"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Kemineden bir nyşana...

Meniň dilim, seniň eliň hünäri, Nusga bolup galsyn ilden-illere.

Halky kyssalar

Üç dost Magtymguly märeke söýen adam bolupdyr. Her bir ugurdan özüne göwni ýetýän adamlaram, onuň bar ýerinde arkaýyn gürläbermäge çekinipdirler. Magtymgula hemişe öýüň töründen ýer beripdirler. Ol obada Ussagara, Orazmeňli ýaly şahyrlar bilen tirkeşer eken.

Müňýyllyklaryň medeniýeti

Ata Watanymyzda halkymyzyň Oguz han döwründen gözbaş alyp gaýdýan geçmiş taryhyny, milli mirasyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmek, şeýle hem medeni ýadygärliklerimizi gorap saklamak maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Gadymy türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň halkara derejede wagyz edilmegi bolsa uly ähmiýete eýedir. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Kitapda bular barada giňişleýin maglumat bermek bilen, hormatly Prezidentimiz: «Bilýäniňi paýlaşdygyňça, bilelikde baýlaşýarsyň» diýip belleýär.

Atlarda duşýan nyşanlar

Ýyndamlykda we gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke atlarymyzyň şan-şöhraty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha belende göterilýär. Geçen ýyl Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Eýsem-de, bedewleriň aýaklarynda, kellesinde, seýregräk ýagdaýlarda göwresinde dürli şekilde we ululykda duşýan nyşanlar barada bilmek gyzykly bolsa gerek. Birmeňzeş reňkdäki atlary bir-birinden tapawutlandyrmaga kömek edýän nyşanlar dogabitdi bolýar. Bedew atlarymyzda duşýan nyşanlaryň käbiri hakynda gysgaça söhbet etmegi makul bildik: Sakar. Atyň maňlaýy we ýüzi tutuşlygyna ak bolanda, oňa sakar diýilýär.

Magtymgulynyň döredijiligi — dünýä medeniýetiniň gymmatly mirasy

Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan medeniýet ministrleri derejesindäki halkara maslahata Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ), Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG), Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Ermenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Russiýadan, Täjigistandan, Özbegistandan, Hindistandan, Eýrandan, Katardan, Hytaýdan, Koreýa Respublikasyndan, Malaýziýadan, Türkiýeden, Ýaponiýadan wekiliýetler gatnaşdylar. Çagyrylan myhmanlaryň hatarynda Aşgabatda geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada milli toparlarynyň 10-njy mejlisine gatnaşyjylar hem bar. Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz maslahatyň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, onuň medeni ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge, geljekde bu ugurda alnyp baryljak işleri has-da ösdürmäge, Magtymgulynyň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmäge we dünýäde giňden wagyz etmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Naýbaşy sungat eseriniň şanyna toý tutuldy

26-njy maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Onuň çäklerinde haly sungatynyň nusgawy we döwrebap görnüşleri görkezildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet, sungat işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyplar, ýurdumyzyň ussat halyçylary, daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Gutlagda asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylaryň öýlerimiziň ýaraşygy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen ajaýyp sungat ýadygärligidigi bellenilýär.

Baglar — köňül saýasy

Dünýä medeniýetiniň bäşinji ojagy we ekerançylygyň Watany bolan Türkmenistanyň tebigy şertleri, dag çeşmeleri, hasylly topragy we amatly howa gurşawy ýurduň ösümlik dünýäsini baýlaşdyryp, ekerançylygyň netijeli häsiýete eýe  bolmagyny üpjün edýär. Geçirilen gazuw-agtaryş işleri gadymy döwürde ýurdumyzyň ýaýlalarynyň gülläp ösendigini, paýhasly pederlerimiziň ekerançylyk, miweçilik bilen meşgullanandygyny görkezýär. Diýarymyzda her ýyl birnäçe gezek hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilmegi bilen millionlarça bag nahallary oturdylyp, dürli şekilleri özünde jemleýän ajaýyp haly ýaly gözelligi döredip, olara ýylyň ähli paslynda döwrebap ideg etmek işleri ýokary derejede ýola goýuldy. Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan has-da sagdynlaşmagy üçin soňky ýyllarda tokaý zolaklarynyň, ajaýyp seýilgähleriň, seýilbaglaryň örän köp sanlysy döredildi. Şeýle seýilgähleriň biri hem 17-nji maýda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan gojaman Köpetdagy etekläp oturan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumydyr. Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň Zemin togalagyndaky iň belent heýkeli gurlup, oňa barýan basgançakly ýolda ýerleşdirilen 5 sany haly göllerimiziň şekilleriniň iki gapdalyny  dürli bag nahallary, arçalar we ýaşyl meýdan otlar bilen bezelmegi aýratyn many-mazmuna eýedir.

Pederlerimiziň watançylyk ýörelgesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň durnukly ösmegi bilen gazanylýan üstünlikler  Bitaraplyk ýörelgelerimizden ugur alýan, Harby doktrinamyz esasynda giňden ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Ýakynda ýurdumyzyň günbatar sebitinde Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň we beýleki goşunlarynyň şahsy düzüminiň harby hünär ussatlyklaryny has-da ýokarlandyrmak, Milli goşunyň söweşjeň taýýarlygyny gözden geçirmek maksady bilen geçirilen bilelikdäki harby okuw meýdan türgenleşikleri hem muny aýdyň dabaralandyrdy.

Taryhy şäher — Änew

Türkmen topragy örän gadymy taryhy maglumatlary özünde saklaýan mekandyr. Änew şäheri hem şeýle baý taryhy maglumatlara eýedir. Türkmenistanyň çäklerinde miladydan öňki 4-5 müňýyllyklarda dowam eden Jeýtun medeniýetiniň we Änew medeniýetiniň keramiki önümleriniň umumylyklary we aýratynlyklary düýpli öwrenilmegini talap edýär. Türkmen topragynda ilkinji ekerançylyk we maldarçylyk medeniýetleri bolan Jeýtun, onuň yzy bilen bolsa Änew medeniýeti kemala gelipdir, dowam edipdir we gülläp ösüpdir. Neolit zamanynda Jeýtun medeniýetiniň keramiki önümleri inçeden uzyn görnüşinde böleklere bölünip, kesilip alnypdyr. Olary biri-biriniň üstünden ýelmäp, gerek bolan gaby ýasap, soňundan gabyň içi we daşy endiganlanylypdyr. Endiganlanylan gaplary Günüň gyzgynlygyna guradypdyrlar we ýylmapdyrlar. Soňundan, gaplara nagyş çekipdirler. Palçygynyň düzümine bolsa, owradylan saman goşulypdyr. Jeýtun keramikasynyň nagyşlarynyň esasy görnüşlerine tolkun görnüşli çyzyklar, kese we dik çyzyklar, ýaý we gözenek şekilindäki, seýrek ýagdaýda bolsa, üçburçluk şekilindäki nagyşlar degişlidir.

Türkmen halysy — müňýyllyklaryň şaýady

Türkmen halylary elde dokalýan halylaryň arasynda dokalyş aýratynlygy, reňkleriniň solmaýanlygy, nagyşlarynyň sazlaşygy bilen ençeme asyrlardan bäri dünýä halklaryny özüne bendi edip gelýär. Türkmen halysynyň gadymy wagtlardan bäri dokalyp gelinýändigine ylmy işlerdäki maglumatlar, dünýäniň dürli muzeýlerinde gabat gelýän halylar we haly önümleriniň seýrek nagyşlary, taryhçylaryň, syýahatçylaryň ýazgylary, gazuw-barlag işleri geçirilende tapylan halylar we haly keserleridir beýleki maglumatlar doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologik barlaglaryň dowamynda türkmen haly we haly önümlerinde giňden ulanylýan nagyşlaryň gadymy nusgalary eneolit hem-de bürünç eýýamlaryna degişli ýadygärliklerde has köp tapylypdyr. Türkmen halylaryna we haly önümlerine salynýan nagyşlardyr göllere, olaryň merkezi älem göllerine, gyra nagyşlaryna meňzeş şekilleri Türkmenistanyň günorta sebitiniň arheologik ýadygärliklerinden tapylan küýzeleriň we beýleki keramika önümleriniň ýüzündäki bezeg nagyşlarynda görmek bolýar. Bularyň has gadymylaryny, ýagny miladydan öňki V — III müňýyllyklara degişlilerini häzirki Tejen we Sakarçäge etraplarynyň aralygynda ýerleşýän Göksüýri ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylarda görmek bolýar. Bu meňzeşlikler halylarymyz miladydan bäş müň ýyl öň hem häzirki türkmen topragynda dokalypdyr diýmäge esas berýär.

Täsin nagyşly ýadygärlik

At-owazasy äleme ýaýran Seýit Jemaleddin metjidi ak bugdaýyň gadymy mekany hasaplanýan Änew topragynda XV asyrda bina edilipdir. Zehinli suratkeş K.S.Mişiniň «Metjidiň içki görnüşi» (1900ý.), «Änew metjidi» (1902ý.), şeýle hem meşhur ermeni suratkeşi M.S.Sarianyň «Änew» (1934ý.) atly nakgaşlyk eserlerinde bu ýadygärligiň pajygaly ýertitremesinden öňki sudury şekillendirilipdir.

Dal bedewleriň waspy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Gyz gylykly owadan bedewlerimiz diňe ynsan syzgyrlygy, duýgurlygy bilen däl-de, eýsem, gaýratlylygy, çydamlylygy, wepadarlygy hem-de namysjaňlygy bilen kalbyňa gozgalaň salyp, buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär, öçmejek yz goýýar» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzda bedew atlarymyza aýratyn sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2010-njy ýylda Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Assosiasiýanyň esasy wezipesi ajaýyp tohum atlary köpeltmäge we kämilleşdirmäge ýardam etmekden, bütin dünýädäki ahalteke atlaryny ýetişdirýänleriň bir gurama birleşmeklerini üpjün etmekden ybaratdyr. Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşine uzaýan baý maddy we ruhy mirasy bar. Türkmen bedewleri hem halkymyzyň milli baýlygy, guwanjy bolup durýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaplaryndaky halkymyzyň guwanjyna öwrülen gözelligiň, çeýeligiň, ýyndamlygyň nusgasy bolan bedew atlarymyzyň şanyna aýdylýan parasatly sözlerini okanyňda hem duýmak bolýar. Türkmen halkynyň ata-baba bedew ata goýýan sylag-sarpasy, bedewiň durmuşda tutýan orny, olaryň gadyr-gymmaty barada nakyllardyr atalar sözlerinde hem giňden beýan edilýär: «Ir tur, ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At gadyryny münen biler...» ýaly nakyllar hem

Meşhurlyga eýe bolan türkmen halylary

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň çeken bir suraty ünsümizi özüne çekýär. Ol surat halyçy Ýazbibi Ahmedowanyň portretidir. Ýazbibi Ahmedowa XX asyryň başlarynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda halyçylar maşgalasynda dünýä inipdir. Ol «Edenine el ýetmez, dokanyndan suw ötmez» diýilýän halyçy bolup ýetişipdir. «Zehin zehine ýol açýar» diýlişi ýaly, halyçy zenan dürli el hünärinden baş çykarýan aýal dogany Enejanyň 1937-nji ýylda dünýä inen gyzy Jöwza Şahberdiýewanyň hem ussat halyçy bolup ýetişmeginde-de uly tagalla edipdir.

Taýsyz gözelligiň nusgasy

Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenip geçildi. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli gözel paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň senenamasynda aýratyn orun alan bu wakalar türkmen halyçylarynyň gazanýan üstünliklerini, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpöwüşginliligini aýdyň açyp görkezdi. Şeýle hem, Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň ýörite Permany bilen, halkymyzyň iň gadymy sungat eseri bolan ajaýyp halylary dokaýan, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan ussat halyçylaryň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Halyçylyk türkmen halkynyň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Bu sungatyň dury gözbaşy asyrlaryň jümmüşinden gaýdýar. Çünki ol halkymyzyň ýaşaýyş durmuşyna gadym döwürlerde kök uran sungat. Munuň şeýledigini Altaýyň Pazyryk depe diýen ýerindäki gadymy mazarlykdan türkmen halysynyň haýran galdyryjy nusgasynyň tapylandygy hem subut edýär.

Haly — halkymyzyň hazynasy

Halkymyzyň ajaýyp milli sungatynyň ykrar edilmeginiň we oňa hormat goýulmagyň nyşany hökmünde her ýylda bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy çeper elli halyçylaryň zähmetine berilýän ýokary bahadyr. Şu jähetden, 26-njy maýda paýtagtymyzda bu baýram mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXIV mejlisiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Dabaraly çäreleriň öňüsyrasynda Türkmen halysynyň milli muzeýinde sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümi, daşary ýurtlaryň, halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we köp sanly beýleki adamlar gatnaşdylar. Hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dabara gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Ajaýyp sungatyň belent sarpasy

Türkmen gelin-gyzlarynyň el işleriniň naýbaşysy bolan türkmen halylary özüniň gaýtalanmajak owadanlygy bilen dünýäni haýrana goýup gelýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda bu ajaýyp sungatyň we şeýle gözelligi döredijileriň sarpasy belent tutulýar. Munuň şeýledigine Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çäreler hem bütin aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Şeýle dabaralaryň biri etrabymyzyň Sakar şäheriniň medeniýet öýünde geçirildi. «Çitimiňde gül Diýaryň keşbi bar» diýen at bilen geçirilen çärä elleri hünärli gelin-gyzlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Turuwbaşdan aýdym-sazyň şirin owazyna beslenen çärede ene-mamalarymyzyň halyçylyk senedini üstünlikli dowam etdirýän zenanlar çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli mirasymyzy gorap saklamak, kämilleşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek ugrunda taýsyz tagallalary edýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Halyçylyk sungaty bolsa halkymyzyň gözellik nusgasy hökmünde dünýäde meşhur bolýar. Çäräniň dowamynda halyçylyk sungaty, onuň täsin gölleri hakynda giňden durlup geçildi we çärä gatnaşyjylara owadan haly we haly önümleri görkezildi. Uly joşgun bilen ýerine ýetirilen aýdymlarda we göwün göteriji tanslarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de peder ýoluna wepaly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik iş

Daraklaryň owazy – ýürekleriň owazy

Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda halkymyzyň ruhy gymmatlygy bolan gadymy halyçylyk sungatymyzy ösdürmäge goşýan uly goşantlary üçin ýakynda dünýä meşhur halylary dokaýan eli çeper halyçylarymyzyň birnäçesine «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy. Olaryň arasynda Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçylarynyň 5-si bar. Belent adyň berilmegi mynasybetli ussat halyçylaryň ýürek şatlyklaryny we buýsançlaryny size ýetirýäris.

Türkmen halysynyň baýramy

«7/24. tm» №22 (209), 27.05.2024 Ha­ly — türk­me­niň ha­ly-ah­wa­ly, dur­mu­şy, geç­mi­şi, şu gü­ni, ba­har-ýa­zyň owa­dan keş­bi­ne bes­le­nen aja­ýyp ýaý­la­la­ry, dag­la­ry, urp-ada­ty, kalp gö­zel­li­gi. Ol ze­nan­la­ry­my­zyň köň­lü­niň hem aňy­nyň iň bir aja­ýyp önü­mi. Ha­ly­la­ryň gö­zel­li­gi, gym­ma­ty, mu­kad­des­li­gi, gi­ňiş äle­mi özün­de be­ýan ed­ýän­li­gi ha­kyn­da Gahryman Ar­ka­dagymyz «Ar­şyň ne­pis­li­gi» at­ly ki­ta­byn­da şeý­le be­ýan ed­ýär: «Türk­men ha­ly­sy mad­dy hem ru­hy baý­ly­gyň hiç üýt­gew­siz çeş­me­si de­ýin, yn­sa­nyň ün­sü­ni he­mi­şe özü­ne çek­ýär. Çün­ki ol gaý­ta­lap-gaý­ta­lap, sün­nä­li­gi­niň, gö­zel­li­gi­niň aňyr­sy­na çy­kyp bol­ma­ýan um­ma­syz gi­ňiş­lik äle­mi». Mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­tyn­da türk­men hal­ky­nyň mak­sa­da ok­gun­ly­lyk, ru­hu­be­lent­lik ýa­ly hä­si­ýet­le­ri jem­len­ýär.

Şöhraty äleme dolan gözellik

Halkymyzda haly sungaty bilen bagly «Haly düşek törde ýagşy», «Ýigide maly döwlet getirer, gelin-gyza—haly», «Dokmaly öý—dok öý», «Öý bezegi haly, gyz bezegi näzi» diýen ýaly onlarça pähimler bar.  Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinde bolsa, bu gadymy we müdimi sungatyň döreýiş taryhy, dokalyş aýratynlygy, nusgalary, gölleri, reňkleri barada gymmatly maglumatlar aýdylýar.

Halkymyzyň genji-hazynasy

Halyçylyk — türkmeniň amaly-haşam sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri hasaplanýar. Köp asyrlaryň dowamynda halkymyz haly we haly önümlerini elde dokamagyň tehnologiýasyny we onuň çeperçilik aýratynlygyny kämil görnüşde biziň günlerimize ýetiripdir. Onuň hiç bir halkyňka meňzemeýän, çeperçilik taýdan düýpgöter tapawutlanmagynyň özi türkmenleriň halyçylyk senedi bilen has gadymy döwürlerden bäri meşgullanyp gelýändigini görkezýär. Milli halyçylyk sungaty ýurduň durmuş-ykdysady ýörelgeleriniň aýrylmaz bölegi bolup, ilatyň medeni özboluşlylygynyň görkezijileriniň biridir. Türkmen halysy öz nagyşlarynda taryhy we halkyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny biziň günlerimize çenli ýetirip, häzirki günde hem şöhlelendirýär.