyz we çägesöw toprakly çöllükler we ýarym çöllükler hem-de dag etekleriniň beýikli-pesli ýerleridir. Olar daglyk we dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýarlar. Dürli otjumak ösümlikler, agaçlaryň ýapraklary gulanlaryň esasy iýmitidir.

Täsin jandarlaryň dünýäsine syýahat

Köpetdagyň geň-enaýy ýerleri sanardan kän. Gökderäniň tebigy dag eteklerinde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi bolsa diňe bir çagalary däl, eýsem, olaryň ene-atalarynyň hem wagtlaryny hoş geçirmäge çagyrýan ajaýyp künjekleriň biridir. Janly tebigatyň milli muzeýi hemişe köp adamly. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen gurlup, 40 gektardan gowrak meýdany tutýan toplumy doly aýlanyp çykmak üçin esli wagt gerek. Bu täsin dünýä janly-jandarlaryň ençemesini özünde jemleýär. Bu ýerde olaryň muşdaklary üçin ýabany we öý haýwanlarynyň, guşlaryň, süýrenjileriň we suwda ýaşaýan haýwanlaryň köpüsi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilen. Onda düýeguşlar, zebralar, geçigaplaňlar, žiraflar, sülgünler, lamalar, sugunlar, şeýle-de ýylanlaryň we maýmynlaryň dürli görnüşleri goralyp saklanylýar. Toplumyň haýwanlarynyň aglabasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna girizilen, örän seýrek duş gelýän jandarlaryň wekilleridir.

Pyş­ba­ga­lar ba­ra­da gy­zyk­ly mag­lu­mat­lar

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024

Ylmy açyş: Piller biri-birine at dakýarlar

Afrikadaky piller biri-birleri üçin özboluşly atlary oýlap tapyp, şolara seslenýärler. Bu barada «Nature Ecology & Evolution» žurnalynda çap edilen täze ylmy gözlegde aýdylýar. Kornell uniwersitetiniň gözlegçileri muny Keniýanyň milli seýilgählerinde pilleriň ses ýazgylaryny seljermek we maşyn bilimini ulanmak arkaly anykladylar.

Garagulak

Garagulak ýurdumyzyň günorta-günbatar töwereklerinde, Garagumda, Amyderýanyň golaýyndaky gumlarda, Murgap hem Tejen derýalarynyň aralygynda ýaýrandyr. Aktamgum, Üçtagan, Gumsepişen, Gaplaňgyr, Gazakly, şeýle hem günbatar Uzboýyň gumlary onuň esasy ýaşaýan mekany hasaplanylýar. Saýnaksak, Meşet, Amyderýa gumlarynda, gündogar Garagumda, Murgap bilen Tejen derýalarynyň aralygynda garagulak seýrek duş gelýär. Kämahal Köpetdagyň etegindäki düzlükde, Etrek derýasynyň golaýynda hem görünýär. Garagulak, adatça, alaňly gumlarda, gara ojarlyklarda, dag etegindäki çölleşen baýyrlyklarda, selçeň pisse agaçly ýerlerde, derýa boýlarynda mekan tutýar.

Ganatly zebra

Beýle diýilse bedeni uzyn-uzyn zolakly haýwanyň göz öňüne gelmegi hem mümkin. Emma bu ýerde gürrüň balyk barada barýar. Onuň şeýle atlandyrylmagy bolsa derisiniň görnüşi bilen baglanyşyklydyr. Ýer yüzünde ganatly zebra balyklarynyň 180-e golaý görnüşiniň bardygy aýdylýar. Olaryň bedeniniň ortaça uzynlygy 30 santimetr töweregi bolup, kükreklerinde ýüzgüçleri bardyr. Bu balygyň arkasyndaky ganat şekilli ýüzgüçleri örän güýçlüdir, kellesinde iňňe ösüntgileri bolýar. Onuň ýüzgüçleriniň ujunda zäherli mäzleri bar. Olaryň birnäçesiniň birigip sünjülmegi hatda adam üçin howp döredip bilýär.

Owgan tilkisi

Owgan tilkisi ýyrtyjylar toparyna, itler maşgalasyna degişlidir. Bu tilkiler ýitme howpuna degişli jandarlardyr. Sebäbi beýleki goňur tilkiler, alajabarslar, bürgütler, hatda hüwüler hem owgan tilkisiniň ýagysydyr. Bu tilkileriň göwresiniň uzynlygy, ortaça, 40-50 santimetre ýetip, gulaklary dim-dik bolýar. Bedeni sarymtyl-akgoňur-çal reňkli bolsa-da, hüžžerilip duran owadan, ýumşak gür tüýi garamtyl öwüsýär.

Delfinleriň täsin durmuşy hakda

Gadym wagtlardan bäri özleriniň täsinlikleri, şowhunlylyklary, adama ýakyn häsiýetleri bilen tapawutlanýan delfinler örän akylly jandarlardyr. Häzir olaryň dünýäde 50 görnüşi duş gelýär. Delfinleriň iň ulusy kasatka bolup, onuň göwresiniň uzynlygy 10 metre çenli ýetýär. Awuny ultrasesleriň kömegi arkaly gözläp tapýan delfinler suwda özlerinden çigit çigitlenýän ýaly ýokary äheňde ses çykarýarlar. Şol ses hem dürli zatlara degip, yzyna serpilýär we delfinleriň eşidiş agzalarynyň kömegi arkaly kabul edilýär. Delfinler çykarýan sesleri arkaly biri-birleri bilen dürli maglumatlary alşyp bilýärler. Şonuň netijesinde hem olar haýsydyr bir delfiniň balyk sürüsiniň üstünden barandygyny eşidip, tiz wagtyň içinde şol ýere ýygnanýarlar.

Uçar ganatym — bedew

Dünýäniň ähli gözelligini özünde jemleýän ahalteke bedewini ýakyndan synlamagyň özi uly bagt. Bedewe atlanmak bolsa uly dereje. Her ýyl ýurdumyzda geçirilýän ýazky hem-de güýzki at çapyşyklara ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmaklary-da begenjiňi, buýsanjyňy goşalandyryp, ýüregiňi joşa getirýär. Biz bedew atlara bagyşlanan çeper eserleri okap, olar baradaky filmlere tomaşa edip, atlaryň ganatlydygyna göz ýetirýäris. Bedew at — ýigidiň maksat-myrady. Şonuň üçin türkmen halky «At — myrat» diýýär. Ynsanyň iň ýakyn dosty, hemrasy bolan bedew öz eýesini maksat-myradyna ýetirýär. Halkymyzyň ýaşaýşynyň ähli döwürlerinde gamyşgulak bedewlerimiz şan-şöhratly taryhymyzy bezäp gelipdir. Dünýä atçylyk medeniýetiniň naýbaşysy hasaplanýan ahalteke bedewleri halkymyzyň genji-hazynasydyr, köňül buýsanjydyr we milli mirasydyr. Muňa türkmen halk döredijiliginde «At agynan ýerde toý bolar», «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň ganaty bar» ýaly nakyllardyr atalar sözleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Tebigatyň täsin jandary

Itaýy samyrlar maşgalasyndan bolan täsin haýwandyr. Onuň bedeniniň ýokarky bölegi maňlaýyndan tä guýrugynyň ýokarsyna çenli ak reňkdedir. Bedeniniň tutuş aşaky bölegi bolsa garamtyl-goňurdyr. Daşky görnüşi we ululygy boýunça itaýy torsuga ýa-da uly bolmadyk ite meňzeşdir. Onuň bedeni muskullydyr, süýnmekdir. Uzynlygy 68-75 santimetrdir, agramy 16 kilograma golaýdyr. Guýrugy 20-30 santimetr bolup, hemişe dik durýar. Kellesi uly, aýaklary gysga, eňekleri we aýaklary güýçlüdir. Öňdäki penjelerindäki uzyn we güýçli dyrnaklary ýeri gazmaga uýgunlaşandyr. Yzky aýaklaryndaky dyrnaklary iridir, ýöne öňdäki aýaklaryndakydan gysgadyr.

Ba­un­ti çuň­lu­gyn­dan we Çi­li­niň ke­nar­la­ryn­dan de­ňiz jan­dar­la­ry­nyň 100-den gow­rak gör­nü­şi ta­pyl­dy

«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024 De­ňiz bio­log­la­ry he­niz yl­ma bel­li bol­ma­dyk jan­ly-jan­dar­la­ryň ýüz­den gow­ra­gy­ny ýü­ze çy­kar­dy­lar. Bu açyş Tä­ze Ze­lan­di­ýa­nyň Gü­nor­ta ada­sy­nyň gün­do­gar ke­na­ryn­da­ky Ba­un­ti çuň­lu­gy­nyň çäk­le­ri öw­re­nil­ýär­kä ama­la aşy­ryl­dy.

Siz muny bilýärsiňizmi?!

Garynja Ýaz paslynyň gelmegi bilen ähli janly-jandarlar herekete gelýär. Esasan hem, garynjalar bu möwsümde işjeň görnüşe geçýärler. Olar tä howa sowap, gyş düşýänçä iýmit azyklaryny ýygnamak bilen meşgullanyp başlaýarlar. Garynjalaryň ýaşaýyş şertlerine görä, olaryň reňkleri tapawutlanýar. Olar häzirki wagtda ýaşyl, sary, goýy goňur, gyzyl we mawy reňkde bolup bilýär. Garynja özünden 20 esse agyr zady götermäge ukyplydyr. Garynjanyň gözi bilen bagly aýratynlygy nazarda tutsaň, onuň gözleri çalasyn hereketleri yzarlap bilýär, emma ýitiligi bolsa gowy kabul edip bilmeýär.

Eý­ran­ly ba­lyk­çy­lar Ha­zar deň­zin­de tu­tu­lan seý­rek ga­bat gel­ýän ba­lygy ýo­ka­ry ba­ha­dan sat­dy­lar

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Eý­ran­da Ha­zar gy­zyl­ba­ly­gy (azat­ma­hy) auk­si­on­da ýo­ka­ry ba­ha­dan, ýag­ny 51 mil­li­on tü­me­ne (2000 ma­nat­dan gow­rak) sa­tyl­dy. Bu ba­ra­da Azad Iran Te­leg­ram ka­na­ly ha­bar ber­ýär.

200 ýyl mundan ozal ýitip giden kit görnüşi ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň kenarýakasynda peýda boldy

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Mas­sa­çu­sets şta­ty­nyň ke­na­ryn­dan çal ki­tiň ta­pyl­ma­gy­ny hü­när­men­ler «adat­dan da­şa­ry seý­rek ha­dy­sa» di­ýip at­lan­dyr­dy­lar. Se­bä­bi bu gör­nüş­le­riň 200 ýyl gow­rak mun­dan ozal At­lan­tik um­ma­nyn­da ýi­tip ýok bo­lan­dy­gy çak edil­ýär­di.

Ýaz azygy — gyş azygy

Türkmen halkymyz irki döwürlerden bäri maldarçylyk, ekerançylyk bilen meşgullanmagyň özboluşly medeniýetini döredipdirler. Kesp-käri çarwaçylyk bolan hojalyklar mallary bilen her ýyl alabaharda sergin daglara, giň sähralyga, otuň, suwuň bol ýerine ýazlaga göçüpdirler. «Ýaz aksyz bolma, güýz göksüz» diýlen pähime eýeren türkmen zenanlary mallardan, esasan, dowarlardan alynýan süýtden, dürli görnüşli azyk önümlerini taýýarlapdyrlar. Şonuň esasynda halk arasynda süýt we süýt önümleri, süýtden bişirilýän tagamlar bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlar, yrym-ynançlar döräpdir. Maldarlarda dowarlaryň köpelýän we sagylýan döwri örän jogapkärli döwür bolup, onuň şowly, ýitgisiz geçmegi, süýt önümleriniň bolelin öndürilmegi üçin goýnuň piri hasaplanylýan Musa Pygamberiň hatyrasyna sadaka berlipdir. Sagym döwri aý, aý ýarym dowam edýär. Bu döwürde maldarlar indiki sagym döwrüne çenli zaýalanman saklanmaga ukyply süýt önümlerini taýýarlapdyrlar. Günbatar Türkmenistanda sagym döwri başlananda berilýän sadaka «ak aş», merkezi Garagumuň maldarlarynda «goýnuň musasy» diýlip atlandyrylypdyr. Sadaka çopanlar, ýazlaga çykanlar çagyrylyp, ilkinji saglan süýtden süýtlaş bişirilipdir we doga okalyp, mallaryň sag-amanlygy, süýt önümleriniň bolçulygy dileg edilipdir.

Gyzgalaňly möwsüm

Bahar paslynyň ilkinji aýynda Sarahs etrabynyň maldarlary dowarçylykda möhüm döwür bolan owlak-guzy almak möwsümine guramaçylykly girişip, bu işi ýokary depginde alyp barýar. Daýhan birleşikleriniň maldarlary mallaryň sagdyn saklanmagyny we olaryň baş sanyny artdyrmagy maksat edinýär. Jogapkärli möwsümde maldarlar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Çopan-çoluklaryň ýanyna kömekçi adamlar bellenilip, nobatçylyk çekilmegi üçin awtoulaglar berkidilýär.

Oklukirpi

Oklukirpi gemrijiler maşgalasyna degişlidir. Olaryň bedenleriniň uzynlygy bir metre, agramy 27 kilograma çenli bolýar. Oklukirpileriň arkalary, gapdallary we guýruklary iňňe tikenleri bilen örtülendir. Tüýleriniň reňki goňrumtyl bolup, ýumşak we keçe pisintdir. Iňňe tikenleri alaja reňkde bolup, uzynlygy 40 santimetre, ini bolsa 7 millimetre golaýdyr. Guýrugyndaky ak iňňeleri biraz gysga bolsalar-da, beýlekilerden gaty we ýogynrakdyr. Oklukirpiniň iňňeleriniň ujy örän ýiti bolup, duşmanyny ýaralap bilýär. Tebigaty öwreniji Öwlüýäguly Gurbanow Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2017-nji ýylda çap edilen «Guba çägedäki towşan yzlary» atly kitabynda oklukirpiniň duşmanlaryndan goranyşy hakda şeýle ýazýar: «Oklukirpileriň esasy aýratynlyklary bolan guýrugyndaky we arkasyndaky ala-mula iňňelere «oklukirpiniň oky» diýilýär. Ol oklar oklukirpileri her hili duşmanlardan goraýarlar. Oklukirpiler gorananlarynda, duşmanyna tarap arkasyny öwürýärler we gaçmak bilen bolup, ony yzyna düşmäge mejbur edýärler. Duşmanynyň yzyndan ýetip, has golaýlanyny duýanlarynda bolsa, oklaryny hüžžerdip, birden sakga durýarlar weli, ol badyny saklap bilmän, naýza ýaly gezelişip duran ýiti uçly oklaryň üstüne ýykylmaly bolýar. Onsoň onuň duşmanlary awuly oklaryň yzasyna çydaman, oklukirpini öz gününe goýmaga mejbur bolýarlar».

Pil­ler hakynda biläýmeli maglumatlarymyz

«7/24. tm» № 09 (196), 26.02.2024