"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Akmuhammet Hemidowyň «Küýseg» atly täze neşiri

Golaýda ýazyjynyň döredijiliginiň dürli ýyllaryna degişli hekaýalaryny we nowellalaryny bir ýere jemleýän «Küýseg» atly täze kitaby halk köpçüligine ýetirildi. Kitapda «Ilkinji hekaýa» atly hekaýasynyň ýazylan senesi onuň mekdepde okaýan döwürlerine gabat gelýän bolsa, «Ketjallar» atly nowellasy 2023-nji ýyl bilen senelenýär. Şunlukda okyjylar awtoryň eserlerden eserlere kämilleşendigini, Garaşsyzlyk ýyllarynda Garaşsyzlykdan galkynyp, has-da öndümli işländigini okap, görüp bilerler. Akmuhammet Hemidow indi ençeme ýyllardan bäri söýlüp okalýan ýazyjylaryň hatarynda tanalýar. Onuň dürli döwürlerde metbugat sahypalarynda çap bolan hekaýadyr nowellalary giň okyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekmegi başardy. «Gyz ýüregi» (1991), «Saňa garaşýan» (1992), «Gyzyl alma kimiňki» (1992) atly yşky nowellalar ýygyndylary belli bir döwürlerde söýlüp okalýan kitaplaryň hatarynda tanaldy. Ol bolsa ýazyjynyň täze kitabynyň hem okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna güwä geçýär. Bu kitapda ýerleşdirilen eserleriň aglabasy hem söýgi temasyndan, ýaşlaryň durmuşundan, olaryň durmuşda gabat gelýän garşylyklaryndan söhbet açýar. Okyjylary gyzykly durmuş wakalarynyň içinden geçirip, durmuşda öz ýoluňy, öz ornuňy, öz taýyňy tapmak hakdaky pelsepewi pikirlere atarýar. Kitaba ýerleşdirilen eserleriň ählisinde hem adam ruhunyň ahwallarynyň, aýratynam, adamyň inçe duýgusynyň suratyny çekm

Bagtyň gadyry

Gürrüň bermeklerine görä, bir adam hemişe gününden närazy bolup ýörmüşin. Şol zerarly hem ol gününiň süýjüsini bilmändir. Bir gün hem ol çöle çykypdyr-da: «Heý, mundan hem ýaşaýyş bolarmy?! Indi näme etsemkäm?!» diýip otyrka, oňa ýagşyzada duşupdyr. Ol: «Be-e, çölde gudrat bar diýleni boldy» diýip begenipdir. Ýagşyzada oňa: — Näme dilegiň bolsa aýt! — diýipdir. Ýaňky adam:

«Tämiz niýet, ýagşy päl — budur dünýäň gudraty»

Pederlerimiz «Ýagşy niýet — ýarym döwlet» diýipdirler. Bu paýhas — heňňamlaryň synagyndan geçen paýhas. Özi-de adam ykbaly bilen baglanyşykly aýdylan hikmetli jümle. Men bu paýhasyň taglymyny näme üçin turuwbaşdan heçjikläp ugradym?! Men muny şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Milli Liderimiziň peşgeş beren «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany!» diýen goşgusynyň ýagşy niýetli adamlaryň kalbyna melhem, diline sena bolandygyny tekrarlamak üçin şeýle etdim.

«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» hakda

Mürze IBRAGIMOW,azerbaýjan ýazyjysy: — Magtymgulynyň döredijiligi tükeniksiz şypa berýän, dünýä manysyny saçýan parasat çeşmesidir. Ol ölmez-ýitmez pikirleriň we asylly, adamkärçilikli duýgularyň genji-hazynasydyr. Men Magtymgulynyň goşgularyny okanymda onuň ýagty ýadygärliginiň öňünde tolgunman durup bilmeýärin.

Arkadagly Serdar bilen ýaňlansyn dostluk aýdymy!

Ençe-ençe ykbal ýatyr taryhyň çuň gatlarynda,Niçe çözgüt, ahwal ýatyr türkmen-özbek hatlarynda,Yklymlara ykrar ýatyr gadym kerwen gatnawynda,Goý, ýaňlansyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk aỳdymy,Goý, parlasyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk baỳdagy! Gadym ruhy gymmaty bir, oba-kendi bagy-bossan,Taryhy bar, sungaty bar, asyrlarda gazal-dessan, Däbi, dili, ymmaty bir, menzilleri messan-messan,Goý, ýaňlansyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk aỳdymy,Goý, parlasyn türkmen-özbek dostluk-doganlyk baỳdagy!

Magtymgulynyň edebi mirasy — görelde mekdebi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşuny üpjün etmäge, ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. 2024-nji ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagynyň aňyrsynda çuňňur many-mazmun ýatyr. Bu ýylda bellenilýän akyldar atamyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin adamzat üçin baýramdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar» diýip, parasatlylyk bilen belläp geçýär.

Pyragynyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny

Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen milletiniň, döwletiniň ýeten derejeleri, dünýä ýüzüne ýaň salan millilik ýörelgeleri bu gün arşa çykdy. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Müň gezek aýdandan bir gezek edip görkezmek ýaşlara hakyky nusgalyk işdir. Buýsanç duýgularyna, asylly terbiýä, göreldä esaslanyp ýetilen sepgitler barada hormatly Arkadagymyz öz atalyk kitaplarynda jaýdar belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimize dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bilim, terbiýe bermekde, hünär öwretmekde ata-babalarymyzyň göreldesine eýermek, geçmişe ser salmak, ýaşlaryň durmuşa bolan höwesini, hyjuwyny artdyrýar. Gowy pikirler, ýagşy sözler kalbyňy päkleýär, ruhy ýaşaýşyňy, arzuw-telwasyňy artdyrýar, ýürekleri joşdurýar, içki dünýägaraýşy gözelleşdirýär. Magtymguly Pyragy öz eserlerinde halkymyzyň geljegini, geçmişini öz döwrüne baglanyşdyrýar, halkymyzy dostluga, parahatçylyga, ynsanperwerlige çagyrýar, ýaşlary

Dosmämmet

Beýan eýlegin Gardaş, bir ot düşdi içi-daşyma, Muny baryp ýara beýan eýlegin!Bir müşgil iş düşdi meniň başyma,Bu müşgil işimi asan eýlegin!

Söz manysy

Mala Dilimiziň baý goruna haýran galaýmaly! Dürli edebi çeşmeleri, edebiýatlary we çeper eserleri okadygyňça, bu hakykata has aýdyň göz ýetirýärsiň. Şeýle pikir ýöretmegimize «mala» sözi bilen gyzyklanmagymyz sebäp boldy.

«Ýagşy niýet — ýarym döwlet»

(Tymsal) Kalby päk kişiler mydama durmuşda kimdir birine goldaw-hemaýat bermek niýeti bilen ýaşaýarlar. Päl-niýetiniň düzüwdigi üçin hem sogap gazanýarlar. Muňa şu tymsal arkaly göz ýetirmek bolýar.

Atalar sözi — akylyň gözi

Jomart aşda belli, batyr — söweşde. Duşmanyňa sabyrly, dostuňa geçirimli bol!

Adamyň ýedi arkasy kimler?

Halkymyzda aýry-aýry sanlar mukaddeslik derejesinde görülýär. Ýedilik san hem şolaryň hataryndadyr. Kimdir biriniň asly, gelip çykyşy seljerilende-de ýedilik sana ýüzlenilýär. Adamyň özünden soňky ýedi arkasy şulardyr: Ogul

Gerkeze gidip barýan

Maýyl edýär toý meni,Özümi şonda görýän.Ýol synasyn, goý, meni,Gerkeze gidip barýan. Göze ilmez boş giden,Ýüküm ýetik goşgudan.Durman ilden daşda men,Gerkeze gidip barýan.

Şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy

Gahryman Arkadagymyzyň ylham joşgunyndan ugur alnyp, üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi aýratyn uly mana eýedir. Bu bir tarapdan, akyldar şahyrymyzyň döredijilik dünýäsini öwrenmegi, köpçülikleýin wagyz etmegi nazara alsa, ikinji tarapdan, halkymyzyň taryhyny, medeni mirasyny, milli sungatyny, çeper edebiýatyny we asylly däp-dessurlaryny many-mazmun taýdan has-da baýlaşdyrmagy öz içine alýar. Şeýle-de Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylanlary berkitmek we kämilleşdirmek arkaly ata Watanymyzy özgertmek wezipesini örboýuna galdyrýar. Magtymguly Pyragynyň il agzybirligi, ýurt berkararlygy barada eden ýürek arzuwlary, köňül islegleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň hakykata öwrüldi. Ynsanlary ahlaklylyga, sagdynlyga, ynsanperwerlige, Watany söýmäge, mertlige çagyrmak şahyryň şygryýet dünýäsiniň esasyny düzýär. Magtymguly Pyragynyň pelsepewi, durmuşy goşgulary bu gün halkyň ýüreginde täze joşgun bilen güýçlenýär, ýokary ahlak duýgularyny oýarýar. Hut şonuň üçin akyldar şahyrymyzyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna goşulan döredijiligine bolan sylag-sarpa hem, gyzyklanma hem barha artýar.

Tymsallar

Öz tebigatyňa düşünmek Suw akymy ençeme päsgelçilikleri ýeňip geçip, çöllüge gelip ýetipdir. Şonda ol ürgün çägäniň suwy özüne siňdirýändigini görüpdir. Ol bu çölden geçip, alysdan seleňläp görünýän gerşi garly daglara ýetmelidigini bilýärdi. Şol pursatda ol çölüň:

Ömür örküm

Ömrümi, örkümi saňa bagladym,Başymyň täji sen, eziz Watanym!Yssy gujagyňda göwün çagladym,Ar-namysym, dünýe barym, Watanym! Geçmişi şöhratly, geljegi nurly,Belentde parlaýan owadan Tugly,Äleme ýaň salýan belent owazly,Zemin içre nurun saçýan Watanym.

Paýhas çeşmesinden

■ Manysyz gep bolmaz, dänesiz — çöp. ■ Miwe agajyndan daşa düşmez.

Söýgi deňziniň söhbedi

Aýlaryň talyp bolmagyna Aýdyň sebäp bolupdy. Ýüreginde Aýlara bolan yşky ir körän ýigit gyzyň ýüregine aýdym bolup ýazyldy. Talyplyk babatynda Aýdyňyňky çüwüpdi. Ol heniz, eline orta bilim hakyndaky şahadatnamany alanyna üç aý bolup-bolmanka talyplygyň bosagasyndan ätledi. Ýöne Aýlara welin, her näçe erjel ýapyşsa-da, ara tas tegelek dört ýyl salyp, talyp bolmak nesip etdi. Ýöne her näme-de bolsa, ol durmuşdan hoşaldy. Sebäbi söýýän ýigidi bilen iň bolmanda, bir ýyl talyplygyň gyzykly dünýäsini bile başdan geçirip biljekdi. Uniwersitet durmuşy, hakykatdan-da, gyzyklydy. Aýlar Aýdyňyň öň süýjedip aýdyp berýän gürrüňlerini diňläp, bu ýere gelmegi näler isläpdi. Hut şonuň üçin hem, ol uniwersiteti arzuwlarynyň wysal bolan güzeri diýip bilýärdi. Talyplyga ädilen ilkinji ädimler, şol bir ýokary okuw mekdebinde geçirilýän günler bolsa ony ýigide has-da ýakynlaşdyrýardy.

Magtymguly Pyragynyň heýkeline garap

Beýikler özi üçin ýaşamaýarlar,Ömrüni bagyş edip iliň derdine.Olar hak sözüni orta atýarlar,Beýle mertlik başartmaýar her kime. Olaryň ýüregi naçara mährem, Penasyza saýa, mätäje arka.Olaryň gollary yşkyň dänesin,Harpykdan saýlaýan elek deý halka.

Ömür

Ýazyň gülälegi, gyşyň gary bar, Kanunyňa kaýyldyryn, Biribar,