"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Milli senetçiligimiz buýsanjymyzdyr

Küýzegärler maşgalasy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe geçmiş medeniýetimize içgin belet hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary bilen gadymy milli mirasymyz çuňdan öwrenilýär. Özboluşly aýratynlygy bilen her bir adamyň ünsüni özüne çekýän gadymy milli senetçiligimiz Garaşsyzlyk ýyllarynda döwrebap many-mazmun bilen baýlaşyp, täzeden kemala gelýär. Irki medeni-durmuş gymmatlyklaryna degişli bolan şeýle ugurlaryň biri hem küýzegärçilikdir. Ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-güzeran durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan, ýokary ukyp-başarnygy hem ezber çeperçiligi talap edýän küýzegärçilik senedi içgin öwrenilmäge hem ýaýradylmaga mynasyp.

Alym hem žurnalist

Şirin Gylyçmedowa özüniň taryhy makalalaryny, ýaýlyma berilýän «Asyrlaryň ýaňy» atly gepleşigini türkmen zenanlarynyň geçmişdäki orny bilen baglanyşdyryp taýýarlamaga uly üns berýär. «Miras» teleradioýaýlymynda tomaşaçylara hödürlenýän «Asyrlaryň ýaňy» atly gepleşigi gördügiňçe göresiň gelýär. Gadymy ýadygärlikler barada giňişleýin söhbet açýan bu gepleşigiň tomaşaçynyň aňyna ornamagy, olaryň arasynda gyzyklanma döredip, dürli sowallaryň ýüze çykmagy gepleşigi taýýarlaýan awtoryň işjanlylygyny, mydama gözlegdedigini aňladýar. Gözleg bolsa abraý getirýär. Indi ençeme ýyllardan bäri türkmen topragynyň geçmişinden, ýaşaýyş durmuşyndan habar berýän ýadygärlikleriň täsin syryny öwrenýän Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Şirin Gylyçmedowadyr.

Aslymyzdan — neslimize

Atababalarymyz öz perzentleriniň süňňi halal, päk ahlakly, adamkärçilikli, Watana wepaly, zähmetsöýer bolup ýetişmekleri barada uly alada edipdirler. Türkmen nusgawy edebiýatymyzyň ägirtleriniň hem döredijiliginiň köp bölegini öwütündew häsiýetli eserler tutýar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininiň miwesi bolan eserleri hem ýaş nesillere görelde mekdebi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet guşy» romany ýaş nesilleri watançylyk, ýokary ahlak kadalary hemde milli ýörelgeler esasynda terbiýelemekde aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşaýyş menzilleriniň tejribesini, manyly ömrüň paýhas maňyzlaryny özünde jemleýän bu roman halkymyza bagyş edilen durmuş hazynasydyr.

Taryhy-medeni miras — milletiň ruhy baýlygynyň binýady

Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Okyjylaryň giň toparyna niýetlenen žurnal täze açyşlar hem-de halkymyzyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmegiň netijeleri hakynda makalalaryň tapgyryny dowam edýär. Žurnalyň 2020-nji ýyldaky jemleýji sany ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna — taryhy senä bagyşlandy, geçen ýylyň ähli çäreleri onuň nyşany astynda geçirildi.

«Gül keşbiň ýaraşar güllere, bedew!»

Keramatly türkmen topragynda kemala gelen ahalteke atlarymyz halkymyzyň milli baýlygydyr, buýsanjydyr, ata-babalarymyzyň bize galdyran genji-hazynasydyr. «Asman atlary», «Nusaý atlary», «Behişdi bedewler» diýlip dürlüçe atlandyrylýan nurana bedewlerimiz at tohumlarynyň iň kämili we gadymylarynyň biridir. Şonuň üçin-de at oýnatmak, at üstünde dürli çalasyn oýunlary ýerine ýetirmek türkmen ýigitlerine gadymdan mahsus. Munuň şeýledigine Oguz han atamyzyň ýol-ýörelgesi esasynda ata Watan üçin şan-şöhrat gazanan türkmen gahrymanlary bilen baglanyşykly wakalar, rowaýatlar, şadessanlar arkaly hem göz ýetirmek bolýar. Eýsem, «Görogly» şadessanyndaky Göroglynyň «at oýnadyşy», «at bökdürişi», «altyn gabak atyşy» şondan habar bermeýärmi näme?!

Magtymgulynyň döredijiliginde bedewiň waspy

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen toý-baýramlaryň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Her ýylyň ýazky we güýzki at çapyşyk möwsümleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilip, türkmen halkynyň göz guwanjy bolan behişdi bedewlerimizi ylmy esasda öwrenmek babatynda hem mynasyp işler toplumlaýyn durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda atçylyk we seýisçilik sungatyny ata-babalarymyzyň birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli däp-dessurlary, tejribeleri bilen utgaşdyryp, döwrebap ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Ata-babalarymyzyň baý tejribesi esasynda has-da şöhratlanan bedewleriň waspy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde hem öz beýanyny tapýar.

Saç toýy

Gadymyýetden gözbaş alyp, asyrlarboýy dowam edip gelen toýlarymyz halkymyzyň milli aýratynlygynyň bir şahasy, ýakymly dünýäsidir. Ol toýlaryň haýsy birini alyp görseň-de, özüne mahsus özboluşlylygy görmek bolýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen şol gadymy ata-baba toý däplerimiz gaýtadan dikeldilýär. Milli mirasymyzy toplamak, öwrenmek, dünýä ýaýmak, geljekki nesillere ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şol toý däpleriniň biri-de, saç toýudyr. Maşgalada bir ýaşy dolan çaganyň ýüpek ýaly çile saçy toý tutulyp aldyrylýar. Oňa saç toýy, kä halatlarda galpak toýy diýilýär.

Danalardan dürdäneler

Eger-de çagany ýalňyş ýoldan alyp galjak bolsaň, onuň bilen bile ýöre, şonda ony dogry ýola gönükdirmäge pursat taparsyň. Çagaňa oýlap tapmagy we döretmegi öwret. Şonda onuň öňünde tutuş dünýä açylar.

Galyp (Mizemez miras)

Türkmen senetkärleriniň işleriniň ilerlemeginde galybyň orny uly bolupdyr. Küýzegärlikde küýze, golça, gulply küýze, hum, humdan ýaly palçykdan her dürli önümleri ýasamakda we şekil bermekde galyplar ulanylypdyr. Gadymy «Erkin gün» atly dessanynda Nowruz gelip, Gün gaty gyzdyryp ugransoň, howruna demir eredilendigi barada gürrüň berilýär. Çoýundan we demirden dürli gaplary, gazanlary, tüňçeleri, taňkalary ýasan türkmen senetkärleri olaryň özüne mahsus galypdan peýdalanypdyrlar. Binagärlikde ulanylýan galyplaryň durnukly hem-de berk ymaratlaryň emele gelmeginde ähmiýeti uludyr. Gadymy ata-babalarymyz şeýle galyplarda kerpiç guýupdyrlar. Agaç ussalary galyplary söwüt hem-de erik baglarynyň guran agaçlaryndan ýasapdyrlar. Uly adamlar üçin dört-bäş, hat-da ondanam köp gözli galyplar ýasalypdyr. Ýetginjekler üçin iki-üç gözli galyplar buýrulypdyr. Şeýle galyplarda kerpiç guýlupdyr. Galyplar kerpiçleriň ululygyna-kiçiligine laýyklanypdyr. Ilki belli bir uzynlykdaky we giňlikdäki tekiz tagta alnyp, soňra arasy bölek tagtajyklar bilen bölünipdir. Neçjarlar şol aralyk tagtajyklaryň insiz tarapyny ildirgiç görnüşli taslapdyrlar. Daşyndan, töwerekleýin geçýän tagtadan bolsa, içi deşiklije orundan edilipdir. Soň-soňlar aralykdaky tagtajyklary çüý bilen berkitmek arkaly galyp ýasamak giňden ýaýrapdyr. Şeýle galyplar doly taýýar bolansoň, tagtasy çişip, ýerbe-ýer bolar ýaly, suwa atyp goýup

Zähmetsöýerlik - bagtyň gözbaşy

Zähmet adamyň öz-özüni ykrar etmegidir, ýaşaýşa bolan söýgüsiniň gözbaşydyr. Halal we päk zähmet baýlygyň çeşmesidir, bagta ýetmegiň iň ygtybarly ýoludyr. Hut şonuň üçin-de çagalarda zähmetsöýerligi terbiýelemek maşgalanyň we okuw-terbiýeçilik edaralarynyň esasy wezipesidir, jemgyýetçiligiň öňündäki borjudyr. Zähmetsöýerligi terbiýelemegiň usullary we ýollary saýlanylanda kämil şahsyýetiň göreldesini, nusgalyk zähmet ýoluny öwrenmek hem-de wagyz etmek maksadalaýyk we netijeli bolar. Çünki perzent ýalan-ýaşryk öwüde däl-de, göreldä mätäçdir. Şonuň üçin-de terbiýäniň ýagşysy-da göreldedir. Diňe göreldeli maşgalada kemally perzent, görnükli şahsyýet ýetişýär. Hormatly Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly aganyň zähmet ýoly bilen tanşanymyzda zähmetsöýerligiň, ynsanperwerligiň belent nusgasyny görkezen bu beýik ynsanyň durmuş ýolunyň ýaş türkmenistanlylar üçin hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, pederlerimiziň wesýetlerine wepalylygyň, maksadaokgunlylygyň, halallygyň, jogapkärçiligiň kämil nusgalyk ýoludygyna göz ýetirýäris. Mälikguly Berdimuhamedowyň uzak ýyllaryň dowamynda birkemsiz çeken tutanýerli zähmeti, ýaşlary zähmetsöýerlik, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek ugrunda bitiren aýratyn uly hyzmatlary, belent adamkärçiligi bilen halkymyza görelde bolup, ýurdumyzda uly abraýa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly aganyň gulluk e

Garry gaýa gaçar, ýigit — düze

Atam möwritinde bir ýolbars güýç--gurbatdan galyşyna awunam alybilmän, güneşläp ýatan ekeni. Şol mahalam onuň ýanyna bir dyzmanak möjek geläýmezmi? Olar hal-hözir soraşanlar. — Ýör, ýolbars aga, seni bir hezil etdireýin. «Hoş» diýip, yzyma düşseň bolany.

Halallygyň ölçeg birligi

Iller-günler ak diýseler, aksyň sen,Iller-günler gök diýseler, göksüň sen,Iller-günler bir zat diýýän bolsalar —Takmynan, takmynan, şonçaraksyň sen. Türkmeniň Mylly agasy hakynda pikir edenimde, hemişe galamdaşymyň şu setirleri ýadyma düşýär. Bu garagöz ymmatda gadymlardan bäri üýtgewsiz bir ýörelge bar: il-günüň kesen nyrhynyň kösti bolmaýar. Takmynan, takmynan, şonçarak çykýar.

Ýag depbesi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde saklanýan esbaplaryň biri-de depbedir. Depbe geçmişde türkmen hojalyklarynda giňden ulanylan gaplaryň biri bolup, onda ýag saklanylansoň, oňa «ýag depbesi» hem diýlipdir. Ol küýze görnüşinde, ululy-kiçili, iki gulply bolýar. Agzy hem dyky bilen ýapylýar. Ata-babalarymyz çyryş ösümliginden peýdalanyp, öz durmuş hajatlary üçin zerur bolan ýag depbesini taýýarlapdyrlar. Çyrşyň köki alnyp, ownuk dogralyp, az mukdarda suw guýlup, ol tä ýelim görnüşine gelýänçä gaýnadylypdyr. Soňra matadan torba tikilip, onuň içine saman ýa-da yzgarly gum doldurylypdyr. Içi doldurylan torbanyň daşyna taýýar çyryş çalynýar. Ol gurandan soň bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar we Gün düşmeýän ýerde guradylýar. Ýelim gowy gurandan soňra, onuň içindäki samandyr gum doldurylan torba aýrylyp, depbäniň has-da berk bolmagy üçin gyzgyn, gaýnap duran ýaga batyrylýar. Türkmen halkynyň çarwadarçylyk bilen meşgullanýanlary süýt-gatyk önümlerini ýaýyp, saryýag alypdyrlar. Ony bolsa depbede saklapdyrlar. Onda saklanan saryýag zaýalanmandyr. Depbede ýedi ýyl saklanan saryýagyň dermanlyk häsiýeti has-da güýçlenip, kesel bejermekde peýdalanylypdyr. Ýag depbesiniň dermanlyk ösümliklerden taýýarlanýandygy üçin onda saklanýan önüm hem dermanlyk häsiýete eýe bolýar. Çyrşyň dermanlyk häsiýeti, ondan dürli keseller üçin melhem taýýarlanylyşy barada hormatly Prezidentimiziň «Türkmeni

Zenan zehininden döreýän gözellik

Göreniňde gözleriňi dokundyrýan gözellikleriň ençemesi ynsanyň zähmeti bilen kemala gelýär. Zenanlar hem gözellikleri döredijiler bolup, gözleriniň gören, göwünleriniň söýen ajaýyplyklaryny el işlerine, keşdedir gaýmalara geçirip, olaryň keşbini baky ýaşadýarlar. Halkymyzyň pähim-paýhasyndan, eli çeper ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň zehin-yhlasyndan kemala gelen nepis halylardyr gülli keçeler, sünnälenip nagyşlanan milli lybaslar, inçelik bilen edilen el işleri hiç haçan bahasyny ýitirmejek milli gymmatlyklarymyzdyr. Gelin-gyzlarymyzyň uz barmaklaryndan döreýän el işleriniň ählisi-de nepis sungat hasaplanylýar. Köz ýaly ýanyp duran keteni köýnegi, dürli nagyşlara beslenen çyrpydyr kürtesi, çabytdyr begresi owadanlygy bilen görenleri haýran edýär. Päk zähmetden kemala gelýän keşdelerde tebigatyň gözelligine gözellik goşýan müň dürli gülleriň keşbini görmek bolýar.

Kitap — Ruhy hazyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň neşir edilmegi ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňýanynda halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilen ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynda eýeleýän orny has-da pugtalandy. Bu bolsa döwlet ähmiýetli çözgütleriň milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan halkymyzyň köpasyrlyk däplerinden ugur almak bilen kabul edilýändigine şaýatlyk edýär. Halkymyzyň täze taryhy eýýamynda ruhy taýdan has-da belende göterilmegi üçin ygtybarly binýat bolup durýan medeni mirasymyzy çuňňur öwrenmegiň, gorap saklamagyň hem-de giňden wagyz etmegiň zerurdygy baradaky oý-pikirler bu kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Milli Liderimiziň ajaýyp edebi — filosofiki eseriniň neşir edilmegi umumadamzat medeni hazynanyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmegine hyzmat eder. Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda emele gelen parasatly pähimleriniň dürdänelerini özünde jemleýän eseriň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda halkymyza gowuşmagy häzirki we geljekki nesilleriň ýörelgeleriniň hem-de ahlak sütünleriniň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Many-mazmuny babatynda bahasyna ýetip bolmajak «Türkmeniň döwletlilik ý

Gadymy Amul

Amyderýanyň orta akymy taryhy ýadygärliklere örän baý ýer hasaplanylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, welaýatymyzyň çäginde orta asyrlar zamanynda gülläp ösen şäherleriň onlarçasy bolupdyr. Olaryň käbiri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Şol ýadygärlikleriň biri-de gadymy Amul galasydyr. Kuşanlylaryň agalyk eden döwründe Amyderýanyň orta akymynda ýerleşen bu şäheriň ady ýazuw çeşmelerinde soňrak agzalyp başlansa-da, ol alymlaryň aýtmaklaryna görä, Beýik Ýüpek ýolunyň hereket edip başlan döwründen has ir, ýagny biziň eýýamymyzdan öňki II asyrda döräpdir. Alymlar Amul şäherinde tapylan arheologiki tapyndylary öwrenip, şäheriň ýaşyny takmynan, 2100 — 2200 ýyl töweregi diýip çak edýärler. Bu şäher Amyderýanyň çep kenarynda, derýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýär. Amul orta asyrlarda 200 gektara golaý meýdany eýeläpdir. Amulyň golaýynda örän amatly derýa geçelgesi bolupdyr. Mundan iki müň ýyl ozal hem syýahatçylar, ötegçiler, söwdagärleriň ýükli kerwenleri Hytaýdan Horezme, Hindistana, Aziýanyň beýleki ülkelerine, Gündogar Ýewropa ýurtlaryna gatnap, Amyderýanyň üsti bilen suw we gury ýer arkaly söwda edipdirler. Şol sebäpli Amul Beýik Ýüpek ýolunyň gury ýer hem-de suw gatnawynyň çatrygyndaky iri merkeze öwrülipdir. Taryhçy Makdisiniň ýazgylarynda bellenilişi ýaly, X asyrda Amul şäheri zygyr,

«Näm-aýt, Seýdi tagmaň barmy?!»

Osman ÖDÄÝEW Oglan mahalymyz agşam naharyna üýşülende ýa-da şamlyk iýmäge oturylanda, atam pahyryň:

Milli terbiýe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwletimiziň pugta binýadyny gurmak, ýurdumyzy ösdürmek we dünýä tanatmak her bir şahsyýetiň zähmetine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda her bir adamda, esasanam, ýaşlarda ýokary ahlak sypatlaryny kemala getirmek barada yzygiderli aladalar edilýär. Pederlerimiziň pähim-paýhasa ýugrulan dana sözlerinde ösüp gelýän çaganyň ykbalyny kesgitleýji pikirler bar. Şol nukdaýnazardan, çagalykdan dogry ýola ugrugmagy olaryň durmuşynda möhüm ädim bolup durýar. Çagalara wagtdan ýerlikli peýdalanmagy öwretmek, bilimini, zehinini yzygiderli taplamak baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek bu ugurda uly ähmiýete eýedir. Munda taryhy we durmuşy wakalaryň, rowaýatlaryň täsiri uludyr. Gündogar halklarynyň arasynda Lukman Hekim ady bilen tanalýan belli akyldar, lukman, alym, filosof Ibn Sina çagalyk döwründen başlap, ylmy kitaplary okap, olaryň köpüsini ýatdan öwrenipdir. Ol ýetginjek wagty bir hökümdary keselden bejerip, onuň kitaphanasynda az wagtlyk okamaga rugsat alýar. Şonda ol gysga wagtda kitaplaryň köpüsini ýatdan öwrenip, töweregindäkileri haýran galdyrýar. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň aladasy bilen ýaş nesilleriň kämil, edep-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, bilimli-ylymly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesliň kämil adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalary netij

Sünnäli senediň senetkäri

— Men Çary agany indi on ýyla golaý wagt bäri tanaýan. Welaýatymyzda islendik adamdan saz guralyny ýasaýan ussany sorasaň, olaryň ählisi biragyzdan Çary agany salgy berer. Adamlaryň onuň ýasaýan saz gurallaryna bolan islegi ýokary. Ýiti zehin, yhlas siňdirilip ýasalýan saz gurallary welaýatymyzyň çäginde, şeýle-de ýurt derejesinde bellenilýän toýdur baýramlary şirin mukamlar bilen bezeýär — diýip, Lebap welaýatynyň «Türkmen gündogary» gazetiniň fotosuratçysy Merdan Orazow gürrüň berdi. Merdan aga mamla. Milli saz gurallarymyzy ýasamakdan döwlet tapanlaryň biri, Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň Seýdi şäheriniň Çagalar sungat mekdebiniň saz gurallaryny bejeriji ussasy bolup zähmet çekýän Çary Gutlyýew indi ýedinji onlugy tegeläp, sekizinjä gadam basypdyr. Ussa ýigrimi bäş ýaşyndan bäri saz gurallaryny ýasamak bilen meşgullanýar. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, kakasy Gutly aganyň asylly kärini dowam etdirýän on dört doganyň körpesi bolan Çary agada saz gurallaryny ýasamak höwesi çagalykdan döräpdir. Onuň bu ugurda kämilleşmeginde doganlarynyň hyzmaty örän uly bolupdyr. Ol Saýat etrabynyň 1-nji orta mekdebinde okaýan uçurlary boş wagtlary eline tut agajynyň bölegini alyp, ony ýonup hem özboluşly bir şekil ýasap, ejesi Rozygül gelnejä görkezip begenerdi. Ene oglunyň bu höwesi hakda ýanýoldaşyna gürrüň berýär. Şeýde-şeýde, uly doganlarynyň kömegi bilen saz gurallaryny

Baýzy ýüňden basylan keçe

Ylmy barlaga çekilen etnografik gymmatlyklaryň arasynda baýzy ýüň keçe baradaky maglumatlar aýratyn gyzyklanma döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu keçäni taýýarlamak üçin baýzy ýüň 5 — 7 aýlyk tokludan gyrkylyp alynýar. Goýnuň ýüňi bilen deňeşdirilende gysga bolýandygy sebäpli, ol gyrkylanda, bitewi bir düýrüm ýüňi emele getirmeýär. Şoňa görä-de, baýzy ýüň silkme telpegiň buýralary ýaly seçelenip, saýlanyp durýar. Bu ýüň beýleki ýüňlere görä has ýumşak we ýüpeksow bolýar. Baýzy ýüňde malyň derisinden bölünip çykyp, ýüňe siňýän ýagyň mukdarynyň az bolmagy onuň ýüňüniň seçelenip, owadan öwüşgin bermegine şert döredýär. Ýokary hilli baýzy ýüňi almak üçin ýylyň başynda doglan toklulary tomsuň ahyrlarynda, ýagny 20-nji awgustdan soň gyrkýarlar.