"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Watançy nesiller

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Babadaýhan etrabynyň Garawekil obasyndaky sport mekdebiniň sport meýdançasynda TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hem-de sport mekdebiniň bilelikde guramagynda «Biz — watançy nesiller» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Onda ýaş türgenler sportuň uzak aralyga ylgamak, köpçülik bolup tanap çekmek, futbol, woleýbol, tens görnüşleri boýunça özleriniň kämilliklerini görkezdiler. Bu sport ýaryşy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe beden taýdan sagdyn, watansöýüji, ruhubelent ýaşlaryň kemala gelýändigini görkezdi. Ýeňiji bolan toparlar TMÝG-niň etrap Geňeşiniň hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Serdar — ezber pälwan

Çagalyk arzuwy, ýürek islegi Serdary 8 ýaşynda sportuň dzýu-do görnüşine getirdi. Hojambaz etrabynyň Hojambaz şäherinde önüp-ösen zehinli oglanjygyň sportuň bu görnüşine imrikmegine kakasy Jumanazar Rahymow sebäp boldy. Ol heniz başlangyç synpda okaýarka kakasynyň göreş tutuşyny synlap, «Menem ulalsam, kakam ýaly pälwan boljak» diýer eken. Halkymyzda «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýlen pähim bar. Jumanazar aga oglunyň göreşe höwesekdigini bilip, ony etrapdaky 1-nji sport mekdebine eltýär. Serdara bu ýerde tälimçi Baýram Şerapow, öýünde bolsa Jumanazar aga göreşiň inçe syrlaryny irginsiz öwredýärler. Sporta höwesek Serdar etrapdyr welaýat derejesinde geçirilýän ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, deň-duşlaryndan tapawutlanyp başlaýar. 2017-nji ýylda Serdar Aşgabat şäherindäki Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebine okuwa girýär we öz agram derejesi boýunça Türkmenistanyň açyk birinjiliklerinde, çempionatlarynda çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýär. 2018-nji ýylda bolsa görkezen netijesine görä ol Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalygyna kabul edilýär. Häzirki wagtda hem ol ýygyndy toparyň düzüminde ýaryşlara taýýarlyk görýär.

Sport. Sport. Sport.

Ýaş türgeniň üstünligi Ýakynda welaýatymyzyň orta mekdeplerinde okaýan ýaşlaryň 14-si Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi boldy. Olaryň arasynda çagalykdan sport bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýeläp gelýän Wekilbazar etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Azat Myradow hem bar. Azat Sakarçäge etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň 8-nji synpynda okaýar. Onuň çagalykdan sporta bolan söýgüsi, höwesi, bu ugurdaky üstünlikleri ene-atasyny, mugallymlaryny, tälimçisini hem-de deň-duşlaryny guwandyrýar.

Sportuň şöhraty dünýä dolýar

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy sagdynlygyň, bagtyýarlygyň we sportuň gülläp ösen mekanyna öwürmek babatda uly işleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji aýynda türkmen sportunyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan taryhy wakalaryň bolup geçmegi şeýle diýmäge esas berýär. Milli Liderimiziň ýakynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp görmegi, ol ýerde şu şanly ýylda ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagy, şeýle-de geçen hepdäniň anna güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly Karara gol çekmegi şeýle buýsançly wakalardyr. Galyberse-de, 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň netijelerine dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda, gaýtadan seredilendigi, şonuň bilen baglylykda bu çempionatda itekläp götermekde kümüş medalyň eýesi bolan türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewa ýokarda agzalan ýaryşyň altyn medaly gowşuryljakdygy barada hoş habaryň gelip gowuşmagy hem ildeşlerimizi örän begendirdi.

Bagtyň goşa ganaty

ýa-da sportuň ýakymly dünýäsi hakda kelam Sportuň ýaryş, bäsdeşlik ruhy hem bardyr welin, göwnüňe bolmasa, onuň baýramçylyk ruhy has rüstem gelýän ýaly. Eger sportuň haýsy hem bolsa bir görnüşiniň janköýeri bolsaňyz, gyzykly ýaryş dowam edýärkä, dünýäni unudyp, tutuş kalbyň bilen şol ýaryşa siňmegiň duýgusy siziň üçin ýat däldir. Soňky bir ýyl bäri Ýer ýüzi şeýle ýaryşlara teşne boldy. Koronawirus ýokanjy adamzady az salymlyk hem bolsa iri sport ýaryşlaryna (diýmek, baýramçylyklara) arakesme bermäge mejbur etdi. Ýöne 2021-nji ýylyň umyda, ynama beslenen howasy bize ýene-de iri sport baýramçylyklarynyň ýakymyny buşlaýar. Täze ýylyň 20-nji ýanwar güni şol ýakym bizi ýene öz dünýäsine dolady.

Sport — abadançylygyň we parahatçylygyň ilçisi

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi Bu ýerde milli Liderimiz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Şoňa görä, döwlet Baştutanymyzy Olimpiýa şäherçesine gelende bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Yhlas we yzygiderli türgenleşik ýaryşlarda ýeňşe ýetmegiň iň zerur şertidir

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzda «Saglygym — baş baýlygym» diýen pähim bar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ol bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, ýokary derejeli sporty we tutuşlygyna olimpiýa hereketini ösdürmäge gönükdirilen belent işlere ugrukdyrýan özboluşly çelgidir. Şulardan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşlerinde yhlasly we yzygiderli meşgullanmak bilen, halkara ýaryşlarda ýokary üstünlikleri gazanar ýaly derejede türgenleşikleri geçýärler. Muňa 20-nji ýanwarda milli Liderimiziň paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine baryp, şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşmagynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu baýramçylyk dabaralary türkmen ruhuna laýyk gelmelidir. Şol bir wagtyň özünde olarda häzirki wagtda ýurdumyzda giňden ösdürilýän sport we olimpiýa hereketiniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlandyrylyşy öz beýanyny tapmalydyr.

Döwletimiziň halkara sport abraýyny has-da belende götermek – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Berkarar Diýarymyzyň sport abraýy artýar

Mähriban Diýarymyzda sport ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we kämilleşdirmek, onuň kuwwatyny artdyrmak, degişli köpugurly düzümlerini döretmek boýunça giň möçberli işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Soňky ýyllarda bu ulgamda üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen ajaýyp sport toplumlary, stadionlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri, ýüzlerçe beýleki desgalar bina edildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi türkmenistanlylarda buýsanç duýgusyny döredýär. Onuň gurulmagy sportuň ösdürilmeginde möhüm tapgyr boldy. Bularyň ählisi ýokary dünýä ülňülerine we Halkara Olimpiýa komitetiniň talaplaryna laýyk gelýän milli sport ulgamynyň döredilendigini aýtmaga esas berýär.

Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlanýar

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimizi Olimpiýa şäherçesine gelende Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym-bilim, saglygy goraýyş, sport we ýaşlar, jemgyýetçilik guramalary ulgamyna gözegçilik edýän orunbasary, Aşgabat şäheriniň häkimi, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary garşyladylar.

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Watan goragçylarynyň gününi bellemäge taýýarlyk görýän ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri esasy işiniň daşyndan şanly ýyllarymyzy sport üstünliklerine hem besleýärler. Olaryň fiziki taýdan hemişe taýýarlykly we sagdyn bolmagyny üpjün edýän sport ýaryşlary netijeliligi bilen hem guwandyrýar. Bu işlerden ýurdumyzyň kazyýet işgärleri hem çetde duranok. Hormatly Prezidentimiziň, Belent Serkerdebaşymyzyň sport hereketiniň esasy wagyzçysy bolup durýandygy nygtalmaga mynasypdyr. Sport bilen yzygiderli meşgullanmakda milli Liderimiziň hut özi belent görelde görkezýär. Bu göreldä eýerýän watandaşlarymyz sporty ýaran edinip, ukyp-başarnyklaryny halkara ýaryşlarda hem ykrar etdirýärler. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Halkara agyr atletika federasiýasyndan gelip gowşan hoş habar ýokarda agzalan hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar. Ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewanyň sportuň bu ýeňil bolmadyk görnüşi boýunça dünýä çempiony bolmagy köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketiniň ajaýyp miweleriniň biridir.

Paýhas oýnunyň ýaş ussatlary

Ýakynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Küşt federasiýasynyň, Aşgabat şäher sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň Küşt federasiýasynyň kubogyny almak ugrundaky onlaýn ýaryş geçirildi. Şeýle görnüşde ilkinji gezek geçirilýän bu ýaryşa dürli ýaşdaky ildeşlerimiz gatnaşyp, öz başarnyklaryny görkezdiler. Biz bu ýaryş barada gürrüň bermegini sorap, paýtagtymyzdaky Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň müdiriniň orunbasary Näzik AMANOWA ýüz tutanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Küşt — paýhas oýny. Küşt tagtasynyň başyna geçen oýunçynyň etjek hereketi, her bir göçümi onuň bu oýundaky ýeňşiniň ykbalyny çözýär. Pähim-paýhas eleginde elenip, pikir bir ýere jemlenilip edilen göçüm oýunça üstünlik getirýär. Küştçini küşt oýnunyň ussadyna öwürýär. Türkmen sportunyň şöhratyny dünýä ýaýmak ugrunda guwandyryjy işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda sportuň bu görnüşini hem ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu ugurda türgenleşip, kämillige gol berýän ýaşlarymyzyň onlarçasy halkara ýaryşlarda öz ussatlyklaryny ykrar etdirmegi başardylar.

Ýeňişli eýýamyň täze üstünlikleri

Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysynyň hormatly Prezidentimize iberen haty ýurdumyzyň sport syýasatynyň dünýädäki ykrarnamasy boldy. Ähli ildeşlerimizde buýsanç duýgusyny döreden bu waka «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» ýylynyň ýeňişli taryhyny täze üstünlikler bilen baýlaşdyrdy. Agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda itekläp götermekde 104 kilogram agram bilen we jemi 179 kilogram agram bilen ýaşlaryň arasynda dünýä rekordyny täzelemegi milli hem-de halkara sport hereketiniň ösüşine mynasyp goşantdyr. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen taryh üçin gysga döwrüň içinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkara sport çärelerini ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýän döwrebap sport toplumlarynyň we desgalarynyň, şol sanda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi netijesinde döredilen şertleriň datly miwesidir.

Türkmenistan dünýä derejesindäki sport ýaryşlaryny geçirmäge taýýarlanýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesine baryp gördi Aşgabat, 20-nji ýanwar (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl ýurdumyzda geçirilmegi bellenen iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görlüşiniň hem-de desgalarda türgenleşikleriň geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy.

Türkmen sportunyň dünýäde dabaralanmagy

Mälim bolşy ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimize adalaty dabaralandyran hoş habar gelip gowuşdy. Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimize iberen hatynda 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen dünýä çempionatynyň netijelerine gaýtadan seredilendigi hem-de dopinge garşy toparyň talaplaryna laýyklykda medallary gaýtadan paýlamagyň esasynda agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa altyn medalyň gowşurylýandygy, bu sylagy oňa şu ýyl geçiriljek Agyr atletika boýunça halkara ýaryşyň barşynda gowşuryljakdygy barada aýdylýar. Şu mynasybetli welaýat kitaphanasynyň mejlisler eýwanynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň we TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata sport ulgamynda zähmet çekýän işgärler işjeň gatnaşdylar. Maslahatda welaýat sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň başlygy Serdar Çäşemow, Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 1-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň tälimçisi Zeripbaý Kerimbaýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow, Daşoguz şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Yhlas Çaryýew dagy çykyş edip, bu buýsançly wakanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanyna öwrülen Türkmenistan döwletimizde ýaşlar üçin döredilýän ägirt uly mümkinçilikleriň netijesidigini, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üstü

Türkmen sportunyň üstünligi — ýurdumyzyň abraýy

Arkadag Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugra gönükdirilen döwlet we milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär, şeýle hem dünýä halklarynyň we döwletleriniň arasyndaky özara bähbitli halkara sport hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak babatda oňyn başlangyçlar öňe sürülýär. Ýurdumyzyň günbatar sebiti bolan welaýatymyzda hem sporty ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak babatda uly işler alnyp barylýar. Welaýatyň türgenleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän dürli ýaryşlara, Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşyp, Diýarymyzyň sport abraýyny mynasyp goraýarlar.

Bagtyýarlygyň girewi

Halkymyzyň saglygyny goramak, ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiz köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, ýokary netijeli sporty ösdürmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şol tagallalaryň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän iri sport desgalary, stadionlar, sport mekdepleri, atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesi, Golf sport toplumy bolsa ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik gözelliginiň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Arkadag Prezidentimiziň sporty ösdürmekdäki şeýle giň gerimli işleri berkarar Diýarymyzy halkara derejeli sport ýaryşlarynyň geçirilýän mekany hökmünde dünýä tanatdy. Hormatly Prezidentimiziň atalyk aladalarynyň ýaş nesilleriň sporta bolan höwesini has-da artdyrýandygy bizi diýseň begendirýär. Sebäbi indi sportuň dürli görnüşlerine höwes bildirýän, sagdyn durmuş ýörelgesine berk eýerýän ýaşlaryň hatary görnetin artdy. Olaryň sportuň dürli ugurlary boýunça ukyp-başarnyklary aýdyň ýüze çykyp, uly tejribe toplaýarlar. Biziň sport mekdebimizde hem ukyply, başarjaň nesiller terbiýelenýär. Mekdebimiziň ýaşajyk türgenleriniň etrabymyzda geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändikleri buýsandyrýar.

Ruhubelentligiň mekany

Hormatly Prezidentimiz: «Biz «Sport — ruhubelentlik we sagdynlyk!» diýen ýörelgeden ugur alyp, türkmen sportuny dünýä bilen sazlaşykly ösdürmekde tutumly işleri alyp barýarys!» diýip bellemek bilen, sport we olimpiýa hereketini höweslendirmek we ösdürmek, oňa ýaşlary işjeň çekmek, türkmenistanlylarda çagalyk ýyllaryndan başlap bedenterbiýe bilen meşgullanmaga höwesi artdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň, zähmetsöýerligiň we döredijiligiň esasynda duran gymmatlyklary berkarar etmek ugrunda guwandyryjy işleri durmuşa geçirýär. Bu gün eziz Diýarymyzyň paýtagtynda we sebitlerinde häzirki zaman sport toplumlarynyň, stadionlaryň, sport mekdepleriniň, sport meýdançalarynyň üstünlikli hereket etmegi, ýaşlaryň sport bilen yzygiderli türgenleşmekleri we barha taplanmagy, dürli derejedäki ýaryşlarda sport ussatlygyny görkezmegi ugrunda döredilen şertler şeýle diýmäge esas berýär. Aşgabatda sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň, «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň, Buzly köşgüň, Suw-sport toplumynyň, Golf sport toplumynyň, Gyşky oýunlar sport toplumynyň we beýleki köp sanly sport desgalarynyň gurulmagy ata Watanymyzyň sport ýurduna öwrülendigini alamatlandyrýar. Geçen ýyllarda Olimpiýa şäherçesinde halkara derejesindäki iri sport ýaryşlarynyň birnäçesiniň geçirilendigi bellenilmäge mynasypdyr. Şol ýaryşlaryň esasylarynyň biri-de, 2017-nji ýylda geçirilen Ýapyk binalarda we söwe

Yhlas üstünlige ýetirýär

Ýakynda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Talyp türgenlerimiziň ýeňişleri – Arkadagly Watanyň buýsanjy» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyz maksada okgunlylygyň, yhlasyň we irginsiz zähmetiň uly üstünliklere ýetirýändigini, ýaşlardan uly işlere garaşýandygyny nygtaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlaryna yhlasly okamaga döredilýän mümkinçilikler olary üstünliklere ýetirýär. Munuň şeýledigini ýakynda Diýarymyza gelip gowşan hoş habar bütin aýdyňlygy bilen subut edýär. 2018-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ozalky netijeler jemlenende nätakyklyga ýol berlendigi sebäpli, agyr atletikaçy türgenimiz Ýulduz Jumabaýewa itekläp götermekde kümüş medala, silterläp götermekde bolsa bürünç medala mynasyp bolupdy.

Guwandyran, begendiren hoş habar

«Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri kämil ýörelgeleri durmuşa ornaşdyrmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň ajaýyp zamanasydyr. Geljegimiz bolan ýaşlara berjek nesihatym — sporty söýüň! Sport güýç-gaýratyň, gözelligiň, saglygyň we hyjuwly ýaşamagyň gözbaşydyr!» diýip nygtaýan hem-de ýaşlaryň bu nesihaty berjaý etmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri üpjün edýän Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli eýýamynda türkmen sportunyň abraýynyň belende göterilýändigi ajaýyp hakykatdyr. Ýurdumyza geçen şenbe güni gelip gowşan hoş habar bu hakykatyň ýene bir ýola aýdyň dabaralanmasy boldy. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Maýkl Iraniden we bu federasiýanyň baş kätibi Mohamed Jaluddan gelip gowşan hatda 2018-nji ýylda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilograma çenli agram derejesinde altyn medal gazanan Tailand Patyşalygynyň türgeni tarapyndan doping düzgünleriniň bozulandygy we sport kwalifikasiýasyndan mahrum edilendigi sebäpli, Halkara agyr atletika federasiýasynyň kadalaryna laýyklykda, medallaryň gaýtadan paýlanylmagynyň amala aşyrylýandygy barada nygtalyp, şol ýaryşyň häzirki netijeleri boýunça türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň itekläp götermekde altyn medalyň, silterläp götermekde bo