RÖWŞEN GELJEGIŇ ÝOLY
Şu gün, ýagny 12-nji iýunda Garaşsyz Watanymyzda Ylymlar güni uludan bellenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli ylym ulgamy düýpli ösüşlere eýe bolýar. Ylymlar gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralara, baý mazmunly çärelere ýurdumyzyň alymlary, ylmy işgärleri bilen birlikde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor mugallymlarydyr talyplary hem işjeň gatnaşdylar. Şol dabaralarda Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher Mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň direktory Aýjahan Babaýewa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol: - Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: “Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr” diýýär. Milli ylym ulgamy şu günlerde bolup geçýän täzelikler bilen baýlaşýar. Muňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmeginiň, ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşikde gazanylan uly üstünlikleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Bu ylmy bäsleşige menem “Daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini kämilleşdirmek” atly ylmy işim bilen gatnaşyp, ýeňiji boldum. Milli ylym ulgamynyň dünýä ölçeglerine laýyklykda kämil derejede ösdü