"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Türkmenistan — bagy-bossan

Eziz Watanymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, täze ýaşyl zolaklary döretmek boýunça durmuşa geçirilýän wezipeler, ilki bilen, geljekki nesilleriň bähbidini nazarlaýar. Şahsyýetiň sazlaşykly ösmeginde adamyň ruhy, ahlak dünýäsi, belent oý-pikirleri esasy orun eýeleýär. Ýaşlarda Watana bolan çäksiz söýgi duýgusyny, ony has-da kuwwatly döwlete öwürmek höwesini kemala getirmekde daşky gurşawa, tebigata bolan garaýşymyz, söýgimiz uly ähmiýete eýedir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylyň baharynda geçiriljek ählihalk bag ekmek dabarasy hem ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak, bag ekmek, gurmak, döretmek ýörelgeleriniň dowamat-dowamdygyna şaýatlyk edýän çäreleriň biridir. Hormatly Prezidentimiziň 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda şu ýylyň 18-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek, degişli düzümlere bu çäräni ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle-de «Türkmenistanda 2023-nji ýylda bag ekmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 24-nji fewralynda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek maksadyndan ugur alýar. Ýurdumyzyň göz

Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu ýylyň 24-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 2023-nji ýylda bag ekmek hakyndaky Karara gol çekdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak, «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen taýýarlanylan resminama laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzda saýaly, pürli, miweli baglaryň, üzümiň ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň häkimligi we beýleki edaralar tarapyndan 1,5 million, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan hem 1,5 million düýp nahaly ekiler. Munuň özi Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyzyň golaýyndaky dag eteklerinde müňlerçe gektara uzaýan tokaý zolaklarynyň geriminiň has-da giňelmegine mümkinçilik berer. Şeýlelikde, häzirki wagtda giň gerimli Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möh

Nesilleriň öňündäki borjumyz

Daşky gurşawy arassa saklamak hem-de ilatyň saglygyny goramak berkarar döwletimizde alnyp barylýan syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bütin adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa, daşky gurşawy arassa saklamak, ilatyň saglygyny goramak babatynda Garaşsyz Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigini, ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigini aňladýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän döwlet Baştutanymyzyň görkezmeleri esasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny aýap saklamak, onuň biodürlüligini baýlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda kabul edilen «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär. Ol ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyklaryň, kärhanalaryň, şeýle-de beýleki önümçilik düzümleriniň daşky gurşawa zyýanly täsiriniň öňüni almaga, biodürlüligi gorap saklamaga, tebigy baýlyklary netijeli peýdalanmaga gönükdirilendir.

Ekologiýa — ýaşaýşyň özeni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda her

Tebigat

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY — ÝAŞAÝŞYŇ KEPILI Hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri hem ekologiýa howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek bolup durýar. Bu babatda alnanda, şäher we oba ýerlerinde tokaý zolaklaryny döretmek işlerine ajaýyp döwletimizde aýratyn uly ähmiýet berilýär» diýip belleýär. Häzirki wagtda tokaý zolaklaryny döretmek boýunça diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde hem giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ekologiýanyň arassalygy adamlaryň bagtyýar durmuşynyň, asuda, abadan geljeginiň kepilidir.

Derýa täsinlikleri

Iň syrly derýalaryň biri Kolumbiýa döwletiniň çäginde ýerleşýän Kano Kristales derýasydyr, uzynlygy 100 km, ini 20 metr. Onuň suwy 5 ýaşyl, mawy, sary, gyzyl hem-de gara reňklidir. Bu derýanyň suwunyň şeýle görnüşde bolmagy — şöhleleriň serpikmesi, derýadaky suwotularynyň hem-de derýa çägeleriniň täsiri bilen düşündirilýär. Şeýle hem ol dünýäde iň owadan derýa hasaplanýar. Grenlandiýa adasyndaky suwly çeşme — derýajygynyň suwunyň mawy reňkli bolmagy syrlygyna galýar.

Möhüm mesele

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen ýokary we orta mekdeplerde ekologiýa dersiniň girizilmegi bilen daşky gurşawy goramak boýunça uly öňegidişlikler gazanyldy. Biz mekdebimizde okuwçylara daşky gurşawy goramak barada hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde her bir adamyň ornunyň uludygyny düşündirýäris. Mekdebimizde «Biosfera» gurnagy hereket edýär. Onda okuwçylar ekologiýa meseleleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrýarlar, mekdepde ekologiýa meselelerine bagyşlanyp geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýarlar. Biziň mekdebimiziň daş-töweregi gür baglyga bürenip dur. Bu biziň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge goşýan goşandymyz. Biz — mugallymlar okuwçylaryň ünsüni daragtlaryň peýdaly taraplaryna çekýäris. Şeýlelik bilen olarda daş-töwerege aýawly göz bilen seretmegi terbiýeleýäris. Sapaklar bilen utgaşdyrylyp geçirilýän şeýle çäreler oňyn miwelerini hem berýär.

Wodorod energetikasy — geljegiň ýangyjy

Ýurdumyzda «ýaşyl» ösüş strategiýasy öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara daýanýan durnukly ykdysady we durmuş ösüşiniň gurallarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini özleşdirmek, ýurdumyzda gurulýan senagat desgalarynda häzirki zaman, ekologik taýdan arassa we tygşytly «ýaşyl» tehnologiýalary ulanmak babatda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ulanmak giňden goldanylýar, 2022-2023-nji ýyllar üçin wodorod energetikasy ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň Ýol kartasy tassyklanylyp, ýokary öndürijilikli eksporta gönükdirilen wodorod energetikasy pudagy döredilýär. Wodorod önümçiligi dünýäniň ösen ýurtlarynda «geljegiň ýangyjy» strategiýasy hökmünde işlenip taýýarlanylýar.

Ekişe badalga berildi

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýakynda geçirilen ylmy-tehniki maslahat sazak tohumynyň ekilişiniň agrotehniki kadalaryna bagyşlandy. Ekiş ir baharda fewral-mart aýlarynda we güýzde noýabr-dekabr aýlarynda geçirilýär. Ekişe taýýarlanylan ýerlerde joýa çekilip, tohumlar joýanyň içine 1-2 santimetr çuňlukda ekilýär. Ekilen tohumlar 1,5-2 aýyň dowamynda gögerýär. Gögeren nahallara suw, organiki we mineral dökünler berlip, ideg işinde agrotehnikanyň talaplary berjaý edilýär. Ösdürilip ýetişdirilen 3 ýyllyk nahallar meýdanlara çykarylyp oturdylýar. Goraghana işgärleri ekilen nahallary gözegçilikde saklap, ýangyndan, mal bakylyp zaýalanmagyndan goraýarlar, olaryň endigan ösüp ulalmagy ugrunda alada edýärler.

Bereketli türkmen topragy – ekologiýa abadançylygynyň nusgasy

Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar. Topragyň, suwuň, ekiniň ýagdaýyna anyk baha berip bilipdirler. Tebigat bilen galtaşýan gatnaşyklaryň ählisinden dogry many çykarmagy öwrenipdirler. Tebigatyň diňe bir howany tämizlemän, eýsem, ruhuňy hem täzeleýändigine, bedeniňe sagdynlyk berýändigine, hatda tebigatyň ynsanyň käbir häsiýetleriniň kemala gelmegine hem täsirini ýetirýändigine ünsi çekipdirler. Adamzadyň bütin ýaşaýşyna we durmuşynyň gözelligine zeper ýetirmezlik üçin tebigaty söýmek, oňa aýawly garamak möhüm bolup durýar. Bu gün tebigat dünýäniň halklarynyň özi babatynda bir deň gopmagyny, özara düşünişmeklerini talap edýär. Ekologiýa sazlaşygyny saklamaga Türkmenistan mydama dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekip gelýär, döwletimiziň bu ugurdaky oňyn başlangyçlarydyr teklipleri giň goldawa eýe bolýar. Türkmenistan ekologiýa arassalygy we daşky gurşawy goramak babatynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen konwensiýalara, maksatnamalara hem-de taslamalara işjeň g

Daşky gurşawyň goragynda

Döwletimiziň ählumumy ekologik meseleleriň çözgüdine bolan garaýyşlarydyr çemeleşmeleri dünýä derejeli forumlarda yzygiderli beýan edilýär. Bu babatda anyk teklipler, başlangyçlar öňe sürülýär. Olar örän uly ähmiýete eýedir. Adamyň durmuşy we hojalyk işleri dürli galyndylaryň köp mukdarynyň emele gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Dünýä boýunça soňky 10 ýylyň dowamynda önümleriň sarp edilmeginiň güýçli depginde artmagy gaty galyndylaryň möçberiniň köpelmegine getirdi. Häzirki döwürde bu akymyň biosfera düşýän agramy has artyp, ol her ýylda ortaça 400 million tonna çenli ýetdi.

Sazlaşykly hereketiň höziri

Awtomobiliň oýlanyp tapylmagy adamzadyň durmuş şertlerini ýeňilleşdirip, döwrüň hem ösüşiň tizligini çaltlandyrdy. Tehniki öňegidişligiň daş ýollary ýakynlaşdyrýan miwesiniň ummasyz peýdasy bilen bir hatarda, tebigata we ynsan saglygyna täsirini ýetirýän galyndylary bölüp çykarmak görnüşindäki oňaýsyz tarapy hem bar. Şeýle ýaramaz şertleriň täsirini peseltmek maksady bilen, okyjylarymyza awtoulagy ýerlikli peýdalanmak boýunça maslahatlarymyzy hödürleýäris. Jemgyýetçilik ulagynda

Tebigat bilen sazlaşyk döwletimiziň ekologiýa syýasatynyň möhüm ugrudyr

Türkmen halky hemişe tebigat bilen sazlaşykda ýaşapdyr. Mele topragyny eziz enä deňän halkymyz onuň ynjamazlygyny gazanypdyr. Topraga aýawly çemeleşip, zaýalanmazlygy üçin, ekinleri gezekleşdirip ekip, şorlaşmagynyň öňüni alypdyr. Şeýlelikde, olar ýetişdirilen bol hasylyň ― gök we bakja önümleriniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadygyna düşünipdirler. Şeýle milli ýörelgelere eýerilýän ýurdumyzda ekologiýa meselesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Onuň wajyplygy ekologiýanyň köpdürli meseleleri özünde jemleýändigi, ykdysadyýetiň ähli ulgamlary bilen sazlaşyklydygy we häzirki döwürde global häsiýete eýe bolandygy bilen baglydyr. Her bir ulgamyň özboluşly, aýratyn kanunlara laýyklykda özgerýän, tebigat bilen jemgyýetiň gatnaşyklaryna gabat gelýän baý tejribesi bolýar. Pederlerimizden miras galan ynsanperwerlik ýörelgelerine laýyklykda ýurdumyzda tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, daşky gurşawy goramak, ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek ýaly asylly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, ösdürmek we kämilleşdirmek, tebigata we onuň gymmatly baýlyklaryna aýawly garaýşy terbiýelemek bilim-terbiýeçilik edaralarynyň esasy maksatnamalarynda öz ornuny tapýar.

Ekologiýa we ýaşlar

«7/24. tm», № 06 (141), 06.02.2023 Daş-tö­we­re­gi­mi­zi gur­şap al­ýan äh­li bar­ly­ga te­bi­gat di­ýil­ýär. Oňa aýaw­ly ga­ra­mak, go­rap sak­la­mak umu­ma­dam­zat jem­gy­ýe­ti­niň baş me­se­le­si bo­lup dur­ýar.

Bag ekmek— sogap

Şu günler Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň zähmetkeşleri edara-kärhanalaryň we mekdepleriň, obalaryň töwereklerinde, uly ýol ugurlarynda agaç nahallaryny oturtmak, timarlamak bilen bir hatarda arassaçylyk we abadanlaşdyryş işlerini güýçli depginlerde alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi netijesinde, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde pürli, miweli we saýaly agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdylyp, ösdürilip ýetişdirilýär. Bu asylly ýörelge indi durmuşymyza giňden ornaşdy. Çünki bag tebigatyň gözelligini artdyrmak bilen sagdyn durmuş ýörelgeleriniň esasylarynyň biri bolup, ynsan saglygy üçin gymmatly baýlykdyr.

Maksatlaýyn işlere giň gerim berilýär

Ýurdumyzda tebigaty goramak, baýlaşdyrmak Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan sebitde we dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatda möhüm başlangyçlaryň başyny başlaýjy we durmuşa geçiriji hökmünde çykyş edýär. Tebigata aýawly çemeleşmek meselesi ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary bilen hem berkidilýär. Ýakynda goraghanamyzda geçirilen ylmy-tehniki maslahatda geçen ýylda ýerine ýetirilen ylmy we gorag işleri baradaky maglumatlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Toplanan maglumatlar ýyl ýazgysy kitabyny taýýarlamak üçin esas bolup durýar. Goraghanamyzyň ylmy işgärleri gadymy Köýtendagyň ekologik ulgamyny dikeltmek we gorap saklamak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramaklygyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak işlerini alyp barýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda goraghana zolaklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça möhüm işlere giň gerim berilýär. Biziň goraghanamyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi eziz Diýarymyzyň gaýtalanmajak tebigy baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Täze başlanan ýylda hem maksatlaýyn işlere guramaçylykly girişdik.

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň kepili

Ata Watanymyzda daşky gurşawy goramakda, tebigy serişdeleri aýawly saklamakda we peýdalanmakda asylly ýörelgelere eýerilýär, dünýä we milli tejribelere daýanylýar. Irki döwürlerden bäri bag ekmek we arassa daşky gurşawy emele getirmek halkymyzyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolup gelýär. Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda her ýylda ählihalk bag ekmek dabaralarynyň çäklerinde millionlarça bag nahallarynyň ekilmegi ýurdumyzyň ösümlik dünýäsiniň has-da baýlaşmagyna, daşky gurşawyň arassa bolmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Häzirki döwürde ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek, Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça döwletimiz tarapyndan maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar» diýip nygtap geçmegi bu meseläniň birjik-de ünsden düşürilmeýändigini görkezýär. Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan berkarar ýurdumyzda tebigaty goramak we ekologiýa howpsuzlygy boýunça kanunçylyk-hukuk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan hojalyk we beýleki iş amala aşyrylan mahalynda ekologiýa howpsuzlygy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenist

Di­ýa­ryň ho­wa gur­şa­wy

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Tutuş adamzadyň üns merkezinde duran ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri babatda Türkmenistanyň ýöredýän syýasaty, Arkadagly Serdarymyzyň öňe sürýän başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzyň bu babatdaky özboluşly syýasatynyň oňyn häsiýete eýedigi hem-de ählumumy bähbitlere laýyk gelýändigi bilen şertlendirilendir. Daşky gurşawy goramagyň we howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde örän wajyplygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen baglydyr. Bu günki gün adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Adam bilen biosferanyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak häzirki döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatda dünýä möçberde ýagdaýlara düýpli täsirini ýetirýän howanyň üýtgemek meselesi öňe çykýar. Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň dünýä ykdysadyýetine we adamzadyň geljegine edýän täsirini soňky ýyllarda geçirilen barlaglar aýdyň görkezýär.

Ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiz taryhy ölçegler boýunça uzak bolmadyk döwürde täzelenişiň hoşniýetli alamatlaryny jemleýän ösüş-özgerişlere beslendi. Durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, raýat jemgyýetiniň orny hem-de jemgyýetçilik-syýasy işjeňligi has-da ýokarlandy. Her bir adamyň aýratynlykda we tutuş jemgyýetiň bitewülikde bähbitlerini kepillendirýän kanunlaryň döwrebaplaşdyrylmagy, parahatçylyk arkaly ösüşiň täze belentliklerine badalga berilmegi bilen, ýaş döwletimiz umumadamzat ösüşiniň ummanyna goşuldy. Milli demokratiýany kämilleşdirmek we giňeltmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul edilmegi bilen, eziz Diýarymyzyň at-abraýy, şan-şöhraty dünýä derejesinde belende göterildi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli merjen paýtagtymyzda geçirilen Döwlet Maslahaty möhüm taryhy waka hökmünde eziz Diýarymyzyň ýyl ýazgysynda täze sahypany açdy. Ýokary guramaçylyk we ruhubelentlik derejesinde geçen bu şanly waka ata Watanymyzyň hukuk, demokratik, dünýewi esaslarynyň mizemezliginiň, türkmen halkynyň jebisliginiň aňlatmasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Döwlet Maslahatyndaky taryhy çykyşynda obasenagat toplumyny ösdürmekde we azyk bolçulygyny üpjün etmekde guwandyryjy netijeleriň gazanylandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda: «Daşky gurşawy arassa saklamak,

Ekologiýa abadançylygy döwrüň derwaýys meselesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda her