"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Kap dagynyň Sumrug guşy

Her bir halkyň hakydasynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetler bolýar. Eýse, şahsyýet kim? Sözlükde bu sowala: «Şahsyýet — haýsydyr bir alamaty, sypaty bilen tapawutlanan şahs» diýen jümle bilen jogap berilýär. Ýöne göwnüme bolmasa, şahsyýet sözüniň manysy ýokarky düşündirişden has giň hem çuňňur ýaly. Türkmen halkynyň taryhynda uly orun alan beýik şahsyýetler sanardan kän. Şol şahsyýetlerden biri hem Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem ibn Mansur Balhydyr. Häzirki wagtda ony ilat arasynda Ybraýym Edhem diýip tanaýarlar. Ybraýym Edhem VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alymlaryň biridir. Ybraýym Edhemiň ömri baradaky maglumatlar, esasan, rowaýatlara daýanýar. Aýtmaklaryna görä, ol Balh şäherinde doglupdyr. Akyldaryň kakasy Edhem bin Mansur Saka diýlip tanalýan eken. Saka «suwçy, suw daşaýan adam, suwkeş» diýmekdir. «Ybraýym Edhem» atly dessanda Ybraýym Edhemiň ejesiniň Balh hökümdary Mälik şanyň gyzy Melike Huban bolandygy aýdylýar. Beýleki edebiýatlarda Ybraýym Edhemiň ejesiniň adynyň Gülbün soltan bolandygy baradaky maglumatlara hem duş gelinýär. Akyldaryň ejesi soltanyň ýeke perzendi eken.

SUNGATDA ALABAÝYŇ WASPY

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde,fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki  wagtda haly  gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alaba

Saklanyp galan pursatlar

Suratda: halypa artistler Ata Döwletow, Hommat Müllük hem-de Mergen Nyýazow (1986 ý.).

Müňýyllyklara uzaýan sungat

Ermeni halkynyň milli-medeni mirasynda saz sungatyna aýratyn orun degişlidir. Iň gadymy saz sungatlarynyň biri bolan ermeni halk aýdym-saz sungatynyň dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşandygyny alymlar belleýärler. Ermeni saz sungaty gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýar. Onuň ylmy taýdan öwrenilen döwürleri biziň eýýamymyzdan öňki XX — XVIII asyrlara baryp direýär. Ermeni halkynyň gadymyýetde ýaşan ýerleriniň çäklerinde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde alymlar gadymy saz gurallaryny we dürli dabaralarda saz çalyp duran adamlaryň şekillerini tapdylar. Olar ermeni halk aýdym-sazlarynyň Mesopotamiýa, Ortaýer deňiz halklarynyň medeniýeti bilen garyşmagy netijesinde gutarnykly kemala gelendigi baradaky pikiri öňe sürýärler.

Magtymguly — sözlär tili türkmeniň

Watan ynsan üçin iň uly gymmatlyk. Ynsan köňlüniň bezegi bolan  watansöýüjilik duýgusy bolsa ata-babalarymyzyň ýaşap öten topragyna bolan söýgüden, pederlerimizden miras galan milli ýörelgelerimize bolan belent buýsançdan, ata Watanymyzyň  Garaşsyzlygyny gözüň göreji deýin gorap saklamakdan başlanýan duýgudyr. 70-den gowrak döwlet gurup, äleme özüni ykrar etdiren türkmen halky gadym döwürlerden bäri özbaşdak döwletli bolmak arzuwy bilen ýaşapdyr. Magtymguly Pyragynyň, onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň  ýazan şygyrlary  halkyň aňynda özbaşdak, agzybir döwleti gurmak hakyndaky düşünjeleriň kemala gelmegine badalga bolupdyr. Magtymguly Pyragy mähriban pederi Döwletmämmet Azadynyň döwlet gurmak, ony kämillige ýetirmek baradaky pikirlerini ösdürip, halka düşnükli çeper dilde beýan edipdir. Onuň  «Türkmeniň» atly goşgusynda eger halk bir maksada, bir ýörelgä gulluk etse, onda şol birleşen güýjüň dag-daşlary owradyp, türkmen halkynyň şan-şöhratyny arşa göteriljekdigi beýan edilýär.

Milli buýsanjymyz

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy gorap saklamakda we dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Şöhraty dünýä dolan gadymy Merw, Köneürgenç we gadymy Nusaý taryhy-medeni ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, «Görogly» dessançylyk sungatynyň, «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň, türkmen milli halyçylyk sungatynyň, dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň, türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň, Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem-de häzirki wagtda bu sanawa türkmen alabaýlaryny ýetişdirmek sungatyny girizmek boýunça degişli işleriň alnyp barylmagy halkymyzyň milli gymmatlyklaryna goýýan uly sarpasyndan nyşandyr.

Ýürekleriň kelamy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Türkmenistan döwletimiz Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 2022-nji ýylyň 4—6-njy noýabry aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-a agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde 2024-nji ýyl  «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» hem-de ýurdumyzyň Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Bu halkara gurama tarapyndan türki halklaryň dost-doganlygyny berkitmek, medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda köp işler ýerine ýetirildi.

Akyldara belent sarpa

11-nji oktýabrda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň biridir. Halkara derejeli forum hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilip, oňa Eýran Yslam Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Mongoliýanyň, Gazagystan, Özbegistan,  Gyrgyz,  Täjigistan we Ermenistan Respublikalarynyň Prezidentleri, daşary döwletleriň Hökümet agzalary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, alymlar we medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Şöhrat gazanan alabaýlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary sazlaşykly ösdürilýär. Türkmen halky batyrlygyň hem-de gaýduwsyzlygyň tebigy nusgasy bolan türkmen alabaýyny eýesine wepaly, sak goragçy edip ösdürip ýetişdiripdirler. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaý itleri özboluşly milli medeniýetimiziň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Alabaý güýçli, ýanbermezek hem-de wepalydyr» diýen ajaýyp setirleri ýurdumyzyň her bir bagtyýar ýaşaýjysy üçin guwandyryjydyr.

Akyldar şahyryň şygryýet mirasy

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde hem-de halkara giňişliginde Gündogaryň görnükli şahyr-filosofy, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär. Bu wakanyň şany-şöhraty Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Ynsan kalbyna şygyrlary bilen ýagşylyk, halallyk, watansöýüjilik şuglasyny çaýýan, ruhy lezzet berýän akyldar şahyrymyzyň nakyla öwrülen, öwüt-ündew berýän ajaýyp setirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti diýseň uludyr. Magtymguly Pyragynyň şygryýeti egsilmeýän derýa, ruhy teşnelikden gandyrýan güzer kimin ynsanyýeti agzybirlige, päklige, halallyga çagyrýar. Hut şonuň üçin-de söz ussadynyň her bir setiri durmuş şamçyragy bolup kalplara ornaýar. Magtymguly Pyragy sözüň egsilmez güýji we gudraty bilen şygryýet äleminde ady Arşa galyp, milli derejä göterilen akyldar şahyrdyr. Dana şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan döredijiliginde nesil terbiýesine degişli şygyrlara uly orun degişlidir. Şahyr hemişe arzuwlan berkarar döwletini gurmak üçin aň-düşünjeli, sowatly adamlary ýetişdirmegiň wajyplygyny döredijiliginiň üsti bilen beýan edipdir.

«Gujurly, syzgyr, wepaly»

Taryhyň dowamynda halkymyz türkmen alabaý itlerini ýetişdirmek işinde ussatlyk görkezipdir. Ony özüniň aýrylmaz hemrasy, ýakyn kömekçisi we wepaly goragçysy hasaplapdyr. Bu halkymyzyň dilinde-de öz beýanyny tapypdyr. Muňa «It gördüm — gut gördüm», «Itim — gutum», «It çopanyň goldaşy, ýalňyzlykda ýoldaşy» ýaly nakyllary mysal getirmek bolar. Gahryman Arkadagymyz «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Türkmen alabaýy adamkärçiligiň asylly ýörelgelerini özünde jemleýän «türkmençiligiň» batyrlyk, merdanalyk, wepalylyk, sypaýylyk gatnaşyklarynyň alamatlandyrylmasydyr» diýmek bilen, bu milli gymmatlygymyza ýokary baha berýär.

Şöhraty äleme dolan

Köpasyrlyk şöhratly taryhy bolan halkymyz geçmişde umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen milli mukaddesliklerimiziň ençemesini döredipdir. Şolar dogrusynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen, alabaýlarymyz göz öňüňde janlanýar. Akyllylygy, üşükliligi, eýesine wepalylygy bilen tapawutlanýan bu itler halkymyzyň hemişelik ýoldaşyna, syrdaşyna öwrülipdir. Asyl, türkmeniň durmuşyny alabaýsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ylmy çeşmelere salgylansak, ilki eldekileşdirilen haýwanlaryň biri alabaý itleri bolupdyr. Bu wepadar jandarlaryň döreýiş taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýär. Alabaýyň iň gadymy keşbini Nusaý şabadalarynyň, ýagny, ritonlaryň ýüzündäki çeper bezeglerde synlamak bolýar. Jeýhun boýlarynda-da dürli ýyllarda alabaý itleri bilen bagly tapyndylar ýüze çykaryldy. Hususan-da, geçen asyryň ahyrlarynda Amul galasynda, Kerki etrabyndaky Mürzebeggala, Saýat etrabyndaky Hazarekdepe, Dänew etrabyndaky Araphana ýadygärliklerinde ýüze çykarylan itleriň terrakota heýkeljikleri alymlarda uly gyzyklanma döredýär. Bu tapyndylar biziň eýýamymyzyň II — V asyrlaryna degişlidir diýlip çaklanylýar. Gymmatly tapyndylar häzirki wagtda welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanylýar we ylmy esasda öwrenilýär. Geçirilýän ylmy barlag işleri alabaýlaryň döreýiş taryhyny has-da içgin öwrenmäge mümkinçilik berýär.

Sungat äleminiň ýyldyzlary

Aýdym - saza köňül beren Ýurdumyzda türkmeniň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine saldamly goşant goşan adamlary hormat bilen ýatlap, olaryň bitiren hyzmatlarynyň nesilleriň aňynda ebedi galmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Milli medeniýetimiziň gülläp ösmegine saldamly goşant goşanlaryň biri-de bütin ömrüni sungata bagyş eden Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň “Watana bolan söýgüsi üçin” medalynyň eýesi Gurban Gummanowdyr.

Dünýäde meşhur milli gymmatlygymyz

Türkmen alabaýynyň baýramyna Merdana halkymyz her döwürde-de ýagşylyga gol beren, haýryň, hakykatyň tarapdary, agzybirligiň we abadançylygyň nuruny gursagynda göteren millet hökmünde tanalypdyr. Onuň döreden milli gymmatlyklary hem edil öz kalby ýaly päkize, sungat derejesinde kämildir. Şonuň üçin milli gymmatlyklarymyzy aýap saklamak we dünýä ýaýmak, nurana geljegimiz bolan ýaş nesillerimize miras galdyrmak hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Halkymyzyň asylly häsiýetlerini özünde jemläp, edil adam ýaly diýdirmegi başarýan alabaýlarymyz şeýle gymmatlyklaryň biridir, taryhy mirasymyzyň bir bölegidir. «Merdana ata-babalarymyz tarapyndan asyrlaryň dowamynda kemala getirilip, tohum arassalygy saklanyp gelnen, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaýlarymyz Ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Halkymyzyň guwanjyna, ýakyn syrdaşyna öwrülen alabaýlarymyz biziň buýsanjymyzdyr» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

«Türkmen alabaýy»

Müňlerçe ýyllyk geçmiş taryhymyza göz aýlasak, türkmeniň şöhrata beslenen argamak bedew aty bar, öljegini bilse-de, eýesiniň ojagyny, mal-mülküni gorap, ýyrtyjy wagşylar bilen garpyşan gaýduwsyz alabaý iti bar.*  *  *It adamzadyň ilkinji eldekileşdiren jandarlarynyň biri saýylýar. Itiň eldekileşdirilip ugralan döwrüni dowar malynyň eldekileşdirilen döwri bilen senelemek dogry bolsa gerek.*  *  *Aslynda, dünýä ýüzüne ýaýran dürli itleriň arasynda türkmen iti iň gadymy hasaplanylýar. Käbir maglumatlara görä, türki gunlaryň baýdagynda türkmen itiniň kellesiniň şekili bolupdyr. Şol döwürlerde gun esgerleriniň ýanynda ýörite uruş üçin niýetlenen läheň türkmen itleri saklanylypdyr.*  *  *Güjügiň agzyny açyp seredeniňde ýokarky äňi gap-gara bolsa, ol örän edenli bolup ýetişer. It janawar: «Eýämiň on sany ogly bolsa, olaryň hersi burnumyň garasy ýaly nan berse bolany» diýermiş.*  *  *Läheň göwreli, gazan kelleli, aýy penjeli, ýumşak häsiýetli, wepaly itler türkmende bar.*  *  *Türkmen alabaýy gadymy oguz nesliniň dünýä medeniýetine goşan ajaýyp goşandydyr. Halkymyz bedew aty ýaly, alabaý itini hem iň ýakyn kömekçisi, wepaly dosty hasaplapdyr. Onuň tohumynyň arassa saklanmagy, terbiýesiniň kemsiz ýetirilmegi üçin müňýyl

Gadymy topragyň gudraty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýynyň baýramy her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilip geçilýär. Munuň özi türkmen alabaýlarynyň milli buýsanjymyz, gymmatlygymyz we mirasymyz hökmünde sarpalanýandygynyň kepilidir. Wepalylygy, garadan gaýtmazlygy, duýgurlygy, akyllylygy, eýesiniň sesini eşidenden, onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklardyr. «Türkmen alabaý itleri gadymy topragymyzyň gudratydyr, mukaddes türkmen ojagynyň ýaraşygydyr we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda alabaý itlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, olary gorap saklap, geljekki nesillere ýetirmekde  uly işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda türkmen alabaýlarynyň döwrebap merkezleri gurlup ulanmaga berildi.

Türkmen alabaýynyň baýramyna

Mertligiň hem wepadarlygyň nusgasy Ata Watanymyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen alabaýynyň baýramynyň uly dabaralara beslenip bellenilmegi halkymyzyň döreden milli gymmatlyklarynyň biri hökmünde oňa goýulýan belent hormat-sarpanyň, şonuň bilen birlikde-de, bütin dünýäde abraý-mertebesiniň, şan-şöhratynyň belende göterilmegi ugrundaky işleriň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky taýsyz tagallalary munuň şeýle bolmagyna giň ýol açýar.

Bedew atyň tarypyny aýdaly

Bedewleriň syzgyrlygy, ýyndamlygy, güýçlüligi, ylahy üşükliligi, eýesine wepadarlygy dogrusynda gadymdan galan hekaýatlar, rowaýat kysmy gürrüňler halk içinde kän. Şeýle gürrüňleriň birini obadaş ýaşulularymyzyň birinden eşidipdim. Şol hekaýatda aýdylyşyna görä, gum içindäki obalaryň birinde mal-garaly, barjamly bir çopan ýaşapdyr. Öýlenip, özbaşdak öý-ojak bolup, halallygy, zähmetsöýerligi durmuş ýörelgesine öwren çopanyň goýunlarynyň baş sany ýylyň-ýylyna artyp, özbaşyna bir süri bolupdyr. Çopanyň ýakyn syrdaşy saýýan bedew aty hem bolupdyr. Ol uly aýlawlarda hemişe baýrakly orunlary eýeleýän bedewini aýratyn yhlas siňdirip seýisläpdir. Günlerde bir gün çopan bedew atynda ynjalyksyzlyk duýýar. Şol gün agşam diýseň güýçli ýel turup, asman-zemini saýgarar ýaly bolmandyr. Uzakly gije dowam eden ýel daňdana golaý köşeşipdir. Daňdan adaty endigine görä, ýataga baryp, mallaryndan habar alan çopan ahyrynda bedew atynyň ýokdugyny bilýär. Serinden dürli pikir-oýlar gelip-geçen çopan derhal bu ýagdaýyň sebäbini anyklamaga girişýär. Goňşy-golama, obadaşlara habar ýetirýär, emma gördüm-bildim bolmaýar. «Durnaň üstüne urna» diýlişi ýaly, şol mahal çolugy agşamky tupanda goýun sürüsiniň hem tazygyp gidendigini habar berýär. Çopan wagt ýitirmän, obadaşlary bilen mallaryň gözlegine çykýar. Ýerli-ýerden yz çalyp ýörüşlerine uzaklaşman sürini tapýarlar. Sürä möjek aralaşyp, mallaryň ýaralysyn

El işlerinde zerur serişdeler

Inçe iňňe — iňňeleriň iň gysgasy, iň inçesi bilen gulak deşilýär. Dürli inçelikdäki iňňeler dürli matalardan biçilen geýimleri, eşikleri tikmekde ulanylýar. Keşde iňňe — iňňeleriň boýy uzynrakdan iň inçesini saýlap-seçip, keşdeçiler keşde çekýärler. Inçe iňňe keşde çekilýän matadan gylyň inçeligi ýaly garbap alyp, keşde halkany öndürmäge örän amatly bolýar.

Milli fitoterapiýa ylmynyň gymmatly gollanmasy

Tebigat bilen sazlaşykly ýaşap, ösümlikleriň melhemlik häsiýetlerini öwrenip, halk lukmançylygynyň tejribesine ornaşdyran ata-babalarymyz bedeni ýokumly tebigy iýmitdir içgiler bilen taplamagy nesillere miras goýupdyrlar. Gadymy döwürlerden bäri toplanyp, nesilden-nesle geçip gelýän halk tebipçilik tejribeleri bu gün ylmy esasda öwrenilýär, milli derman senagaty ösdürilýär. Munuň şeýle bolmagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň ägirt uly tagallalary bar. Alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işi bu ugurda uly işlere badalga berdi. Ýakynda, ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda Milli Liderimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik ylmy işiniň XVI jildi çap edildi. Ýurdumyzyň çäklerinde ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetlerini düýpli öwrenmäge ylmy çemeleşmeler dünýä fitoterapiýasynyň ösüşinde hem uly gyzyklanma eýe bolýar. Güneşe baý türkmen topragymyz dünýäde giňden ýaýramadyk, endemik görnüşli ösümliklere hem baýdyr. Alym Arkadagymyzyň köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň her bir täze neşiri diňe bir halkara lukmançylyk toparlarynyň arasynda däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma