"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Joşguna beslendi

Babadaýhan etrabyndaky Babadaýhan dokma toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýy mynasybetli «Garaşsyzlyk — buýsanjymyz, bagtymyz» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Ahal welaýat birleşmesiniň, şeýle-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda bolan dabaraly maslahata dokma toplumynda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdy. Maslahatda ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde beýleki ugurlar bilen bir hatarda, dokma senagaty pudagynyň hem düýpgöter ösendigi, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün pudagyň önümçilik kuwwatynyň sazlaşykly ýokarlanýandygy, daşary ýurtlardan getirilýän dokma önümleriniň ornuny tutýan hem-de daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberleriniň artýandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Ruhubelentlikde geçen maslahatyň dowamynda Babadaýhan dokma toplumynyň işçi-hünärmenleriniň ýurdumyzyň ýeňil senagaty pudagynyň ösüşlerine goşýan saldamly goşantlary barada aýdylanlar gyzgyn garşylandy.

Şanly sene mynasybetli

Tejen etrap merkezindäki Medeniýet öýünde «tegelek stoluň» başynda geçirilen söhbetdeşlik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi tarapyndan guraldy. Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda bolan söhbetdeşlik mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlandy. «Tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten derejesi, dürli ugurlarda amala aşyrylan işler, ýetilen sepgitler barada gürrüň edilip, naýbaşy toýumyzyň bosagasynda ak mermerli paýtagtymyzda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlykly barmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi. Çykyş edenler döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, abadançylygyny berkitmekde, döwletimiziň has-da kuwwatlanmagyna ýardam bermekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn belläp geçdiler.

Dost-doganlygyň nusgasy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaralar geçirilýär. Şeýle şanly dabaralaryň biri hem ýakynda geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahatydyr. Şanly Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri hem-de Diýarymyzyň ähli sebitlerinden wekiliýetler gatnaşdylar. Munuň özi baş baýramymyzyň dabarasyny has-da belende göterýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen doganlarymyzy bir maslahata jemlemek asylly däbe öwrüldi. Maslahatyň öňüsyrasynda halkymyzyň baý medeni mirasynyň, geçmişiniň, özboluşly däp-dessurlarynyň köpöwüşginliligini görkezýän şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Bu bolsa milli gymmatlyklara belent sarpany, şöhratly geçmişimize buýsanjy beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda şeýle bellenilýär: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny toýlaýan ata Watanymyz döwletli tutumlar, asylly başlangyçlar we aýdyň maksatlar bilen ynamly öňe barýar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgelerimiz esasynda ýurdumyzda taryhy işler durmuşa geçirilip, uly ö

Ýollar asuda — durmuş abadan

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk sürüjileriň hem-de pyýadalaryň abadançylygynyň, ýollaryň abatlygynyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygy ýyllary içinde köçedir ýollarda howpsuz hereket höküm sürer ýaly, Diýarymyzyň ähli künjeklerindäki ýollarda abadanlaşdyryş işleri geçirildi, täze, giň ýollaryň, pyýadalaryň rahat hereket etmegi üçin ýanýodalaryň gurluşyklary depginli alnyp baryldy. Ýollarda ulag hem-de ýolagçy gatnawlarynyň kadaly, sazlaşykly bolmagy üçin awtomobil ýollarynda degişli belgileriň goýulmagy, olaryň ýeterlik derejede yşyklandyrylmagy, wideo gözegçilik enjamlarynyň oturdylmagy, pyýadalara niýetlenen ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurulmagy ýol hereketiniň howpsuz bolmagy üçin esasy şertlerdir. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň meýilnamasyna laýyklykda, okuwçylaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri-de özüniň oňyn netijesini berýär. Olarda ýurdumyzyň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleriniň ýol-hereketiniň howpsuzlygy, düzgünleri, ýolda özüňi alyp barmagyň kadalary barada degerli maslahatlar berilýär. Ýaşlaryň, mekdep okuwçylaryň hem-de kiçi ýaşly çagalaryň ýol hereketiniň kadalaryny doly we dogry berjaý etmeklerini wagyz-nesihat etmekde bilim işgärleriniň alyp barýan wagyz-nesihat çäreleri uly ähmiýete eýedir. Ýola çykyla

Wagyz-nesihat işleri geçirilýär

Tejen etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekilleri bolup, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli sürüjilerdir pyýadalaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini giň gerim bilen alyp barýarys. Etrabymyzyň bilim-terbiýeçilik ojaklarynda ýaş nesliň arasynda guraýan wagyz-nesihat duşuşyklarymyzyň netijeliligini gazanmakda aýratyn tagalla edýäris. Biraýlygyň badalga alan gününden bäri etrabymyzdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň aglabasynda wagyz-nesihat işleri geçirildi. Olaryň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan mekdep burçlary, diwarlyklar taýýarlandy, orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň binýadyndaky okuw-tälim beriş meýdançalarynda gyzykly çäreler guraldy. Munuň özi ýaş nesliň ýol hereketiniň düzgünleri boýunça düşünjesiniň, sowatlylygynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirdi. «Ýol abat—il abat» diýen ýörelgeden ugur alyp geçirýän düşündiriş işlerimiz sagdyn durmuşyň rowaçlanýan ýurdy bolan eziz Watanymyzyň ak ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagynda örän ähmiýetli bolup durýar.

Düzgün-kadalar düşündirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji, 46-njy orta mekdeplerde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli geçirilen wagyz-nesihat duşuşyklary diýseň täsirli boldy. Etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik bölümçesi, «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan guralan duşuşyklaryň esasy maksady ýol hereketiniň kada-düzgünlerini ýaş nesle düşündirmekden we olaryň bu ugurdaky sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Duşuşyklarda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada gürrüň edildi. Onuň barşynda ýoluň pyýadalar üçin niýetlenen ýerlerinden, ýanýodalardan, ýerasty geçelgelerden, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri boýunça ýaşlara öwüt-ündewler aýdyldy.

Ýollarymyz asuda bolsun!

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, berkitmek bilen bir hatarda ynsan saglygyna zyýan ýetirip bilýän hadysalaryň öňüni almaga gönükdirilen çäreler yzygiderli geçirilýär. Şolaryň biri-de, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly köpçülikleýin çäredir. Bilşimiz ýaly, gün-günden pajarlap ösýän Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlardaky ösüşler, özgertmeler bilen bir hatarda awtoulaglaryň sany gün-günden artýar, netijede, ýol hereketiň düzgünleri barha kämilleşdirilýär. Sürüjileriň we pyýadalaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekleri üçin dürli çäreler, wagyz-nesihat işler geçirilip durulýar. Ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin zerur çäreler işlenip taýýarlanylýar, dürli usullar arkaly ýerlerde, edara-kärhanalarda, jemgyýetçilikde, maşgalada, her bir raýatyň aňyna ýeter ýaly habar beriş serişdeleri bolan teleýaýlymyň, radionyň, metbugatyň üsti bilen giňişleýin wagyz-nesihat işleri, gürrüňdeşlikler, söhbetdeşlikler geçirilýär. Amala aşyrylýan çäreleriň netijesinde ýol hereketiniň howpsuzlygy belli bir derejede üpjün edilýär hem-de oňat netijeler gazanylýar.

Wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Şu günler biraýlygyň çäklerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri, gözükdiriji amaly okuwlar baý mazmuna eýe bolýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Daşoguz garnizonynyň harby awtomobil gözegçiliginiň guramagynda welaýatyň çägindäki harby bölümleriň şahsy düzümleriniň we harby mekdebiň okuwçylarynyň arasynda wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirilýär. Şeýle mazmunly wagyz-nesihat çärelerinde köp gatnawly köçedir ýollaryň islendik ýerinden kesip geçmän, ýolyşyklaryň bar ýerinden, ýörite geçelgelerden geçmelidigi, ýol hereketiniň ähli düzgünlerini doly berjaý etmegiň zerurdygy hakynda düşündiriş işleri geçirilýär.

Täsirli gezelenç

Milli gymmatlyklarymyz — ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramagynda “Milli gymmatlyklarymyz — ýaş nesillerimize nusgalyk mekdep” atly gezelenç guraldy. Oňa TMÝG-niň şäher geňeşiniň we welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri, şäherimiziň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk dowam edýär

Sagdyn durmuş bagtly geljegimiziň kepilidir Golaýda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk mynasybetli Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde şäher häkimliginiň, welaýat gümrükhanasynyň, şäher prokuraturasynyň, şäher kazyýetiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda “Sagdyn durmuş bagtly geljegimiziň kepilidir” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa şäher häkimliginiň, welaýat gümrükhanasynyň, şäher prokuraturasynyň, şäher kazyýetiniň, şäheriň polisiýa bölüminiň, TZB-niň şäher bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň işgärleri hem-de ýokarda ady agzalan orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarydyr mugallymlary gatnaşdylar.

Biraýlygyň çäklerinde möhüm işler alnyp barylýar

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy bilen 2015-nji ýylda başy başlanyp, her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän biraýlyk ýylyň-ýylyna öz netijeliligini görkezip gelýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi gönüden-göni ynsan saglygyny goramaga gönükdirilendir. Onuň düýp özeninde ynsan saglygyny goramak hakdaky alada durandyr. Bu alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda möhüm orun eýeleýär. Ýol hereketiniň asudalygyny, pyýadalaryň we sürüjileriň ýol hereketiniň kadalary baradaky düşünjelerini ýokarlandyrmak, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Muňa biraýlygyň dowamyndaky meýilnama boýunça tassyklanan toplumlaýyn çäreler aýdyň şaýatlyk edýär. Ýakynda Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň guramagynda bu biraýlygyň çäklerinde talyp ýaşlaryň ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmeklerini gazanmak maksady bilen, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — saglygymyzyň girewi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen biraýlygyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Biziň her birimiz ýolagçy ýa-da sürüji hökmünde ýol hereketine gatnaşýarys. Şonuň üçin

Watan söýgüsi ähli ýürekleri birleşdirýär

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi Mälim bolşy ýaly, 1991-nji ýylyň maýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň (DTYB) işi Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty aýratyn ähmiýete eýedir.

Ata Watan — maksatlaryň myrady

Geçen şenbe güni, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky ХХV maslahaty geçirildi. Ata Watanymyzyň özbaşdaklygynyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçen bu maslahata Birleşigiň işgärler düzümi, ýurdumyzdaky we daşary ýurtlardaky şahsy hem-de köpçülikleýin agzalaryň, şeýle-de syýasy-jemgyýetçilik, medeniýet ulgamlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy. Umumytürkmen maslahatynda Birleşigiň işjeň wekilleri Hormat haty bilen sylaglandy. Biz bu maslahata gatnaşan watandaşlarymyzyň käbiriniň watançylyga ýugrulan ýürek sözüni okyjylar köpçüligine ýetirmegi makul bildik. Seýitmuhammet MUHAMMETSYDDYH, DTYB-yň şahsy agzasy, owganystanly türkmen, «Dostluk gatnaşyklary» hususy kärhanasynyň ýolbaşçysy:

Demokratik ýörelgäniň belent nusgasy

Şu günler ýurdumyzda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, ata Watanymyzyň gadymdan gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär. Forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, guramaçylyk komiteti döredildi. Häzirki wagtda ol toplumlaýyn işleri amala aşyrýar.

Düzgünleri berjaý etmek borjumyzdyr

Her ýylyň güýz paslynyň ilkinji aýynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen geçirilmegi däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem baý many-mazmunly çärelere beslenýär. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň häzirki günlerinde eziz Diýarymyzyň ähli ýerinde giň gerim alan ýol hereketi bilen baglanyşykly düşündiriş işleri, maslahatlardyr duşuşyklar, bäsleşikler hem şaýatlyk edýär. Turuwbaşdan bellesek, biraýlygyň çärelerini göwnejaý guramak maksady bilen, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite meýilnama taýýarlanyp, bu ugurda ýerine ýetirilmeli işler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, ýol hereketiniň düzgünleri boýunça ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, ýokary, orta we umumybilim berýän mekdeplerde okaýan ýaşlaryň arasynda düşündiriş sapaklarydyr wagyz-nesihat işlerine giň gerim berilýär.

Biraýlyga bagyşlanan bäsleşik

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň Çagalar awtoşäherçesinde Aşgabat şäherindäki orta mekdepleriň 6-7-nji synp okuwçylarynyň arasynda ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan bäsleşik geçirildi. «Ýol hereketi barada umumy düşünje. Pyýadalaryň we ýolagçylaryň borçlary» diýen şygar astynda geçen bu bäsleşik «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi hem-de Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi tarapyndan guraldy.

Görseň üzüm, düzüm-düzüm (Publisistika)

«Ir turan işinden dynar» diýleniň mysaly şu bolmaly. Gadymy Garadaşaýak obasynyň horazlary daňdan bolanyny buşlap ýetişmänkä, guýlan kenek ýaly ykjam göwreli, orta boýludan bugdaýreňk, tegelek ýüzli adam eýýäm demirýoluň ilersindäki üzümçiligiň içinde «gögerene» meňzäpdi. Hä-ä, eýýäm gapydaky baggoýunlara, sagylýan sygra, eýesini görenden käkeleşip ugran towuk-jüýjelere ot-suwuny beribem ýetişipdi. Eždatlaryň «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýen gadymy aýtgysy ekine hem degişli bolmaly. Gör-ä, joýasyna girersiň weli, daň çygyna hasam ýazylan ýaşyl ýapraklar, sen golaýlanyňdan terleniberýän hoşalar gözüň düşenden has agramlanyberýän ýaly. Öňki daýhanlar aýdyp gidipdir-ä: «Ekin eýesiniň eli degse, düýbünden göterilen ýaly boluberer» diýip. Her gezegem pederiniň pendini ýatlar: «Ekinçi bolma, çyn babadaýhan boljak bol. Onsoňam «Ýeriň azy eklär, malyň — köpi» diýleni gulagyňda bolsun. Bir gysym ýere yhlas et, on gulaç ýere barabar hasyl-hümmet eçiler. Bilgin, gadymy Büzmeýin üzümiň tüýs mesgenidir. Akşekerek, gara halyly, bidäne, gelinbarmak, düýegöz... garaz, diňe şu toprakda «hakyt däliräp bitýär» diýilýän görnüşleri bardyr. Başga ýerlerde-de göze doly üzüm bardyr, howasyna, topragyna, suwuna görä. Ýöne Büzmeýiniňki irem bişer, her hoşasy «oglanyň kellesi ýaly» diýilýänem bolar, tagamam bir iýseň, ýene küýseder durar. Onsoňam «Üzüm — özüm» diýleninem unutma. Üzüm töweregine baş

Çigrek (Durmuş we biz)

Işe atygsaýan ýüregime aýaklarymyň goltgy berýänini duýup barşyma, bir demde duralga ýetenimi bilip galdym. Ak öý ýaly duralgalardaky ýolagçylaryň käbirleri bilen baş atyşyp, has tanyşlary bilen içgin saglyk-amanlyk soraşyp durşuma, gözüm 160-lygyň ýolundady. Şol barmana goňşy okuwçy gyz salam berip, ýylgyrypjyk ýanyma geldi. Egninden asylgy torbajygy onuň dil ugrundan haýsydyr bir okuw merkezine gatnaýandygyndan habar berýärdi. Tüweleme, tomus çagalaryň boýlaryna-inlerine bat beräýýär. Özümiňkiler şeýlemikä diýsem, bujagaz gyzyňam boýjagazyna guwanybermeli bolandygyna aň etdim. Ol bolsa: «Gelneje, eýýäm sowuk düşäýdimi?!» diýen sowaly bilen pikirimiň hörpüni üýtgetdi goýaýdy. Sebäbi bir-iki günlükde öýümizde-de şeýleräk gürrüň bolupdy. Gelnimiz indi agşamlaryň mazaly salkynlanyny aýdyp, serginledijä dynç bermek wagtynyň ýetenini çagalaryna tekrarlaýardy. Gyz agtygym bolsa: «Gün, tün» diýip, meniň zol gaýtalaýan sözlerimi ýatlap, enesini diňlemek isleýärdi. Uzak garaşdyrman onuň islegini berjaý etmeli boldum: «Gyzym, «Üçýyldyzda tün sowar, Ýaldyrakda Gün sowar» diýenimi ýatlaýaňmy? Atalarymyzyň aýdan sözleriniň yrýasy bolmaz. Olar müň bir gezek ölçerip-döküp, soňra şeýle aýtgylary döredipdirler. Özüňizem oňa şaýat bolduňyz ahbetin. «Üçýyldyzyň galgyny, Ýaldyragyň ýangyny» diýlen mütdetde howa nähili yssy boldy. Üçýyldyz dogandan soň welin, birazajygam bolsa, gijelere salkynlyk

Üçe çenli — aýny wagty!

MASARU IBUKA (Irki terbiýe bilen bagly 76 maslahat) ÇAGA ÖZ ENE DILINDE GÜRLÄP BAŞLANDAN SOŇ DAŞARY ÝURT DILINI ÖWREDIP UGRAMAK EÝÝÄM GIÇ BOLÝAR

Bagtyýarlyk nury

Bagtyýar türkmen halky 27-nji sentýabrda Watanymyzyň baş baýramyny — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününi dabaraly belläp geçer. Şu ýyl şanly Garaşsyzlygymyza 33 ýyl bolýar. Taryh üçin uzak bolmadyk geçen döwrüň içinde ýurdumyz düýpgöter özgerip, asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Täze obalar, şäherçedir şäherler, döwrebap medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar, köp sanly kaşaň ymaratlar... bularyň ählisi mukaddes ýurt Garaşsyzlygynyň eçilen miweleri. Milli ykdysadyýetimiziň beýik ösüşlerine, halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesine hem diýseň buýsanýarys. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 13-nji sentýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady üstünlikleriniň sergisiniň guraljakdygy barada aýdylmagy bizi diýseň begendirdi. Çünki mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň durmuşynyň dürli ugurlarynda gazanylan üstünliklere nazar aýlamakda bu serginiň ähmiýeti uly bolar.