"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Sagdyn jemgyýet — sagdyn geljek

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Halkymyzyň saglygy, abadan we bagtyýar durmuşy biziň alyp barýan döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda halkymyzyň sagdyn, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynyň ösüşlere beslenmegi ugrunda ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiz tarapyndan raýatlaryň saglygyny goramagyň kämil ulgamy döredilip, saglygy goramakda, keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Saglygy goraýyş ulgamy kämilleşdirilip, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri hem-de döwrebap tehnologiýalary işjeň ornaşdyrylýar. «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzda ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklary gazanylýar. Bu gün ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan tutumly işler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanýar, uly üstünliklere beslenýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

DÜMEWIŇ ÖŇÜNI ALALYŇ! Dümew — bu ýiti ýokanç kesel bolup, dem alyş ýollarynyň, şeýle hem burnuň, gulagyň we bokurdagyň ýiti wirus keselidir. Bu wiruslaryň birnäçe görnüşi bar. Şonuň üçin adamlar bu kesel bilen güýz-gyş möwsüminde birnäçe gezek keselläp bilýärler. Dümew keseliniň döredijisi keselli adamdyr. Wiruslar näsag asgyranda-üsgürende howa arkaly sagat adamyň dem alyş ýollaryna düşüp, kesellemegine getirýär. Keseliň alamatlary, adatça, 1-3 günden soň başlanýar. Näsaglary esasy biynjalyk edýän alamatlar: kellagyry, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, işdäsiniň peselmegi, burnunyň dykylmagy, gözüniň ýaşarmagy, üsgülewük, dem ýetmezçiligi peýda bolýar. Şular ýaly alamatlar ýüze çykan wagty:

Şypalydyr melhem suwy

Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda goşmaça täze, 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumyny gurmak, şeýle-de bu ýerde bar bolan binalaryň durkuny täzelemek baradaky Karara gol çekmegi bolsa, bu ugurda durmuşa geçirýän işleriniň barha rowaçlyklara eýe bolýandygyny görkezdi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 2-nji sentýabrynda «Arçman» şypahanasyna baranda dynç alýanlar we saglygyny dikeldýänler bilen duşuşyp, ol ýerde täze bejeriş binasyny gurmagyň, ozalky binalaryň durkuny täzelemegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdypdy. Köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden alym Arkadagymyz halkymyzyň saglygy baradaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gol çeken bu taryhy Karary peder ýolunyň, asylly ýörelgeleriň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy.

Saglyk — başymyzyň täji

Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, ildeşlerimiziň sagdyn durmuşda, bagtyýarlykda, ruhubelentlikde ýaşamagyny gazanmak babatynda uly işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary» atly düýpli ylmy işinde, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda, «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy» atly ylmy-publisistik eserlerinde, «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda we beýleki eserlerinde bu ugurda durmuşa geçirilýän işler özüniň anyk beýanyny tapýar. Milli Liderimiziň eserlerinde güneşli Diýarymyzdaky şypahanalaryň ähmiýetine we sagaldyş-dikeldiş mümkinçiliklerine aýratyn üns berilýär. Bizi aýratyn begendirýän zatlaryň biri-de, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly kitaplarynda welaýatymyzdaky «Arçman», «Ýyly suw», «Bagabat» şypahanalary barada hem täsirli maglumatlary getirýändigidir hem-de olarda ildeşlerimiziň saglygyny berkitmegi üçin döwrebap şertleri döretmek ugrunda yzygiderli alada edýändigidir. Türkmen halkynyň Milli Lideri üstümizdäki şanly ýylda halkymyza sowgat eden «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Hakydada orun alan pursatlar» diýlip atlandyran bölüminde «Arçman» şypahanasy baradaky ýatlamalaryny getirýär. Şol ajaýyp kitaby okanymyzda, «Arçman» şypahanasynyň täze taryhynyň Gahryman Arkadagymyzyň ady we amala aşyrý

Işeňňir sarwanlaryň jemlenen ýerinde

Adamlaryň jan saglygyny berkitmekde, birnäçe keselleriň öňüni almakda, teşneligi gandyrmakda özboluşly tapylgysyzlygy bilen türkmen halkynyň iň bir gowy görýän malyna öwrülen düýe malynyň baş sanyny artdyrmakda hususy, ýöriteleşdirilen maldarçylyk hojalyklarynda-da döwrebap işler alnyp barylýar. Netijede, düýeleriň sany ýurdumyzda ýylsaýyn artýar. Düýe malynyň baş sanyny artdyrmakda, ondan alynýan önümleriň mukdaryny köpeltmekde jemgyýetçilik mallarynyň ýylyň dört paslynda-da orta we ýokary semizlikde bolmagyny gazanmakda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabyndaky «Sakarçäge» maldarçylyk hojalygynyň zähmetsöýer işgärleri hem öwgä mynasyp işleri bitirýärler. Şu günki günde 3 müň 72 sany düýesi bolan bu hojalykda çopan toparlarynyň 22-si düýeleriň sagdyn bolmagy, olaryň ýylyň ähli paslynda-da orta we ýokary semizlikde bakylmagy üçin bar bolan mümkinçilikleriň ählisinden peýdalanýarlar. Düýeler «Şyhmansur», «Galandar», «Döwran» ýaly ýokumly ot-çöplere baý ýaýlalarda ata-babalardan gelýän ýörelgelere, ylmy esasda anyklanan tejribelere laýyklykda bakylyp, jemgyýetçilik mallarynyň guratlygyny gazanýarlar. Elbetde, çopan toparlarynda zähmet çekýän maldarlaryň hemmesi hem mal bakmakda tejribe toplan adamlar. Olaryň arasynda has tapawutlanýan sarwanlar barada söhbet açylsa, onda bu ýerde düýe çopanlary – doganlar Dörtguludyr Döwran Baýramowlaryň, Ag

Saglygy goramak üçin peýdaly maslahatlar

Güýz paslynda ýiti respirator ýokanç keselinden goranmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek möhümdir. Ýiti respirator ýokanç keselleriniň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, beden gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp, üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar.

Turşuja

Turşuja ynsan saglygy üçin peýdaly ösümlikdir. Ol ylmy çeşmelerde «şawel» ady bilen bellidir. Bu ösümligiň ylymda 200-den gowrak görnüşi hasaba alnypdyr. Turşuja greçihalar maşgalasyna degişli bolan gök ekin. Janly tebigatda baldagy dik we köp şahaly iri ýaprakly görnüşleri hem duş gelýär. Ösüş döwri birýyllyk ýa-da köpýyllyk ösümlik hasaplanýar. Ýaprak baldaklary göni, ýöne ýumşak bolýar. Ýapraklary orta ululykda, süýrgült tegelek görnüşli bolup, uzynlygy 12 – 15 santimetre, ini 6 – 8 santimetre deňdir. Turşuja açyk meýdanda ösdürilip ýetişdirilende toýun we toýunsow topraklar saýlanyp alynýar. Aýratyn hem çüýrüntgä baý, aşgarlygy pes bolan topraklarda gowy ösüp ýetişýär. Topragyň çyglylygy ýokary bolanda ol +5 - +20 dereje maýyl howada gowy gögerýär. Howanyň ýylylygy has ýokarlansa, ýapraklaryndan suw ýitip başlaýar we gatap başlaýar. Şonuň üçin turşuja ekinini Gün şöhlesiniň dik düşýän ýerine ekmek maslahat berilmeýär. Bu ösümligi ýarym saýaly meýdanlarda ösdürip ýetişdirmeli. Ony bir ýerde 5 ýyla çenli ösdürip ýetişdirip bolýar. Turşuja ösüp başlandan tä ýygyma çenli oňa 45 gün gerek. Gyşa durnukly, hasyllylygy gektardan 21 – 85 tonna bolup, gök topbak we ýaprak baldaklaryny berýär. Bu ekini bir ýylyň dowamynda birnäçe gezek ösdürip ýetişdirip bolýar.

Saglygymyz öz elimizde!

■ Güýzde günüň dowamynda howanyň derejesiniň üýtgeýändigini nazara alyp, bu döwürde döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin pasla görä geýniň! ■ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmaga ýardam berer.

Käkilik oty

Ir döwürlerden bäri adamlar suwy gaýnadyp, oňa dürli ösümlikleriň ýapragyny ýa-da gabygyny goşup, melhemlik içgi hökmünde ulanyp gelipdirler. Otlaryň köpüsi dermanlyk häsiýetliligi bilen tapawutlanypdyr. Şeýle ösümlikleriň biri-de käkilik otudyr. Oňa keýik oty hem diýilýär. Käkilik otunyň dermanlyk häsiýetleri barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik işinde-de giňişleýin gürrüň berilýär.

Işjeň hem başarjaň zenanlar bäsleşdiler

Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşi bilen bilelikde geçiren bäsleşigi «Elimden çykan egnime ýarar» diýlip atlandyryldy.  Zenanlarymyzyň başarnygyny we ukybyny ýüze çykarmak, häzirki zaman jemgyýetinde olaryň ornuny, halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşine goşýan saldamly goşandyny açyp görkezmek  maksady bilen geçirilen bäsleşige saglygy goraýyş ulgamynda işleýän gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olaryň  el hünärini  kämilleşdirmekde  alyp barýan işleri baradaky çykyşlary, beýan eden iş we durmuş pursatlary, ýerine ýetiren aýdymlary, tanslary, degişme sahnalary örän täsirli boldy. Netijede, welaýat inçekesel hassahanasynyň topary birinji, Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň topary ikinji, welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň topary üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmegiň biraýlygy

Ylmy-amaly maslahat geçirildi Golaýda Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň mejlisler zalynda TZB-niň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministirliginiň bilelikde guramagynda «Süýt mäzleriniň howply täze döremeleri, hatarly sebäpleri, öňüni almak we ir ýüze çykarmak» ady bilen ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Sagdynlygyň gözbaşy

Güýz paslynda sowuklama ýa-da «ýiti respirator keselleri» diýlip atlandyrylýan kesel howanyň sowamagy we çygly bolmagy bilen has köp duş gelýär. Onuň döremegine pasyl çalşygy, howanyň sowamagy, keseliň ýeňil derejelerini aýak üstünde geçirip, köpçülikde ýygy-ýygydan bolmak, howanyň sowuklygyna garamazdan ýeňil geýinmek we şuňa meňzeş ýagdaýlar sebäp bolýar. Ýiti respirator keselleri wiruslar tarapyndan döreýär. Ol esasan hem ululara garanyňda çagalara has çalt ýokuşyp, olaryň möwsümde ýygy-ýygydan keselleýändikleri mälimdir. Bu bolsa çagalaryň immunitet ulgamynyň kämilleşmändigi bilen düşündirilýär. Näsagyň bedeniniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, gözüniň gyzarmagy, ýaşarmagy, dem almagynyň kynlaşmagy ýa-da burnundan suwuklygyň akmagy, asgyrmak, üsgürmek, kellagyry, gowşaklyk, ysgynsyzlyk, işdäsiniň peselmegi ýaly alamatlar peýda bolýar. Bokurdagyň we burnuň nemli bardasynyň gyzarmagy, çişmegi, ýuwdunanyňda bokurdagyň agyrmagy ýüze çykýar. Muňa garamazdan, olaryň hersiniň özüne mahsus bolýan alamatlary bar. Ýiti respirator keselinden goranmagyň kadalaryny berjaý etmek wajypdyr. Öýleriň penjirelerini açyp, howasyny çalşyp durmak, elleri ýygy-ýygydan ýyly suw bilen sabynlap ýuwmak, otagyň içinde üzärlik tütetmek maslahat berilýär.Şeýle hem limonly, bal garylan çaý, miweleriň şireleri, mineral suwlar, itburun, zirk, çopantelpek ýaly dermanlyk otlaryň melhemliklerini demlenip içmek peýd

Sport: edep-ter­bi­ýe we sag­dyn­lyk

«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023 Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­mu­şa ge­çir­ýän yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nyp, ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Döw­le­ti­miz­de sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň esa­sy ýö­rel­ge­le­ri hök­mün­de, jem­gy­ýe­te sag­dyn ýa­şa­ýyş-dur­muş ka­da­la­ry­ny or­naş­dyr­mak, şol san­da sag­dyn iý­mit­len­mek, zy­ýan­ly en­dik­ler­den daş­da dur­mak, zäh­met bi­len dynç al­şy saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak ýa­ly ugur­lar ile­ri tu­tul­ýar.

Sag­ly­gyň gi­re­wi

«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023 «Er­tir­li­gi­ňi özüň iý, gü­nor­tan­ly­gy­ňy ýol­da­şyň bi­len paý­laş, öý­län­li­gi­ňi bol­sa duş­ma­ny­ňa ber» di­ýen aýt­gy äh­li halk­la­ryň ara­syn­da-da ýör­gün­li­dir. Luk­man­lar hem şu ýö­rel­ge bo­ýun­ça iý­mit­len­me­giň gün ter­ti­bi­ni düz­me­giň adam üçin peý­da­ly­dy­gy­ny tek­rar­la­ýar­lar. Çün­ki sä­her bi­len edi­ni­len er­tir­lik ada­my dok sak­la­ýar we ol gü­nüň do­wa­myn­da­ky na­har­lan­ma­gyň in­di­ki döw­rün­de na­ha­ryň az muk­dar­da ka­bul edil­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär. Köp­lenç adam­la­ryň ag­la­ba­sy wag­ty­nyň ýok­du­gy­ny, işe ýa-da oku­wa gi­jä gal­ýan­dyk­la­ry­ny, kä­bi­ri bol­sa sä­her bi­len iş­dä­si­niň ýok­du­gy­ny ba­ha­na edip, er­tir­lik edin­me­gi hök­man däl ha­sap ed­ýär­ler.

Sag­dyn ýa­şa­ma­gyň syr­la­ry

«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023 Sag­dyn bol­mak üçin ýa­şa­ýyş-dur­muş en­dik­le­ri­ňi düýp­gö­ter üýt­get­mek hök­man däl. Hü­när­men­le­riň yl­my bar­lag­la­ra esas­lan­ýan peý­da­ly mas­la­hat­la­ry si­ziň dur­mu­şy­ňy­zy gö­zel­leş­dir­mek­de we sag­ly­gy­ňy­zy go­ra­mak­da äh­mi­ýet­li­dir. Sag­dyn dur­mu­şy ýö­rel­ge edi­nip, şu düz­gün­le­ri ber­jaý et­se­ňiz, dur­mu­şy­ňyz­da ýü­ze çyk­jak üýt­geş­me­ler­dir öz­gert­me­ler si­zi diý­seň be­gen­di­rer.

Elekt­ron sport we sag­lyk

«7/24. tm» № 44 (179) 30.10.2023 Hä­zir­ki dö­wür­de gü­nüň do­wam­ly wag­tyn­da okuw­dan-iş­den baş­lap, dynç al­ma­ga çen­li komp­ýu­ter teh­ni­ka­la­ryn­dan peý­da­lan­mak en­di­ge öw­rül­di. Ýaş­la­ryň ara­syn­da elekt­ron spor­ty meş­hur bo­lup baş­la­dy. Elekt­ron spor­tuň be­den üçin peý­da­ly ta­rap­la­ry bar­dyr. Oýun­lar çalt we ta­kyk he­re­ket­le­ri ta­lap ed­ýän­li­gi üçin ça­la­syn­ly­gy we üns­lüli­gi ös­dür­ýär. Mer­ke­zi nerw ul­ga­my­nyň işi­niň, pi­kir­len­me uky­byň kä­mil­leş­me­gi­ne, ýat­keş­li­giň go­wu­lan­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär.

Kişmiş — datly iýmit

Ata-babalarymyz has irki döwürlerde hem kişmişiň dermanlyk häsiýetiniň bardygyny bilipdirler. Ol halk lukmançylygynda giňden ulanylypdyr. Bilermenleriň bellemegine görä, kişmişde peýdaly mikroelementler adaty üzümiňkiden 30 — 40 göterim köpdür. Kişmişiň dürli hili görnüşleri bar. Olardan dört görnüşi has ýörgünlidir. Biziň ýurdumyzda onuň gara we sary reňkli görnüşleri köpdür. Bu iýmitiň dermanlyk häsiýetleri hakynda köp zatlary aýtmak bolar. Birinjiden, bedeniň dürli kesellere garşy göreşmek ukybyny artdyrýandygyny, rahatlandyryjy serişdedigini bellemeli. Galyberse-de, onuň ganazlykdan ejir çekýänlere, aşgazan kesellerine uçranlara emdigini halk lukmançylygynyň tejribeleri tassyklaýar. Kişmişiň düzüminde protein we ýaglar bolup, ol süňňüň kuwwatyny artdyrýar. Agyr zähmet, sport bilen meşgullanýanlar üçin kişmiş has peýdalydyr. Türgenlere kişmişi bal bilen garyp iýmek maslahat berilýär. Onuň düzüminde B ýokumy, demir, magniý, bor, köp mukdarda fruktoza we glýukoza bar. Lukmanlar semizlikden kösenýänlere, agramyny azaltmak üçin horlanýan türgenlere kişmiş iýmegi ündeýär. Sebäbi onuň düzümindäki B ýokumy ganyň durlanmagyna oňat täsir edýär. Çagalara kişmişi süýjiniň deregine bermek hem bolýar. Ol körpeler üçin emeli süýjülerden has peýdalydyr. Bu ýokumly iýmit adamy sowuklamadan, üsgülewükden, ýürek agyrysyndan hem goraýar.

Dogry iýmitlenmek – üstünlige tarap ädim

Mälim bolşy ýaly, sportda ýokary netijeleriň gazanylmagy, esasan, iki şerte – irginsiz türgenleşiklere we dogry iýmitlenmege baglydyr. Şeýle hem türgen üçin meşgullanýan görnüşine baglylykda, kesgitli iýmitleri iýmegiň has gowy netijeleri gazanmaga kömek edýändigini ýatdan çykarmaly däl. Myşsalaryny ösdürmek isleýän türgenler üçin proteinlere we ýeňil özleşdirilýän uglewodlara baý önümler, ýagny, et önümleri bilen iýmitlenmek peýdalydyr. Çydamlylygyny artdyrmak isleýänlere çylşyrymly we haýal özleşdirilýän uglewodlar zerurdyr. Beloklara, B3, B12 we PP witaminlerine, fosfor, magniý ýaly maddalara baý bolan towugyň ýa-da hindi guşunyň döşi pauerlifting, basketbol, ýeňil atletika ýaly görnüşler bilen meşgullanýanlaryň berhizinde hökman bolmalydyr. Sygryň we towugyň eti hem beloklara, B toparyna degişli witaminlere, demir, kalsiý, kaliý elementlerine, dürli görnüşli aminoturşylyklara baýdyr. Şeýle önümleri iýmek agyr atletika, boks, gimnastika we suwda ýüzmek ýaly görnüşler bilen meşgullanýanlara peýdalydyr. B toparyna degişli witaminlere, beloga, retinol, kaliý, kalsiý ýaly maddalary özünde jemleýän balyk eti sportuň oýun görnüşleri we ylgaw bilen meşgullanýanlara zerur önümdir.

Gymmatly gollanma

Eziz Diýarymyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alnyp, ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Tutuş ýurdumyz boýunça saglygy goraýyş edaralarynyň döwrebap düzümi kemala getirildi. Ilatyň saglygyny pugtalandyrmak, innowasion usullar bilen keselleriň öňüni almak, olary anyklamak we bejermek hem-de adamyň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Golaýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XV jildiniň çapdan çykmagy hem ählimiz üçin şatlykly waka boldy. Ýokary çap usulynda neşir edilen kitabyň sahypalarynda jemi 119, şol sanda 29 sany endemik, ýagny diňe Türkmenistanyň çäginde duşýan dermanlyk ösümliklere degişli häsiýetnamalardyr maglumatnamalar berilýär. Olaryň degişli dermanlyk ösümlikleriň fotosuratlary bilen utgaşykly beýan edilmegi bolsa ylmy eseriň okyjylar üçin düşnükliligini we ähmiýetini has-da artdyrýar. Neşirde dermanlyk ösümlikleri lukmançylyk ylmynda, halk tebipçiliginde ulanmagyň mümkinçilikleri-de giňişleýin beýan edilýär. Kitaby okan her bir okyjy ondan dermanlyk ösümlikleriň biologik we himiki aýratynlyklary, tebigy gory, dermanlyk çig maly, dürli k

Sagdynlyk — ýaşaýşyň seresi

Dag etegine aýratyn bezeg beren, sebitde deňsiz-taýsyz «akylly» şäheriň lukmançylyk ylymlarynyň doktory, alym Arkadagymyzyň paýhasyndan dörändigini bellemek ýakymly. Täze şäherde ynsan saglygyny goramak, ekologiýa arassaçylygy babatda ähli mümkinçilikler we amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Arassa dag howasy, miweli, saýaly we pürli baglar, dürli güller keýpiçaglyk döredip, ruhuňy göterýär. Daşarky gurşaw üçin zyýansyz elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi, «akylly öý» hyzmatlaryndan peýdalanylmagy bu şäheriň ekologik taýdan arassadygyny ýene bir ýola subut edýär. Ýurdumyzyň saglyk ulgamynda dünýä nusgalyk işleri bitiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 12-nji awgustynda Arkadag şäheriniň saglygy goraýyş edaralarynyň işi bilen tanyşlygynda Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasyna bardy.