"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Sarymsagyň saglyga peýdasy

Oba hojalygynda ösdürilip ýetişdirilýän ekinleriň her biri öz peýdaly alamatlary bilen tapawutlanýar. Şeýle ekinleriň biri hem sarymsakdyr. Sarymsak dürli naharlary we işdäaçarlary taýýarlamakda giňden peýdalanylýar. Gadymy wagtlardan bäri peýdalanylyp gelinýän sarymsagyň adam saglygyna peýdaly taraplary köpdür. Sarymsagyň düzüminde köp mukdarda mikroblary we bakteriýalary gyryjy maddalar – fitonsidler bar. Mundan başga-da, ondaky A, E, C, B1, B6, D, K, P toparlarynyň witaminleri, aminoturşylar, kaliý, marganes, sink ýaly mineral maddalara baýdyr.

Hassa bolmazdan burun...

Güýzde howanyň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli; Sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly, zyýanly endiklerden daşda durmaly;

Güýzüň görki saglykda

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar: Pasla görä geýinmeli;

Sagdyn diş — sagdyn beden

Dişleriň kariýesiniň, dişýany dokumalaryň we agzyň nemli bardasynyň keselleriniň öňüni almak meselesi stomatologiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Ol keseller adamda aýry-aýry sebäpleriň täsir etmeginiň netijesinde döreýär. Şoňa görä-de, profilaktika — degerli anyk çäreleriň kompleksi bolup, kesel döredýän amatsyz şertleriň döremeginiň ýa-da olaryň belli bir sebäplerine täsir edýän şertleriň öňüni almaga gönükdirilendir. Dişleri arassalaýjylaryň biri diş çotgasydyr. Diş çotgasy dişleri arassalamak we olara derman sürtmek üçin esasy guraldyr. Diş çotgalary özleriniň tüý çogdamlarynyň görnüşi, ýerleşişi we gatylyk-ýumşaklygy bilen tapawutlanýarlar. Diş çotgalarynyň tüý çogdamlary ýerleşende biri-birine ýapgyt bolup, konusy ýada salmalydyr. Şeýle görnüşde ýerleşenlerinde tüý çogdamlary dişler arassalanýan wagty dişara boşluklaryna aňsat girip bilýärler we şol ýerleri töweregi bilen göwnejaý arassalaýarlar. Çagalaryň we uly adamlaryň diş çotgalarynyň görnüşleri aýratyndyr. Olar stomatolog lukmanyň maslahaty boýunça adamyň ýaşyna we agzynyň ýagdaýyna baglylykda saýlanylmalydyr. Emeli tüýli diş çotgalar gatyrak bolup, belli bir ýagdaýlarda, dişleriň gaty dokumalaryny sürtüp, amatsyz täsir edip bilerler.

AIW ýokanjyna garşy göreş

Welaýat köpugurly hassahanasynda welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň bilelikde guramaklarynda ähli bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň AIW ýokanjynyň öňüni almak boýunça jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda amaly okuw maslahaty geçirildi. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda, welaýatymyzda AIW ýokanjynyň öňüni alyş çäreleri ýokary derejede alnyp barylýar. Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylaryň we hünärmenleriň arasynda AIW ýokanjynyň meseleleri barada sowal-jogap alşyldy.

Döwrebap Tiz kömek merkezi

Arkadag şäheriniň Tiz kömek merkezi ilata ýokary derejeli gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin ähli şertler bilen doly üpjün edilen. Bu ýerde işleýän kärine ezber lukmanlar dünýä ülňülerine laýyk gelýän enjamlar arkaly näsaglara ýokary hilli ilkinji gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegini berýärler. Tiz kömek merkezi gije-gündiziň dowamynda ilata hadysanyň bolan ýerlerinde, ýol ugurlarynda, öýde tiz we gaýragoýulmasyz kömek bermek üçin niýetlenilip, ol dolandyryş, kabul ediş, maslahat beriş, anyklaýyş we okuw bölümlerinden ybaratdyr. Kabul ediş bölüminde näsaglara ilkinji gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi berilýär hem-de degişli otaglardaky ykjam enjamlaryň üsti bilen olaryň keselleri anyklanylýar.

Saglygymyz öz elimizde

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini pugta berjaý etmeli, paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda geýinmeli. ■ Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaly.

«Saglygyň gadryny bilgil...»

Netijeli işler, ýürekden çykýan alkyşlar

Hemmämize mälim bolşy ýaly, mundan bir ýyl ozal Saýat etrabynyň ýaşaýjylary hem-de saglygy goraýyş işgärleri ajaýyp serpaýa eýe boldular. Etrap merkezinde durky täzelenilen we mümkinçilikleri döwrebaplaşdyrylan hassahana şondan bäri etrabyň ýaşaýjylaryna ýokary derejede hyzmat edip gelýär. Döwrebaplyk — bu saglyk merkeziniň esasy aýratynlygy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Germaniýa, Şweýsariýa, Beýik Britaniýa, Russiýa Federasiýasy, ABŞ, Italiýa, Ýaponiýa, Koreýa Respublikasy ýaly öňdebaryjy döwletleriň döwrebap lukmançylyk enjamlary oturdylan hassahana ajaýyp döwrümizde okgunly ösüşleriň ähli sebitlere deň ýaýylýandygyny görkezýär. Bu ýerde şeýle döwrebap enjamlaryň 200-den gowragy bar.

«Dürdür bu janyň lezzeti...»

Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda Magtymguly atamyzyň köpgyraňly şygryýetine ýokary baha bermek bilen, akyldar şahyrymyzyň ähladamzat gymmatlygynyň derejesine göterilen şygryýet ummanynyň içinden ynsan saglygy hakyndaky öwüt-ündewleriň eriş-argaç bolup geçýändigini nygtaýar. Sagdyn iýmitlenmek, arassa ýaşamak, päkizelik ýörelgeleriniň Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde esasy orny tutmagy halkymyzyň jan saglygy bilen bagly meselä owaldan-ahyra aýratyn üns berendiginden habar berýär. Çünki sagdyn ýaşaýyş — kämil jemgyýetiň hamyrmaýasy. Şonuň üçin ata-babalarymyz: «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýen paýhasy döredipdirler. Magtymguly atamyz hem hut şonuň üçin: «Dürdür bu janyň lezzeti, saglyk anyň soltanydyr» diýýär. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň ileri tutulýan häzirki döwründe Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny kalbymyza guýşumyz ýaly, türkmen topragynda bitýän dermanlyk ot-çöplerden ýerlikli peýdalanmagy hem başarmagymyz gerek. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitaplary ýakyn ýardamçymyzdyr. Biz ýokary okuw mekdebimizde talyplar bilen geçýän sapaklarymyzda Milli Liderimiziň halkymyzyň milli gymmatlygyna öwrülen eserleri barada giňişleýin gürrüň edýäris. Akyldar şahyrymyzyň şygyrlary, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan eserleri bilen bagla

Ýöremek — juwanlygyň syry

Arassa howadan dem almak, ýöremek ynsan saglygyna örän peýdalydyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Adamyň ömrüniň ähli döwürlerinde hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edýär» diýen sözlerinden ugur alyp, bu günki gün ýurdumyzda Saglyk ýoluna yzygiderli ýörişe çykylýar. Peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda adam saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek babatynda uly tagallalar edilýär. Golaýda bolsa hormatly Prezidentimiziň hut özi hem Saglyk ýolundaky köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyz öz şahsy göreldesi bilen watandaşlarymyzy, aýratyn-da, ýaşlary sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar.

Hem ýokumly hem peýdaly

Saçaklarymyza görk berýän miweleriň biri-de hurmadyr. Ol diňe bir görk bermän, eýsem, saglygymyz üçin hem diýseň peýdaly önümdir. Hurmanyň miwesi halk lukmançylygynda melhem hökmünde giňden peýdalanylýar. Onuň düzüminde С ýokumy, uglewodlar, organiki turşular we şeker saklanýar. Şol sebäpden ol ganazlykda, galkan şekilli mäz kesellerinde, onkibarmak içegäniň baş kesellerinde, aşgazanda ýokary turşulygy peseldiji serişde hökmünde uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem hurma bedendäki alyş-çalyş hadysalaryny kadalaşdyrýar, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaşdyrýar.

Aňasty güýç

Adam beýnisinde aňasty güýjüň bardygyny, belki, hemmämiz bilýän hem däldiris. Muny amerikaly ýazyjy, psiholog Jozef Mörfin subut edip, özüniň ýörite «Aňasty güýç» atly kitabyny hem ýazýar. Kitapda, hakykatdan-da, aňasty güýji bilen birnäçe kynçylyklary we keselleri ýeňip bolýandygy barada gyzykly maglumatlar berilýär. Kitapda bellenilişi ýaly, ähli döwürleriň ägirt şahsyýetleriniň iň uly syry aňasty güýçleri bilen baglanyşyp gurup bilmegindedir. Muny siz hem edip bilersiňiz.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Saglygyň gadryny bilgil... Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar:

Saglyk — beglik

♦Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. ♦Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp,  yzygiderli kabul etmeli.

Ene süýdi

Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak, bäbejikleriň ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini goldamak, şeýlelik bilen sagdyn nesli kemala getirmek wezipesi döwlet syýasatynyň esasy meseleleriniň biri bolup durýar. Ene süýdünden kadaly doýýan çaganyň dünýäsi gözelleşýär, çaga bedeni bolsa mähirden pürepürlenýär. Çagajyga mähir-söýgi ene süýdünden, enäniň ýyly gujagyndan, mahmal deminden geçýär. Dünýä inen çaga ömrüniň ilkinji alty aýynda ene süýdünden başga hiç zat berilmeli däl. Onuň ilkinji iýmiti bolan ene süýdi çaganyň täze ýaşaýyş şertlerine uýgunlaşmagy üçin, ýokumy hiç bir nygmat bilen deňelmejek tebigy iýmitdir. Ol diňe bir iýmit bolmak bilen çäklenmän, eýsem, keselleriň öňüni alyjy güýçli serişdedir. Enäniň ilkinji owuz süýdi kesellerden goraýan antitelalara örän baýdyr. Ene süýdi bäbejikleriň beýnisiniň ösüşine ýardam edýär, ýokanç kesellerden goraýar, semremek howpuny azaldýar.

Beýi — şypaly miwe

Güýz aýlarynda miwesi mazaly süýjäp, hasyly ýetişýän miweleriň biri-de beýidir. Häzirki wagtda ak bazarlarymyzda ýakymly ysy kükäp duran bu miwäniň bollugyny, her bir raýat üçin elýeterlidigini görmek bolýar. Ýurdumyzyň birnäçe ýerinde beýiniň ýörgünli ady «aýwa» diýlip hem tanalýar. Beýiniň adam saglygyna örän peýdalydygy üçin, ol ir döwürlerden bäri şypa beriji miwe hasaplanyp gelinýär. Onuň asyl gelip çykan ýerleri Kawkaz we Ortaýer deňiz kenarýakalary hasaplansa-da, keremli türkmen tebigaty hem bu miwäni ýetişdirmek üçin oňaýly şertleri özünde jemläpdir. Şeýle bolansoň, bu gün güneşli Diýarymyz beýiniň boldan ýetişdirilýän mekanlarynyň biridir. Beýi — nerw dartgynlylygyny köşeşdirýär, ýürek-damar ulgamynyň işini sazlaýar, bedendäki zyýanly duzlary aýyrmaga, aşgazan ýaralaryny bejermäge ýardam edýär, göz görejiniň ýitelmegini goldaýar, iýmit siňdiriş ulgamyndaky bozulmalaryň öňüni alýar hem-de sazlaýar, gany arassalaýar, sowuklama we sarygetirme kesellerini bejermekde hem uly peýdasy bar. Hatda beýi agajynyň güli hem adamyň ruhuna rahatlyk berýär.

Görer gözüň gymmaty

Gözüň nuruny, göreçleriniň ýitiligini goramagyň düzgünleri barada bilmek, bu ugurda lukmanyň maslahatlaryny diňlemek ähli ýaşdaky we kärdäki adamlar üçin peýdalydyr. Göz — bedeniň iň näzik synasy. Oňa çendenaşa agram bermekden gaça durmak gerek. Beýle bir mümkinçilik ýok bolsa, onda adam görüş ulgamynyň işini kadalaşdyryjy serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Şu maksat bilen äýnek ýa-da galtaşykly linza ulanýan adamlar wagtyň geçmegi bilen, has güýçli optiki serişdeleri saýlamaly bolýarlar. Bu ýagdaý gözüň äýnege ýa-da linza öwrenişip, özbaşdak işlemegi gowşadýandygy bilen şertlendirilýär. Şu jähetden, gözüň öz güýjünde işläp, myşsalaryny berkidip durmagy üçin, biraz pes belgili äýneklerden peýdalanmak maslahat berilýär. Äýnekdir linzadan seýrek peýdalanyp, ýörite maşklary yzygiderli ýerine ýetirmek görşi gowulandyrmagyň has ygtybarly ýoludyr. Ellerimizden telefon düşmeýär, kompýuterde işleýäris, elektron serişdelerde aýdym diňleýäris, kinofilmleri görýäris, maglumatlary öwrenýäris. Munuň bilen baglylykda, gerekli talaplary berjaý etmedik ýagdaýymyzda, gözümize aşa agram düşýär. Eýsem, kompýuter bilen işleýänler nähili düzgünleri berjaý etmeli?! Kompýuterde uzak wagtlap işlenende, ýüze çykýan görüş ýadawlygy lukmançylyk tejribesinde «kompýuter görüş sindromy» diýlip atlandyrylýar. Görüş ýadawlygy gözüň ýadamagy, ýygy-ýygydan gözüňi gyrpmak, gabaklaryň agyrlaşmagy ýa-da gözüňe gu

Güýz paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin:

Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. *Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Saglygymyzy goralyň!

Ýokanç däl keselleriň hataryna degişli keselleriň biri süýjüli diabetdir. Nädogry iýmitlenip, aşa köp agram almak, az hereketlilik, ýygy duş gelýän nerw dartgynlylygy süýjüli diabetiň döremegine sebäp bolup biler. Kä halatlarda çagalaryň arasynda süýjüli diabet keseliniň döremegine olaryň irki ýaşda ene süýdi bilen däl-de, emeli süýt garyndylary bilen iýmitlendirilmesi, körpä goşmaça iýmit berlende düzüminde köp mukdarda emeli garyndylary saklaýan azyk önümleriniň ulanylmagy sebäp bolýar. Her bir saglyk öýünde «Saglyk mekdepleri» döredilip, bu ýere gelýän raýatlara ýokanç däl keselleriň öňüni almakda kadaly iýmitlenmegiň, zyýanly endiklerden çetde durmagyň, fiziki işjeňligiň, zähmet bilen dynç alşy utgaşdyryp alyp barmagyň saglyga edýän oňaýly täsiri barada wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Ylaýta-da, süýjüli diabeti iň irki döwürde ýüze çykarmak, döremeginiň öňüni almak üçin maşgala lukmanlary öz meýdançasynyň çäginde ýaşaýan töwekgellik şertleri bolan adamlaryň toparyny gözegçilikde saklamaly. Öňüni alyş barlaglaryndan geçmek bu keseli gizlin döwründe ýüze çykarýar.