"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Paýhas ummanyndan

Bilimiň bahasy Bilim ylma barýan ýagtylyk bolup, onda hem paýhas, hem-de hadysalaryň göz ýetirilen hakykaty bardyr. Şu ýerde bir rowaýaty gürrüň bereýin:

Bular bugdaý barada

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapdan: Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmudy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

...Weziriň ogluny şanyň köşgüne myhmançylyga ýany bilen alyp gidişi baradaky tymsalda hem myhmançylygyň düzgünleri beýan edilýär. «Myhmançylykda özüňi asylly alyp bargyn. Saňa şanyň süýji nygmatlardan hödür etmegi mümkin. Sen iýmän çekinjiräp oturmagyn» diýip, wezir ogluna tabşyrýar. Oglana patyşa burk urýan alma hödür edýär. Oglan hem ony alýar-da, kakasynyň çekinjiremegin diýen sözlerini ýatlap, ony işdämenlik bilen iýýär. Soň kakasy: «Oglum, sen ýalňyşdyň. Patyşanyň saňa eli bilen uzadyp hödür etmegi uly mertebe. Sen uly hormat bilen patyşa minnetdarlyk bildirip, almany hem aýratyn sowgat hökmünde, öz ýanyňa alyp gaýdan bolsaň gowy bolardy» diýip, oňa öwüt berýär. Ertesi gün patyşa oglana öz öňündäki ullakan omaçany hödür edýär. Oglan ilkibada aljyrajak ýaly edýär. Soňundanam patyşa minnetdarlyk bildirip, omaçany şol wagt iýmän, ýagy-beýlekisi bilen ýanyna alypdyr.

Paýhas çeşmesinden

■ Agzybiriň aşy bir. ■ Zehin zehinden zyýada.

Magtymguly Pyragy

Galkyn, köňlüm, ýene joş eýle, galkyn,Agzybir, parahat ýaşaýar halkym.Bu topraga Gökden düşüpdir ýalkym,Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy! Eden arzuwlaryň gowuşdy ahyr,Akyldar hem zergär, pähimdar şahyr!Ýazan eserleriň äleme — zahyr,Şygyr şasy — Magtymguly Pyragy.

«Mert ogludyr ile ýazar desterhan»

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly eserinde: « Meniň şeýle diýesim gelýär: hakyky ynsan Hakyň söýen ynsanydyr. Ol özüne erk edýändir. Zyna edýän däldir. Sözünde tapylýandyr. Amanada kast edýän däldir. Boş we peýdasyz zatlardan ýüz öwürýändir. Sabyr edýändir. Şükürlidir. Tobalydyr. Hiç wagt öte geçýän däldir. Gahar-gazaba berilýän däldir. Adamlary bagyşlaýandyr. Özüni gowulyga tutýandyr, ýamanlygy terk edýändir» diýen jaýdar jümleler bar. Bu pähim-parasat Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldaryň setirlerinde-de şeýle şöhlelendirilýär:

Tymsallar

Ýaradanyň ýalkawy Bir adam dana gojadan:

Edebiýat äleminiň ýyldyzlary

Il ogly, halk şahyry, mugallym Şahandaz, hoşgylaw, gürrüňçil, bir sözde aýdanyňda, il adamsy bolan Ata Köpekmergen halkyň hormatyna mynasyp bolupdyr. Onuň döredijilik dünýäsine aralaşanyňda, goşgularynyň köpüsinde şorta, teýene bar bolsa-da, olaryň aglabasynda ýiti durmuş meseleleri gozgalyp, watançylyk, ynsap, lebzihalallyk duýgulary okyjyny özüne bendiwan edýär. Munuň özi şahyryň döredijiliginiň türkmen edebiýatynda mynasyp ornunyň bardygyny görkezýär.

ÖMRE MANY ÇAÝÝAN NEPIS SOWGAT

Halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň berkemeginde edebi-medeni gatnaşyklaryň hem ähmiýeti iňňän uly. Çünki medeniýet her halkyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren özlügidir, özüne mahsuslygydyr. Ykbal, durmuş hakdaky düşünjeleriniň, ömrüň wagtlaýynlygy ýa-da bakylygy hakyndaky garaýyşlarynyň, geçmiş, şu gün, geljek hakyndaky pikir ýöretmeleriniň gaýmagydyr. Hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz: «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip belleýär. Bir halka düşünmek üçin, ilki bilen, şol halkyň medeniýetine düşünmek gerek. Bir halkyň ýüregine barýan ýoly tapmak üçin şol halkyň medeniýeti bilen tanyşmak gerek. Özara medeni gatnaşyklar ähli halklaryň, bütin adamzadyň barlygyny we bakylygyny, birligini we bitewiligini üpjün edýän hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli alyp barýan medeni diplomatiýasynyň rowaçlanmagynyň düýp sebäbinde hem hut şeýle hakykatlaryň ähmiýetine çuňňur düşünmek arkaly belent baha bermek artykmaçlygy bardyr. Medeni gatnaşyklarymyzyň rowaçly şahalarynyň biri hem edebi gatnaşyklarymyzdyr. Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren «Dünýä edebiýaty» žurnaly daşary ýurt edebiýatynyň naýbaşy eserlerini türkmen diline terjime edip, halkymyza ýetirýän bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň eserleri dünýä dillerine terjime edilip, dünýä ýüzündäki pähim-pa

Hoja BATYRYŇ degişmeleri

Gitmäň ebeteýini tapmadym Öňräk, saçymy aldyraýyn diýip dellege bardym. Barsam, 3-4 adam nobata garaşyp dur eken. Aralarynda Atageldi aga diýen ýaşuly hem nobata garaşyp oturan eken. Men ýaşula ýüzlendim:

Syntgylanan setirler

Adamy sylamasaň hem mertebesine degme! Adamy tanamagyň iň ygtybarly usuly gürläňde-de, diňläňde-de söhbetdeşiň gözüne garamakdyr. Gözde kalp görünýär, kalby garalar müýnsüz nazaryň öňünde durup bilmeýärler.

Kyssa

Ýatagy täzelense-de... Hojalyga tutumlyrak zatlary almaly bolanda Artyk bazara tanşy bilen giderdi. Bu gezek bir özi gaýdyp, mal bazarynyň o çetinden bu çetine şunça aýlansa-da, bogan sübsesi bolmady.

Rowaýat

Gyzyl alma Ir döwürde bir küren obanyň çetinde goja bagbanyň bagynda ýeke düýp alma agajy ösüp oturan eken. Ol wagtlar ähli alma agaçlarynyň miwesi ak reňkli bolupdyr. Bagban ol baga, diýseň, yhlasly ideg eder eken. Her ýyl bahar gelip, alma agajy birenaýy güllände, onuň töwerek-daşy has görklenen ýaly bolýar eken. Miwe ýetişensoň şahalaryndaky ap-ak almalara göreniň gözi gidip, “tüweleme” diýer ekenler.

Paýhas ummanynyň ägirdi

Magtymguly etrabynyň Magtymguly Pyragy muzeýinde gezelençde bolup, ol ýerdäki gymmatlyklary synlanyňda akyldar şahyryň ýaşan döwri, geçen durmuş ýoly bilen ýakyndan tanyş bolýarsyň. Muzeýiň binasynyň öňünde oturdylan paýhas ummanynyň ägirdi — ussat şahyryň heýkeli, daş-töweregindäki nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bolan Mätäjiniň, Keminäniň, Seýdiniň, Mollanepesiň, Magrupynyň, Zeliliniň heýkellerini synlap, ýurdumyzda söz sungatynyň ägirtlerine goýulýan sarpanyň belentligine ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Döredijiligi dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna, Jemşidiň jamyna deňelýän söz ussady Magtymguly Pyragy türkmen edebi dilini ösdürmäge mynasyp goşant goşan, berkarar döwleti arzuwlan nusgawy şahyr hem beýik şahsyýetdir. Magtymguly Pyragynyň ylymly-bilimli, dana şahyr bolup ýetişmeginde onuň pederi Döwletmämmet Azadynyň zähmeti, görüm-göreldesi örän uludyr. Maglumatlardan belli bolşy ýaly, Azady öz döwrüniň ylymly, düşünjeli, giň dünýägaraýyşly adamlarynyň biri bolupdyr. Onuň ussatlyk bilen ýazan «Wagzy — Azat», «Behiştnama» ýaly eserleri halkymyz üçin gymmatly mirasdyr. Magtymguly Pyragy ilkinji bilimi öz pederi Döwletmämmet Azadydan alypdyr. Akyldar şahyryň: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip şygrynda nygtamagy muňa aýdyň subutnamadyr. Soňra şahyr «Idris baba», «Gögeldaş» medreselerinde okap, ylym-bilim alýar. Ol bilimini has-da artdyrmak maks

Ýürek sesi

* * * Gijäniň tümünden däl, ýalňyzlygyň tümünden sogrup alsana meni. Garaňkylyk irde-giçde ornuny ýagtylyga berer, ýöne ýalňyzlygyň tümi haçan ornuny mukaddes söýgi bilen doldurarka?! Ýaşyl ýapraklar saralar, soňra olar topraga siňer. Ýaprak siňen toprakdan ýene täze daragt gögär. Günler aýa, aýlar ýyla sepleşer gider, ýöne wagtyň bagt bilen sepleşip gitmegi hemişe mümkinem däl ýaly görünýär. Gowusy sen bu zatlara ynanma, sen bagty döredip bolýandygyna ynanýaň ahyryn... Bu barlyk bize geňeşilmezden döredildi, söýgem geňeşde ýüze çykýan zat däl, gaýtam, ol ynamdan döreýän zat ahyryn. Öňem eý görýänlerimiň has üýtgeşiginiň aýdyşy ýaly, bagtyň 97 göterimi berilýämişin, menem näme galan 3 göteriminem çyn söýgi bilen dolduraýsam diýýän.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Dünýä içre beýik şahsyýet «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik şahyry we akyldary, türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesi giňden bellenilýär. Onuň döredijilik mirasy bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk hökmünde dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Birnäçe asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Şygryýet äleminiň şasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda beýik şahsyýetlerimiziň sarpasy belende galdyrylýar.

Algyn pendim, jigerbendim!

Mertebe — ömrüň manysy Türkmen halky ynsan üçin durmuşda möhüm bolan gymmatlyklaryň ençemesini kesgitläpdir. Ata-babalarymyzyň «Mertebäň belent bolsun!» diýmegi-de ýönelige däldir. Ynsan ömrüniň manysy mertebeli ýaşaýyşda jemlenendir. Il içinde belent mertebeli adamlaryň sylag-hormaty beýik bolupdyr. Durmuşda mertebe diýen düşünjä dürli garaýyş bar. Mertebäni her kim bir ýerde, ýagny biri ylymda, biri baýlykda görýär. Umuman, mertebe diýen düşünjä bolan garaýyş dürli manyda ýaýrandyr.

Başarjaň öý bikelerine

Ýumurtganyň gabygyny aňsatlyk bilen aýyrmak üçin gaýnap duran suwa bir nahar çemçe gabartma tozuny ýa-da sirke goşmak ýeterlik. * * *

Göwnümiň gözläni güýzüm

(Oýlanma) Jöwzaly tomus bizden arany açyp, ýene-de güýz geldi.  «Güýzüň ajaýyp keşbini synlaýyn» diýip, seýilgähdäki oturgyçlaryň birinde ornaşdym. Altyn güýzüň sary reňkine bürenip ugran tebigatyň ajaýyp keşbi bar. Ony synlamak örän ýakymly. Baglaryň saralyp ugran ýapraklary toý pişmesini ýadyňa salýar. Bu gözel keşbi surata ýa-da goşgy setirlerine geçirip, wasp etmek üçin, elbetde, ussat suratkeş ýa-da zehinli şahyr bolmaly, olaram menden uzakdaky belentlikler. Bar başarjak zadym — güýz bilen ikiçäk söhbet etmek.