"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Ylymlar dünýäsine ak ýol!

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň 2-nji sentýabrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň täze okuw ýyly başlanar. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda täze gurlup, ulanylmaga berlen orta we ýörite orta hünär okuw mekdepleri ilkinji gezek bagtyýar çagalarymyzdyr ýaşlarymyza gapylaryny giňden açar. Şol gün ýurdumyzyň ähli bilim ojaklarynda täze okuw ýyly başlanar. Ata Watanymyzda uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýän şeýle şatlykly günlerde biz hem kalplary guwançdan, buýsançdan doly, ýokary okuw mekdebiniň talyby diýen ada mynasyp bolan ýaşlarymyzyň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny okyjylarymyza ýetirýäris. Soltanmyrat AGAJANOW, Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Eziz Watanymyzyň her bir güni il-ýurt bähbitli ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär. Ynha, sanlyja günden 2024 — 2025-nji täze okuw ýyly başlanar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Bilimler we talyp ýaşlar güni belleniler. Bularyň ählisi ýurdumyzda ylym-bilime, bilimli ýaşlara uly üns berilýändigini, röwşen geljegimiz hakynda alada edilýändigini aýdyň beýan edýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda ruhubelent, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Ylymly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa, döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Ýurdumyzda gurulýan orta mekdeplerdir beýleki bilim edaralary häzirki zaman enjamlary, multimedia tilsimatlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi eziz Diýarymyzda ösüşlerimiziň we üstünliklerimiziň gözbaşy bolan ylym-bilimi ösdürmäge uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Pederlerimiz ylymly-bilimli bolmak barada ençeme nakyllary döredipdirler, ylym-bilimiň ynsan durmuşynda örän wajypdygyny aýdyp geçipdirler. Ata-babalarymyzyň ylymly-bilimli bolmak baradaky ýol-ýörelgelerinden ugur almak bilen, häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär, ýaşlara bilim öwretmekde iň döwrebap ugurlar özleşdirilýär. Şunda bilim öwretmegiň, okatmagyň we ýaşlary ylmy işlere ugrukdyrmagyň täze usullary ýola g

Döwlet syýasatynyň möhüm ugry

Her ýyl ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni ýokary ruhubelentlikde giňden bellenilýär. Bu dabara mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çärelerine giň gerim berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär, şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän taýsyz tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir.

2024 — 2025-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagy ýurdumyzyň bilim edaralarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen geçiriler

Milli bilim ulgamyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak we ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» okatmakda sanly tehnologiýalaryň, uzak aralykdan bilim berilmeginiň we maglumat alyşmagyň ýola goýulmalydygy, pedagogik işgärleriň hünär derejesiniň, okuw meýilnamalarynyň we maksatnamalarynyň milli we dünýäniň oňyn tejribeleri esasynda kämilleşdirilmelidigi bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaş nesle berilýän bilimiň hiliniň we mazmunynyň iň öňdebaryjy halkara talaplaryna laýyk bolmagyny gazanmak boýunça gymmatly tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde üstünlikli işler alnyp barylýar. Bagtyýar geljegimiz bolan ýaş nesilde ata Watanymyza, merdana halkymyza, Gahryman Arkadagymyza hem-de

Bagtyýar ýaşlar ylym-bilim dünýäsinde

Selbi BABAÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 1-nji ýyl talyby: — 2024-nji ýyl meniň üçin şowly ýyllaryň biri boldy. Çünki bu ýyl ýüregimde beslän arzuwym hasyl boldy, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak bagtyna eýe bolandygyma men örän begenýärin. Şeýle bagta mynasyp bolan talyp deň-duşlarymyň hem buýsançlarynyň çägi ýok. Ýaş kalbymyzda beslän arzuwlarymyzyň iň esasysy hasyl boldy. Bu ýaşlar üçin uly bagt. Biz her bir ädimde Gahryman Arkadagymyzyň,

Döwrebap bilim özgertmeleri

Ata-babalarymyzyň «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly — müň» diýen pähimi häzirki döwürde has-da uly ähmiýete eýedir. Bu paýhasda ylym-bilimiň uly ösüşleriň ýoly bilen röwşen geljege alyp barýandygy baradaky hakykat bar. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy esaslandyrmalary täze mazmun bilen barha baýlaşdyrylýar. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly nesilleri terbiýelemekde, Watanymyzyň halkara abraýyny belende galdyrmakda, şeýle-de ýurdumyzyň bilim kuwwatyny ýokarlandyrmakda mugallymlaryň öňünde uly wezipeler goýulýar. Ata-babalarymyzyň geçmişde bitiren beýik işleri bilen dünýä ýüzünde öçmejek yz galdyran bilimli, ylymly adamlar bolandygy aýdyň hakykatdyr. Birnäçe beýik alymlaryň, akyldarlaryň we danalaryň, pelsepeçileriň türkmen topragynda çeken zähmeti, amala aşyran ähmiýetli işleri diňe bir türkmen halkynyň ruhy-medeni mirasy däl-de, eýsem, tutuş adamzadyň ösüşine goşant bolup durýar.

Bilim ojaklary çagalara garaşýar

Ýene-de sanlyja günden ýurdumyzyň mekdeplerinde täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji jaňy kakylar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyndaky bu waka ýaş nesilleriň we bilim işgärleriniň durmuşynda aýratyn ähmiýete eýe bolar. Şol şatlykly günde 6 ýaşly bagtyýar çagalaryň müňlerçesi ilkinji gezek ak mekdeplere gadam basar. Munuň özi hemmeleriň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşar. Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabatlanýan, täze okuw ýylynyň başlanmagynyň şanyna ýaýbaňlandyryljak dabaralaryň ýatda galyjy bolmagy üçin Gökdepe etrabynda hem ähli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Ýeňil abatlaýyş işlerinden soňra has görkana keşbe beslenen, döwrebap okuw-tehniki enjamlary, okuw kitaplary, gollanmalar bilen üpjün edilen mekdeplerde bagtyýar çagalary garşylamak we täze okuw ýylyna täze güýç bilen guramaçylykly başlamak ugrunda ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutuldy. Olarda ýaşlar halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetler esasynda bilim-terbiýe alar.

Gymmatly hazyna

«Kitap okan magnydan dok», «Kitap okamaýan görýänini görer, kitap okaýan dünýäni görer» diýen ýaly parasatly jümleleri miras goýan ata-babalarymyz kitaba uly hormat bilen garapdyr. Halkymyzda kitap bilimleriň çeşmesi, görelde mekdebi, ruhy baýlyk hökmünde görlüp, türkmeniň durmuşynda onuň orny uly bolupdyr. Hatdatlaryň, bilimdarlaryň, hat-ýazuwdan başy çykýan adamlaryň yhlasy bilen asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçirilen milli we medeni mirasymyzyň dürdäneleri ilat arasynda aýawly saklanyp, olar gymmatly baýlyk hasaplanypdyr. Toý-tomaşalarda, meýlislerde adamlaryň ruhuny galkyndyrýan aýdyşyklar, aýdymdyr şygyrlar, dessandyr kyssalar, pähimdir paýhas siňen setirler dilden dile geçip, many-mazmuny goýazy golýazmalara siňip, nesillere ýetirilipdir. Alym-ulamalarymyzyň kitaplary, ýazyjy-şahyrlarymyzyň eserleri häzirki günlerde hem uly höwesden peýdalanyp, ürç edilip okalmagy halkymyzda okamak medeniýetiniň asylly ýörelgä öwrülendigini görkezýär. Ýaş nesilleri ylymly-bilimli, kemally, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmekde kitabyň uly ähmiýeti bar. Dünýäniň ylym-bilim babatdaky ähli gazananlaryny özünde jemleýän kitap bilimlilik derejäňi artdyrmakda iň zerur gollanmadyr. Çünki adamzadyň ýaşaýyşda ýeten üstünlikleri, açyşlary, taryhy geçmişiň beýany, ylmy mowzukly teswirlemeleri kitapda şöhlelenýär. Kitap okamak öwrenmekdir, özleşdirmekdir, durmuş atl

Keşde deýin owadan hat

Okuwçynyň depderindäki owadan hat hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Nepis ýazylan hata «keşde ýaly» eken diýip baha berýärler. Ýöne köp çagalara hatyny owadan ýazmak başartmaýar. Gyradeň, aýyl-saýyl ýazylan harplar — diňe guwanmaga esas däl-de, eýsem, wajyplykdyr. Çagasynyň hatynyň owadan bolmagy ene-atalaryň köpüsiniň islegi. Hatyň çaganyň gylyk-häsiýeti bilen baglydygyny köpimiz bilýän hem däldiris. Owadan hat çaganyň okuwda oňat okamagynyň, üstünliginiň buşlukçysy bolup biler. Mugallymlaryň ençemesi owadan hatly çaganyň az ýalňyş goýberýändigini, okuwa ýetişiginiň oňatdygyny, işjeňligini belleýärler. Hatyňy owadan ýazmak näme üçin zerur? Okuwçylaryň käbiri öz ýazan hatyna özi düşünmeýär. Çaga mekdepde esasy maglumatlary depderine belläp alýar. Eger-de ol öýde geçilenleri gaýtalamak üçin öz depderine harsal ýazyp, ýazanyna düşünmän otursa, onuň sapaga ýetişiginiň pese düşjekdigi düşnükli. Çaga howlugyp ýazanda haty düşnüksiz, bulaşyk bolýar.

Bilim — geljegiň ak ýoly

Mälim bolşy ýaly, ýene sanlyja günden hemişelik Bitarap ata Watanymyzda bagtyýar halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde aýdym-sazly dabaralar, medeni-köpçülikleýin çäreler bilen 2024-2025-nji täze okuw ýylyny garşy alar. Her ýyl geçirilýän bu özboluşly baýramyň dabaralary ýaş nesillerimiziň, ak ýürekden yhlasly zähmet çekýän mugallymlarymyzyň hem-de ähli bilim işgärlerimiziň, geljegimiz bolan bagtyýar ýaşlarymyzyň, şeýle hem tutuş halkymyzyň durmuşyny ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besleýär. Maksatlaryň myradyna gowuşýan jenneti Diýarymyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly-bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri, dünýä ülňülerine laýyk bilim we terbiýe almaklary, şeýle hem irki ýaşdan, ýagny çagalar bagyndan başlap zehinlerini ýüze çykarmaklary, daşary ýurt dillerini özleşdirmekleri babatda ähli şertler döredilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim ulgamynyň çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli üstünlikli alnyp barylmagy, Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün döwletiň ösüşini şertlendirýän bilim ulgamyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygynda tutýan orny

«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyndan» ruhlanan belent maksatly ýaşlar, turuwbaşdan, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem uly üstünlikleri gazanmak, döwletimiziň şöhratyny dünýä ýüzünde dabaralandyrmak, her bir pursady mana hem-de watansöýüjilige beslemek ugrunda yhlaslaryny gaýgyrman, tutanýerlilik görkezýärler. Täze döwrüň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygynyň şanly 30 ýyllygynyň dabaralara beslenen günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi halkara hyzmatdaşlygynda türkmen ýaşlarynyň ornuny has-da berkitdi. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de döwlet Baştutanymyzyň dünýäniň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligindäki täsirini ýokarlandyrmaga, ählumumy derejede köptaraply hyzmatdaşlygy ösdürmäge, parahatçylygy, dostlugy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga, döwletleriň, abraýly halkara guramalarynyň arasyndaky gatnaşyklary hem-de hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam berýän beýik başlangyçlarynyň goldanylýandygynyň nobatdaky ykrarnamasyna öwrüldi. Häzirki wagtda däp bolan gatnaşyklary giňeltmek, şol sanda ýaşlar syýasaty boýunça,

Nurana geljegiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesle döwrebap derejede bilim hem-de terbiýe bermek babatdaky başlangyçlary, durmuşa geçirýän möhüm özgertmeleri Lebap welaýatynyň bilim ojaklaryna-da öz miwesini eçilýär. Döredilýän giň mümkinçiliklerden ruhlanýan welaýatyň bilim işgärleri bosagada duran täze okuw ýylyna ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Häzirki wagtda welaýat Baş bilim müdirliginiň garamagynda 396 sany orta mekdep we mekdep-internatlary hereket edýär. Geçen okuw ýylynda 332 müňden gowrak okuwçy bilim alyp, olaryň 20 müň 600-den gowragy uçurym boldy. Welaýatdaky 284 sany çagalar bagynda 490 müňden gowrak körpe terbiýelenýär. Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde döwrebap bilim ojaklarynyň ýene-de ikisiniň açylyp ulanmaga berilmegine garaşylýar. Hojambaz şäherinde gurlan mekdep 960, Saýat etrabynyň Merýe geňeşliginiň Alpan obasyndaky mekdep 400 okuwça niýetlenendir.

Kämil bilim — beýik geljegiň binýady

Halkymyzda «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýen paýhasly aýtgy bar. Çünki bilim — jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan döwletimizde ýaş nesle berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli gowulandyrmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz: «Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir» diýip bellemek bilen, ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn hem-de kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine möhüm ähmiýet berýär. Şu jähetden, 24-nji awgustda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda awgust maslahatynyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir.

Talyplyk — ýaşlygyň bahary

Ýaşlyk ýyllarynda, hususan-da, orta mekdebi tamamlan islendik ynsanyň öňünde goýýan baş maksady belli bir käriň eýesi bolmak, hünär öwrenmek bolsa gerek. Şundan ugur alsak, bu günki günde türkmen ýaşlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, belent maksatlara tarap ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda okaýarlar, döredýärler, özlerine bildirilýän ýokary ynama mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Muňa 2024-2025-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine zehinli ýaşlaryň müňlerçesiniň kabul edilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Biz hem talyp bolmak bagty miýesser eden ýaşlaryň käbiriniň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Biz mekdebe barýarys!

Aýmelek NURMUHAMMEDOWA,Mary şäherindäki 21-nji orta mekdebiň 1-nji synp okuwçysy: — Biz eýýäm çagalar bagyndakak okamagy, ýazmagy öwrenip başladyk. Terbiýeçimiz bize yhlas bilen köp zatlary öwretdi. Şonuň üçin men geçen okuw ýylynda «Körpe bilgirjeler» bäsleşiginiň şäher, welaýat tapgyrlarynda hem ýeňiji boldum. Indi bolsa mekdebe, has dogrusy, ilkinji mugallymymyzy görmäge howlugýan. Mugallymymyzyň diýenini iki gaýtalatman göreldeli okap, gündeligimizi hem dürli şekiljikler, nyşanjyklar bilen bezäris.

Suratkeş bolasym gelýär (Kim bolasyň gelýär?)

Surat çekmek bilen kiçiligimden meşgullanyp başladym. Kitaplardaky, döwürleýin neşirlerdäki çagalara hödürlenýän ýönekeýje suratlary reňklemekden lezzet alýardym. Soňra özbaşdak kompozisiýalary döretmäge synanyşyp ugradym. Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň nakgaş bölümini okanymdan soň suratkeşlik tejribäm has hem artdy. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmäge, halkara bäsleşiklere gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezmäge ähli şertler bar. Men hem öz çekýän suratlarym bilen döwlet we halkara derejelerindäki dürli bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldum. Şolardan käbirini ýatlap geçsem, 2022-nji ýylda Belarus Respublikasynda geçirilen «Дружат дети на планете» atly Açyk halkara çagalaryň surat bäsleşigine gatnaşyp, III derejeli diplom bilen sylaglandym. Soňra bolsa şol ýyl Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen «Dostlugyň şäheri» atly bäsleşige gatnaşyp, I orna, ýörite diploma we medala mynasyp boldum. Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilen «Reňklere siňen gözellik» atly bäsleşikde grafika ugry boýunça I orna mynasyp bolmak miýesser etdi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagym meni täze üstünli

Geljegiň binýady şu günden tutulýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýär. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem ajaýyp üstünliklere eýe bolunýar. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhubelent hünärmenler, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň guwandyryjy netijeleridir. Häzirki döwürde türkmen jemgyýetiniň barha kämilleşýän we döwrebaplaşýan şertlerinde ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi üçin dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasaty üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar. Şonuň üçin hem bu günki gün Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolan bilim syýasatyna aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, giň gerimli bilim özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Şu maksat bilen ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saý

USU­LY KÄ­MIL­LIK — BILIM BINÝADY

Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň baş­lan­gyç­la­ry, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry bi­len, Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­ri mil­li bi­lim hem-de ylym ul­ga­myn­da tä­ze öz­gert­me­le­riň ama­la aşy­ryl­ýan aja­ýyp za­ma­ny bo­lup dur­mu­şy­my­za or­naş­ýar. Milli Liderimiziň baş­lan­gyç­la­ry bi­len ýur­du­myz­da ýo­ka­ry hü­när bi­li­min­den soň, ma­gistr­lik de­re­je­si­niň gi­ri­zil­me­gi aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şaýatlyk edýär. Döw­let­mäm­met Aza­dy ady­n­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ma­gist­ra­tu­rasyna öz okan pe­da­go­gi­ka we psi­ho­lo­gi­ýa hünä­rim bo­ýun­ça oku­wa ka­bul edil­me­gim döw­le­ti­mi­zi ösüş­le­re alyp git­mek bi­len bag­ly dur­mu­şa ge­çir­ilýän be­ýik iş­le­re şah­sy go­şan­dy­my goş­ma­ga hö­wes­len­dir­di.

Bilim — bagtyýar geljegi gurmagyň açary

Geçen hepdäniň şenbe güni Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň ýolbaşçylarynyň we bu ulgamda zähmet çekýän hünärmenlerdir mugallymlaryň gatnaşmagynda awgust maslahaty geçirildi. Onda geçen okuw ýylynyň jemi jemlenildi hem-de täze okuw ýylynda bilim işgärleriniň öňünde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, tamamlanan 2023-2024-nji okuw ýylynda çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli bilim işi milli ýörelgelere, öňdebaryjy tejribelere hem-de halkara ölçeglere laýyklykda kämilleşdirilip, bilimiň üznüksizligi, onuň ähli derejesiniň yzygiderliligi üpjün edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda 2024-2025-nji okuw ýylyndan bilim özgertmeleriniň täze tapgyryna badalga berildi. Maslahata gatnaşan bilim edaralarynyň ýolbaşçylarydyr mugallymlaryň çykyşlarynda şular barada giňişleýin gürrüň edildi. Baýram BÄŞIMOW,Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň direktory:

Ak mekdepler gujak açyp garaşýar

Daşoguz welaýatynyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýaş nesillerimiz üçin iň bagtly pursatlaryň biri bolan täze okuw ýylyny guramaçylykly garşy almaga taýýarlyk görülýär. Bilim ojaklarynyň ählisinde ýeňil abatlaýyş, aglabasynda hem düýpli abatlaýyş işleri göwnejaý geçirildi. Sebitiň orta mekdeplerinde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda ýaş nesle halkara ölçeglere laýyk derejede bilim bermegiň öňdebaryjy tejribelerini giňden ornaşdyrmak, bilim işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegi, olaryň ýurdumyzy bilimler merkezine öwürmäge gönükdirilen giň gerimli işlere has-da işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Häzirki wagtda welaýatyň bilim ulgamynda döwrebap bilimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan, sagdyn bedenli, watansöýüji ýaş nesli kemala getirmek, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmek, ýaşlara hünär öwretmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Döwrüň öňe süren talaplaryna laýyklykda, demirgazyk welaýatyň çägindäki jemi 531 mekdebiň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Welaýatda dürli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň 31-si bolup, olarda ýaş nesillere iňlis, fransuz, nemes, arap, hytaý, ýapon, pars, italýan dilleri hem-de tebigy we t