"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Suwuň saglyga peýdasy

Suw – ýaşaýşyň çeşmesi. Biziň her birimiz suwsan wagtymyz teşneligimizi gandyrmak üçin suw içýäris, şonsuz durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däldir. Umuman, bu düşünje diňe bir suwsan wagtymyzda däl-de, hemişe biziň aňymyzda. Ata-babalarymyz hem suwuň gadyryna, gymmatyna düşünip, onuň her damjasyny altynyň dänesine deňäpdirler. Suw gündelik durmuşymyzdaky iň zerur zatlaryň biridir. Ýöne onuň saglygymyzy gorap saklamakda hem örän ähmiýetlidigini hiç haçan unutmaly däldiris. Suw içmegiň hem öz kadalary bardyr. Geliň, şolar barada gürrüň edeliň.

Limonyň peýdasy

Güýzüň gelmegi bilen howa salkynlap başlady. Şonuň üçin pasyl çalşygynda döräp biläýjek sowuklamanyň öňüni almakda limonyň peýdasy uly. Limonyň düzüminde C witamini, başga-da saglyga peýdaly birnäçe witaminler bar. 100 gram täze limonyň düzüminde 34 kkal, 0,9 gram belok, 0,1 gram ýag, 3 gram uglewodlar, 2 gram süýüm bar.

Güýz: sepgitde sagdyn boluň!

1. Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli; 2. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly;

Ene süýdi — bagtyň gözbaşy

Perzent — maşgalanyň arzuwy, göz-guwanjy. Çaganyň sagdyn dogulmagyny gazanmak üçin, ilki bilen, enäniň saglygyny goramak gerek. Munuň özi olaryň sagdyn we berk bedenli bolmagyna ýardam eder. Ene hem çaganyň sagdyn dünýä inmegi üçin, öz gezeginde, lukmanyň degerli maslahatlaryny doly ýerine ýetirmeli. Ene süýdi çaganyň sagdyn ösüp-ulalmagynda esasy zerurlykdyr. Çünki ene süýdüne taý geljek, onuň ýerini tutup biljek başga bir zat ýokdur. Dünýä inen çaganyň ilkinji iýmiti ene süýdi bolup durýar. Şonuň üçin, ilki bilen, çaganyň ene süýdi bilen iýmitlenmegini gazanmaly. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek çagany doglan pursadyndan, şeýle-de bäbeklik döwri we irki ýaşlarynda dürli kesellerden we ýokançlyklardan goraýar. Ene süýdi arkaly enäniň geçiren ýokanç kesellerine garşy gorag antitelalar çaga geçýär we onuň immun ulgamyny berkidýär. Çaganyň boý-syraty, süňk başynyň iri, boýunyň uzyn bolmagynyň, gönüden-göni ene süýdi bilen baglydygy barada ene-mamalarymyz köp gürrüň bererdi. Ene süýdüniň düzümi dürli ýokuma baý. Bu barada Lukman Hekim: «Çaga emdirýän zenan günde bir gezek süňkli etden bişirilen çorbany iýmeli, süňkden çykan ýag çaganyň süňküniň berk, oňurgasynyň sagdyn bolmagyna, boýunyň ösmegine ýardam edýär» diýip ýazypdyr.

Sepgitde seresap boluň!

Sepgit döwründe howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ýagny ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine yssy bolmagy, aram-aram ýagyş ýagmagy, bulutly howa birneme gartaşan adamlarda, şeýle-de ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinde bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döretmegi, şol agzalan näsazlyklaryň beterleşmesiniň, gozgamasynyň ýüze çykmagy mümkin. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp durmaly. Güýz paslynda howa sowap, bedeniň gyzynmak üçin köp güýç-kuwwat sarp etmegi, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny gowşadýar. Bu bolsa öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna getirýär. Şeýlelikde, güýz paslynda ýygy-ýygydan sowuklamanyň, allergiýanyň, ötüşen keselleriň gozgamagy mümkin. Deriniň gurak, tozanjyrap durmagy, reňkiniň öçügsilenmegi, dodagyň uçuklamagy, ganazlyk, ýadawlyk, işdäsizlik ýaly alamatlar hem ýüze çykýar.

DÖRTBURÇ MYHAK / Гвоздика четырехчешуйная

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Dörtburç myhak — myhaklar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 30 — 50 sm köpýyllyk otjumak wekili. Esasy sähelçe agaçlaşan, baldagynyň sany birnäçe, göni ýa-da az-kem galyp duran, sähelçe şahalanan, tas tüýsüz. Baldakdaky ýapraklary çyzykly, ýiti, ýasy, uzynlygy 2 — 5 sm we ini 1 1/2 — 2 mm, baldaga gysylyp duran ýa-da birneme gyşaran. Gülüň aşak ýanyndaky ýapraklarynyň teňňejiginiň sany 4 ýumurtga görnüşli, ýitileşen. Okarajygynyň uzynlygy 20 — 30 mm we ini 3-4 mm, uzyn (8 mm uzynlygy) ýiti dişjagazly.

Güýzüň datly miwesi

Nar gyzyl reňkli, galyň gabykly, ýüzlerçe dänelerden ybarat bolan tropik we subtropik miweleriň biri. Bollugyň nyşany hökmünde görülýän bu miwäni iýmegiň lezzetiniň bir aýry bolşy ýaly, onuň saglyk üçin peýdasy hem başgaçadyr. Güýzde hasyl berýän bu naryň gyzyl reňkini berýän komponentler köp keselleriň öňünde galkan ýaly bolup hyzmat edýär. Nar, nar şiresi, gabygy, güli, ýagy, sirkesi iýmitlik we gözellik önümleri hökmünde ulanylýar. Naryň düzümi kaliý, fosfor, kalsiý, magniý, demir, sink ýaly minerallardan, K, C, E, B1, B2, B6 witaminlerinden ybarat. Naryň düzümindäki punik kislotasy antioksidant işjeňlige eýedir. Geçirilen barlaglaryň netijesinde, naryň we nar şiresiniň beýleki miwelerden hem-de gök önümlerden aýratynlygynyň sebäbiniň, antioksidant işjeňliginiň üç esse köp bolmagyndadygy anyklanyldy.

Sagdyn durmuş — abadan ýaşaýyş

Häzirki döwürde ösüşleriň we öňegidişlikleriň binýadyny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň aýratyn ähmiýetli orny bar. Onuň döwletli mejlislerinde öňe sürülýän başlangyçlardyr kabul edilýän çözgütler, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň durnukly ösüşini, her bir raýatyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ilatyň abadan durmuşy bolsa saglygy goraýyş ulgamyndaky köpugurly tagallalar bilen aýrylmaz baglydyr. Saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler geçirilip, ilatyň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmekde möhüm ädimler ädilýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýäniň abraýly önüm öndürijileriniň döwrebap enjamlary bilen üpjün edilen täze hassahanalar we saglyk merkezleri açylyp, hyzmatlaryň hili has-da ýokarlandyrylýar. Munuň özi jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň saglygyna berilýän aýratyn ünsüň aýdyň güwäsidir. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna dürli görnüşli lukmançylyk enjamlarynyň yzygiderli satyn alynmagy, ýüzlerçe çaga çylşyrymly operasiýalaryň üstünlikli geçirilmegi il-halkymyzda çuňňur kanagatlanma döredýär.

«Görk agyzdan...»

Sagdynlyk üçin esasy şertleriň biri hem kadaly, arassa iýmitlenmek we fiziki işjeň ýagdaýda bolmakdyr. Sagdyn iýmitlenmek süýjüli diabetden, ýürek-gan damar kesellerinden, insultdan hem-de beýleki ýokanç däl kesellerden adam bedeniniň goraglylygyny üpjün edýär. Bütin dünýäde ilat arasynda semizligiň we artykmaç agramyň görkezijileri artýar. Bu ýagdaýyň öňüni almak üçin iýýän iýmitimize aýratyn üns bermelidiris. Her gün möwsümleýin bişýän ter gök önümleri, miweleri köpräk iýmeli hem-de iýmitiň düzümine kösükli, däneli önümleri, maňyzlary goşmaly. Kösükliler we maňyzlar ösümlik beloklarynyň esasy çeşmesidir. Rafinirlenen krahmalyň, şekeriň, ýaglaryň we duzuň ulanylmagyny iýmitiň düzüminde mümkin boldugyndan çäklendirmeli. Iýmit rejesinde beloklar, ýaglar we uglewodlar 1:1:4 gatnaşykda bolmaly. Sebäbi ýaglar öýjük gurluşyna, deri örtüginiň saglygyna, käbir witaminleriň özleşmegine we iýmitden kanagatlanma duýgusynyň emele gelmegine ýardam berýär.

Ýokary hilli önümler öndürilýär

Çagalaryň sazlaşykly ösmegi ugrunda döwlet derejesinde uly işler ýola goýuldy. «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn geljek» atly Milli strategiýanyň we «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň» çäklerinde ulgamlaýyn işler alnyp barylýar. Çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmek, ony gorap saklamak we goldamak ugrunda döwlet derejesinde ulgamlaýyn pudagara işler dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, ýerli çig mallardan öndürilýän ekologik taýdan arassa we hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän lukmançylyk edaralaryna zerur bolan serişdeleriň möçberini artdyrmak we Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdelerini öndürmeklik ýola goýuldy hem-de Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň lukmançylyk edaralary degişli önümleriň kesgitli bölegi bilen üpjün edildi.

Saglyk — başymyzyň täji

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm resminamalaryň biri boldy. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Şunda iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär. Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrmakdan daşary güýç-kuwwat, ýylylyk çeşmesi bolup hem hyzmat edýär. Ýag beloga, uglewoda garanyňda, ýylylygy iki esseden hem agdygrak bölüp çykarýar. Bedene derwaýys suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly.

Peýdaly maslahatlar

■ Güýz paslynda howanyň durnuklylygynyň üýtgäp durmagyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmegi unutmaň! ■ Sagdyn durmuş ýörelgesine pugta eýermeli, zyýanly endiklerden daşda durmaly.

Berjaý edilmeli kadalar

Eziz Diýarymyzda — güýz! Munuň özi pasyllaryň çalşygynyň hem başlanýandygyny alamatlandyrýar. Pasyllaryň çalyşmagy netijesinde möwsümleýin, ýokanç keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy artýar. Şol sebäpli saglygymyzy goramak bilen bagly birnäçe kadalary ýerine ýetirmek zerurlygy ýüze çykýar. Dogry iýmitlenmek adamyň saglygyny berkidip, onuň ömrüni uzaldýar. Ýokumlara, mikroelementlere baý gök önümleri köpräk kabul etmek saglyga haýyrlydyr. Güýzde aterosklerozda we ýürek-damar kesellerinde peýdaly gawunyň, böwrek kesellerinde nepli garpyzyň bol hasyly ýetişýär. Olary ýeterlik möçberde kabul etmek maslahat berilýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary içmek peýdalydyr. Çünki olar bedeniň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny artdyrýar.

Hünäriniň ussady

Alkyş eýesi Islendik hünäriň özüne ýetik aladasy, jogapkärçiligi, abraýy bolýar. Olaryň birini gowy görüp, beýlekisini goýar ýaly däl. Esasy maksat öz saýlap alan hünäriň eýesi bolup, halkyň alkyşyny almakdyr, at-abraýyňy belende galdyrmakdyr. Kiçilikden arzuw edip, maksadyna ýeten ussat lukmanyň biri-de Şatlyk Nepesowdyr.

Saglygyň gadryny bilgil...

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, pugtalandyrmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli. Pasla görä geýinmeli.

Saglyk — gymmatly baýlyk

Pasla görä geýniň!* * *Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý ediň! Zyýanly endiklerden daşda duruň!* * *Sagdyn we kadaly iýmitleniň! Witaminlere baý önümleri kabul ediň!* * *Şahsy we arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý ediň!* * *Derman we antibakterial derman serişdelerini diňe lukmanyň görkezmesi boýunça kabul ediň! Olary özbaşdak kabul etmegiň birnäçe gaýraüzülmelere getirip biljekdigini unutmaň!* * *Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin lukman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty, keýik oty, alyç ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, yzygiderli kabul ediň!* * *Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp alyň!* * *Ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý ediň we olary çagalaryňyza-da elmydama öwredip, ýatladyp duruň!

Güýz paslynda peýdaly maslahatlar

♦Paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmeli. ♦Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli. Witaminlere baý bolan önümleri kabul etmeli.

Şikesleri bejermekde we ortopediýada ýetilen sepgitler

Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijesinde, adamda ýüze çykyp biläýjek şikesleriň we ortopediki keselleriň öňüni almakda, olary anyklamakda we bejeriş-dikeldiş işlerini amala aşyrmakda iň öňdebaryjy usullary ulanmak boýunça üstünlikler gazanylýar. 2011-nji ýylyň 21-nji iýulynda paýtagtymyzda Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň açylyp, ulanylmaga berilmegi bilen şikesleri bejermekde täze barlag we bejergi usullar yzygiderli ornaşdyrylýar. Trawmatolog we ortoped hünärmenler daşary ýurtlaryň ösen lukmançylyk merkezlerinde kämilleşdiriş okuwlaryny yzygiderli geçýärler. Şikesleri bejeriş halkara merkeziniň kabul ediş bölüminiň ýeňil operasiýalar üçin operasion otag bilen üpjün edilmegi, näsaga gysga wagtda gural we laborator barlaglary geçirmäge, bejerginiň hilini ýokarlandyrmaga şertleri döretdi.

«Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy: önümleriň görnüşleri artdyrylýar

Mälim bolşy ýaly, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp hem-de ýurdumyzyň lukmançylyk edaralaryny ekologik taýdan arassa, hil babatda halkara görkezijilere doly laýyk gelýän, ýerli çig mallardan öndürilýän lukmançylyk serişdeleriniň möçberini artdyrmak, saglygy goraýyş edaralarynyň bu serişdelere bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny döretmek konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhana tarapyndan saglygy goraýyş ulgamynda gündelik peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşlerini, şol sanda ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän pamyklary, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun örtüklerini, başgaplary, halatlary, ýorgan-düşek daşlyklaryny, aýakgap örtüklerini, hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeleri öndürmek işi ýola goýuldy. Bu günki günde bu düzüm tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.

Saglyk — baş baýlyk

— Be­de­niň ke­se­le gar­şy gö­re­şi­ji­lik uky­by­nyň ýo­ka­ry bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­jaý et­me­li. Be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­la­nyp, sag­dyn iý­mit­len­me­li. Ir sä­her­de we ag­şa­ma­ra aras­sa ho­wa­da ýa­rym sa­gat py­ýa­da ýö­re­me­li. — Der­man se­riş­de­le­ri­ni, şol san­da an­ti­bak­te­rial der­man se­riş­de­le­ri­ni luk­man bi­len mas­la­hat­laş­man, öz­baş­dak ulan­ma­ly däl. Ola­ry öz­baş­dak ulan­mak bir­nä­çe gaý­rü­zül­me­le­re ge­ti­rip bi­ler we be­de­niň ke­se­le gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny pe­sel­der.