"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Bagt

Bu gün bir adam: «Bir bakyşda aşyk bolanlar baky söýýärler» diýdi. Belki, bu hem dogrudyr. Ýöne meni başga zat pikirlendirdi. «...Men oňa bir ýa-da millionlarça bakyşda aşyk bolmandym. Men ony ýyllaryň dowamynda söýüp galdym. Her bir hereketini, her bir sözüni, özüni. Ol başgalardan üýtgeşigem däl, owadanam. «Elhepus» diýdirjek göze ilginç artykmaçlygam ýok, aýdyp berer ýaly. Çünki men ony maddy, ötegçi zatlary üçin saýlamadym. Men onuň hiç kimiňkä meňzemeýän ýüregini saýladym. Aslynda, öz köňül söýen ýaryň bilen durmuş gurmak, bagtly bolmak uly bagt. Biziň toý edenimize 49 ýyl boldy. «Ýöne hiç haçan aramyzda öýke-kine bolmady» diýip biljek däl. Biri-birimiziň göwnüne-de degdik, düşünişmezlikler hem boldy. Öýkeleşdigem. Bu hemme maşgalada-da bolýan zat. Emma biz şol kinäni bir sagatdan uzak saklamadyk. Bu hem biziň aramyzdaky söýgini has-da berkitdi, süýjetdi. Bir-birege bolan hormatymyzy artdyrdy. Aslynda bagtly ýaşamagyň syry hem şunuň ýaly ýönekeýje zatlardan ybarat.

Ýeňiş nähili gazanylýar?!

Köpimiz durmuşa geçirmek isleýän arzuwlarymyzyň birbada amala aşmagyny tama edýäris. Isleglerimiziň ählisi dessine durmuşa geçse, gadyrsyz bolmazmy? Üns berseňiz, gadyrlanýan zatlaryň ählisi ýetip bolmaýan ýa-da ýetmek üçin köp zähmet sarp edilen zatlardyr. Durmuşa geçirýän her bir işimize näçe zähmet sarp etsek, onuň miwesiniň gadyr-gymmaty hem şonça ýokary bolar. Şu pursat meşhur tälimçi Pep Guardiola ýadyma düşýär. Onuň tälimçilik edýän «Mançester Siti» toparynyň 2020-2021-nji ýyllardaky UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň final oýnuna tomaşa eden günüm göz öňüme gelýär. Finalda «Mançester Siti» we «Çelsi» toparlary duşuşdy. Bu oýunda «Çelsi» topary Kaý Hawersiň ýeke-täk goly bilen 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň ertesi güni daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Pepiň şu sözi orun alypdy: «Göreşde näçe köp güýç sarp etdigiňçe, şonça hem ýeňşiň tagamy süýji bolýar». Biz hem Pep Guardiolanyň jümlesinden ugur alyp, onuň durmuş tejribesi hakynda söhbet etmegi müwessa bildik. Pep Guardiola diýlende, ilki bilen, «Mançester Siti» futbol topary ýadyňa düşýär. Muňa garamazdan, Guardiola «Barselona» toparynda oýunçy hem tälimçi hökmünde birnäçe ýyllar zähmet çekipdi. Ol «Barselona» toparynyň taryhynda iň köp kuboga mynasyp bolan tälimçi hökmünde hem tanalýar. Emma muňa garamazdan, Pep «Mançester Sitide» aýratyn sylanýar. Sebäbi öz geçmiş tejribesine esaslanyp, bu toparyň d

Pähim-paýhas ummany sen, Pyragy!

Parasadyň älem içre ýaňlanan,Şygyrlaryň kalpdan kalba aýlanan,Şygyr äleminde baky saýlanan,Pähim-paýhas ummany sen, Pyragy! Dünýä saňa bakýar, sen dünýä bakýaň,Ylham derýasy deý kalplara akýaň.Ismiň bilen arşy-aglaýa çykýaň,Pähim-paýhas ummany sen, Pyragy!

Bitarap döwletim — Türkmenistanym!

Topragyň barymdyr, şemalyň — janym,Deňizde ýelkenim, derýada salym,Eý, ebedi Diýar, sensiň ykbalym,Bitarap döwletim — Türkmenistanym! Parahat dünýämde nepesim-demim,Gözel tebigatyň — melhemim, emim,Kemiň gören ýokdur, Watanym, seniň,Bitarap döwletim — Türkmenistanym!

Gözelligiň keşdä salaýyn, deňzim

Baýlyk baryny giň gujagyna dolap ýatan gojaman Hazar deňzim, ýene seniň gül goýnuňa seýrana geldim. Seni güýz paslynda synlamagyňam özboluşly lezzeti bar. Gözel keşbiňi synlap durşuma seniňem edil ynsan ýaly «gylyk-häsiýetleriň» bardygyna haýran galýaryn. Sen düýnem parahatdyň, tolkunlaryň süýdüň ýüzündäki gaýmagy bozmajak ýaly bolup, kenara ýuwaşlyk bilen gelip, ene topragy sypalap-sypalap yzyna dolanyşyny göreniňde, hemişe şeýle ýagdaýda boljak ýaly görünýärdiň. Ine, bu gün welin tolkunlaryň güwläp-güwläp, dolup-daşyp, al-asmana dyzaýar welin, düýnki bolşuňdan nam-nyşan galmandyr. Şu pursatda ak ganatlaryny ýaýyp, dürli owaz bilen gykuwlaşyp, tolkunlaryňa deger-degmez pessaýlap, birdenem asmana sary göterilýän guşlary diýsene! Olaryň ganat-perleri damjalaryň lowurdysy bilen sazlaşýar. Tolkunlaryň hereketi hoşuna gelýän ýaly uçýan ak çarlaklara bolsa howanyň sowuklygy-da kär etmeýän bolarly, olaryň sesi owadan owaz bolup daş-töwerege ýaýraýar. Guşlaryň düwlüp aşak gaýdyşlaryny görüp, olar göýä suwa gark bolaýjak ýaly, süňňüme birhili galpyldy aralaşýar. Oýunçy guşlar — çarlaklar üçin welin bu pasyl iň gyzykly günleri peşgeş berýän ýaly. Depäňdäki mawy giňişlikde erkana uçýan guşlar seniň gözelligiňi artdyrýar, deňzim. Şu pursat şahyryň:

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragy Gerek

Adamzadyň köňül nagşy

Hormatly Prezidentimiz: «Magtymguly Pyragynyň eserleri dürli döwürler üçin bahasyna ýetip bolmajak ruhy gymmatlykdyr» diýmek bilen, onuň watançylyk, ynsanperwerlilik, il-halka wepalylyk, belent adamkärçilik düşünjelerine ýugrulan eserleriniň terbiýeçilik ähmiýetine eýedigini nygtaýar. Merdana halkymyzyň döreden ruhy we medeni gymmatlyklaryny, şol sanda, akyldar şahyryň nusgalyk edebi mirasyny çuňňur öwrenmeklige, ony wagyz etmeklige, şeýle hem ýaşlaryň terbiýesinde ýakyndan peýdalanmaklyga uly ähmiýet berýär. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr ýa-da şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjilik, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri täze türkmen jemgyýeti, şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir».

Pyragynyň şygyrlary — terbiýe mekdebi

Adamzadyň döreden gymmatlyklarynyň altyn hazynasyna ägirt uly goşant goşan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti ýaş nesli Watançylyk, dostluk, zähmetsöýerlik, tutanýerlilik, päk ýüreklilik we adamkärçilik ruhunda terbiýelemekde hem-de olaryň gözellik duýgularyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Şöhratly taryhymyzy öwrenmekde, milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda asylly işleriň amal edilýän zamanasynda — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aladasy bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasy has-da belende galdy. Ol diňe öz iliniň «sözlär tiline» öwrülmek bilen çäklenmän, dünýä halklarynyň arasynda hem giňden meşhur boldy. Ussat Magtymgulynyň ömrüni we edebi mirasyny bu gün her jähtden çuňňur öwrenmeklige giň mümkinçilikler döredildi.

«Magtymguly Pyragy — umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy» atly bäsleşige

Merjen şäher Aşgabat Gözel Diýarymyzyň ýüregi ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Türkmenistanyň at gazanan arhitektory, döwrüň beýik binagäri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, dünýäniň iň owadan, ýaşaýyş üçin ähli amatlyklaryň jemlenen ajaýyp şäherleriniň birine öwrüldi. Bu gözelligi synlanyňda, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň:

Edebiýat hakynda, kitap hakynda

Kelleden galama barýan ýol kelleden dile barýan ýoldan has uzyn we agyr. Frans Kafka.*  *  *Edebiýat halkyň kalbynyň çuňlugyndan döreýär.

Ene söýgüsi (Tymsal)

Ojagyny mähir-alada bilen gurşap oturan bir enäniň gol doly maşgalasy, ese-boýa galyp barýan çagalary bar eken. Çagalaryň her biri ejesiniň özüni beýleki doganlaryndan has üýtgeşik, has artyk söýýändir öýder eken. Bir gün olar bu barada öz aralarynda çynlakaý jedele başlapdyrlar. Ahyry dawalaryny çözüp bilmän, ejesiniň ýanyna baryp, haýsysynyň onuň iň söýgüli çagasydygyny sorapdyrlar. Ene bolsa, olaryň soragyna ýylgyryp, mähribanlyk bilen başlaryny sypapdyr-da: — Men siziň hemmäňizi hem deň gowy görýärin. Emma ene ýüregi araňyzda haýsyňyz syrkawlasa, tä gutulýança oňa, haýsy biriňiz ýolda bolsaňyz öýe dolanyp gelýänçäňiz oňa, haýsyňyz aşa ýadaw bolsaňyz, tä dynjyny alýança oňa, haýsy biriňiz tä naharlanyp, doýýança oňa, haýsyňyz aglap duran bolsaňyz, tä köşeşip diňýänçä oňa, iň körpäňize bolsa, tä ulalýança has ünsli, has aladaly, has mähriban bolýaryn. Ýöne men ömrümiň soňky demine çenli siziň hemmäňizi söýýändirin diýipdir.

Güýzüň soňky günleri (Oýlanma)

Güýzde täsin mähir bar. Men güýz paslyny söýýärin, onuň şähdiňi açýan tämiz howasyna ýylboýy garaşyp ýetýärin. Güýzüň sary ýapraklary, ganat gerip, hatar gurap uçýan durnalar bolsa kalbyma aram berýär. Ine-de, güýzüň soňky günleri. Ol ýene biz bilen tutuş bir ýyllyk hoşlaşyp, taryhyň gatyna girer. Emma onuň ýakymly ýatlamalary her birimiziň aň älemimizde hemişelik galar. Aslynda güýz diýlende ejelerimiziň boýumyza guwanyp, ellerimizden tutup, ilkinji gezek ak mekdebe eltip gaýdyşy, olaryň mekdebiň gyzykly günleri hakyndaky beren gürrüňleri, galyberse-de ýetginjeklik ýyllary, şol döwürde bolan iň täsin pursatlar, gyzykly wakalar seriňe dolýar. Türkmençilikde güýz pasyllaryň paýhaslysy hasaplanýar. Güýzde edilen yhlas, çekilen zähmet öz netijesini berýär. Şonuň üçin hem ilimizde «jüýjäni güýz sanaşarlar» diýilýän aýtgy bar. Çünki güýz ähli çekilen zähmeti terezä salyp ölçäp bilýän pasyl.

Döredijiligiň edebi meýdany

Güýze ýüzlenme Giň asmanda dogduň altyn Aý bolup,Sahylygyň bilen Hatam Taý bolup,Zähmete, yhlasa rysgal-paý bolup,Akar suwy bala dönderdiň, güýzüm!

Körpelere okap beriň!

Kak Gök, gübürdäp, depiňi kak,Ýagyş ýagyp, goý, dolsun kak!

Akyldar şahyra belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri nusgawy edebiýatymyzyň, meşhur şahsyýetleriň sarpalanýan ajaýyp zamanasydyr. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şöhrat-şanynyň tutuş Ýer ýüzünde täze öwüşgin, täze ruh bilen belentden ýaýbaňlandyrylmagy bagtyýar halkymyzyň köňlüne joşgun berýär. Çünki beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragy döwürleriň hem nesilleriň şahyry hökmünde biziň kalbymyzda hem aňymyzda hemişelik ýaşaýar. Türkmeniň ruhy äleminde öçmejek yz goýan, söz mülkünden köşk gurup, adamzat ähliniň ruhy gymmatlygyna öwrülmegi başaran dana Magtymguly Pyragynyň sarpasy ýurdumyzda belentden tutulýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine iňňän ýokary ähmiýet bermek bilen, şeýle belleýär: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandyna ornan mirasydyr». Akyldaryň il-halkyň, adamzat kowmunyň agzybirligine, jebisligine, ynsanperwerligine bagyşlanan pikirlerini döwletara gatnaşyklara geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary taýsyzdyr. Dostlukly ýurtlarda akyldaryň ýadygärlik heýkelleriniň oturdylmagy, goşgularynyň çap edilmegi onuň ýagty pikirleriniň muşdaklarynyň köpdügini aňladýar. Magtymgulynyň ýoly, goýup giden beýik mekdebi özünden soňky nesiller tarapyndan hemmetaraplaýyn dowam etdirildi hem-de ösdürildi. Onuň edebi mekdebini ençeme n

Magtymguly we dünýäniň saz medeniýeti

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Öz goşgularynda halkynyň beýikligini we sabyr-kanagatlylygyny, buýsanjyny we köňül sahawatyny, erkinlige bolan söýgüsini hem-de tutanýerliligini wasp edip, onuň kalbyny şygryýetde bütin dünýäniň öňünde açan hem Magtymguludyr. Şahyr öz Watanyny şeýlebir wasp etdi, onuň goşgularynyň üsti bilen Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde ýaşaýan okyjylar Magtymguly üçin gymmatly bolan zatlary öz tapan baýlyklary hökmünde kabul etdiler, biziň ülkämizi söýdüler, türkmen halkyny has-da ýakyndan tanamak islediler» diýip belleýär. Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň asyrlar aşyp gelen dürdäne goşgulary dünýä dilleriniň ençemesine terjime edildi. Akyldar şahyryň ýürek aýdymy bolup ýaňlanan goşgularynyň ençemesi dünýäniň belli kompozitorlarynyň özboluşly eseri bolmak bilen, ajaýyp aýdymlar hökmünde asyrlaryň dowamynda alyslarda-da belentden ýaňlandy. Dana şahyryň goşgularyna döredilen şol köpöwüşginli saz eserleriniň hem özboluşly taryhy bar.

«Bar nygmatdan ýegdir saglyk mazasy»

Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly, ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr» diýip, külli türkmeniň ruhy hemaýatkärine we onuň umman ýaly döredijiligine ýokary baha berýär. Täze taryhy döwürde türkmen danasynyň sarpasy dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary derejede saklanylýar. Şahyryň edebi mirasynyň many çuňluklaryny, logiki hem-de pelsepewi garaýyşlaryny öwrenmekde, olary il-ulsa, bütin adamzada wagyz etmekde bimöçber işler amala aşyrylýar. Magtymguly atamyzyň çuňňur many-mazmuna ýugrulan özboluşly, baý döredijiligi bar. Şol döredijiligiň dürli-dürlüligi bolsa, akyldaryň islendik ugurdan habarly bolandygyny görkezýär. Olaryň arasynda ynsanyň beden we ruhy saglygy, jemgyýetiň sagdynlygy bilen bagly birnäçe öwüt-ündewe, pelsepewi pikirlere ýugrulan ençeme goşgy setirlerine gabat gelýärsiň.

Sungata siňen ömür

Ýaşan ömründe indiki nesillere-de nusga boljak işleri bitiren ussatlaryň döredijiligini öwrenmek ýaşlar üçin uly mekdep bolup durýar. Türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran şeýle ussatlaryň biri-de Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýewdir. Aýhan Hajyýew Magtymguly Pyragynyň kanoniki keşbini dörediji hökmünde tanalýar. Beýik şahyryň keşbini döretmek üçin irginsiz zähmet çekmek bilen, suratkeşiň alyp baran giň gerimli gözleg we döredijilik işleriniň netijesinde, 1947-nji ýylda Magtymgulynyň portreti döredilýär. Bu eser bäsleşikde birinji orna mynasyp bolan-da bolsa, Aýhan Hajyýew üçin onuň iň ähmiýetli tarapy garyndaşlary tarapyndan şahyryň keşbiniň gowy kabul edilmegi bolýar. Ol söz ussadynyň hakyky keşbine golaý kanoniki nusga hökmünde ykrar edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň, şu ýylyň aprel aýynda Aýhan Hajyýewiň hem 100 ýaş toýunyň bellenilmegi aýratyn bellärliklidir.

Daglar

Oglanlykda gezdim ýördüm,Hergiz göwnüm açdy daglar.Taryh hakda sowal berdim:«Sizden kimler geçdi, daglar?» Depäňize çykyp gördüm,Başyňyz ak garly daglar.Gyýak, sonaryňdan ordum,Ir-iýmişli, barly daglar.

Halypa sarpasy

Mollanepes Hywa medresesinde okap ýörkä Magtymguly Pyragynyň şygyrlary bilen ymykly tanşyp, çuňňur oý-pikirlere berildi. Bu täzeçe oýlanyş öz-özünden döremedi. Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanyny okap çykan Mollanepes çuňňur gözýetmez umman bilen ýüzbe-ýüz boldy. Bu ummanyň haýsy kenaryndan baryp, haýsy many joşgunyna eýe bolmaly? Mollanepes köp pikirlenensoň: «Bu uç-gyraksyz edebi ummanyň bir şahasyny saýlap almaly» diýen karara geldi. Ýogsam «Aňsa» atly şygryny okap gören danyşment Sadyk molla haýran galyp, Mollanepese şeýle diýipdi: — Ertiriň özünde baş pire aýdaýyn. Sen arkaýyn Magtymgulynyň hüjresinde ýaşaber.