Alabaýlara baglanan ykbal
Annageldiniň Garagum sährasy bilen tanyşlygy geçen asyryň 80-nji ýyllarynda, ol heniz mekdepde okaýarka başlapdy. Çekene çopany bolup işleýän kakasy Rozy aga her gezek öz ýany bilen Garaguma äkidende, ol guş bolup uçýardy. Sebäbi täsin tebigatly sähranyň ösümlik dünýäsi-de, onuň goýnunda ýaşaýan haýwanlar-da, kakasynyň bakýan sürüsiniň daşynda aýlanyp ýören alabaýlar-da onuň üçin durşuna täsinlikdi. Bu zatlaryň her birinden özboluşly lezzet alýan ýaşajyk Annageldiniň sähra bilen gyzyklanmasy barha artýardy. Aýratyn-da, çopanyň her bir hereketine düşünip, süriniň daşyndan aýlanyp ýören iki sany alabaý onuň ünsüni özüne çekýärdi. Şir ýürekli, aýy penjeli, düşbi alabaýlar barada kakasynyň berýän gürrüňleri soňabaka Annageldini iňňän gyzyklandyrdy. Şeýdip, Garagumuň gyrkylyk yzly gum depeleriniň üstüne çykyp, alabaýlar bilen kowalaşyp oýnap ýören Annageldiniň ykbaly soňabaka sähranyň bu haýwanlary bilen bagly bolup galyberdi. Haçan-da oba dolanmaly bolanda, gözi yzynda galardy. Bu ýagdaýy assyrynlyk bilen synlap ýören Rozy aga oglunyň ýüregindäki islegine gowy düşünýärdi. Emma her zadyň öz wagty bar. Ine, bir gün hem ol öýe güjükli dolanyp geldi. Ýaňy süýtden aýrylan ýaşajyk güjügi horjunyň gözünden çykardy-da, Annageldiniň eline berdi. — Al, oglum, bu güjük indi seniňki bolar, özüň bak, özüň terbiýele. Goý, ol seniň wepadar ýoldaşyň bolup ýetişsin! — diýip, Rozy aga şol gün ogluny