"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

«Fu­boTV» abunaçylaryny artdyrdy

Ge­çen hep­de te­le­wi­zi­on akym plat­for­ma­sy «Fu­boTV» öz akym plat­for­ma­sy­na 1 mil­li­on­dan gow­rak ula­ny­jy­nyň bi­rik­di­ri­len­di­gi­ni ha­bar ber­di. Ola­ryň 95%-in­den gow­ra­gy sport maz­mu­ny­na to­ma­şa ed­ýän­li­gi bel­lär­lik­li­dir. Ge­çen ha­sa­bat çär­ýe­gin­de «Fu­boTV»-niň gir­de­ji­si ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 144% ýo­kar­lan­dy. Ge­çen çär­ýek­de eý­ýäm kom­pa­ni­ýa sa­tuw we mar­ke­ting çyk­da­jy­la­ry­ny gir­de­ji­niň 21%-ine çen­li azalt­dy.

ABŞ-nyň bank­la­ry­nyň ýyl­lyk gir­de­ji­si 90% ýokarlandy

ABŞ-nyň Fe­de­ral go­ýum­la­ry äti­ýaç­lan­dy­ryş kor­po­ra­si­ýa­sy (FDIC) geçen hepdäniň si­şen­be gü­ni ABŞ-nyň bank gir­de­ji­le­ri­niň 2021-nji ýyl­da, tak­my­nan, 90% ýo­kar­lanan­dy­gy­ barada ha­bar ber­di. FDIC-iň mag­lu­ma­ty­na la­ýyk­lyk­da, bank­lar 2021-nji ýyl­da ABŞ-nyň 279,1 mil­liard dol­la­ry möçberinde gir­de­ji ga­zan­dy­lar. Bu görkeziji, esa­san, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ýo­ka­rlanmagy we bank­la­ryň karz ýit­gi­le­ri­ni ýap­mak üçin çyk­da­jy­la­ry­nyň azal­dylma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şeý­le-de bank­la­ryň gir­de­ji­si 2020-nji ýy­lyň de­giş­li çär­ýe­gi bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de 7,4% art­yp, ABŞ-nyň 63,9 mil­liard dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. 

«Hor­mel Foods»-yň çär­ýek ga­zan­jy çak­la­malara la­ýyk gel­di

ABŞ-nyň «Hor­mel Fo­ods» azyk kor­po­ra­si­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de ABŞ-nyň 240 mil­li­on dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­ji ga­za­nan­dy­gy­ ba­ra­da ha­bar ber­di. Ha­sa­bat döw­rü­niň söw­da­la­ry ABŞ-nyň 2,46 mil­liard dol­lar­yn­dan ABŞ-nyň 3,04 mil­liard dol­la­ry­na çen­li ýo­kar­lan­dy. Bi­ler­men­le­riň çak­la­ma­la­ry­na gö­rä, kor­po­ra­si­ýa­nyň sa­tuw­la­ry ABŞ-nyň 2,92 mil­liard dol­la­ry­na, her paý­na­ma düş­ýän paý peý­da­sy bol­sa ABŞ-nyň 0,44 dol­la­ry­na deň bol­ma­ly­dy. Kor­po­ra­si­ýa 2022-nji ýyl­da her paý­na­ma ABŞ-nyň 1,87 – 2,03 dol­la­ry­ möç­be­rin­de paý peý­da­ ga­zan­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär.

«Pen­tair» «Ma­ni­to­woc Ice»-i sa­tyn alýar

Suw aras­sa­la­mak bi­len meş­gul­lan­ýan «Pen­ta­ir» kom­pa­ni­ýa­sy ge­çen hep­dä­niň pen­şen­be gü­ni buz ma­şyn­la­ryny ön­dür­ýän «Ma­ni­to­woc Ice» kom­pa­ni­ýa­sy­ny ABŞ-nyň 1,6 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­la­şan­dy­gy­ny ha­bar ber­di. Şert­na­ma la­ýyk­lyk­da, «Pen­ta­ir» kompaniýasy töleginiň, tak­my­nan, ABŞ-nyň 220 mil­li­on dol­la­ry­ny paý­na­ma­lar ar­ka­ly, ABŞ-nyň 1,38 mil­liard dol­la­ry­ möç­be­ri­ni bol­sa na­gt ha­sap­la­şar. Yla­la­şy­gyň res­mi­na­ma iş­le­ri­niň 2022-nji ýy­lyň ikin­ji çär­ýe­gin­de ta­mam­lan­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

«Tar­get» ösüşi üçin täze maýa goýumlaryny goýar

«Tar­get» kor­po­ra­si­ýa­synyň 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de gir­de­ji­si 9,5% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 31 mil­liard dol­la­ry­na ýet­di. Dü­kan­la­ryň giň ul­ga­my­nyň bol­ma­gy ar­tyk­maç­ly­gy­na öw­rül­di, se­bä­bi bu iş­gär­le­re sar­gyt­la­ry çalt gow­şur­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Müş­de­ri­ler bol­sa sa­tyn al­mak üçin is­len­dik wagt­da söwda no­kat­la­ryna jaň ed­ýär­ler. Kor­po­ra­si­ýa elekt­ro­ni­ka, egin-eşik we azyk önüm­le­ri ýa­ly gün­de­lik mak­sat­ly dür­li gör­nüş­li ha­ryt­la­ryň sa­tu­wy­ny alyp bar­ýar.

«Sail­Point» IT çözgütleriniň ösü­şi ba­ra­da ha­sa­bat ber­di

Şah­sy mag­lu­mat­la­ry go­ra­mak gu­ral­la­ry­ny dö­re­di­ji «Sa­il­Point» teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny mä­lim et­di. 2021-nji ýyl­da «Sa­il­Point»-iň umu­my gir­de­ji­si 20% ýo­kar­la­nyp, ABŞ-nyň 439 mil­li­on dol­la­ry­na ba­ra­bar bol­dy. ­Kom­pa­ni­ýa­nyň sa­tu­wla­ry­nyň ösü­şi­ne «Sa­aS» me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça sa­tyl­ýan «Sa­il­Point» ki­ber­howp­suz­ly­k çöz­güt­le­ri iter­gi ber­di.

«Bent­ley Sys­tems» hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär

Teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «Bent­ley Sys­tems» 2021-nji ýyl­yň dör­dün­ji çär­ýe­gi­niň ha­sa­ba­ty­ny mä­lim et­di. Oňa la­ýyk­lyk­da, «Bent­ley Sys­tems»-iň ma­li­ýe ýy­lyn­da­ky gir­de­ji­si 20,4% ar­typ, ABŞ-nyň 965 mil­li­on dol­la­ry­na ýet­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ösü­şi­niň esa­sy he­re­ket­len­di­ri­ji­le­rin­den bi­ri «Bent­ley»-iň inf­rast­ruk­tu­ra di­zaýn prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi bol­dy. 2022-nji ýy­lyň ýan­war aýyn­da «Bent­ley» elekt­rik paý­la­ýyş tor­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak üçin dür­li çöz­güt­le­ri bo­lan «Po­wer Li­ne Sys­tems»-i sa­tyn alyp­dy. «Bent­ley»-iň do­lan­dy­ry­ly­şy­nyň dün­ýä ba­za­ryn­da ula­nyl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän çöz­güt­le­ri­niň tä­ze me­ýil­na­ma­la­ry bar. 2022-nji ýy­lyň ahy­ryn­da «Bent­ley» ABŞ-nyň 1,11 – 1,14 mil­li­on dol­la­ry möç­be­rin­de gir­de­jä ga­raş­ýar.

«Upstart» holdinginiň platformasynyň bahalary ýokarlanýar

Ma­ýa go­ýýan­la­ryň «Ups­tart» hol­din­gi­niň äti­ýaç­lan­dy­ryş plat­for­ma­sy­nyň paý­na­ma­la­ry­na bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry bar­ha art­ýar. Kom­pa­ni­ýa AI esas­ly äti­ýaç­lan­dy­ryş plat­for­ma­sy ar­ka­ly sa­tuw­la­ry­ny we hyz­mat­daş­la­ry­nyň sa­ny­ny art­dyr­ma­gy do­wam ed­ýär. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni kom­pa­ni­ýa­nyň 2021-nji ýy­lyň dör­dün­ji çär­ýe­gin­de aras­sa gir­de­ji­si­niň 252% ýo­kar­lan­ma­gy hem tas­syk­la­ýar.

Ne­bi­tiň ba­halary «Plug Po­wer»-iň ösüş he­re­ket­len­di­ri­ji­si­ne öw­rül­di

Ne­bi­tiň ba­ha­la­ry­nyň üýt­ge­me­gi wo­do­rod ýan­gyç­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýalaryň ösü­şi­ne oňyn tä­sirini ýetirýär. Şol sebäpli-de «Plug Po­wer» art­ýan is­le­ge jo­gap hök­mün­de önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny ýokarlandyrdy. Kom­pa­ni­ýa 2028-nji ýy­la çen­li gün­de 1000 ton­na çen­li ýan­gyç ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän wo­do­rod ön­dür­mek üçin za­wod­la­ry­ny gurmagy meýilleşdirýär. «Plug Po­wer»-e bu ma­ýa go­ýum­la­r uzakmöh­let­li bo­lar hem-de kom­pa­ni­ýa­nyň ösüş müm­kin­çi­li­gi­ne uly iter­gi be­rer.

Ene kesbi — ykbal

Türkmenabat şäherindäki «Bek» hususy kärhanasynyň «Bek» süýjülikler merkezini bilmeýän az-az bolsa gerek. Çünki bu ýer eziz körpelerimiziň arzyly ýerleriniň biri. Merkeziň hünärmeni Firuza Demirowa bolsa elinden dür dökülýän, işine ezber zenan. Firuzanyň taýýarlaýan tortlary gül çemenli sähralary, açylyp duran bägülleri ýadyňa salýar. Ýeri gelende aýtsak, Firuza Demirowa ýaňy-ýakynda geçirilen «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň «Ýylyň telekeçi zenany» ugrunyň welaýat tapgyrynyň ýeňijisi hem boldy.

Telekeçiligiň batly gadamlary

Milli ykdysadyýetiň ýokary ösüşini gazanmak, dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklaryň has-da ýygjamlaşmagyny üpjün etmek, üznüksiz önümçiligi durnukly ýagdaýda saklamak we kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler sanardan kän. Halkara tejribelerden ugur alnyp, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň kabul edilmegi tutumly işleriň rowaçlanmagyna uly itergi berýär. Milli ykdysadyýetiň kämilleşmeginde, esasan hem, hususyýetçilere aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda hereket edýän maksatnamalaryň, hukuk resminamalarynyň agramly bölegi döwletiň ykdysady, medeni we durmuş ugurlarynda zähmet çekýän telekeçileri goldamak, ýeňillikli karz serişdeleri bilen üpjün etmek, olaryň işe höwesini artdyrmak bilen baglanyşyklydyr. Dürli pudaklarda öz hususy işini ýöredip, tutanýerli zähmet çekýän işewürler döwletiň her bir ykdysady ösüşinde aýratyn orun eýeleýär. Telekeçileriň oýlap tapyşlarynyň netijesi bolan häzirki zaman tehnologiýalary, şeýle-de ylmy taýdan esaslandyrylan pikirleri, dürli görnüşdäki taslamalary bazar ykdysadyýetiniň hyzmatlar ulgamynda we üznüksiz önümçiligiň gidişinde aýratyn ähmiýetlidir.

Reňkler — mahabat işinde

Islendik ýurduň ykdysadyýeti köp babatda hususyýetçiligiň ösüşine bagly. Çünki hususy işewürler öz harytlary we hyzmatlary bilen raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, degişlilikde ýurduň ykdysady görkezijileriniň ösüşine öz täsirini ýetirýär. Bazarda önüm öndürijileriň we hyzmaty ýerine ýetirijileriň sany artdygyça, bäsdeşlik ýokarlanýar. Bu bolsa görünmeýän bazar bäsdeşliginiň ýüze çykmagyna getirýär. Hususy işewürleriň arasynda ýüze çykýan bäsdeşlikler bazara, aýratyn-da, müşderilere saýlamak hukugyny, harydyň hiline, bahasyna, göwrümine we möçberine baglylykda, özüne amatlysyny satyn almaga şert döredýär. Çünki şol bir önümi öndüriji bolup, birnäçe telekeçi çykyş edýär. Şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmagy müşderiler üçin amatly bolsa-da, önüm öndürijilere täsirini ýetirýär. Munuň özi işewürlere öz meýilnamasynda göz öňünde tutulan mahabatlandyrma bölümine ünsi güýçlendirmeli bolýar. Şeýle iş öndürilýän harydyň ýa-da hyzmatyň amatly taraplaryny, ulanylyş şertlerini we peýdalydygyny alyjylar giňişligine tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Baky bahar içinde

Döwrebap ýyladyşhanalar toplumyndan reportaž Gyz-gelinleriň bir topary gyş säheriniň aýazyny duýmaýan ýaly, alaýaz bolup degşip-gülşüp, iş ýeriniň öňüne ýygnandylar. Ynha-da, olar ýyladyşhana girdiler. Daşarynyň aýazly, çapgyn şemaly olaryň hyjuwly, joşgunly görnüşinden heder edýän ýaly, daşarda galdy. Birmeňzeş iş eşigini geýnen gyzlar, gelinler ýürekleriniň ýylylygy bilen bu ýere mahmal howaly bahary alyp gelene meňzeýär. Hatda baharyň alamaty hasaplanýan ýaşyl reňk hem bu ýerde has göze ilginç görünýär. Ýaşyl reňkli iş eşigindäki ruhubelent zenanlar ýokary germeşip giden ýaşyl hatarlaryň arasyndan bahar bägüliniň reňkinde özüni güjeňläp oturan, yhlas siňdirip ýetişdiren nygmatlaryna aýratyn mähir bilen garaýarlar. Ýokarlygyna gol ýaýradyp giden ýaşyl germewiň uçlarynda elde sepilen ýaly maýdaja, saryja güller hem bu ýeriň reňkler sazlaşygyna aýratyn öwüşgin çaýýar.

Köpugurly önümçilik

Ýurdumyzda hususyýetçilige ýol açylyp, telekeçiler özbaşdak iş ýöredip başlanlarynda, esasan, haýsy-da bolsa bir ugur boýunça işläp başlapdylar. Dogry, şol ýyllarda döredilen hususy kärhanalaryň arasynda şu günki güne çenli önümçiligiň diňe bir görnüşi bilen adyganlary-da kän. Ýöne olaryň aglabasy döwletimiz tarapyndan ýeňillikli şertleriň döredilmegi, uzak möhlete peýdalanmak üçin ýer bölekleriniň bölünip berilmegi bilen, örülerini has giňeltdiler. Mundan on sekiz ýyl öň öz işini süýjülikleriň iki görnüşini — tort we köke önümlerini öndürmekden başlan «Täze Aý» önümçilik birleşigi hem şol döredilen mümkinçiliklerden peýdalanyp, telekeçiligiň köpugurly ýoluny saýlap aldy we häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy pudagynda iň iri önümçilik kärhanasy hökmünde bellidir.

Köpetdagyň eteginde gurluşyk işleri barha gyzyşýar

Gojaman Köpetdagyň eteginde täze şäher döreýär. Özi-de bu şäher — Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi ýerli gurluşyk kärhanalary tarapyndan gurulýar. Hormatly Prezidentimiz täze merkeziň gurluşygy bilen yzygiderli tanşyp, onda alnyp barylýan işleri hemişelik üns merkezinde saklaýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýynda Ahal welaýatyna iş saparynyň çäklerinde-de döwlet Baştutanymyz bu tutumly taslamanyň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň depgini bilen gyzyklandy. Türkmen telekeçileri bilen duşuşyp, hususyýetçileriň gurýan döwrebap myhmanhanasyny «Marköw», söwda merkezini bolsa «Gökdere» diýip atlandyrmagy teklip etdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Ussat inžener» hususy kärhanasy täze şäherde bina edilýän myhmanhananyň gurluşygyna kömekçi potratçy hökmünde gatnaşýar. Bu kärhananyň indi köp ýyllardan bäri ýurdumyzdaky düýpli gurluşyklara işjeň gatnaşyp gelýändigini bellemeli. Bitirilen işleriň sanawynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, edara binalary, orta mekdeplerdir çagalar baglary, saglyk öýleri, serhet galalary, söwda merkezleri, hyzmat ediş öýleri, ýerasty geçelgeler bar. Diňe paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn ösdürilmeginde amal edilen gurluşyklary alanyňda-da, olaryň sany 15-e ýetýär. Ussat gurluşykçylar geçen ýylyň dowamynda Ahal welaýatynda täze, döwrebap mekdepleriň ikisini — Babadaýhan etrabynyň Ýaryg

Ýaz nygmaty kömelek — ýylyň ähli paslynda saçaklaryň bezegi

Her bir işinde «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyndan ugur alýan hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary netijesinde, milli ykdysadyýetiň agrosenagat pudagyny ösdürmekde, azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmakda belent sepgitlere ýetilýär. Bu işlere welaýatymyzyň hususy kärhanalary hem mynasyp goşant goşýarlar. Balkanabat şäheriniň golaýynda, Düzmergen ýaýlasynda ýerleşýän hem-de ýaz nygmaty saýylýan kömelekleri ösdürip ýetişdirmäge ýöriteleşdirilen ýyladyşhana toplumyny şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Ýyladyşhana toplumy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altynnur zamany» hususy kärhanasyna degişli bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ösen talaplaryna laýyklykda, Hytaý hem-de Ýaponiýa döwletlerinden satyn alnan kämil enjamlar bilen üpjün edilendir. Ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna daýanýan toplumda ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýän kömelekleriň iki görnüşiniň bitginli hasylyny kemala getirip, sarp edijilere yzygiderli ýetirmegiň hötdesinden gelinýär. Toplum kömelekleriň hersi üçin niýetlenilen aýratyn ýyladyşhanalaryň 6-syny özünde jemleýär. Diýmek, bu ýerde şeýle ýyladyşhanalaryň 12-si hereket edýär. Munuň özi hasyl ýygnalýan pursadynda kömelekleriň her görnüşinden günde 100 kilogramdan 150 kilograma çenli önüm almaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde ekişiň bir tapgyrynda 3,5-4 tonna çenli kömelek hasylyny ýygnama

Saçaklaryň berekedine goşant

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda ýaşaýan telekeçi ýigit Batyr Rozyýew ýyladyşhana gurmak üçin özüne berlen 5 gektar ýeri özleşdirmek we ony gurplandyrmak babatda dessine alada edip başlady. Sebäbi çägesöw topragyň düzümini baýlaşdyrmasaň, geljekde ondan bol hasyl almajagyň belli. Şonuň üçinem telekeçi ýigit ýeri ders bilen gurplandyryp, desga üçin zerur bolan enjamlaryň ugruna çykdy. Olary Türkiýe Respublikasyndan satyn alyp, gysga möhletde gurmagy-da başardy. Şeýdibem, eýýäm geçen ýylyň sentýabr aýynda ýyladyşhananyň içinde pomidor şitillerini ýetişdirmäge mümkinçilik döredi. Gollandiýanyň «Rük Rizk» we «Zuwan» pomidor sortlarynyň artykmaç taraplarynyň köpdügi sebäpli, olar şitil ýetişdirmek üçin saýlanyp alynýar hem-de ýörite gapjagazlarda ekilýär. Önümçiligiň agronomy Maksat Mämmetgulow türkmen hünärmenlerinden pomidoryň bu sortlarynyň agrotehnikasyny kemsiz öwrenip, olara ýokary hilli ideg etmegi başardy. Galyberse-de, her gün internet arkaly öwrenilýän maglumatlar gowy şitilleriň ýetişmegini üpjün etdi. Şunlukda, jemi 92 müň şitil kemala getirildi. Wagty gelende, olar dört gektar meýdana ekildi. Ine, şundan soň ýene-de dartgynly we jogapkärli döwür başlandy.

«Täsin älem» täzeçilligiň gözleginde

Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda mebel önümçiligi boýunça kärhanalaryň birnäçesi hereket edip, olar bu ugurda guwandyryjy işleri alyp barýarlar. Öndürýän önümleri bilen ilat arasynda uly meşhurlyk gazanan şeýle kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Perhat Babaýewe degişli bolan «Täsin älem» söwda nyşanly önümleri bilen adygan önümçilik toplumydyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat hem-de Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň başlangyjy esasynda agzalan öňdebaryjy kärhanada bolup, önümçilik işleriniň ýola goýluşy bilen tanyşmagy makul bildik. Bu ýerde bizi kärhananyň ýolbaşçysy Perhat Babaýew garşylap, önümçilik bölümlerinde işleriň ýola goýluşy we öndürilýän önümleriň aýratynlygy hakda gürrüň berdi.

Amatly we ýokary hilli

Ajaýyp döwrüň peşgeşi bu: indi naýbaşy, ýokary hilli önümleri gözläp, ýurt sökmegiň ýa-da olary gaýry döwletlerden getirtmegiň geregi ýok. Bu gün şeýle önümler hut öz ýurdumyzda öndürilip dur. Ine, aýakgaby alyp göreliň! Aýakgap önümçiliginde italýan we türk dizaýnerleriniň taslan önümleriniň has hyrydarlydygyny bilýäris. Ozal şeýle aýakgaplar import arkaly getirilen bolsa, indi olary ýerli kärhanalarymyz elýeter bahadan öndürýärler. Önümleriň hili hem ýokary. Häzirki wagtda «Muhammet-Balkan», «Röwşen», «Gerçek» ýaly meşhur aýakgap öndüriji hususy taraplarymyzyň hataryna gündogar sebitde «Ýelken» haryt nyşanly aýakgaplary öndürýän kärhana-da goşuldy. Kerki etrabynda döredijilik saparynda bolanymyzda, Astanababa şäherçesinde ýerleşýän bu kärhanada aýak çekdik. Ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, kärhananyň iş dolandyryjysy Çary Öwlýäkulow bilen söhbetdeş bolduk. — Çary, ilki bilen, «Armaweriň!» diýýäris. Tüweleme, önümçilige şaýat bolup, işleriň barha ilerleýändigine göz ýetirdik. Şeýle-de bolsa, bu kärhana ýurdumyzda iň ýaş aýakgap öndüriji bolmagynda galýar.

Telekeçileriň batly gadamlary

Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň dekabr aýynyň başynda geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çeken «Dünýä ykdysadyýetindäki çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2022-nji ýyl üçin Maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy ata Watanymyzyň ykdysadyýetde gazanan üstünliklerini ýaňy başlanan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda has-da berkitmek, ony mundan beýläk-de ýokary derejelere götermek babatdaky toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar. Şonda esasy ünsüň ýurdumyzyň dürli pudaklaryna, döwlet we telekeçilik kärhanalaryna degişli goldawlary bermek, şeýlelikde, olaryň berjaý edýän işleriniň netijeliligini gowulandyrmak bilen, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendigini bellemek bolar. Munuň özi täze ösüşleriň esasynda abadan ýaşaýşyň kepili bolup durýar. Elbetde, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň telekeçilik düzümleriniň milli ykdysadyýetimiziň ygtybarly daýanjynyň birine öwrülendigi hakykatdyr. Sebäbi olar soňky ýyllarda oba hojalygynda, senagatda, gurluşykda, söwda, durmuş hyzmatlarynda we beýleki ugurlarda amala aşyrylýan işlere içgin goşulmak bilen, olarda ýetilýän belent sepgitlerde özleriniň mynasyp p