"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Körpelere ýylyň sowgady

Çagalarda kitap okamak endigini ösdürmek we kitaba bolan söýgini döretmek maksady bilen bu günki günde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Mahabat» müdirligi tarapyndan taýýarlanan «Öýkelek towşan», «Sürüden aýrylany gurt gapar», «Ertekiler dünýäsi», «Hazyna», «Degişgen pil» ýaly birnäçe ertekili kitaplar halk köpçüligine hödürlenildi. Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Şahyryň ýaşlygy» atly ertekili kitap neşir edildi. «Mahabat» müdirligi tarapyndan şahyryň goşgulary esasynda taýýarlanan kitapda şahyryň çagalyk we ýaşlyk ýyllary, Döwletmämmet Azadynyň öz perzendine beren terbiýesi, edep-göreldesi täsirli wakalaryň üsti bilen sada dilde beýan edilýär. Şahyr baradaky rowaýatlar islendik ýaşdaky ynsany özüne kökerýär.

Çaga sowaly (Irland tymsaly)

Bu waka ir döwürler Irlandiýanyň şäherleriniň birinde bolýar. Çagalara sowgat paýlap ýören Aýazbaba, baran hojalyklarynyň birinde duz datmak üçin saçak başyna geçýär. Gürrüň arasynda öý eýeleriniň biri çagalary «ertekiden gelendigiňe» ynandyrmagyň aňsatlygy-kynlygy barada sorag berýär. — Esasy zat — hereketleriň ýürekden bolmaly — diýip, Aýazbaba jogap berýär. — «Çagadyr-da» diýip, işiňe kembaha garasaň bolmaýar. Bularyň käbir sowallarynyň öňünde uly bolubam durar ýaly däl.

«Hakyda göwheri» — ýaşlygyň we ýaşlaryň kämil mekdebi

Sözümizi Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabyndaky: «Häzirki döwürde ildeşlerimiziň, şol sanda ýaşlaryň-da gadymy taryhdan söz açýan eserler bilen aýratyn gyzyklanýandyklarynyň şaýady bolanymda, örän begenýärin» diýen sözleri bilen başlamagy müwessa bildik. Çünki eziz Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Watana buýsanmak, gadymy taryhy kökleriňe daýanmak, seni beýik mertebeleriň eýesi edýär. Ömrüňe many gatýar we seni ynsanlygyň çür başyna çykarýar. Hakyky watançy, ilhalar ýaşlary terbiýelemek beýik pederleriň ruhuna togap kylmakdyr, olaryň şanyna hem-de beýik taryhy şöhratyna dahylly bolmakdyr. Ýaşlygyň we ýaşlaryň aýratyn ynam, beýik söýgi hem çäksiz mümkinçilikler bilen gurşalýan abadan, owadan ýurda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby hakydalary ýagtyltjak nur bolup geldi. Ol kämilligiň, tämizligiň beýik mekdebini goýan Oguzlaryň oguznamalaryndan salamdyr. Ol Taňrynyň türkmene eçilen elýetmez hem juda gymmatly beýik ykbaly baradaky döwletli kelamdyr. Bu kitap Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlara, ýaşlyga hem hiç wagt garramaýan heňňamyň beýikligi hakynda söz açýan buýsançnamasydyr.

Üstünlige ýetmegiň syrlary

Üstünlige ýetmegiň birinji ädimi bir işe başlap, şol işde şowsuzlyk gazanmakdyr. Haýsy hem bolsa bir ugur boýunça synanyşyk gurarsyň. Bu ugurda esasy iki sany ýol bardyr. Birinjisi, üstünlik, ikinjisi, bu işde şowsuzlyk gazanmakdyr. Bir işiň başyny tutup, şol işde üstünlige ýetip bilmedik bolsaň, ol seniň bu işe ukybyň ýok diýmegi aňlatmaýar. Eýsem, dünýäde islendik işde iň uly üstünlik gazanan adamlar kimler? Olar bu üstünlige nädip ýetdiler? Bu soraglara şeýle jogap bermek bolýar. Haýsy hem bolsa bir işiň birnäçe gezek başyny tutup, bu işde iň köp ýalňyşlyk goýberip we iň köp şowsuzlyga uçran adamlar has köp üstünlik gazanýarlar. Ýöne köp adamlar: «Adama ukyp dogabitdi berilýär» diýip pikir edýär. Hakykatynda bolsa sportda, işde, ylymda, tehnologiýada uly üstünlik gazanan şahsyýetler şol ugur boýunça has köp işlän adamlardyr. Beýik heýkeltaraş Mikelanjelonyň bu ugurda aýdan bir sözi bardyr: «Eger meniň üstünlige ýetmek üçin nähili we näçe zähmet çekendigimi bilsediňiz, onda meniň ýerine ýetiren işlerime gudrat diýip baha bermezdiňiz». Ýagny, eger siz uly üstünlik gazanan adamyň onuň bu üstünlige ýetmek üçin nähili we näçe zähmet çekendigini gören bolsaňyz: «Munça zähmet çeken bolsam, bu üstünlige menem ýeterdim» diýerdiňiz. Olaryň üstünlige ýetmek üçin näçeräk zähmet çekendigini bilmeýändigimiziň sebäbi, biz ol adamlar ýörite ukyply doglandyr diýip pikir edýäris. Fiziki taýd

Seriňi durla!

Bir adam öýüni satyp, başga has gowy öýe göçermen bolupdyr. Mahabatçy-hünärmen dostundan öýüni  satmak  üçin oňat bildiriş ýazyp bermegini towakga edipdir. Dosty ol öýe belet bolansoň,  ony  şeýle  bir  gowy  edip  suratlandyrypdyr:  öýüň  gowy ýerde ýerleşýändigi, tutýan meýdanynyň giňdigi, taslama-gurluşynyň ajaýypdygy, goýry saýaly baglaryň bardygy, suw howdany we hammamy ýaly gowulyklarynyň  hemmesini  birin-birin  ýazyşdyrypdyr.  Ol  ýazan  zadyny dostuna okap beripdir. Öýüni satarman adam bu bildirişi üns bilen diňläpdir,  ýene  bir  gezek  okamagyny  haýyş  edipdir.  Dosty  muny gaýtadan okanda, öýüni satmakçy adam uly sesi bilen begençli gürläpdir: «Men  ömürboýy  şeýle  jaýda  ýaşamagy  arzuw  edip  gezdim. Aslynda, men şeýle jaýda ýaşaýandygymy senden eşidýänçäm, muny asla  duýman  gezipdirin»  diýipdir.  Soňra  ýylgyrypdyr-da:  «Haýyş edýän, gowusy, bu bildirişi hiç ýere ýaýratma. Meniň öýüm satuwa çykarylmaýar» diýipdir. Biz käteler öz ýaşaýşymyza başganyň gözi bilen hem garap göreliň, şonda şükür edere zadyň pikir edişimizden örän köpdügine ýene bir ýola göz ýetireris.

Zehin aýdyňlygy, paýhas käni

Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndan: — Öz-özünden döreýän hiç bir zat ýok. Täze bir zadyň ýüze çykmagy, täze bir wakanyň peýda bolmagy üçin sebäp gerek, esas gerek.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabyndaky hekaýatlar we rowaýatlar ummanyndan

. . . Dessanlaryň käbirinde iki ýurduň patyşasynyň ýa-da wezir bilen patyşanyň dostlugy hakynda söz açylýar. Dostluk hakyndaky tymsallar Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky wakalarda hem beýan edilýär. Bu ikisiniň dostlugynyň hem öz taryhy bar. Ol barada biziň köpimize çaga wagtymyzda gürrüň berendirler. Şol ýakymly pursatlar siziň ýadyňyzdan çykyşan bolmagy mümkin. Şonuň üçin ony şu ýerde ýatlaýyn diýdim. Patyşanyň perzendi bolmaýar. Gurrandazlar gurra taşlap, müneçjimler asmana seredip, bir gürrüňi beýan edýärler: ýokarda guýrukly ýyldyz görnende, enäniň göwresinde galan çaga üýtgeşik akyl we zehin berilýär. Şol şertde iki oglan we bir gyz — Soltansöýün patyşa, Myraly we Gülpam dünýä inýär. Soltansöýüniň guýrukly ýyldyzyň täsiri bilen üýtgeşik akylly beýleki iki ýoldaşyny gözleýşiniň hem öz taryhy bar. Ol şähere aýlanyp, her hili synag bilen olary tapmaga synanyşýar. Wakalaryň dowamy size tanyşdyr. «Gülpam» dessanyny zehinli dessançy bagşy Gurt Ýakubowyň aýtmagynda diňlänleriň ony unutmajakdygyny bilýärin. Soltansöýün bilen Myralyny ýiti akyl-paýhaslylyklary ýakynlaşdyrýar. Köşkdäkileriň Soltansöýün bilen Myralynyň arasyndaky dostluk gatnaşygyna gözleri gidipdir. Olaryň dostlugyna zeper ýetirmäge çalyşýanlaram bolupdyr.

Beýik Akyldara bagyşlanan dessan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy esasda öwrenmekde we halka ýetirmekde ençeme işler amala aşyrylýar. Bu möhüm işe türkmen we daşary ýurtly alymlaryň giňden gatnaşýandyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Olaryň arasynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akatow hem bar. Alym indi 1996-njy ýyldan bäri bu institutda talyplara edebiýaty öwreniş dersinden sapak berýär. Ol irginsiz ylmy-döredijilik gözlegleriniň netijesinde türkmeniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlap birnäçe ylmy işleri ýazdy. Olaryň arasynda «Magtymguly Pyragy bilen Dante Aligeriniň bakylyk pelsepesi», «Magtymguly Pyragynyň keşbi Wladislaw Bahrewskiniň «Şahyr» atly powestinde», «Syryň eýläp, paşa düşüp sen...», «Pyragynyň şanly ýyly — adamzadyň kämil ýoly» atly ylmy-publisistik makalalary hem bar. Bu makalalar okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanyldy.

Şahyryň döredijiliginde parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

Adamzat taryhynyň ösüşiniň dowamynda durmuşyň dürli ugurlaryna degişli sözler döräp, belli bir toplumy emele getiripdir. Şeýle sözleriň toplumlarynyň biri-de parahatçylyk hem-de ynam – ynanyşmak sözleri bilen baglydyr. Türkmen diliniň kämilleşmeginde hem-de ösmeginde uly hyzmatlary bitiren Gündogaryň beýik akyldary we söz ussady Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde parahatçylyk, ynanyşmak bilen baglanyşykly sözlere uly orun beripdir. Şahyr bu meseläniň gymmatly aýratynlygyny açyp görkezmekde parahatçylyk we ynanyşmak bilen manydaş «asuda», «bawar», «mugtaber» ýaly birnäçe sözleri ulanypdyr. Bu ugurda söz ussadynyň döwet galamynyň astyndan çykan sözler halkyň isleg-arzuwynyň beýany bolup ýaňlanýar: Boş galypdyr gapyl göwre,Merdana birew jan istär.Ýürek-bagrym kylyp para,Asudaýy-zaman istär.

Magtymguly Pyragy

Kalbymyza nagyş bolan gazal, şygra eýe sen,Ýürekleriň töründe sen, Magtymguly Pyragy!Şygryýetiň şalygynda göwünlere söýe sen,Ynsanýetiň serinde sen, Magtymguly Pyragy! Berkarar döwlet islediň eziz türkmen halkyna,Wysalyna ýetdi türkmen Hak tarapyn ýalkana,Bak, Lebaba, Daşoguza, Ahal, Mary, Balkana,Gül Diýaryň barynda sen, Magtymguly Pyragy!

«Paýhas çeşmesi» kitabyndan

■ Düz ýoldan giden ýorulmaz. ■ El — elden üstün.

Tymsallar

Iň gymmatly zat näme? Ýaş oglan dana goja şeýle sowal beripdir:

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly — ynsanyýet şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretmeginiň, goňşy we dünýäniň beýleki döwletleriniň halklarynyň şahyryň şygyrlaryny öz dillerine terjime edip, uly isleg bilen okamaklarynyň baş sebäbi akyldar şahyryň pähim-paýhasa ýugrulan, çuň mana eýlenen eserleriniň diňe bir halkyň ýa-da milletiň geljegi üçin däl-de, tutuş adamzadyň durmuşy üçin mynasyp ýol-ýörelge bolup durýandygydyr. Islendik milletiň wekili Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny okanynda, ilki bilen, türkmen halkynyň durmuşy, gylyk-häsiýetleri, taryhy, milli gymmatlyklary bilen bir wagtda, öz ýaşaýyş-durmuşynda sapak edinmäge, nusga almaga mynasyp pähim-paýhasly pikirler bilen tanyş bolýar. Şahyryň şygryny okap, manysyny pikir eleginde aýlan adam üçin Magtymguly Pyragy ýakyn syrdaşa, ýürekdeş dosta öwrülýär. Şol nukdaýnazardan hem, akyldar şahyrymyzyň miras galdyran gymmatly eserleri dünýä dillerine terjime edilýär, alymlar, edebiýatçylar tarapyndan giňden öwrenilýär.

Aýazbaba

Dürli jäjekler bilen,Bezelipdir arçamyz.Hoş geldiň, Aýazbaba,Belent hormat-sarpaňyz. Aýdym aýdyp tans edýäs,Täze ýyl seň şanyňa.Ak gyrawdan bejerip,Zer dakaly donuňa.

Tilkiniň mekirligi

Bir bar eken, bir ýok eken, bir tokaýda bir tilki ýaşaýan eken. Tilki haýsy-da bolsa bir haýwana mekirlik etmese durup bilmez eken. Bir gün tilki ýol bilen barýarka arkasyndaky tikenlerine täzeje kömelekleri sanjyp alyp barýan kirpini görüp, «kirpini aldaýyn» diýipdir. Ol kirpiniň ýanyna baryp: — Kirpi dost, gowumy? Arkaňdaky kömelekleri nirä alyp barýaň? — diýipdir.

Çagalara okap beriň!

Matallar Otda ýanmaz, Suwda batmaz.

Dostmämmet

Saçyna Sallananda hup ýaraşar yzyndan,Geliň, dakyň, tylla-kümüş saçyna.Hak saklasyn betnazaryň gözünden,Okar men günde ýüz doga, saçyna.

Çelpek syrdym — öýlendim

(Hekaýa) — Çelpek iýip görmedigiňizem bardyr, belki, içiňizde?

Ussadyň şanyna dikeldilen heýkeller

Heýkellerde ynsan ykballary ýaşaýar. Olaryň deňesinden geçeniňde, gulagyňa ajaýyp seda eşidilýän ýaly hamala. Ýüregiňi beýik ykballaryň ruhy gurşap alýar. Ilkibada bu ahwaly geňleseňem, soňra heýkelleriň täsirine düşendigiňi, olaryň syrly dünýäsine aralaşandygyňy duýup galýarsyň. Ine, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şanyna dikeldilen belent heýkeller hem bu gün diňe türkmenistanlylarda däl, eýsem, dünýä halklarynda-da gaýtalanmajak täsir döredýär. Ol agzybirlige, parahatçylyga çagyryş bolup, dünýä döwletlerini dost eýleýär. Biz hem söz ussadynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde dünýä döwletlerinde açylan käbir heýkelleri barada ýaş watançy kalbymyzdaky oýlanmalary beýan etmek isledik. 2008-nji ýyl. Magtymguly Edelbaý obasynda

DEGIŞMELER

Pul karz alyp, soňam bermeýän ýakasy gaýyşly biri goňşusynyň ýanynda zeýrenýär: — Adamlaryň tüýs husytlygy çykypdyr. Mämmetden 500 manatjyk karz diledim welin, ýüzüme garany çekip, hakyt bermedi-dä: