"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Işler utgaşykly barýar

Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri gowaça hasylyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini depginli alyp barýarlar. Geljek ýylyň hasyly üçin ýerleri ýaz ekişi möwsümine taýýarlamakda uly ähmiýete eýe bolan häzirki sürüm işlerinde tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Her bir mehanizator özüne berkidilen tehnikalarda sürümi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirmekde tutanýerli zähmet çekýär. Etrapda topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işlerine hem möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky işler degişli hünärmenleriň üns merkezinde saklanýar. Häzirki meýdan işleriniň utgaşykly ýola goýulmagy geljek ýylyň ýaz ekişine taýýarlykly barmaga şert döredýär.

Möwsümiň öňdebaryjylary sylaglandy

Kaka etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komiteti tarapyndan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşynda öňdebaryjy zähmetkeşleriň arasynda höweslendiriş işleri yzygiderli guralýar. Güýzlük ýeralmanyň hasylynyň ýygnalýan döwründe hem şeýle asylly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine etrabyň “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň ekerançylyk meýdanynda guralan iş üstündäki duşuşyk hem şaýatlyk edýär. Ady agzalan daýhan hojalygy boýunça üstümizdäki ýylda 150 gektarda ýazlyk ýeralma ýetişdirip, şol ýerden 2 müň 100 tonna almanyň ýerine 2 müň 500 tonnasy alyndy. Güýzlük ýeralmanyň ýetişdirilen 100 gektar meýdanyň hasyly has-da bitginli boldy. Hojalygyň zähmetkeşleri şol ýeriň her gektaryndan 25 tonna çenli hasyl ýygnamagy başardylar. Şoňa görä-de, ýeralma ýetişdirilen meýdanyň soňky gektarlarynyň hasylynyň ýygnalýan çagynda iş üstünde bolan duşuşykda hojalygyň ýolbaşçysyna we agronom-hünärmenine Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň hormat haty gowşuryldy.

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

Armalary ýetirildi Golaýda TDP-niň we TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň işgärleri bilelikde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda boldular. Täze hasylyň aladasy babatynda alnyp barylýan işler bilen gyzyklanyp, mehanizatorlar bilen özara söhbetdeşlik geçirdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň daýhanlara zähmet çekmek üçin döredip berýän mümkinçilikleri, satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalary dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuwladylar.

Taýýarlykly garşylandy

Gyş pasly öz hökümini ýöredip başlady. Maldar üçin synag döwri bolan bu pasla Lebap welaýatynyň maldarlary-da ykjam taýýarlyk gördüler. Güýzde mallar üçin 8169 tonna dürli görnüşli ot taýýarlanyp, bu baradaky meýilnama 101 göterim berjaý edildi. Güýz gyrkymynda 103,8 tonna ýüň almagy başaran maldarlar dessine kaşarlary abatlamagyň ugruna çykdylar. Netijede, uzak örüdäki 317 kaşar doly abatlanyp, çopanlara berkidildi. Şonuň ýaly, mallary wagtlaýyn saklamak üçin gurnalan agyllaryň-da ählisi doly abatlanyldy. Mahlasy, welaýatyň öri meýdanlarynda hiç bir desga ünsden düşürilmedi. Hatda bar bolan 551 guýynyň ählisiniň gyşda ýyly suw berip durmagy üçin ätiýaçlyk serişdeler bilen üpjün edildi. — Welaýatymyz boýunça şu ýyl iri şahly mallaryň 1158-sini, dowarlaryň hem 69 müň 127-sini gyşlatmaga girişdik. Düýeleriň baş sany 2396-a ýetdi. Köşekleriň-de sany az däl. Olaryň-da gyşladyljak ýerlerinde ot gorlaryny döretdik. Esasan-da, iri çöpli, ýandaga baý ýerleri düýelere gyş örüsi üçin saýlap goýduk. Öňki ýyllaryň gyşynda ýüze çykan käbir kynçylykly ýagdaýlar indi gaýtalanmaz ýaly, çopan-çoluklaryň we sarwanlaryň ünsüni halypa çopanlaryň iş tejribelerini öwrenmäge gönükdirdik — diýip, Lebap welaýat Maldarçylyk we guşçulyk önümçilik birleşiginiň baş hünärmeni Ruslan Jumakulyýew biziň bilen gürrüňdeş bolanda aýtdy. Şundan soň bizde hem şeýle tejribeli, halypa çopanlaryň biri bi

Toprakdan bagt tapan

Gurban ýaşlygyndan ekerançylyk, bag, bakja ekinlerini ýetişdirmek ýaly sogaply işlere höweslidi. Atasy Baba aganyň ýer agdaryp, tohum sepip ýetişdirýän ekinleriniň gün-günden boý alyp, gülläp, soňra miwe getirişleri onuň çagalyk dünýäsini haýrana goýýardy. Onuň soraglary geljekde öz ykbalyny ekerançylyk bilen başlajakdygyndan bir nyşandy. Şeýdip, ol atasyndan dürli ekinleri ýetişdirmegiň inçe syrlaryny öwrendi. Häzir Akdepe etrabynyň Gorkut geňeşliginde ýaşaýan, 96 ýaşy arka atan Gurban Babaýew özüniň geçen daýhançylyk ýoly barada şeýle gürrüň berýär: — Meniň daýhançylyk kärini saýlap almagyma atam sebäp bolupdy. Men orta mekdebiň ýokary synpynda okap ýörkämem, mekdebi tamamlanymdan soňam ekinlere suw tutuşmaga, topragy mineral, ýerli dökünler bilen gurplandyrmaga, ekinleri haşal otlardan arassalamaga, ýetişen hasyly ýygnamaga kömek bererdim. Men başga durmuşy göz öňüne getiribem bilemokdym. Ata-babalarymyz «Ýykylsaň ýere ýapyş» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Türkmen topragy sahawatly, keremli toprak. Idegini ýetirip bilseň, ol bugdaýyň-da, pagtanyň-da, bag-bakja ekinleriniň-de bol hasylyny eçilýär. Men muňa öz durmuşymda aýdyň göz ýetirdim. Bir söz bilen aýdanymda, topraga hyzmat edip, rysgally, döwletli boldum.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Zähmet joşýar pellerde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyz oba hojalyk pudagy boýunça uly ösüşleri gazanýar. Bu pudakda zähmet çekýän her bir oba hojalyk işgärine zähmet çekmäge, toprakdan bol hasyl almaga giň mümkinçilikler döredilýär. Olar döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, öndürijilikli işläp, Watanymyzyň ykdysadyýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.

Limon ýetişdirilýär

Wekilbazar etrabynyň Ak goňur geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Ýagtylyk obasyndan daýhan zenan Dürnabat Akyýewa limon hasylyny ýetişdirmegiň ussady hökmünde tanalýar. Ol öz mellek ýerinde ýyladyşhanalarda 400-den gowrak limon daragtyny ekip, indi ençe ýyllardan bäri limon miweleriniň boldumly hasylyny ýetişdirýär. Asly daýhan neslinden bolan bu janypkeş zenan geçen ýyllaryň dowamynda daýhançylykda baý tejribe toplady. Yhlasy, tutanýerliligi bilen limon ösdürip ýetişdirmegiň inçe syrlaryny ele aldy. Dürnabat ýeňňe limon agaçlarynyň her birine yhlas edip seredýär. Yhlasly zähmet bolsa öz oňyn netijesini berýär. Ol limon agaçlarynyň her düýbünden 350-den 500-e çenli limon miwesini almagyň hötdesinden gelýär. Ynsan saglygy üçin gerekli witaminlere baý bu miwe ýurdumyzyň bazarlarynda ilata hödürlenilýär.

Meýdan işleri ýaýbaňlanýar

Oba hojalygynda möhüm döwür hasaplanýan täze hasylyň düýbüni tutmak işleri Tejen etrabynyň hojalyklarynda hem ýokary depginde alnyp barylýar. Etrabyň daýhan birleşikleridir daýhan hojalyklarynyň hasyldan boşan gowaça meýdanlaryny arassalamak, sürüm, tekizleýiş işlerini geçirmek işlerinde tehnikalaryň uly topary bökdençsiz işledilýär. Häzirki günlerden meýdan işlerine girişmek bilen, etrap boýunça geljek ýylyň hasyly üçin 30 müň 100 gektar meýdanda sürüm işlerini geçirmek meýilleşdirilip, bu iş 8 müň gektardan gowrak meýdanda ýerine ýetirilipdir. Gowaça ekiljek meýdanlaryň saýlanyp alynmagy, ol ýerlerde güýz-gyş çäreleriniň agrotehniki görkezmelere laýyklykda geçirilmegi bilen baglylykda ýerleriň ýaz ekişine birkemsiz taýýar edilmeginde etrabyň hojalyklarynyň arasynda «Babadaýhan», «Tejen» daýhan birleşiklerini, «Gaýratly pälwan» daýhan hojalygyny görkezmek bolar. Işleriň öz wagtynda alnyp barylmagynda pagtaçy kärendeçileriň arasynda degişli hünärmenleriň gatnaşmaklarynda okuw maslahatlarynyň guralyp durulmagy işleriň ýokary guramaçylykly alnyp barylmagyny şertlendirýär.

Türkmen topragynyň sahawaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba ýerlerinde amala aşyrylýan özgertmeler esasynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumy hil taýdan täze derejelere göterilip, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy kabul edildi. Şu ýyl Diýarymyzda bugdaý ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen 690 müň gektar ýerden 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly öndürilip, welaýatlar boýunça bu ugurda bellenen şertnamalaýyn borçnamalar üstünlikli berjaý edildi. Häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara ýitgisiz daşalyp, tabşyrylan hasyl üçin bugdaý öndürijiler bilen hasaplaşyklar geçirildi. Şeýle hem 2025-nji ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, meýdanlary hem-de ýokary hilli bugdaý tohumlaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Bagbançylykdan kemal tapan

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmekde amala aşyrýan döwlet ähmiýetli işlerinden nusga alyp, ýurdumyzyň ak bazarlaryny ýylyň ähli paslynda azyk önümleri bilen üpjün etmekde yhlasly zähmetini gaýgyrmaýan, mellek ýerlerinden ýerlikli peýdalanyp, rysgal tapýan ekerançylarymyzdyr bagbanlarymyz il-günümiziň guwanjy. Şeýle ynsanlaryň biri-de, Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň Ak wekil geňeşliginiň ýaşaýjysy, tejribeli bagban Esenguly Kösäýew. Esenguly aga öz hojalygynda maşgalasy bilen miweli baglary ösdürip ýetişdirmekde, olara ideg edip, bol hasyl alyp, azyk bolçulygyna saldamly goşant goşmakda yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýär. 50 ýaşy tegelän bagban bilen alyp barýan işleri dogrusynda söhbetdeş bolanymyzda, ol bize şeýle gürrüň berdi:

Işeňňiri il tanar

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek ugrunda Lebap welaýatynda hem uly işler amala aşyrylýar. Welaýatda hereket edýän hususy kärhanalar öndürýän önümleri bilen diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary döwletlerde hem tanalýarlar. Şeýle hususy kärhanalaryň biri hem, Çärjew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Altyn bürgüt» hususy kärhanasydyr. Biz bu ýerde alnyp barylýan işler barada hususy kärhananyň ýyladyşhanalar toplumynyň iş dolandyryjysy Mahmut Myradow bilen söhbetdeş bolduk. — Mahmut aga, ilki bilen, ýyladyşhanalar toplumyňyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny artdyrmakda alyp barýan işleri barada gürrüň beräýseňiz?!

Ýertudana ýylboýy ösdürilýär

Ýertudana häzirki döwürde ýörgünli ösdürilip ýetişdirilýän miweleriň biridir. Şonuň ýaly-da, Azerbaýjanda hem ýertudananyň güýzki hasyly ýygyldy. Häzirki döwürde daýhanlar ýertudananyň ekilen topragynyň düzümini täzeleýärler. Ýertudananyň ekiljek topragyny ekerançylar öňünden taýýarlaýarlar. Ösümlik oturdylmazyndan iki hepde öň, topragy polietilen plýonka bilen örtýärler. Şeýle edilende, toprak dykyzlanyp, biraz çöküşýär. Eger, ýyladyşhananyň içindäki howa şertleri talaba laýyk saklansa, miweler fewral aýyna bişip ýetişýär.

Şalyçylaryň zähmet üstünligi

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda welaýatymyzyň şalyçylary 8 müň 100 gektar ýerde şaly ekişini geçirip, Watan harmanyna 35 müň tonnadan gowrak şaly hasylyny tabşyrdylar we döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Welaýatymyzda öndürilen şalynyň agramly bölegi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen S.A.Nyýazow adyndaky hem-de “27-nji oktýabr” daýhan birleşiginiň edermen şalyçy kärendeçileri tarapyndan ýetişdirildi. Şalynyň idegi ugrunda janypkeşlikli zähmet çekilmegi, ýere eýeçilik gözi bilen garalmagy, önümçilige öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagy edermen şalyçylarymyza ýerden ýokary hasyl almaga mümkinçilik berdi. S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Ýusup Hemraýew, Meretdurdy Amanow, Akmyrat Gurbanmyradow, Nepes Gökiýew,  “27-nji oktaýabr” daýhan birleşiginden Annageldi Orazgulyýew, Bagtygül Meredowa, Bahargül Kalymbetowa, Aşyrgeldi Otuzow ýaly tejribeli şalyçy kärendeçiler şalynyň bereketli hasylyny kemala getirmekde köplere görelde görkezmegi başardylar. Şu ýyl şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň çägindäki “Ykbal açary” hojalyk jemgyýetiniň işgärleriniň hem öz mynasyp goşantlaryny goşandygy bellärliklidir. Olar şaly hasylyny ilkinji gezek ýetişdirýändiklerine garamazdan, 500 gektar ýerden 2 müň tonnadan gowrak “sary altynyň”  hasylyny ýygnamagyň hötdesin

Halkara hyzmatdaşlykda tagallalar işjeňleşdirilýär

Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, 28-nji noýabrda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybarat boldy.

Bugdaý maýsalary iýmitlendirilýär

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete galla tabşyrmak barada bellenen meýilnamany artygy bilen berjaý eden Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri geljek ýylda hem bol hasyl ýetişdirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Birleşigiň kärendeçileri 900 gektar ýerde güýzlük bugdaýyň ekişini talabalaýyk geçirip, kadaly gögeriş gazandylar. Şu günler kärendeçi daýhanlar ýaşajyk bugdaý maýsalaryny goşmaça mineral dökünler, ders çüýrüntgisi bilen iýmitlendirýärler. Şeýle hem olar atyzlaryň töwereklerini, çilleri guran ot-çöplerden, suw geljek akabalary gyrmançalardan arassalaýarlar. Göreldeli kärendeçilerden Baýramdurdy Gaýypow, Öremyrat Gurbanow, Arazmyrat Rejepow dagyny görkezmek bolar. Daýhan birleşiginde şu günlerde çekilýän päk zähmet geljek ýylda 1791 tonna galla hasylynyň kemala geljekdiginden habar berýär.

Ýerine düşýän yhlas

Güljemalyň daýhançylyga baş goşanyna 28 ýyl bolupdyr. Ol şol döwürde gowaçadan bol hasyl almakda päk zähmeti bilen hemmelere görelde görkezip gelýär. Ryskyny bereketli ene toprakdan tapan öňdebaryjy oba hojalykçy zenan, Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güljemal Allakulyýewa bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. — Durmuşyňda ykbalyňy nurlandyrýan bagtly pursatlar başyňy Göge diräp, täze üstünliklere rowaçlandyrýar. Dürdäne şygyrlary bilen dünýä edebiýatynda uly yz galdyran dana şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly meniň durmuşymy şatlykly wakalar bilen bezän ajaýyp ýyllaryň biri boldy. Rysgal-bolçulygyň hem berekediň baýramy bolan Hasyl toýunyň bellenilýän günlerinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldym. Döwlet sylagynyň gowşurylmagy meniň zähmete bolan hyjuwymy has-da artdyryp, täze üstünliklere galkyndyrýar — diýip, halypa kärendeçi buýsanç bilen gürrüň berýär.

Kärendeçi gelniň buýsanjy

Şu günler güneşli Diýarymyzyň «ak altynly» pelleri ir ertirden giç agşama çenli zähmet joşgunyna beslenýär. Pagtaçy kärendeçiler döwlete pagta tabşyrmak baradaky boýun alan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etmek ugrunda güýç-gaýratlaryny gaýgyrman, yhlas edýärler. Olaryň köpüsi eýýäm arzyly pellehana ýetip, uly zähmet ýeňşini gazandy. Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň ussat pagtaçylary hem «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 997 gektar meýdanda pagtanyň bereketli hasylyny kemala getirdiler. Şu günler olar pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Hojalygyň 3-nji kärendeçiler toparynyň ussat pagtaçysy Suraý Bekmyradowa 6,4 gektar kärende ýerinde bereketli hasyl ýetişdirip, ilkinji ýygymda meýilnamada görkezilen 33 sentnere derek her gektaryň hasyllylygyny 33,5 sentnere ýetirip, şertnamalaýyn borçnamasyny üstünlikli amal etdi. Ol geçen ýyl hem gowaçadan ýokary hasyl alyp, guwandyryjy netijeleri gazanmagy başardy. Has takygy, her gektaryň hasyllylygyny 60 sentnere ýetiripdi. Onuň şu ýylky öňde goýan maksady has-da belent. Ol her gektaryň hasyllylygyny 65 sentnere ýetirmegi maksat edinýär.

Daýhan hereketi — hasyl berekedi

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda subtropiki ekinleri ösdürip ýetişdirmekde baý tejribe toplanyldy. Bu işe daýhan birleşikleriniň, şeýle-de edara-kärhanalaryň ýyladyşhana hojalyklarynyň işgärleri bilen bir hatarda oba ýaşaýjylary hem mynasyp goşant goşýarlar. Datly miweleriň köpdürlüligi ak bazarlarymyzyň bolçulygy, bereketli saçaklarymyzyň bezegidir.

Gyzylbaýryň zeýtuny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagçylygy ösdürmek, baglaryň hasyllylygyny artdyrmak, bereketli türkmen topragyndan önýän nygmatlaryň görnüşlerini köpeltmek boýunça tutumly işler oňat netijelerini berýär. Etrek etrabynyň Gyzylbaýyr obasynyň golaýyndaky mes toprakly ýaýladan uzak möhletleýin ýer bölegini alan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, telekeçi bagban Ymamberdi Jepbarowyň Magtymguly Pyragynyň «Gyzylbaýyr göwnüň açar» diýip wasp eden künjeginde ösdürip ýetişdirýän zeýtun baglary hem munuň şeýledigine aýdyň subutnamadyr. Ol baglara agrotehniki talaplara laýyk idegi ýola goýup, bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Ajaýyp künjekde zeýtun baglarynyň 2 müň 100 düýbüne ideg edilýär. Baglaryň 500 düýbi 2016-njy ýylda ekilip, häzirki wagtda onuň her düýbünden 30-40 kilogram hasyl alynýar. Ýyl geçdigiçe hasyllylyk ýokarlanyp, her düýpden 80 kilograma çenli hasyl alyp bolýandygyny bagban buýsanç bilen aýdýar. Bu ýerde 2019-njy ýylda ekilen zeýtun baglarynyň 1 müň 600 düýbünden şu ýyl ilkinji hasyl alnyp başlandy. Gyzylbaýyr ýaýlasynda zeýtun baglaryna edilýän hyzmaty görüp, göwnüň göterilýär. Gözýetime uzap gidýän baglardaky bereketli hasyl telekeçiniň yhlasynyň ýerine düşýändiginden habar berýär.

Bagly ýer — barly ýer

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklige, daşky gurşawy gorap saklamaklyga dürli bag nahallaryny ösdürip ýetişdirýän ussat bagbanlar saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şeýle bagbanlaryň biri hem Magtymguly etrabynyň ýaşaýjysy Durdymämmet Amanowdyr. Durdymämmet aga maşgala agzalarynyň ýakyndan goldaw bermeginde on bäş ýyldan gowrak wagt bäri ekin meýdanynda miweli agaçlaryň nahallaryny ýetişdirip gelýär. Onuň taýýarlan nahallary edara-kärhanalar we ýerli ýaşaýjylar tarapyndan uly isleg bilen alynýar. Bag ekmek — sogap iş. Muňa oňat düşünýän ýaşuly bagban häzirki döwürde erik, alma, ülje, hurma, beýi, nar, armyt, badam ýaly agaçlaryň nahallaryny ösdürip ýetişdirýär. Onuň bilen söhbetdeş bolanymyzda, şeýle gürrüň berdi: