"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Beýik akyldara, yhlasly we döredijilikli zähmete sarpa

Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlaryna mynasyp bolan ildeşlerimize sylaglary gowşurmak dabarasy geçirildi. Ýokary ruhubelentlige beslenen dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adama hem-de onuň yhlasly we döredijilikli zähmetine uly sarpa goýulýandygy, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeler esasynda raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaklyga gönükdirilen tutumly işleriň alnyp barylýandygy, ildeşlerimiziň sylaglanmagynyň bolsa döredijilikli zähmetini Watana gulluk etmäge bagyşlan adamlara goýulýan sarpanyň nyşanydygy barada aýratyn nygtaldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralara beslenmegi dana şahyra goýulýan belent hormatyň güwäsidir. Bu günki gün edebi mirasy umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna giren şahyryň şygyrlary dünýä halklary tarapyndan söýlüp okalýar» diýlip, dabarada buýsanç bilen bellenildi. Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlaryny çuňňur buýsanç we tolgun

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki ÇYKYŞY

(Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 9-njy dekabry) Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!

Täze edara binasy ulanmaga berildi

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk senesiniň uludan toýlanýan günlerinde dürli maksatly döwrebap binalaryň dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi täze taryhy eýýamyň bagtyýarlygynyň özboluşly subutnamasy bolup durýar. Welaýatymyzyň Gyzylarbat etrabynyň pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasynyň açylyş dabarasy hem munuň güwäsidir. Etrap merkeziniň gözel ymaratlarynyň hataryny artdyran, daş-töweregine mydama gök öwsüp oturýan bag nahallary ekilen döwrebap edara binasynyň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleri, elleri baýdakly, al-elwan gülli talyplar, köp sanly ýerli ýaşaýjylar ýokary ruhubelentlikde gatnaşdylar.

Ýurt garşy alsyn!

Hazar deňziniň kenaryny jähekläp oturan Türkmenbaşy şäherinde 4 gatly, 60 öýli, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisiniň dabaraly ýagdaýda ulanyşa tabşyrylmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň netijeli zähmet çekmegi hem-de oňat ýaşamagy üçin oňaýly şertleriň döredilýändiginiň buýsançly subutnamasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen gol çeken Kararynyň çäklerinde gurlan binalaryň açylyş dabarasy uludan tutuldy.

Uly ösüşlere beslenýär

Ajaýyp zamanada hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ägirt uly energiýa mümkinçiliklerini halkymyzyň hem-de bütin adamzadyň bähbidine netijeli peýdalanmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň: «Nebitgaz pudagynda işleriň alnyp barlyşynda täze usullary, ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlaryny ulanmak bilen, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösmegine oňaýly täsir edýär» diýip belleýşi ýaly, ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem-de geologiýa pudagy döwrebap ösdürilýär, olara sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Welaýatymyzdaky nebitgaza baý ýataklarda iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileri hem «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyrmaga gönükdirilen netijeli geologiýa-tehniki çäreleri durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Olar has çuň guýulary burawlamak arkaly nebitiň we gazyň uly akymyny almagyň hötdesinden gelýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Mälikgulyýewiç BERDIMUHAMEDOWY Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda maksatnamalaýyn özgertmeleri durmuşa geçirmekde, dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary täze derejä çykarmakda, halklaryň arasynda parahatçylyk, dost-doganlyk köprülerini gurmakda, medeni diplomatiýany üstünlikli ösdürmekde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýäde abraýly döwletleriň hataryna goşmakda, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda döreden we toplan ruhy we maddy gymmatlyklaryny, durmuş gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaryny ylmy taýdan esaslandyrmakda, dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň bütindünýä medeni gymmatlyklarynyň hatarynda, dünýä halklarynyň edebiýatynda, jemgyýetçilik durmuşynda tutýan ornuny, onuň milli döwletlilik taglymatyny, öwüt-nesihat, dünýewi häsiýetli ynsanperwer garaýyşlaryny öwrenmek boýunça ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlarynyň, döredijilik işgärleriniň, dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekde, halkara ylmy maslahatlary geçirmekde, ýurdumyzda ylmy, medeniýeti, edebiýaty ösdürmekde, öz ýiti zehininden

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Daniýanyň Patyşasy Frederik X-denhat geldi. Onda: “Daniýa Patyşalygy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Ýesper Wary — Dannebrog ordeniniň birinji derejeli rysaryny Daniýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Waryň ýokary şahsy häsiýetleri onuň öz üstüne ýüklenilen wezipäni Siziň makullamagyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär” diýlip bellenilýär. ***

Edaralaryň we raýatlaryň resminamalary barada 10/12/2024

“Akardag” hususy kärhanasynyň hasabynda duran 24-91 AGG döwlet belgili “Volkswagen Touareg” awtoulag üçin berlen tehniki pasportynyň ýitendigini habar berýäris. ***

Döwlet sylaglarynyň gowşurylyş dabarasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen şygar astynda geçýän üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, alymlarymyz, medeniýet, sungat ussatlary tarapyndan akyldar şahyrymyzyň ömür we döredijilik ýoluny ylmy esasda çuňňur öwrenmek, onuň edebi mirasyny dünýä ýaýmak boýunça köp işler edildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýlanylýan günlerinde hormatly Prezidentimiz şu ugurda aýratyn uly hyzmatlary bitiren watandaşlarymyzyň birnäçesini Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakyndaky resminamalara gol çekdi. Şolaryň hatarynda welaýatymyzyň wekilleriniň hem birnäçesiniň bardygy buýsandyryjydyr.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisden hat geldi. Onda: “Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak maksady bilen, jenap Ýaap Orany Estoniýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim. Jenap Ýaap Oranyň öz üstüne ýüklenilen wezipe borçlaryny ýerine ýetireninde görkezen şahsy ukyp-başarnyklary hem-de tutanýerliligi onuň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrundaky tagallalarynyň Siziň makullamagyňyza hem-de hormat goýmagyňyza mynasyp boljakdygyna ynam döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ilçini hoşniýetli kabul etmegiňizi hem-de meniň adymdan we Estoniýa Respublikasynyň Hökümetiniň adyndan ähli beýan etjeklerine ynanmagyňyzy Sizden haýyş edýärin” diýlip bellenilýär. ***

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy. ***

Täze önümçilik kärhanalary

Düýn Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman önümçilik desgalarynyň birbada ikisi — kofe we kofe önümlerini hem-de nah ýüplük öndürýän kärhanalar dabaraly açyldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişli döwrebap kärhanalar Halkara Bitaraplyk gününe ajaýyp sowgat boldy. Açylyş dabaralaryna welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri, Mejlisiň deputatlary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Täze önümçilik desgalarynyň öňündäki giň toý meýdançalaryny welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk döredijilik toparlarynyň belent ruha beslenen çykyşlary gurşap aldy. Dabaralarda çykyş edenler kärhanalaryň ähmiýeti we mümkinçilikleri, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň senagat pudagyny ösdürmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini giňeltmek, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksportyň möçberini artdyrmak babatdaky tagallalary barada aýdyp, hususy pudagyň wekillerine berýän goldaw-hemaýatlary üçin hoşallyklaryny beýan etdiler.

Döwrebap bina — ilatyň hyzmatynda

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygy Balkan welaýatynda hem toý dabaralaryna beslenip bellenilýär. Düýn Gyzylarbat şäheriniň ajaýyp künjeginde Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Balkan welaýatynyň Pensiýa gaznasynyň müdirliginiň Gyzylarbat etrap pensiýa gaznasynyň bölüminiň häzirki zaman hil ülňülerine laýyk gurlan, täze üç gatly edara binasynyň ulanyşa girizilmegi hem bu dabaralaryň üstüni ýetirdi. Döwrüň ösen talaplaryna doly laýyk gelýän täze binanyň açylyş dabarasy uludan tutuldy. Oňa Balkan welaýat, Gyzylarbat etrap häkimlikleriniň wekilleri, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri, şäheriň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň mähriban Watanymyzy, ösüşli döwrümizi wasp edýän döwrebap aýdym-sazlary, folklor we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Netijeli başlangyçlar we çözgütler — täze üstünlikleriň binýady

Geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn strategiýanyň netijeli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde rowaçlyklara beslenýändiginiň, durmuş ulgamynyň ähli ugurlarynda belent sepgitlere ýetilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. 2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyna hem-de Oba milli maksatnamasynyň berjaý edilişine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Onda bugdaýa agrotehniki kadalara laýyklykda ideg etmek, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, geljek ýylda gowaça ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, möwsümleýin işlerde daýhanlary zerur serişdeler bilen üpjün etmek, biokärhanalarda işleri ýokary derejede guramak meselelerine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen bir hatarda, pagta öndürijiler bilen doly hasaplaşyklary geçirmek, daýhan birleşiklerinde oba hojalyk işleri üçin sarp edilen nebit önümlerine tölegleriň geçirilişini gözegçilikde saklamak, welaýatlarda pagta, bugdaý öndürijiler bilen hyzmat edýän edara-kärhanalaryň arasynda şu ýylyň pagta hasyly, geljek ýylyň bugdaý hasyly üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, Mary welaýatynda ýetişdirilen ga

Halk hakydasynyň hazynasy

Mälim bolşy ýaly, taryhy ýyl ýazgylar diýen düşünje bar. Emma ondan hem has giň we çuňňur köklere uzan taryhy hakyda barada hem oýlanmak zerur. Gahryman Arkadagymyz ilimize serpaý eden «Hakyda göwheri» atly täze eserinde hut şu babatda täze pikirleri öňe sürýär. Aslynda, her bir geçen waka, pursatlar geçmişiň bir parçasy bolsa-da, gadymyýetiň awtorlaryna degişli bolan ýyl ýazgylaryň arasynda taryhy hakykata laýyk ornuny alyp bilmedikleri hem bar. Milli Liderimiziň pikir-garaýyşlaryna görä, taryhy hakyda asyrlar, müňýyllyklar aşyp, heňňamlar dolansa-da, geljekki nesilleriň aňynda öten ata-babalaryndan galan üzülmejek ruhy bagdyr, köňül rişdesidir, buýsançly watançylyk çeşmesidir.

Insult nähili kesel?

Habarçymyz kelle beýnisinde ganaýlanyşyň bozulmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel — insult barada Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maýa Berdiýewa bilen söhbetdeş boldy. — Insult nähili kesel? Onuň döremegine näme sebäp bolýar?

Halkymyzyň beýik gymmatlygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde  her ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilip geçilýär. Bu baýramçylygyň bagtyýar türkmen halkyny aýratyn buýsanja besleýän şöhratly senedigini nygtamak ýakymlydyr. Sebäbi hut şol günde – 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ykrar edildi we bu senäniň bu günki gün dünýäniň ähli döwletleri tarapyndan baýram edilmegi türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat ähmiýetine eýediginiň güwäsidir.

BITARAPLYK – JAHAN IÇRE MERTEBE

Bitaraplyk – jahan içre mertebeAk ýoluň dünýäniň nurly ha:laty,Taglymyňdan şöhrat alýar erteler,Garaşsyzlyk, Bitaraplyk ganaty,Dostanalyk — il-ýurdumyň zynaty. Hasyl bolup döwlet gurmak wysaly,Her säherler «ak ýol» diýýär Pyragy.Jahan bu gün bizden alyp mysaly,Çaýdy ýüreklere sönmez çyragy,Bitaraplyk ýakyn etdi yragy.

KALPLARY JOŞDURÝAN ESER

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana halkymyz beýik geçmişinden we bagtyýar şu gününden ruhlanyp, röwşen geljege tarap ynamly ilerleýär. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen belent şygary ýörelge edinen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň we döwletimiziň at-abraýy barha beýgelýär. Bu gün tutuş dünýäde türkmen halkynyň taryhyna gyzyklanma artýar. Nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň ýokary derejede bellenilýän ýylynda eziz Watanymyza ýakyn-

Şanly taryhyň beýany

Golaýda Gahryman Arkadagymyz zähmet rugsadynda – dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolup, şöhratly taryhymyz hakynda toplan maglumatlary esasynda döreden «Hakyda göwheri» atly täze eserini ýazyp tamamlandygy barada hoş habary ildeşlerimize ýetirdi. Milli Liderimiziň halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda yz galdyran şahsyýetlerine bagyşlan täze kitaby ýaş nesiller üçin gymmatly hazyna çeşmesi bolar. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, biziň her birimiz baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimizde gazanylýan ösüşlere buýsanmaga hem guwanmaga haklydyrys. Hormatly Arkadagymyz «Hakyda göwheri» diýip atlandyran kitabynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary ýerleşdirendigini aýratyn belläp geçdi. Munuň özi täze kitaba bolan gyzyklanmany artdyrýar. Berkarar Watanymyzyň täze taryhy döwründe milli ýol-ýörelgeleriň dabaralanmagy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kämil bilimli, watansöýüji nesliň kemala gelmegi ugrunda taýsyz tagalla edýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.