Milletiň ogullaryna baky şöhrat!
Ýurdumyzda her ýylyň 6-njy oktýabrynda durmuşyň abadanlygy, halkyň erkinligi ugrunda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar, şeýle-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary ýatlanylyp, Hatyra güni bellenilýär. Munuň özi il-ýurt diýip göreşen merdanalary hatyralamagyň, ýüreklerde we hakydalarda saklamagyň, olaryň geçen ýoluny nesiller üçin terbiýe mekdebine öwürmegiň müňýyllyklardan gözbaşly ýörelgesidir. Mälim bolşy ýaly, Hatyra gününde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilýär, öý-ojaklarda sadakalar berilýär, aýat-töwirler okalýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilýär. Toplumdaky 1948-nji ýylyň ýertitremesinde gurban bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralamak üçin «Ruhy tagzym» ýadygärligi, faşizme garşy söweşlerde wepat bolan türkmenistanly esgerleriň hem-de mähriban Watanymyzyň erkinligi, onuň bagtyýar geljegi ugrundaky söweşlerde baş goýan gahrymanlaryň hatyrasyna bina edilen «Milletiň ogullary» we «Baky şöhrat» ýadygärlikleri halkymyzyň gahrymançylykly taryhyny şöhlelendirýär. Bu ýerde türkmen topragynyň merdana ogullary baradaky synmaz hakydanyň nyşany hökmünde «baky ot» ýanyp dur. Bu ýadygärlikler toplumy gahryman türkmenistanlylaryň baky şöhratyna, edermenligine bu günki nesilleriň mukaddeslik hökmünde garaýandygynyň, tagzym edýändiginiň alamatydyr.