"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Önümçilikde ekologik deňeçerlik

Ekologik meseleleriň üstünlikli çözülmegi ähli döwletleriň we muňa degişli ululy-kiçili halkara guramalaryň tagallalarynyň birleşdirilmegini talap edýär. Bu ugurda öz jogapkärçiligine doly we dogry düşünýän Türkmenistan hem daşky gurşawy goramak boýunça wezipeleriň arasynda deňeçerligi saklamak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmaýar. Ykdysady işiň Ýer ýüzüniň ýaşaýyş gurşawyna ýetirýän ýaramaz täsirini ýeňip geçmek dürli çeşmeleriň we ugurlaryň özara toplumlaýyn işlerini talap edýär. Hojalyk galyndylarynyň arassalanmagyna edilýän harajatlary, netijeli tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny, şeýle-de serişdeleriň ikilenç ulanylmagyny şolaryň esasylary hökmünde görkezmek bolar. Häzirki döwürde tebigatdan peýdalanýan ulgamlardaky hereketler hem üýtgeýär. Ýaňy-ýakyna çenli şol hereketler maddy önümçiligiň çalt ösmeginiň bähbidine gulluk edýärdi. Indi ylmy-tehniki ösüşe laýyklykda, ykdysady barlaglaryň ekologik düzüm bölegi güýçlenýär, ekologik taýdan arassa taslamalary işläp taýýarlamak ileri tutulýar. Daşky gurşawy goramak boýunça wajyp çemeleşmeler belli bir maksada gönükdirilen makroykdysady syýasatyň alnyp barylmagyny talap edýär. Bu köp babatda ýurduň ykdysady ösüşiniň derejesine baglydyr. Önümçiligiň giň we bitewi ulgamlarynyň bolmagy ekologik howpsuzlyk bilen bagly meseleleriň çözülmeginde uly ähmiýete eýedir. Döwletleriň özara ykdysady gatnaşygy bolmazdan, galyndysyz ý

«Şäherdäki agaçlaryň» höziri

Gözel paýtagtymyz Aşgabat «Şäherlerdäki agaçlar» atly başlangyjy, bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin güwänama mynasyp boldy. Ak mermere bürenen gözel paýtagtymyzyň bu halkara güwänama mynasyp bolmagy Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanda ekologiýanyň we daşky gurşawyň goragy ugrunda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin edilýän tagallalaryňdyr gazanylýan netijeleriň halkara derejesinde ykrar edilýändigini hem-de olara dünýä derejesinde ýokary baha berilýändigini doly tassyklaýar. Paýtagtymyzyň gözelligi älem-jahana ýaň salýar, ajaýyp binagärlik sungaty bilen sazlaşykly utgaşýan seýilgählerdir ýaşyl zolaklar diňe bir ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, halkymyzyň sagdyn ýaşamaklary üçin zerurlyk bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigat gözelliklerini has-da baýlaşdyrmak, onuň biodürlüligini gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy. Ak mermerli paýtagtymyz Aşgabat Diýarymyzyň ähli welaýatlardyr etrap merkezleri, obalary bilen utgaşyp, häzirki wagtda gür baglyga bürenip, tebigatyň ajaýyp sazlaşygyny emele getirýär.

Baglar — dünýäniň görki

Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny, ekologiýa abadançylygyny goramak, bu gymmatly gözelligi geljekki nesillere geçirmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri, şol sanda suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly töwekgelçilikleri azaltmak, täze ekologiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça ýurdumyzda amala aşyrylýan işler örän guwandyryjydyr. Halk arasynda «Bagym bar, barym bar» diýen nakyl bar. Baglar — dünýämiziň görki. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, miweli, saýaly we bezeg baglary ekmek ýaşaýşa dowamat bermekdir. Muňa oňat düşünýän bu günki ýaş nesillerimiz hem ata-babalarymyzdan gelýän bu asylly ýörelgä eýerip, bag nahallaryny ekip, olarda arassalaýyş we timarlaýyş işlerini geçirýärler, millionlarça düýp agaç nahallaryna yzygiderli ideg edýärler. Şeýdibem, il alkyşyna mynasyp bolýarlar. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň oba-şäherlerinde saýaly baglaryň hatary gitdigiçe artýar. Miweli baglaryň ekilýän meýdany barha giňeýär. Bagy-bossanlyklaryň döredilmeginiň baş maksady bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hem-de adamlaryň sagdyn ýaşamaklygyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr.

Türkmenistan uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam edýär

Şu ýyl ýurdumyz şanly senäni — Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna kabul edilmeginiň otuz ýyllygyny belledi. Üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygy strategik häsiýete eýe bolup, ýurdumyz öňdebaryjy ählumumy başlangyçlary ilerletmek üçin milletleriň halkara bileleşiginiň binýadyny yzygiderli ulanyp gelýär. Munuň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň welosipedi howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň serişdesi hökmünde ulanylmagyny makullaýan, dünýäniň dürli döwletleriniň goldawyna eýe bolan kararnamasynyň kabul edilmegini görkezmek bolar. Häzir energetikanyň geljegi dünýä möçberindäki möhüm meseleleriň biri bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly bolup durýar. Biziň ýurdumyz durnukly energetikanyň, arassa energiýanyň we energetika howpsuzlygynyň ilerledilmegine uly ähmiýet berýär. Olar adamzadyň durnukly ösmeginde möhüm orun eýeleýär hem-de dünýä möçberinde howanyň gyzmagyny saklamak, uglewodorodlary çykarmak bilen bagly bolan zyýanly gazlaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça tagallalary işjeňleşdirýär.

Energiýa tygşytlylygy — abadan durmuşyň güwäsi

Bu gün ylmyň we tehnikanyň ösüşi ynsan durmuşyny ozal görlüp-eşidilmedik derejede ýeňilleşdirýär. Emma daş-töweregimizi gurşap alan dünýä hem-de ýaşaýan şertlerimiz hem şol ösüş bilen deňeçer özgerýär. Bilermenleriň hasaplamalaryna görä, tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeleriň soňky ýüz ýyldaky tizligi adamzadyň kemala gelen döwründen bäri iň ýokary derejä çykdy. Şunuň bilen baglylykda, dünýä jemgyýetçiligi ekologiýanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi bilen baglanyşykly täze kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Munuň öňüni almak üçin bolsa tebigata aýawly çemeleşip, onuň baýlyklaryndan rejeli peýdalanmalydyr. Elektrik energiýasynyň oýlanyp tapylmagy adamyň gündelik durmuşynyň we önümçilik işiniň ýeňilleşmegini şertlendirdi. Elektrik energiýasynda işleýän enjamlaryň peýdalanylmagy bir tarapdan uly amatlyklary döredýän bolsa, beýleki tarapdan, elektrik energiýasyny öndürmek üçin köp mukdarda serişde sarp edilýär. Hojalyk durmuşynda käbir ýönekeý düzgünleriň berjaý edilen halatynda elektrik energiýasynyň bisarpa harçlanmagynyň öňüni alyp bolar.

Ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna

Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň maddy binýadyny ýurduň nebit, tebigy gaz, beýleki uglewodorod we mineral gorlar ýaly tebigy baýlyklary emele getirýär. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamynda gatnaşyklaryň kanunçylyk taýdan sazlaşykly ýola goýulmagy möhümdir. Döwletimizi 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryndan biri hem ýangyç-energetika pudagynyň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegidir. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1­nji iýulynda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz «ýaşyl» energetikanyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtap, munuň ýurdumyzy durmuş­ykdysady taýdan ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalarynda döwrebaplaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýän elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna gönüden­göni ýardam berjekdigini belledi. Şol mejlisde döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, «Serdar» elektrik be

Ýaşaýşyň möhüm serişdesi

Suw — Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň gözbaşy. Dünýä kartasyny synlanyňda hem iň köp ilatly şäherleriňdir oba-kentleriň hut, bol suwly derýalaryň ugrunda ýa-da olaryň deňze guýýan ýerlerinde ýerleşýändigini görmek bolýar. Suw diňe bir janly-jandarlaryň we ösümlikleriň ýaşamagy däl, eýsem, tebigatdaky deňagramlylygyň saklanmagy üçinem örän ähmiýetlidir. Suwda ýönekeýlik bilen çylşyrymlylyk sazlaşýar. Himiýa ylmynda görkezilişi ýaly, suwuň gurluşy 2 wodorod we 1 kislorod atomyndan ybarat. Alymlar suwuň haýsy elementlerden durýandygyny bilseler-de, olaryň nädip özara baglanyşýandygyny kesgitläp bilmeýärler. Suwuň tebigatda nähili orny eýeleýändigine düşünmek üçin birnäçe hakykatlary sanap geçeliň:

Dünýä ekologiýasy ýa-da ekologiýa dünýäsi

Sözbaşydaky getirilen düşünjeleriň ikinjisi hut olaryň birinjisiniň — dünýä ekologiýasy meselesiniň ýüze çykmagy bilen döredi. Sebäbi Ýer togalagynyň zemin-topragyndan başlap, suwadyr howa gurşawyna-da täsirini barha artdyrýan ekologiýa endişesi şeýdip, «ekologiýa dünýäsi» diýerlik giň çäkde we derejede giňäp hem çuňlaşyp, munuň özi diýseň çylşyrymly, ýöne şonda-da jikme-jik öwrenilmeli täze bir dünýä öwrülip gitdi. Meseläniň çylşyrymly hem-de biçäkden känjähetliligine degişli uçursyz köp mysallardan diňe ikisi: Aral deňziniň guramagy zerarly döreýän duzly tozanlaryň pesliklere ýa-da düzlüklere çökeni bilen «oňman», baryp-ha, Pamir daglarynyň gerişlerine ýetendigi hem-de mikroplastikleriň, ýagny plastikleriň 5 mm-den ownuk bölejiginiň, ylaýta-da, suw hem-de suw jandarlary arkaly ynsan ganyna çenli geçmegi. Diýmek, mundan çen tutsaň, biziň aňymyzda ekologiýanyň filosofiýasy ýaly düýpden täze düşünje döräýmeli. Çünki biziň daşymyzy gurşap alan herki zat hem biziň ünsümizi çekmeli welin, ekologiýa kimin täsiri barha ulalýan we ýitelýän ählumumy müşgillik dünýä çäginde, diýmek, jahan ýaly biçak giň hem-de ummandan-da çuň derejede oýlanmaga, özem muny derhal amal etmäge zerurlyklar döredýär.

Tebigaty goramak — möhüm mesele

Mähriban Watanymyzyň tebigatyny we onuň gözelligini, tebigy baýlyklaryny goramak, aýawly saklamak, olary geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýratyn üns berilýän ugurlarynyň biridir. Şol esasdan, ykdysady, durmuş we ekologiýa ulgamlarynda öňde goýlan wezipeleriň toplumlaýyn çözülmegine gönükdirilen işleriň barha öňe ilerleýändigini bellemek gerek. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda işjeň alnyp barylýan gatnaşyklaryň arasynda Hazar sebitiniň meseleleri möhüm orun eýeleýär. Hazaryň ekologiýasyny we biodürlüligini gorap saklamaklygyň maksady onuň baý hem ajaýyp ekologiýa sazlaşygynyň bozulmagyna we ýitip gitmegine ýol bermezlik bolup durýar. Hazaryň ekologiýasy babatynda ýüze çykýan dürli meseleler boýunça kenarýaka döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär, halkara derejede maslahatlar, forumlar guralýar. 29-njy iýunda paýtagtymyzda geçirilen altynjy Hazar sammiti munuň aýdyň subutnamasy boldy. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabatda geçirilen taryhy duşuşygy Hazar deňziniň hemmetaraplaýyn goraglylygyny üpjün etmekde ýurtlaryň bilelikdäki tagallalarynyň uly ähmiýetiniň bardygyny ýene bir ýola görkezdi.

Ösüşiň esasy ugry

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri daşky gurşawa, tebigata eýeçilik gözi bilen garap, onuň gözelligini goramagyň we artdyrmagyň aladasynda bolupdyr. Halkymyzyň bu asylly ýörelgesi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da kämilleşdirilip, şanly rowaçlyklara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ykdysady we durmuş ulgamlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisi ilatyň abadan ýaşaýşynyň möhüm şerti hökmünde ekologiýa meselesi bilen berk baglanyşdyrylýar. Daşky gurşawa aýawly garamak, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanmak, «ýaşyl ykdysadyýete» geçmek bilen baglanyşykly innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ynsan öz ömrüniň bütin dowamynda tebigat bilen özara aýrylmaz sazlaşykda, gatnaşykda ýaşaýar. Şonuň üçin hem adamzadyň ýaşaýşy köplenç onuň tebigy baýlyklaryndan peýdalanyşyna, tebigata bolan gatnaşygyna baglydyr. Bu bolsa biziň her birimizi daşky gurşawy goramaga we tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge borçly edýär.

Watanymyzyň tükeniksiz baýlygy

Tebigat — tükeniksiz baýlyk, mährem ojak. Ynsany tebigatdan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki tebigat ylham çeşmesi, gözelligiň, sungatyň özi. Şonuň üçinem ruhy gözelligi bagyş edýän sungat eserleri döredilende hem tebigat ylham akabasy bolup çykyş edýär. Hoşniýetlilik, döwletlilik ýörelgelerini özüne hemra edinen halkymyz tebigat, bag ekmek barada «Bagym bar, barym bar», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» diýen ýaly pähim-parasatlary döredipdirler. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halky tebigat bilen ysnyşykly ýaşapdyr. Ata-babalarymyz perzentlerine tebigaty söýmelidigini, onuň gözelligine, baýlygyna aýawly garamalydygyny ündäpdirler.

Bagy-bossan sähralar — milli baýlygymyz

Dünýä möçberli ekologik meseleleriň arasynda çölleşme hadysalaryna aýratyn orun degişlidir. Berlen bahalar boýunça, çölleşmegiň ýüze çykmagynyň has ähtimal aýtymy bolan gurak ýerler gury ýeriň 47,5 göterime golaýyny eýeleýär. Çölleşmek — munuň özi organiki ýaşaýşyň ähli görnüşleriniň tapdan düşmegine, gurak ekoulgamyň weýran bolmagyna getirýän fiziki-geografik we antropogen hadysalaryň jemidir. Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Olaryň arasynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý gorag zolaklarynyň meýdanlaryny döretmek, öri meýdanlaryny dikeltmek ýaly işler has wajyp ähmiýete eýedir.

Hazar — parahatçylyk, dostluk, ylalaşyk deňzi

Hazar sebiti Ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady, energetika we ulag-aragatnaşyk merkezleriniň biri hökmünde bellidir. Hazar deňziniň kenarýaka döwletleri özara gatnaşyklary üstünlikli alyp barmak bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täze ýollaryny gözleýär. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan gadymy Hazara parahatçylyk, dostluk hem-de ylalaşyk deňziniň derejesiniň berilmegine ählitaraplaýyn ýardam edýär. Hazar deňziniň ägirt uly ykdysady, ulag we energetika kuwwatyny doly herekete getirmek boýunça yzygiderli çäreleri geçirýär, çünki Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy kenarýaka ýurtlaryň söwda-ykdysady we ulag babatdaky ýakynlyk derejesine bagly bolup durýandygy düşnükli ýagdaýdyr. Ine, Aşgabatda 29-njy iýunda geçirilýän Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň VI sammiti hem sebitde netijeli hyzmatdaşlygyň geljegini nazarlaýan çözgütlere badalga bermäge gönükdirilendir. Aşgabat sammitinde ileri tutulýan ugurlarda netijeli döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meselelere garalar. Bu forumyň çäklerinde birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi hem meýilleşdirilýär. 28-nji iýunda geçirilen Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň mejlisi hem sammite görülýän taýýarlyk meselelerine bagyşlandy. V Hazar sammiti 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirilip, bu ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri boýunça Hazar deň

Durnukly ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawyň arassalygyny we baýlygyny gorap saklamakda tebigy serişdelere aýawly garamak we olary tygşytly ulanmak, önümçilige ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak döwletimiziň ileri tutýan ugurlary hökmünde kesgitlenilýär. Şu nukdaýnazardan, tebigy baýlyklarymyzyň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy konstitusion esasda berkidilip, olar döwletimiz tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanmaga degişlidir. Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky esasy ylalaşyklaryny, şol sanda biologik köpdürlülik hakynda, ozon gatlagyny goramak hakynda, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak baradaky Konwensiýalary, suw-batgalyk ýerler hakynda Ramsar Konwensiýasyny, çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýany, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyny we beýlekileri tassyklamak bilen, ýurdumyz öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli berjaý edýär.  1972-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça Stokgolm Konferensiýasynda adamzat taryhynda daşky gurşaw bilen baglanyşykly meseleleri dünýä ähmiýetli meseleler hökmünde ykrar edildi. Şol günden başlap hem iýun aýynyň 5-i Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Bu baýram Birleşen Milletler Guramasynyň başlangyjy boýunça Ýer şarynyň 100-den gow

Bag — durmuşyň bezegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýan işler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de biodürlüligi üpjün etmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda daşky gurşawy goramak boýunça Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli alnyp barylmagy aýratyn bellärliklidir. Hormatly Prezidentimiziň döwlet wezipesine girişenden soňra ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga bermegi Gahryman Arkadagymyzyň sogaply işleriniň dowamat-dowamdygyndan aýdyň nyşandyr. Her ýylyň ýaz we güýz möwsüminde bag ekmek boýunça işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Şonuň netijesinde, gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri we welaýatlaryň künjekleri bagy-bossanlyga bürendi. Ýaşyl zolaklar emele getirildi. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi hakynda hoş habaryň gelip gowuşmagy ählimiz üçin buýsandyryjy waka boldy. Köpçülikleýin bag ekmek halkymyzyň durmuşyna asylly däp bolup ornady. Hemmämize mälim bolşy ýaly, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygyna 25 million, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna 30 million düýp bag nahalynyň oturdylmagy, täze desgalaryň açylyş dabarala

Ekologiýanyň ygtybarly goragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda öňe barýan ýurdumyzyň gymmatly baýlygy bolan gözel tebigatymyzy, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyzy arassa hem aýawly saklamak, geljek nesillere abatlygy bilen miras galdyrmak her birimiziň borjumyzdyr. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi 1968-nji ýylda döredilip, şondan bäri daş-töweregi goramagyň meseleleri, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek boýunça wagyz-nesihat işlerini geçirip gelýär. Bölümiň işgärleri özleriniň alyp barýan işleriniň has netijeli bolmagyny gazanmak maksady bilen, tebigy baýlyklary goramak, gaýtadan dikeltmek, aýawly saklamak we olardan rejeli peýdalanmak, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak babatda halkyň, raýatlaryň işjeňligini ösdürmek bilen, welaýatyň çäklerinde geçirilýän ekologik taslamalara, hünär okuwlaryna, duşuşyklara gatnaşmaklygy we degişli çäreleri guramaklygy amala aşyrýarlar. Edara-kärhanalarda, okuw jaýlarynda, mekdepdir çagalar baglarynda tebigat bilen baglanyşykly dürli görnüşli çäreleri, döredijilik bäsleşiklerini guraýarlar.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­ri, umu­ma­dam­zat bäh­bit­li tu­tum­ly iş­le­ri ama­la aşyr­mak­da uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan eziz Di­ýa­ry­myz­da bü­tin se­bi­tiň gül­läp ös­me­gi, halk­la­ryň aras­sa daş­ky gur­şaw­da ýa­şa­ma­gy, zäh­met çek­me­gi ug­run­da top­lum­la­ýyn iş­ler yl­my esas­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny, daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak esa­sy ugur­la­ryň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu ugur­dan ýur­du­myz­da uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ri­lip, gö­zel te­bi­ga­ty­myz go­ral­ýar. Di­ýa­ry­myz­da te­bi­ga­ty go­ra­mak bo­ýun­ça ýe­ti­len sep­git­ler, bi­ti­ri­len iş­ler örän ulu­dyr, çün­ki hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz te­bi­ga­ty, eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny gorap sak­la­mak bo­ýun­ça yl­my ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan iş­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da daş­ky gur­şa­wy, ho­wa­ny, suw we ýer baý­lyk­la­ry­ny, te­bi­gy hem me­de­ni ýa­dy­gär­lik­le­ri, bio­lo­gik köp­dür­lü­li­gi go­rap sak­la­mak bi­len bag­ly mö­hüm eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri üs­tün­lik­li çö­zül­ýär. Ýur­du­myz­da ön­dü­ril­ýän tä­ze önüm­ler­de il­kin­ji no­bat­da, tä­ze önü­miň eko­lo­gi­ýa taý­dan howp­suz­ly­gy göz öňün­de tu­tul­ýar. Işe gi­ri­zil­ýän tä­ze kär­ha­na­lar dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne ga­bat gel­ýän we e

Daşky gurşawy goramak we ekologiýa diplomatiýasy

Bütindünýä daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä gününiň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän ýylda bellenilmegi ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy bilen baglanyşyklykda hem wajypdyr. Tebigaty goramak ulgamynda derwaýys meseleleri çözmekde, Merkezi Aziýa sebitinde bolşy ýaly, tutuş dünýäde-de, ekologiýa maksatnamalary we taslamalary durmuşa geçirmekde halkara jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmek bu strategiýanyň ähmiýetli ugrudyr. Şu mynasybetli, Oba hojalyk toplumynda «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty – durnukly ösüşiň we ýaşyl ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine iberen gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Plenar mejlisdäki çykyşlarda güneşli ülkämizde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň bioköpdürlüligini goramak, ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan köp ugurly işler hemmetaraplaýyn beýan edildi. Ählihalk bag ekmek çäreleri barada hem bellenilip geçildi. Maslahat sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenleriň hem goşulmagynda «Daşky gurşawy goramak ugrunda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary» bölümi bilen dowam etdi. Häzir Türkmenistan bu ulgamda onlarça ekologiýa konwensiýalaryny hem-de halkara yla

«Ýaşyl» ykdysadyýetiň ähmiýeti

Eziz Watanymyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ösüşiň ýollarynda daşky gurşawy we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatynda uly işleri amala aşyrýar. Şeýle hem ýurdumyzda ekologiýa abadançylygy ýaly gaýragoýulmasyz meselelere uly üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda başyny başlan we gazanan netijeleri dünýä nusgalykdyr. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş boýunça kabul eden maksatnamasyny gyşarnyksyz berjaý edýär hem-de bu ugurda ýetilen sepgitler halkara derejesinde öwrenilmäge mynasypdyr. Ekologik taýdan arassa ykdysadyýete höwes döretmegiň nusgasyny alyp barýan ýurtlaryň hataryna Ýaponiýa we Günorta Koreýa ýurtlary degişlidir. Olar häzirki wagtda «ýaşyl ösüşi» milli baş ýörelge hökmünde saýlap alan döwletlerdir. Günorta Koreýada serişdeler «ýaşyl» görnüşli ulaglary işläp taýýarlamaga, süýji suwuň alternatiw çeşmelerine, galyndylary gaýtadan işlemegiň tehnologiýalaryna, şeýle hem seýilgähleri, gök guşak zolaklary ösdürmek, şäheriň çägindäki derýalary abadanlaşdyrmak bilen meşgullanýan telekeçilere berlen karzlara we ýeňillikli salgytlara gönükdirilendir.

Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak — döwrüň talaby

13-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Maslahatda döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew alnyp barylýan oba hojalyk işleri, aýratyn-da, galla oragyny guramaçylykly geçirmek we bu möwsümde işledilýän tehnikalaryň ýokary öndürijiligini üpjün etmek ugrunda edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hasabat berdiler.