"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Kämilligiň berk binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ylymdyr bilime täzelenişigiň we döredijiligiň çeşmesi hökmünde ýokary baha berýär. Şonuň üçinem milli bilim we ylym ulgamlarynyň işini hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirmegi hemişe üns merkezinde saklaýar. Şeýlelikde, bilim özgertmeleri döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Döwlet derejesinde edilýän yzygiderli aladalaryň çäklerinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda we pugtalandyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy. Netijede, çagalarymyz iň kämil okuw enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen bilim-terbiýe ojaklarynyň eýeleri boldular. Olarda nurana ykbally ýaşlarymyz halkara ölçeglere laýyk bilim, milli ruhumyza laýyk terbiýe alýarlar. Soňra bolsa arzuwlan hünärlerini ele almak üçin ýurdumyzyň, şeýle-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirýärler. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan beýik işler ýaş nesillerimiz bilen bilelikde, bilim işgärleriniň hem kalbynda hormatly Prezidentimize bolan buýsanç hem-de hoşallyk duýgularyny joşdurýar. Watanymyzyň abraýyny halkara derejede has-da ýokary götermek, ylymly, bilimli, hünärli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek işinde mundan beýläk-de döredijilikli zähmet çekmäge, ähli tejribämizi, ukyp-başarnygymyzy orta goýmaga ruhlandyrýar.

Çagalar — röwşen geljegimiz

Ata Watanymyz — bagtly çagalygyň mekany. Ýurdumyzda ýaş nesliň erkana we bagtyýar durmuşy, sagdyn ösüşi, döwrebap bilim-terbiýe almagy ugrunda durmuşa geçirilýän işler şeýle diýmäge esas berýär. Bu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, sport mekdepleriniň döwrebap binalarydyr desgalary ýaş nesil hakdaky aladanyň nyşanydyr. Watansöýüji, ilhalar, bilimli, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Bu işleriň binýady mekdebe çenli çagalar edaralarynda tutulýar. Şoňa görä-de, çagalar bakja-bagymyzda okuw-terbiýeçilik işlerini talabalaýyk, ýokary hilli guramaga çalyşýarys. Çagalaryň sözleýiş diliniň kämilleşmegine, edep kadalaryny berjaý edişine aýratyn üns berýäris. Geçirýän çärelerimiziň üsti bilen körpelerde watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryny sylamak ýaly asylly sypatlaryň kemala gelmegini, olarda milli däp-dessurlarymyza, gözel tebigatymyza söýgi döretmegi we ony gorap saklamak barada düşünje bermegi maksat edinýäris.

Dil bilmek biziň medeni derejämiziň görkezijisidir

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny hasda giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem öňden görüjilikli syýasaty netijesinde dil bilimine berilýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz ene dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürülip, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekde

Bilim — ösüşiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän nesiller hakynda alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» uly ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şeýle hem bilim ulgamyny ösdürmekde «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi kämil nesliň kemala gelmeginde, okatmagyň täze usullarynyň ýola goýulmagynda örän möhümdir. Eziz Diýarymyzda häzirki zaman kompýuterleri, okuw-tehniki enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr dynç alyş we sagaldyş merkezleri uly işleri alyp barýarlar. Ýaş nesilleriň kämil, bilimli bolup ýetişmekleri, döwrebap bilimleri özleşdirmekleri üçin bilim ojaklarynda sazlaşykly işler ýola goýulýar. Munuň özi ylmy nukdaýnazarlaryň, dünýäniň tejribesiniň, milli ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Hut şeýle ýörelgeleriň sazlaşykly alnyp barylmagy bilim özgertmeleriniň rowaçlygyny üpjün edýär.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Nusgalyk kitaplardan peýdalanmak Bilim işi bilen okuwçylaryň terbiýesine üns berilmegi hökmany ýagdaýlaryň biri bolup durýar. Mugallymlar ähli dersleriň watançylyk, edep-terbiýe bilen bagly pursatlaryna aýratyn üns berýärler. Terbiýeçilik sagatlarynda hem mekdepde özüňi alyp barmagyň düzgünleri, ulyny sylamak, kiçini, ene-atany söýmek ýaly milli gymmatlyklarymyzy hormatlamak bilen bagly temalar geçilýär. Bular boýunça ýolbaşçylyk edýän ýokary synp okuwçylarym bilen terbiýeçilik sagatlarymyň gyzykly we netijeli bolmagy üçin okuwçylara ýörite ýumuşlary tabşyrýaryn. Olar sapakda watançylyk temasy boýunça Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan okan tymsallaryny, rowaýatlaryny gürrüň berýärler. Olaryň many-mazmuny boýunça sowal-jogap pursatlaryny guraýaryn. Ata-babalarymyzyň merdanalyk häsiýetleri barada okuwçylar öz pikirlerini aýdýarlar. Soňky sapaklarda hem okuwçylar bellenilen temalar esasynda özbaşdak eserleri, kitaplary okamagy endik edinýärler. Sapakdan soňra okalan eserler boýunça okuwçylar bilen aýratynlykda pikir alyşýarys. Şeýle ýagdaý okuwçylarda kitap okamaga bolan höwesi we özbaşdak pikirlenmäni, döredijilige bolan ukyplaryny has hem kämilleşdirýär.

Okuwçylara çekimsiz sesleri öwretmek

Çagalara bilim we sowat öwretmek üçin başlangyç synpda aýratyn üns bermelidir. 2-nji synp okuwçylary bilen türkmen dili sapaklarynyň has täsirli bolmagy üçin taýýarlyk görýärin. Olaryň türkmen dili boýunça öwredilýän temalary özleşdirmekleri üçin sowalnamalary hem taýýarlap, sapagyň dowamynda peýdalanýaryn. «Çekimsiz sesler» diýen tema boýunça guran sapagymda okuwçylara türkmen dilinden sesler we harplar bilen baglanyşykly soraglar bilen ýüzlendim. Meselem: «Türkmen dilinde näçe ses we harp bar?», «Ses näme, harp näme?» ýaly soraglary berdim.

Başlangyç synplarda synp sagadyny guramak

Eziz Watanymyzda ýaş nesli edepli-terbiýeli edip ýetişdirmek meselesine örän uly üns berilýär. Çagalar hakyndaky alada bolsa döwletli Diýarymyzyň geljegi barada edilýän tagalladyr. Şu durmuş hakykatyny ösüp gelýän ýaş nesliň aňyna ýetirmek mugallymlaryň mukaddes borjudyr. Şu meselede synp sagady boýunça guralýan sapaklaryň uly ähmiýeti bar. Men birnäçe ýyldan bäri başlangyç synp okuwçylaryna bilim we terbiýe berýärin. Okuw-görkezme esbaplaryndan, aýratyn-da kompýuterlerden, multimedia tagtasyndan, slaýdlardan yzygiderli peýdalanýaryn. Bu bolsa çagalara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrýar. 2-nji synpda okuwçylara synp sagadyndan «Ýaşululara hormat goýmagyň we olary diňlemegiň edebi» diýen temany geçenimde täze tehnologiýalaryň täsirlidigine açyk göz ýetirdim. Sapaklar şeýle guralanda çagalaryň her biriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip bilmegine ýardam edýär. Bu işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramakda mugallymlar döredijilikli zähmet çekmelidir. Pedagogik ýörelgelerden baş çykaryp bilmelidir.

Bilimli nesliň kämilligi ugrunda

«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim özgertmelerini durmuşa geçirmekde möhüm ugurlaryň biridir. Konsepsiýada bilim-terbiýeçilik edaralarynda alnyp barylýan işleriň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetiniň kämilleşdirilmelidigi beýan edilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň zähmetsöýer, halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep-kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjyň we söýginiň kemala getirilmegine gönükdirilmelidigi aýdylýar. Bu işleriň binýady mekdebe çenli çagalar edaralarynda tutulýar. Mekdebe çenli bilim edaralary çagalaryň intellektual — döredijilikli ösüşi üçin şert döretmäge we olaryň mekdebe taýýarlygyny ýokary derejede amala aşyrmaga niýetlenendir. Döwlet bilim resminamalary bilimleri öwretmegiň we bilim bermegi guramagyň dürli usullaryny, ýollaryny salgy berýär. Şolara esaslanyp, bu işler biziň çagalar bagymyzda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Kitap — ynsanyň ýakyn hemrasy

Halkymyzda ylym-bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba uly hormat-sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji-hazynasydyr. Türkmen halky kitaba aýratyn sarpa goýýar. Kitaplaryň taryhyň synagyndan geçip, geçmiş barada dil açýan tapylgysyz hazynadygy, kitap okaýan adamyň ýüreginiň mähir-muhabbetden pürepür bolýandygy barada hemmämiz bilýäris. Kitap geçmişi, şu güni bir ýere jemleýär. Kitaplar bize geçmişde ata-babalarymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, ylym-bilim derejesi, döredijilikli ýollary, goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary barada gürrüň berýär. Kitap okamak ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýär, onuň akyl we bilim taýdan ilerlemegine kömek edýär. Kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy, dosty we ýoldaşydyr. Perzent terbiýesinde ata-babalarymyzyň öz öwüt-ündewlerinde gaýta-gaýta tekrarlaýan nesihatlarynyň biri-de kitaby köp we üznüksiz okamakdyr. Kitaby köp okamak ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny salgy berýär, ruhubelent ýaşaýşa höwes döredýär.

Möhüm wezipeleriň çözgüdi

Häzirki ajaýyp döwrümizde, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýaş nesilleri terbiýelemek, sagdyn durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döretmek esasy ugurlaryň biridir. Bu günki gün nesil terbiýesine uly ähmiýet berilýär, bu babatda bilim özgertmeleri hem üstünlikli ýola goýulýar. Eziz Diýarymyz bagtly çagalygyň ýurdudyr. Hut şonuň üçin hem sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlar kemala gelýär. Ähli zerur şertler döredilen döwrebap bilim ojaklarynyň gurlup ulanmaga berilmegi, okuw maksatnamalarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, orta mekdeplerde ýaşlara bilim we terbiýe berýän mugallymlaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagy, olary gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesiniň kämilleşdirilmegi hem bu hakykaty dolulygyna tassyklaýar. Şu ýylyň 25-nji maýynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň gol çeken degişli Karary bilen, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň” we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy bilim ulgamyny ösdürmekde möhüm wakalaryň biridir. Ýaş nesillere ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri, öwütündewleri esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biridir. Şundan ugur alnyp, bi

Dil bilen dünýä açylýar

Aslynda, daşary ýurt dilini öwrenmäge her kime bir zat sebäp bolýar. Ýöne daşary ýurt dilini hünär hökmünde saýlaýan ýaşlarda bu höwesiň çagalykdan başlanýandygyna ynanasyň gelýär. Çaga dünýä inen gününden daş-töweregindäki adamlaryň ählisiniň şol bir heňde, şol bir owazda gürleşmegine uýgunlaşýar. Onuň gulagynda ene diliniň sözleri zol-zol ýaňlanýar. Emma soňra teleýaýlymlarda ýa-da kompýuterlerde multfilmlere, kinofilmlere ýa-da çagalara niýetlenen beýleki gepleşiklere daşary ýurt dillerinde tomaşa etmegi çaganyň ünsüni çekýär. Eşidýän sözleriniň öz gepleýän dilindäkiden üýtgeşik bolmagy onda gyzyklanma döredýär. Bilesigeliji çaga haýsydyr bir diliň del owazy täsir edýär. Diýmek, onuň gepleýän dilinden başga hem nätanyş dil bar eken. Hemme adamlar özi ýaly gepleýändir öýdüp ýören çaganyň dünýäsinde täze gapy açylýar. Öz gepleýän dilinden başga diliň bolmagy, şol bir düşünjeleriň başga sözler bilen ýaňlanýandygy onda şol dili öwrenmäge bolan höwesi oýarýar. Öňler ýaşlar daşary ýurt dili hökmünde galapyn rus dilinde gürlemäge ýykgyn edýän bolsa, indi iňlis we beýleki dillerde erkin gürleýänleri görmek geň däl. Döwrüň özgermegi hem-de aragatnaşyk tehnologiýalarynyň kämilleşmegi bilen teleýaýlymlar arkaly ýa-da habar beriş serişdeleriniň beýleki görnüşleriniň ýiti täsiri bilen, ýaşlar bu gün rusça we iňlisçe bilen bir hatarda, fransuz, hytaý, ispan, italýan, arap, pars we beýlek

Türkmenistanyň Serhet institutyna 2025/2026-njy okuw ýyly üçin okuwa kabul etmegiň TERTIBI

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Serhet institutyna okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalarynyň kabul edilip başlanandygyny habar berýäris. Serhet institutynda okuwyň möhleti 5 ýyl. Okuw döwründe institutyň harby talyplary doly döwlet üpjünçiliginde bolup, olar iýmit, harby eginbaş, talyp haky we umumyýaşaýyş jaýy (ýatakhana) bilen üpjün edilýär.

“Açyk gapylar” güni geçirildi

Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşyny, öňdebaryjy mugallymlaryň iş tejribesini öwrenmek maksady bilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda Duşak şäherçesinde ýerleşýän 27-nji orta mekdepde geçirilen “Açyk gapylar” güni hem şeýle çäreleriň biri boldy. “Açyk gapylar” gününe welaýatymyzyň ähli etraplarynyň bilim-terbiýeçilik edaralaryndan myhmanlar gatnaşdylar. Mekdebiň ähli synplarynda ýylyň şygary bilen baglanyşykly göreldeli okuw sapaklary geçirildi. Mundan başga-da sapakdan daşary mekdep okuwçylarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen, rus, iňlis dilleri boýunça aýdym-sazly dabara geçirildi. Onuň barşynda türkmen edebiýatynyň şamçyragy, beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň aýdym edilip aýdylmagy, şeýle-de labyzly okalmagy myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.

Ýaşlaryň ylym-bilimini ösdürmekde dil biliminiň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda ýaş nesilleri sagdyn bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda milli bilim ulgamyny düýpli özgertmek boýunça döwrebap kanunlaryň we milli maksatnamalaryň kabul edilmegi toplumlaýyn häsiýete eýe bolmagy hem-de dowamly kämilleşdirilmegi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler” diýip bellemegi, ýurdumyzyň milli bilim ulgamynyň mundan beýläk-de gülläp ösjekdiginiň aýdyň beýanydyr. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzyň eşretli geljegini nazarlaýan oňyn başlangyçlaryň milli bilim ulgamyna gönükdirilmegi ýaş nesliň bilimli, sagdyn aň-düşünjeli, akylly-paýhasly kemala gelmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi okuw işinde birnäçe ýeňillikleri döredip, işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audioýazgylar ýaşlara has giň möçberdäki maglumaty kabul etmäge hem peýdalanmaga, şunlukda

Döwrebap bilimli ýaşlar – röwşen geljegiň kepili

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kämil nesilleri kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Sebäbi, şu günki ýaş neslimiz baradaky alada Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň röwşen geljeginiň kepili bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaşlaryň durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklary üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaş nesliň başlangyç bilimden başlap döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, dünýägaraýyşlaryny baýlaşdyrmaklary üçin döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaş nesle çagalykdan başlap aýratyn üns bermek, olara söýgi bilen garamak türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen ruhy gymmatlyklarynyň, durmuş ýörelgeleriniň biridir. Bu ýörelgeler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da ösdürilýär. Durmuşymyzyň gül-gunçalary, ömrümiziň dowamaty bolan çagalaryň kadaly ösmegi, milli ruhda terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk bilim almagy, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmegi ugrunda edilýän irginsiz aladalar muňa subutnamadyr. Biziň mekdebimizde hem döwrüň talaplaryndan ugur alyp, mugallymlar sapaklaryny täsirli guraýarlar, dürli usullardan, öwrediji oýunlardan, tapmaç

Sanly ulgamyň ýaş wekilleri

Ýurdumyzyň mekdep okuwçylary VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşiginde we sergisinde üstünlikli çykyş etdiler Ýurdumyzda giňden durmuşa ornaşdyrylýan sanly ulgam özüniň sansyz mümkinçiliklerini eçilmek bilen birlikde, bu ugurda türkmen ýaşlarynyň gadamlarynyň barha ilerleýändigini aýan edýär. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň hereket etmegi netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiz innowasiýalardan, kompýuter-tehnologiýalardan ussatlyk bilen baş çykarýarlar. Häzirki wagtda sanly ulgam boýunça uly üstünlikleri gazanyp, bu ugur bilen ykbalyny baglaýan ýaşlarymyz köpelýär. Oňa döwrümiziň «baýdak göterijileri», «geljegiň ylmy» hökmünde garaýarlar. Şeýle pikirli ýaşlaryň hatarynda Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçylarynyň atlaryny agzamak bolar. Dört okuwçydan ybarat bolan topar şu ýylyň sentýabr aýynyň 21 — 25-i aralygynda Malaýziýa döwletiniň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen VI Bütindünýä innowasiýa oýlap tapyş-taslama bäsleşigine we sergisine (WICE – World invention competition and invention) gatnaşdylar. Ony Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy bilen MAHSA (Malaysian Allied Health Sciences Academy) uniwersiteti bilelikde gurady.

Bilim – kämilligiň binýady

Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyna, abadan ýaşaýşyna, röwşen geljegimize gönükdirilendir. Şeýle belent özgertmeler bilim ulgamynda hem üstünlikli amala aşyrylýar. Bilim ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, sanly bilimiň mümkinçilikleriniň artdyrylmagy we ýaş nesliň giň dünýägaraýşynyň üpjün edilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam edýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmelerinde üstünlikli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» hem möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriň sazlaşykly işleri netijesinde ýaş nesilleriň bilim derejeleri ýokarlanýar, dünýägaraýyşlary baýlaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim pudagynda hem ägirt uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Esasan hem, sanly bilim ulgamy döwrebap ösdürilýär. Eziz Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmekde uly işler alnyp barlyp, iň täze, döwrebap mekdepler gurlup ulanmaga berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim has-da ösdürilýär, bilim porta

Iňlis dili sapaklarynda öwrediji oýunlar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Bilim ulgamyny ösdürmek ýaş nesliň kämil bolmagynyň, ýurdumyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleriniň baş şertidir. Şonuň üçin hem ýaş nesiller üçin oňat mümkinçilikler, häzirki zamanyň ähli şertleri döredilýär. Bu bolsa olaryň mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerine oňat täsir edýär. Ýaş nesliň kämil bolup ýetişmeginde daşary ýurt dillerini öwretmek esasy ugurlaryň biridir. Öz ene dilinden başlap, daşary ýurt dillerini bilmek çaganyň dünýägaraýşyny ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde bolsa, ýaş nesle bilim-terbiýe bermek işlerini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek wezipesi durýar. Iňlis dilini öwretmekde dil türgenleşik oýunlary ähli synplarda geçirilip bilner, ýöne her synpyň okuwçylarynyň ýaş aýratynlygyna seredip, oýunlary seçip almak zerurdyr. Sapakda ulanyljak oýunlar her bir geçilýän tema we okuw kitabynyň mazmuny, ondan başga-da, synp okuwçylarynyň taýýarlyk derejesi esasynda saýlanyp alynmalydyr. Sapakda guralýan oýunlar okuwçynyň iňlis dilini özbaşdak öwrenmek höwesini artdyrýar we sözleýiş ukyplaryny kämilleşdirýär. Oýunlar okuwçylar üçin täsirli, ýatda galyjy we şol bir wagtyň özünde gyzykly bolýar. Öz okadýan 5-nji we 6-njy synpyň okuwçylary bilen guraýan iňlis dili sapaklarymda öwrediji oýun usullaryndan peýdalanýaryn. Okuwçynyň işjeňligini

Sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak

Häzirki ajaýyp döwrümizde sanly ulgamdan peýdalanmaga giň mümkinçilik döredilýär, kompýuter tehnologiýasyny ösdürmek üçin netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem bu ugruň ösdürilmegi döwrebaplyk bilen baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary ylmy esasda öwrenilýär. Şonuň ýaly-da, sanly tehnologiýalar bilim özgertmelerinde hem aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bu ulgamda kämil hünärmenleri taýýarlamak hem möhüm ugurlaryň biridir. Ösen tehnologiýalardan peýdalanmagy we dolandyrmagy ýaşlara öwretmek, olaryň dünýägaraýşyny ösdürmek bilim özgertmeleriniň esasy ugry bolup durýar. Ýaş nesliň sanly tehnologiýalara düşünmekleri, esasan, orta mekdepden gözbaş alýar. Orta mekdeplerde informatika sapagy okadylýar we okuwçylaryň tehnologiýalara erk etmekleri üçin dürli mümkinçilikler döredilýär. Esasan hem, okuwçylaryň bu sapaga oňat düşünýändiklerini, bu ugurdan bilimleri gowy özleşdirýändiklerini aýratyn bellemegimiz gerek. Birinji synpda okuwçylara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler sowgat berilýär. Bu beýik işleriň netijesinde okuwçy ýokary synplarda geçilýän informatika sapagyna

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ulgamy döwleti we jemgyýeti gülledip ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ösüşiň we özgertmeleriň hatyrasyna ylym-bilime, ýokary derejeli tehnologiýalara uly üns berilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmäge niýetlenen «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» aýratyn bellemek gerek. Öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde okatmagyň we bilim öwretmegiň döwrebap ugurlary barha kämilleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan ýokary netijeler, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn kämil bilim almagy üçin döredilýän giň gerimli şertler ähli halkymyzy, aýratyn hem biz — bilim işgärlerini çäksiz buýsandyrýar, guwandyrýar. Bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler, ýetilen belent sepgitler ylym-bilimiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýaşlaryň kämil bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmaklary üçin orta mekdeplerde bilimiň