"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap tejribeler, giň mümkinçilikler

Ýurdumyzda Ylymlar gününiň giň gerimde bellenilmegi, bu senäniň ähmiýetli çärelerdir dabaralar bilen utgaşmagy ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine, ylmy täzeçillikleriň ykdysady pudaklara yzygiderli ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi, Ylymlar güni mynasybetli dünýäniň onlarça ýurdundan tejribeli hünärmenleri we bilermenleri bir ýere jemlän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem-de onda geljegi uly ugurlaryň maslahatlaşylmagy diňe bir ykdysadyýetiň ösüşine däl-de, eýsem, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ilerlemegine hem giňden ýardam edýär. Ylmyň häzirki zaman möhüm ugurlarynyň öwrenilmeginde daşary ýurtly alymlar bilen tejribe alyşmagyň ýygjamlaşdyrylmagy täze işläp taýýarlamalaryň durmuşa geçirilmeginde hem-de dünýä tejribesinden ugur almak bilen, ýerli senagat önümçiligini kämilleşdirmekde örän ähmiýetlidir. Şunda Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň arasynda ylmy bäsleşigiň, aýratyn-da, halkara ylmy maslahatlaryň bu işlere uly itergi berýändigini bellemek gerek. Çünki bu günki günde ylmy jemgyýetçilik tarapyndan üns gönükdirilýän ylmy pudaklaryň hatarynda ýurdumyzda dur

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde we täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Ylmyň we innowasiýalaryň ösüşi bütin adamzadyň bagtyýar we ýagty geljegine gönükdirilýär

Taryh ylmy türkmen topragynyň gadymy we orta asyrlarda ylym-bilimiň, medeniýetiň, siwilizasiýanyň ojagy bolandygyny tassyklaýar. Gadymy Merwiň, Horezmiň meşhur kitaphanalary, ylym ojaklary, alymlary, hususan-da, ylym-bilimiň şeýle belent ösüşine Beýik Ýüpek ýolunyň biziň topraklarymyzyň üstünden geçmeginiň oňyn täsir edendigi ylmy edebiýatlarda öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Türkmenistan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we innowasiýalaryň ösüşine aýratyn üns berilýär. Muny her ýylyň 12-nji iýunynda ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilip geçilýän Ylymlar güni we onuň çäklerinde ýaýbaňlandyrylýan dabaralar aýdyňlygy bilen görkezýär.

Ylym we innowasiýalar — döwrüň talaby

11-nji iýunda paýtagtymyzda Ylymlar gününe bagyşlanyp, «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi. Maslahatyň işi Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmek — geljegiň energiýasy» atly sanly tehnologiýalaryň we innowasion taslamalaryň sergisi bilen tanyşlykdan başlandy. Gözden geçirilişde milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň hyzmatdaşlygynyň netijeleri, ýurdumyzda durmuşa geçiren hem-de işläp taýýarlan taslamalary görkezildi. Mowzuklaýyn bölümler häzirki wagtda energetika senagatynda giňden ornaşdyrylýan täze tehnologiýalara we döwrebap enjamlara bagyşlandy.

Türkmenistan — ylmy jemgyýetçiligiň üns merkezinde

Ýakynda — 12-nji iýunda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mejlisler jaýynda Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan guralan çärä daşary ýurtly myhmanlar, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, alymlar we hünärmenler gatnaşdy. Halkara ylmy çärä gatnaşyjylar maslahat açylmazdan öň, ýagny 11-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine hem-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Şeýle hem şol gün olar üçin «Ylham» seýilgähine gezelenç guraldy.

Ylym — ösüş­le­riň esa­sy­ny düz­ýän gym­mat­lyk

Däp bol­şy ýa­ly, 12-nji iýun­da Türk­me­nis­tan­da Ylym­lar gü­ni giň­den bel­le­nil­di. Bu se­nä ba­gyş­la­nan baý maz­mun­ly çä­re­ler alym­la­ryň ta­gal­la­la­ry­ny yl­myň mö­hüm we gel­je­gi uly ugur­la­ry­na gö­nük­dir­mek­de, öza­ra tej­ri­be alyş­mak­da, hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe bol­dy. Oguz han adyn­da­ky In­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar ins­ti­tu­ty we Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Hal­ka­ra yl­my-teh­no­lo­gi­ýa par­ky esa­sy çä­re­le­riň ge­çi­ri­len ýe­ri bol­dy. 8-nji iýun­da «Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýe­tiň mö­hüm ugur­la­ry: eko-, na­no-, bio- we mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry» ady bi­len ge­çi­ri­len hal­ka­ra yl­my-ama­ly mas­la­hat türk­men alym­la­ry bi­len bir ha­tar­da, 10-a go­laý ýurt­dan mu­gal­lym­la­ry we ýaş alym­la­ry bir ýe­re jem­le­di. Mas­la­ha­tyň gün ter­ti­bi­ne yl­my bar­lag­la­ryň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gyň, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gyň me­se­le­le­ri gi­ri­zil­di. «Türk­me­nis­tan­da in­no­wa­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ösü­şi we gel­je­gi» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­hat hem ut­ga­şyk­ly gör­nüş­de gu­ra­lyp, onuň umu­my mej­li­si­niň do­wa­myn­da çy­kyş eden­ler in­no­wa­sion yk­dy­sa­dy­ýe­tiň halk ho­ja­lyk top­lu­my­nyň äh­li yk­dy­sa­dy iş­le­ri­niň we pu­dak­la­ry­nyň hil taý­dan üz­nük­siz tä­ze­le­nip dur­ma­gy­na öz­bo­luş­ly ma­ýa goý­mak­dy

Türkmenistan — ylymlar ýurdy

Ýurdumyzda ylma we onuň ösüşine aýratyn orun berilýändigi Ylymlar gününiň giňden bellenen çagynda has aýdyň ýüze çykdy. Şanly günde ýurdumyzyň ýaş alymlarynyň we talyplarynyň arasynda yglan edilen ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanmagy has-da guwançly boldy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilmegi däbe öwrülen bäsleşiginiň bu ýylky ýeňijileri hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda yglan edildi hem-de baýraklar bilen sylaglandy. Şa sepraýyna mynasyp bolanlaryň arasynda ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplaryň, umumybilim berýän mekdepleriň okuwçylaryň, beýleki guramalaryň wekilleriniň bolmagy ählimizi begendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagynda eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmegiň, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmagyň, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmagyň baş maksatlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn bellenilýär. Ýurdumyzyň okgunly ösüşi, aýratyn-da, ylymly, bilimli, zehinli ýaşlara, olaryň netijeli ylmy işlerine baglydyr. Şoňa görä-de, berkarar Watanymyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn goldanylmagy we olara giň mümkinçilikleriň döredilmegi ýaşlary täze üstünl

Döwletimiziň ylmy we ykdysady mümkinçiliklerini pugtalandyrmak — alymlaryň baş wezipesi

12-nji iýunda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.

Ylym — Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň binýady

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçirilişde ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar.

Döwletimiziň ylmy we ykdysady mümkinçiliklerini pugtalandyrmak — alymlaryň baş wezipesi

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar. Ylym we bilim islendik döwletiňdir jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçilikleriniň toplumlaýyn pugtalandyrylmagynyň binýady hem-de möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir.

Ylym – röwşen geljegiň çyragy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni dabaraly ýagdaýda bellenilýär. Ylymlar gününiň giňden bellenilmeginde çuňňur many bar. Çünki, ylym jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Düýn 12-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Ylym — Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň binýady

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli däp bolan “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen her ýylda guralýan iki günlük foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda, birnäçe daşary ýurtlaryň, şol sanda Azerbaýjanyň, Belarusuň, Bolgariýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Estoniýanyň, Ýaponiýanyň we beýleki ýurtlaryň Ylymlar akademiýalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Utgaşykly görnüşde geçirilýän halkara ylmy maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar innowasion tehnologiýalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Bu gözden geçirilişde ylym-bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň häzirki döwürdäki ösüşiniň ýokary derejesi aýdyň beýanyny tapýar.

Döwletimiziň ylmy we ykdysady mümkinçiliklerini pugtalandyrmak — alymlaryň baş wezipesi

Aşgabat, 12-nji iýun (TDH). Şu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýaş alymlaryň hem-de talyplaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylyň 12-nji iýunynda bellenilýän Ylymlar gününiň öňüsyrasynda döwlet derejesinde geçirilýän bu bäsleşigi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde guraýar. Oňa ýurdumyzyň zehinli ýaş alymlary, ylmy-barlag institutlarynyň, pudaklaýyn edaralaryň, önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de ylma höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar. Ylym we bilim islendik döwletiňdir jemgyýetiň ösüşiniň, şol sanda Watanymyzyň ykdysady, ylym-bilim mümkinçilikleriniň toplumlaýyn pugtalandyrylmagynyň binýady hem-de möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir.

Döwür bilen galkyn, ylym, ak geljege ýalkym, ylym!

Ylymlar gününiň dabaralary Ylymlar güni mynasybetli welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada guralan baýramçylyk dabarasy belent ruhy joşguna, şatlyk-şowhuna beslendi. Il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, ýaşlaryň we ylym-bilim ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda ýaýbaňlandyrylan dabara aýratyn täsirliligi we baý mazmuny bilen tapawutlandy. Dabaranyň başynda buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Olarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmyň dürli ugurlarynyň ösdürilýändigi, bagtyýar ýaşlaryň ylmy başlangyçlaryna goldaw berilýändigi dogrusynda gürrüň edildi.

Ýaşlaryň ylmy üstünlikleri

Düýn Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýurdumyzda her ýylyň 12-nji iýunynda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bu bäsleşik geljegiň eýeleriniň arasyndan zehinli ýaşlary — alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga ýardam edip, ylmyň dürli pudaklarynda barlaglary höweslendirmäge gönükdirilendir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesil hakdaky taýsyz aladasynyň esasynda bu abraýly ylmy bäsleşige ýaşlaryň gyzyklanmasy has-da artýar. Bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar ynsanperwer ylymlary, himiki tehnologiýalar, molekulýar biologiýa, ýurdumyzyň ylmynda nanotehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika, biotehnologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylyk hem-de derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet ýaly ileri tutulýan ugurlarda özleriniň taslamalaryny we ylmy barlaglaryny, innowasion işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Ösüşleriň binýady

Paýtagtymyzda geçirilen «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat üstünliklere beslendi 11-nji iýunda paýtagtymyzda Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan, türkmen alymlary, mugallymlar we ýaş ylmy işgärler bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemlän forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi.

Myhmanlara söz berýäris:

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hemmetaraplaýyn beýik ösüşlere beslenýän ýurdumyzyň baş şäheri Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen bu günki gün halkara derejeli duşuşyklaryň, sergileriň, ylmy-amaly, işewürlik maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Ýaňy-ýakynda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza döwlet saparyny amala aşyrmagy, şeýle hem Diýarymyzda Ylymlar güni mynasybetli guralýan dabaralardyr halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Biz hem paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ylym — bagtly geljegiň altyn açary

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda düýpli ylmy işläp taýýarlamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmek üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Şonuň bilen birlikde harby ylmyň yzygiderli ösüşine aýratyn üns berilýär. Döwletiň, jemgyýetiň her bir ugurdaky ösüşleri ylmyň-bilimiň ösdürilmegine baglydyr. Ýaş nesliň ylym binýadynyň berk tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň beýanydyr. Ylmy işgärleri taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, halkara ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi ýurdumyzyň harby ylym ulgamynyň abraýynyň artmagyna hem-de dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine goşulmagyna-da ýardam edýär. Häzirki wagtda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň kafedralarynda harby talyplary ylmy barlaglara çekmek, olar bilen ylmy taslamalary işläp taýýarlamak, ylmy işleriň yzygiderli ösüşini gazanmak babatynda ilkinji ädimler ädildi. Institutyň ýaş alymlar gurnagynda ýokary derejeli harby hünärmenleri ylmy taýdan taýýarlamak işiniň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzyň ylmy mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna ýardam etjek işleriň alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär. Ýokary okuw mekdebimizde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlara, ylmy forumlara we ylmy gurnaklara harby talyplar işjeň gatnaşýarlar. Şeýle maslahatlarda harby talyplar we serkerde-mugallymlar dürli ylmy başlangyçl

Mynasyp sowgat

(Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna sowgat eden «Belent boýly ussadym» atly şygyr diwanyny okap) Döretdi Gahryman şahyrymyz täze kitaby,Ol diwany okamagyň has uludyr sogaby,Gaýta-gaýta alna sylyp, edýäris biz togaby,Täze eser gutly bolsun, eý, mähriban şahyrym!

Älemiň çyragy kitap

Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş taýdan ösüşini pugtalandyrmak, kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Halkymyz durmuş taýdan gülläp ösýän, syýasy we ykdysady taýdan pugtalanýan asuda Watanymyzda ruhubelentlikde ýaşap, döredijilikli zähmet çekýär. Bilimi, ylmy ösdürmek, ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamak we geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda durmuşa geçirilýän tutumlar hem bellenilmäge mynasypdyr. Ynsanyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynyň esasy bolup durýan medeniýet hakynda gürrüň edilende, akyl-paýhas hazynasy bolan kitap göz öňünde janlanýar. Çünki kitap adamlary, jemgyýeti kämilleşdirmekde gymmatly ruhy serişde bolup durýar. Kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti hem ýokary bolup, ündelýän pikirler ynsany diňe ýagşy ýola atarýar.