"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Halypa

Hoş owaza maýyl kalbyň adyndan,Size köp dogaýy salam, halypa!Bagtyn guçmuş belent sesiň badyndan,Mukama eýlenen kelam, halypa! Beýik sungat dünýä saçýar ýalkymyn,Joşuňyz ýatladýar umman tolkunyn,«Bilbil bagşysy siz türkmen halkynyň»,Size bu dereje halal, halypa!

Bilekde bişýän gözellik

Keçe Iki sany keçe ýazyldy töre,Birinjisi täze, beýleki köne.

Belentden ýaňlanan owazlar

Ýurdumyzda täze taryhy döwürde milli medeniýetimizi, sungatymyzy galkyndyrmak, ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşikler ýaşlaryň kalbynda belent ruhy joşguny oýarýar. Bagtyýarlygyň we ruhubelentligiň mesgeni bolan eziz Diýarymyzda ýaşlaryň dürli ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezmekleri üçin ägirt uly mümkinçilikler döredilýär. Höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň welaýat tapgyry ýokary guramaçylyga hem-de ruhy joşguna eýe boldy. Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada geçirilen bäsleşik ýaşlara ussatlygyny, ukyp-başarnygyny görkezmäge mümkinçilik berdi. Bäsleşige gatnaşan ýaş höwesjeň aýdymçylar gezekli-gezegine sahna çykyp, onuň şertleri esasynda estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Ýerine ýetirilen aýdym-sazlarda ata Watanymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan beýik işleriniň, milli gymmatlyklarymyzyň, tebigatymyzyň taýsyz gözellikleriniň waspy joşgunly beýanyny tapdy. Olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkyn

Bäsleşigiň ýeňijilerine söz berýäris

Guwanç TOÝÇYÝEW,Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy: — Türkmen halky ähli döwürlerde hem aýdym-saz sungatyna uly sarpa goýup gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şol sarpanyň has-da belende göterilendigi her birimizi buýsandyrýan hakykat. Medeniýetimiziň, sungatymyzyň barha ösýän döwründe ýaşaýandygym, özümiň hem sungata dahylly adam bolup ýetişendigim üçin ykbalymdan müň keren razy.

ÜNSSIZLIKMI ÝA PERWAÝSYZLYK?!

Amerikaly ussat skripkaçy Joşua Belliň döredijilik babatdaky meşhurlygy 1975-nji ýyldan bäri sazandalara gowşurylýan abraýly sylag – Eweri Fişeriň baýragyna mynasyp bolandan soň has-da artdy. Hatda adamlar Joşuanyň çalýan sazlaryny zalyň birinji hatarynda hezil edip diňlemek üçin 415 dollarlyk petege-de puluny gaýgyrmaýardylar. Emma sazyň ölemen janköýerleri filarmoniýadan daşarda sazandanyň ussatlygyna mynasyp baha berip bilýärmikä? Bu sowalyň jogabyny «The Washington Post» neşiriniň geçiren jemgyýetçilik tejribesi has-da aýdyňlaşdyrdy.

ADY DÜNÝÄ DOLAN BEÝIK PYRAGY

Güneşli Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, milli medeniýetimizi, edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Toý-baýramlaryň goşadan gelýän ülkesinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler hem barha giň gerime eýe bolýar. Akyldar şahyryň baý many-mazmunly döredijiliginiň, gyzyldan gymmatly şygyrlarynyň bu günki gün diňe bir türkmen halky tarapyndan däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden öwrenilmegi dana şahyryň mertebesiniň belentdigini aýdyň görkezýär. Ynsan kalbynda ajaýyp duýgulary döredip, agzybirlige çagyrýan beýik akyldaryň bize galdyran baý edebi mirasy bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülip, dünýäde dabaralanýar.

Zehinli sazandalarymyzyň Wenadaky üstünligi

25 — 28-nji iýulda Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherinde X Bütindünýä orkestr festiwaly geçirildi. Oňa ýurdumyzyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan ýaşlar kamera orkestri hem gatnaşdy. 2013-nji ýylda Wena şäherinde esaslandyrylan Bütindünýä orkestr festiwaly her ýyl uly şatlyk-şagalaň bilen geçirilip, ol dünýäniň dürli künjeklerinden köp sanly sazandalary we orkestrleri bir ýere jemleýär. Degişli guramaçylyk toparynyň çakylygy boýunça türkmen sazandalary şu ýyl 10-njy sapar geçirilýän bu festiwala ilkinji gezek gatnaşdylar. Türkmenistan bilen bir hatarda, festiwala Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa, Niderlandlar, Horwatiýa, Hytaý ýaly ýurtlardan jemi 17 orkestr gatnaşdy.

Änew — gadymy medeniýetiň ojagy

Änew medeniýeti biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda ýüze çykyp, biziň eýýamymyzdan öňki IV müňýyllygyň ahyryna çenli dowam edipdir. Arheologik babatda ol eneolit döwrüne gabat gelýär. Änew medeniýetini döreden ilat Gyzylarbatdan Göksüýri demir ýol menziline çenli Köpetdagyň etegindäki düzlüge ýaýrapdyr. Änew medeniýetiniň gazanan üstünlikleri umumadamzat medeniýetiniň ösmegine düýpli goşant goşdy. Ol Merkezi Aziýada ilkinji siwilizasiýanyň, ýagny Altyndepe siwilizasiýasynyň hut türkmen topragynda kemala gelmegine binýat bolup hyzmat etdi. Türki medeniýetiniň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem ýönelige däl. Gadymy Änew şäheri ak bugdaýyň ilkinji mekanydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitabynda bu gadymy topragyň baý taryhy barada gymmatly maglumatlar getirilýär. Merkezi Aziýada iň gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýeti Änew topragynda ýüze çykypdyr. Bu medeniýeti döreden ilatyň galdyran yzlaryny öwrenmek XIX asyryň soňky onýyllyklarynda başlanýar. 1886-njy ýylda A.W.Komarow Änewiň günorta-gündogar tarapynda ýerleşýän gadymy depelerde gazuw işini geçirýär. Şonda ol birnäçe tapyndylary ýüze çykarýar. Ýüze çykarylan maglumatlar ylmy taýdan derňelmedik hem bolsa, olar barada çap edilen gazet makalasy bu ýadygärliklere alymla

Juwan ýürekleriň joşguny

Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada geçirilen welaýat tapgyry tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Baýramçylyk ruhundaky sahnada eziz Diýarymyzyň günbatar sebitiniň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirişlerde saýlanan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň 10-sy ýokary ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. Olar köp sanly tomaşaçylaryň we talapkär emin agzalarynyň öňünde öz döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Ýaş zehinleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rowaç tutumlaryny, dost-doganlygy, erkana söýgini, sagdyn durmuş ýörelgesini, tebigat gözelliklerini wasp edýän joşgunly estrada we halk aýdymlary tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary bilen garşylandy. Täsirli hem şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalaryna mynasyp boldy. Şatlyk-şowhuna beslenen çärede çykyş eden ýaşlara gymm

Zehin uçgunlary

12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylýan üstünlikler bir hatarda medeniýet ulgamynda çagalar sungat we çeperçilik mekdepleriniň işini talabalaýyk guramagyň hem-de kämilleşdirip durmagyň möhümdigine üns çekdi. Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebi 1958-nji ýylyň 28-nji iýunynda açyldy. 1965-nji ýylda mekdebe Türkmenistanyň halk suratkeşi Bäşim Nuralynyň ady dakylýar. Şu geçen ýyllaryň içinde mekdebimizde ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden tanalýan türkmen nakgaşlarynyň, heýkeltaraşlarynyň ençemesi bilim aldy.

«Magtymguly» operasy sahnada

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileý toý-dabarasyna türkmen saz sungatynyň wekilleri hem özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyndan düzülen aýdym-saz topary hem opera eserini döretmekde uly tejribesi bolan, kompozitorlar Aşyr Kulyýew bilen «Abadan», Daňatar Öwezow bilen «Leýli-Mejnun» operalaryny döretmäge gatnaşan Ýuliý Meýtus akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen «Magtymguly» operasyny halkyň dykgatyna ýetirdi. «Magtymguly» operasynyň librettosyny 1962-nji ýylda belli ýazyjy Berdi Kerbabaýew bilen ussat režissýor Alty Garlyýew ýazýar. Dana şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bu saz eserine dirižýorlyk etmegi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Gurban Babaýew öz üstüne alýar. Golaýda bu opera barada gürrüň bermegini haýyş edip, ussat dirižýor Gurban Babaýewe ýüz tutduk. Ol şonda şeýle diýdi:

Halypa heýkeltaraşyň sergisi

«Daragt kökünden suw içýär»

Bagşy Mukamlar möwç urar meňzäp ummana,Ylham hyruç alyp, gaýnanda bagşy.Arzuwa ganatdyr, melhemdir jana,Nagmalaň çar ýana ýaýranda, bagşy!

Çyn-Ma­çyn­da türk­men me­de­ni­ýe­ti­niň to­ýy

Ýakynda Pekin şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna ýurdumyzyň wekilçilikli topary hem gatnaşdy. Bu döredijilik çäresi dostlukly ýurduň jemgyýetçilik köpçüligini halkymyzyň köpöwüşginli sungaty, özboluşly däp-dessurlary hem-de medeniýet ulgamynda gazananlary bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Me­de­ni­ýet ýy­ly­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy Pe­ki­niň Týan Szýao teat­ryn­da ge­çi­ril­di. Bu ýer­de Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let me­de­ni­ýet mer­ke­zi­niň Döw­let mu­ze­ýi­niň gaz­na­la­ryn­da sak­lan­ýan mil­li gym­mat­lyk­la­ryň ser­gi­si ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy. Ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň, ga­dy­my ly­bas­la­ryň, zer­gär­çi­lik önüm­le­ri­niň, dün­ýä­de şöh­rat ga­za­nan türk­men ha­ly­la­ry­nyň ne­pis­li­gi, öz­bo­luş­ly­ly­gy ser­gä gaý­ta­lan­ma­jak mil­li öwüş­gin çaý­dy. Bu gym­mat­lyk­lar aja­ýyp­ly­gy, reňk­le­ri­niň we be­zeg iş­le­ri­niň saz­la­şy­gy bi­len hal­ky­my­zyň köp­ta­rap­ly ze­hi­ni­ni ala­mat­lan­dyr­ýar. Hu­su­san-da, ha­ly we ha­ly önüm­le­ri, ga­dy­my kü­müş şaý-sep­ler, dür­li gör­nüş­dä­ki zer­gär­çi­lik önüm­le­ri, ola­ryň reň­ki­niň, be­zeg daş­la­ry­nyň saz­la­şy­gy, ady ro­wa­ýa­ta öw­rü­len ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň kü­müş şaý-sep­le­ri da­ba­ra gat­na­şy­jy­lar­da uly tä­sir gal­dyr­dy.

«Gal­ky­nyş» folk­lor to­pa­ryn­dan kü­müş me­dal

Ýa­kyn­da Tür­ki­ýe Res­pub­li­ka­sy­nyň Bur­sa şä­he­rin­de Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ) we dost­luk­ly ýur­duň de­giş­li dü­züm­le­ri­niň gu­ra­ma­gyn­da «Al­tyn ga­ra­göz» at­ly halk tans­la­ry­nyň 36-njy hal­ka­ra bäs­le­şi­gi ge­çi­ril­di. On­da ýur­du­my­za we­kil­çi­lik eden «Türk­men­gaz» döw­let kon­ser­ni­niň Me­de­ni-işe­wür­lik mer­ke­zi­niň «Gal­ky­nyş» tans, aý­dym-saz, folk­lor to­pa­ry ikin­ji baý­rak­ly or­na, kü­müş ku­bo­ga we ýö­ri­te baý­ra­ga my­na­syp bol­dy. 7 — 12-nji iýul ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­len hal­ka­ra bäs­le­şi­ge gat­na­şan ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik to­pa­ry me­de­ni fo­ru­myň düz­gün­na­ma­syn­da gör­ke­zi­len şert­ler bo­ýun­ça çy­kyş­la­ry ýe­ri­ne ýe­ti­rip, hal­ky­my­zyň öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry­ny saz we tans sun­ga­tyn­da us­sat­lyk bi­len gör­kez­me­gi ba­şar­dy. Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­zy, mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi şöh­le­len­dir­ýän çy­kyş­lar bäs­le­şi­ge gat­na­şy­jy­lar­da we emin ag­za­la­ryn­da tu­ruw­baş­dan uly tä­sir gal­dyr­dy. Tans­çy­la­ry­my­zyň ne­pis na­gyş­lar bi­len be­ze­len mil­li ly­bas­la­ry, şaý-sep­le­ri ola­ryň çy­kyş­la­ry­na aý­ra­tyn öwüş­gin çaý­dy.

Ady dünýä dolan akyldar

Magtymguly Pyragy — türkmeniň akyldar şahyry, dünýä meşhur söz ussady. Özüniň gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän beýik şahyrymyzyň mertebesi, onuň türkmen taryhyndaky, jemgyýetçilik-syýasy, medeni-edebi durmuşyndaky orny müdimidir. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşaýan bagtyýar türkmen halky beýik söz ussadynyň sarpasyny belent tutýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylýan 2024-nji ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly şygary asynda geçmegi, şahyryň hormatyna Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi, Aşgabadyň ajaýyp künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň we Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň gurlup, dabaraly ýagdaýda açylmagy, Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy, şahyryň eserlerini özünde jemleýän “Magtymguly” atly kitabyň neşir edilmegi şanly ýylymyzyň ajaýyp wakalarydyr.

Şygryýeti — owaz, sazy — şahyrana

Magtymgulynyň poeziýasynyň many-mazmuna, obrazlara baýlygy, şeýle hem ýokary estetiki gymmaty Nury Halmämmedowyň duýgur ruhuna ýakyn bolup çykypdyr. Türkmen diliniň özboluşly aýratynlyklaryny özünde jemleýän we halk döredijiliginiň ruhy siňen Magtymgulynyň goşgulary öz gözelligi, dogruçyllygy, akgynlylygy, çeýeligi, pelsepesi bilen kompozitoryň döredijiliginiň geljekki ykbalyny we dünýägaraýşynyň giňligini kesgitläpdir. Onuň baý wokal mirasynda beýik Pyragynyň goşgularyna döreden wokal toplumy milliligi bilen göze ilýär. N.Halmämmedow Magtymgulynyň goşgularyna toplum ýazan ilkinji kompozitordyr. Ol bu toplumy baryp talyplyk ýyllary — 1959-njy ýylda başlap, 1963-nji ýylda tamamlapdyr. Awtor şahyryň şygyrlarynyň sekiz sanysyny saýlap, şolardan hem toplum döredýär. Bu ýerde biz mazmuny boýunça dürli-dürli, söýgi lirikasyndan başlap, filosofik we watançylyk temalaryna degişli goşgulary tapyp bileris.

«Döwrümiz bar, döwürlerden sapaly...»

Arkadag şäheriniň gurulmagy türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň ýene bir subuty boldy. Şu döwri, şu eşretli zamany gören her bir döredijilik adamynyň joşubermegini tebigy ýagdaý hasaplasa bolar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň mundan buýanky ösüşlerine hem giň gerim berilýär. Şeýle bolansoň il-halk bähbitli, haýyrly işleri alyp barýan her bir döredijilik adamynyň zähmeti hem yrýa gidenok. Ýurdumyzda olaryň sarpasy-sylagy ýeterlik. Türkmenistanyň halk artisti, Hormatly il ýaşulusy Kakadurdy Täjimow bilen söhbetdeşligimiz hem şular dogrusynda boldy. Halypa bagşy sözlerini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan uly işlere buýsançdan başlady.

Il sylamyş ol halypa hormatyn

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň asyrlar aşyp gelen milli mirasynyň täze belentliklere göterilen döwri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen hut soňky birnäçe ýylyň içinde gadymy ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň birnäçesi ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Olaryň arasynda halkymyzyň irki döwürlerden bäri belent sarpa goýup gelen dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungaty hem bar. Halkara derejesinde ähladamzat gymmatlyklarynyň hataryna goşulan dutar ýasamak senetçiligi we bagşyçylyk sungatynyň ýurdumyzyň gündogar sebitindäki ösüşli ýollary barada biz welaýat ýörite sungat mekdebiniň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň halk bagşysy Gurbandurdy Öwezow bilen söhbetdeş bolduk. — Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň we bagşyçylyk sungatynyň dünýä içre meşhurlygynyň artmagy bu kesbi öwrenmek isleýänleriň has-da köpelmegine hem, bagşyçylyga ýykgyn edýänleriň artmagyna hem uly itergi berdi. Söhbedimiziň başyny şu dogrusyndaky gürrüňden başlaýsak!

Alymlara uýsaň, açylar gözüň

Ylym we bilim beýik maksatlara ýetmekde jemgyýetimizi birleşdirýän, Garaşsyz döwletimiziň kuwwatyny has-da artdyrýan baýlykdyr. Dünýädäki ähli syrlaryň açary ylymda jemlenýär. Parasatly pederlerimiziň «Alym — ylym eýesi, jemgyýet — alym eýesidir» diýip belleýişleri ýaly, gadymy döwürlerden bäri jemgyýeti ösdürmekde, kämilleşdirmekde alymlaryň hyzmatyna uly orun berlipdir. Olara uly sylag-sarpa goýlupdyr. Muňa halk arasynda dilden-dile geçip gelýän rowaýatlardyr hekaýatlar hem doly şaýatlyk edýär. Aýdyşlaryna görä, kyýamatda Haktagala adamlardan hasap soranmyşyn. Şonda bir bendäniň günäsi sogapdan agyr gelipdir. Haktagala şonda Jebraýyldan sorapdyr: