"Habarlar" gazeti

Esaslandyryjysy: Hojalyk hasaplaşygyndaky redaksion birleşik
Salgysy: Aşgabat şäheri, 1995-nji köçe, 66
Telefon belgileri: 22-33-29, 22-33-06
Email: habarlar@sanly.tm

Habarlar

Iki oýun, iki üstünlik

Arkadag şäheriniň adybir futbol topary ýurdumyzyň Ýokary ligasynyň çäklerinde iki duşuşyk geçirdi. Anna gününde birinji oýun üçin meýdança çykan topar «Nusaý» stadionynda «Aşgabat» bilen duşuşdy. 23-nji tapgyryň bu oýnunda Arkadaglylar üç jogapsyz gol bilen ýeňiş gazandy. Duşuşykda ilkinji gol birinji ýarymyň ahyrynda hasaba alyndy.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy

Ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy bilen, «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bagtyýar raýatlarymyzyň, esasan hem, sport ulgamynyň işgärleriniň, ezber türgenlerimiziň toý şatlygyny artdyrdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli welaýatymyzyň çäginde guramaçylykly geçirilen sport ýaryşlary hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde dünýäde belent ykrara eýe bolan güneşli Diýarymyzy toý ruhuna besleýär, täze taryhy döwürde gazanylýan belent ösüşleri, ýetilen sepgitleri dabaralandyrýar. Türkmenistanyň maýyplarynyň merkezi bedenterbiýe-sport klubunyň guramagynda Daşoguz şäherindäki 2-nji sport mekdebinde dil we eşidiş taýdan şikesli türgenleriň arasynda grek-rim göreşi boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Oňa welaýatlardan we Aşgabat şäherinden ezber türgenler gatnaşdylar. Çekeleşikli geçen tutluşyklar ýurdumyzyň güýçli türgenlerini ýüze çykardy. Ýaryşyň netijesine görä, ýetginjekleriň arasynda welaýat maýyplar bedenterbiýe-sport klubunyň türgenleri Eşret Arazgeldiýew, Şerzat Atagullaýew, Begzat Kurambaýew, Mukam Guwanjow, Umyt Röwşenow, Amir Ýuldaşow, Lebap welaýatyndan Jasurbek Bekniýazow, Meýlis Bäşimow, Mary welaýatyndan Bagtyýar Annadurdyýew, uly ýaşlylaryň arasynda daşoguzly türgenler Satlyk Sa

Sport

Bagtyýar geljegiň binýady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle beýik işleriň netijesinde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Hakykatdanam, Türkmenistanda sporty ösdürmegiň we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegiň strategiýasynyň baş maksady sporta höwesjeň adamlaryň, aýratyn-da, çagalaryň, ýetginjekleriň sanyny artdyrmakdan ybaratdyr. Şonuň üçinem sportuň jemgyýetdäki ähmiýetiniň uludygyna we ynsan saglygy üçin peýdalydygyna her ädimde göz ýetirmek bolýar.

«Nebitçiniň» ýeňşi

Futbol Türkmenistanyň milli futbol çempionatynyň 23-nji tapgyrynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul eden Balkanabadyň «Nebitçisi» ýaryşdaky altynjy ýeňşini gazandy. Hasaby 19-njy minutda ýer eýelerinden Myratdurdy Baýramow açdy. 22-nji minutda Serdar Gulyýew balkanabatlylaryň ýeňşe bolan ynamyny has-da berkitdi. Myhmanlaryň jogap pökgüsini 49-njy minutda Yhlas Magtymow öz adyna ýazdyrdy.

Çekeleşikli geçen ýaryş

Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Balkanabat şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Milli şaşka merkeziniň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, welaýat ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň bilelikde sportuň şaşka görnüşi boýunça geçiren ýaryşy örän çekeleşikli boldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen bu ýaryşa saglygy goraýyş işgärleri gatnaşyp, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryşda öňe saýlanyp ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Sport diplomatiýasy dabaralanýar

Bedenterbiýe we sport jemgyýetiň sagdynlygyny üpjün edýär, halklary we döwletleri jebisleşdirýär. Şunda täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu ulgamy toplumlaýyn özgertmek babatda amala aşyrylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigi buýsançly hakykatdyr. Ýakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky aýdyň beýanydyr. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan bu hoş habar ähli halkymyza, aýratyn hem, ýaş nesillere egsilmez ruhy joşgun bagyşlady. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryna esaslanýan, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyň we sport diplomatiýasynyň dünýäde dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu möhüm resminamanyň kabul edilmegi halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda sporty ösdürmek babatda alnyp barylýan işlere berlen ýokary bahadyr.

Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gyň çäk­le­rin­de

Hal­ka­ra gim­nas­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti Mo­ri­na­ri Wa­ta­na­be­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet sa­par bi­len Türk­me­nis­ta­nda boldy. We­ki­li­ýe­tiň ag­za­la­ry de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça türk­men ta­ra­py­nyň we­kil­le­ri bi­len du­şuş­dy­lar hem-de paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­ne we bir­nä­çe me­de­ni ojak­la­ry­na ba­ryp gör­dü­ler. Hal­ka­ra gim­nas­ti­ka fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Pre­zi­den­ti M.Wa­ta­na­be­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň, ýur­du­my­zyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.Oraz­dur­dy­ýe­wa­nyň hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy­nyň, şeýle-de Mil­li Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti­niň baş sek­re­ta­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da üs­tün­lik­li amala aşyrylýan giň ge­rim­li öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­sin­de türk­men spor­tu­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­je­le­re ýe­ti­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Wa­ta­ny­myz­da spor­tuň ösen mil­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek, olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni ös­dür­mek, ila­tyň sag­ly­gy­ny we hal­ka­ra sport hyz­mat­daş­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak, dün­ýä de­re­je­sin­de spor­tuň döw­re­bap mad­dy-en­jam­la­ýyn üp­jün­çi­lik ul­ga­my­ny dö­ret­mek ba­bat­da uly iş­le­riň durmuşa geçiril

Astrahanda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy we Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli sport çäresi geçirildi

13-14-nji sentýabrda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsullygynyň (Astrahan ş.) guramagynda «Газпром добыча Астрахань» medeni-sport merkezinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sportuň kiçi-futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Oňa Astrahan we Stawropol sebitlerinde hemişelik ýaşaýan türkmenleriň toparlary hem-de Astrahan şäheriniň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplaryndan ybarat toparlar gatnaşdylar. Çekeleşikli ýagdaýda geçirilen ýaryşyň jemlerine görä ýeňiji bolan toparlara kubok we medallar gowşuryldy. Has gowy oýun görkezen oýunçylar «Iň gowy oýunçy», «Iň gowy hüjümçi», «Iň gowy derwezeçi» ýaly ýörite sylaglar bilen sylaglandylar.

1 milliarda ýetdi

Kriştianu Ronaldu sosial sahypalaryndaky yzarlaýjylarynyň umumy sany 1 milliarda ýeten ilkinji şahsyýet hökmünde taryha girdi. Häzirki wagtda onuň «Instagram», «Facebook», «Twitter», «YouTube», şeýle-de «Weibo« we «Kuaishou» (Hytaý) sosial sahypalaryny yzarlaýan ulanyjylaryň sany 1 milliarddan geçdi. Ýöne bu dünýäniň ilatynyň 1 milliarddan gowragy ony yzarlaýar diýildigi däldir. Çünki ulanyjylaryň aglabasy meşhur futbol ýyldyzynyň ähli sosial sahypalaryny yzarlaýarlar. Ronaldunyň 1 milliardlyk sepgide ýetmegine golaýda onuň «YouTube» sahypasynyň açylmagy hem uly itergi berdi. Bu sahypa ilkinji bir hepdede 50 milliondan gowrak yzarlaýjy toplady. Ýeri gelende bellesek, bu ugurda ikinji orun 690 million yzarlaýjysy bolan aýdymçy Selena Gomeze, üçünji ýer bolsa ýene bir futbol ýyldyzy Lionel Messä (623 million) degişli.

Türkmen pälwany Alp Arslanyň ýeňişleri barada...

Üýtgeşik at üýtgeşik ykbala çelgi bolýan bolarly. Çünki biziň bu günki söhbetdeşimiz beýik türkmen serkerdesi Alp Arslanyň adyny göterip, dünýä arenalarynda men-men diýen türgenlerden üstün çykan ýaş ýigdekçe. Eýýäm aňan bolsaňyz gerek, gürrüňiň kim hakdadygyny. Biz ýaňy-ýakynda 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda sportuň erkin göreş görnüşi boýunça dünýä çempiony bolan Alp Arslan Begenjowa birnäçe sowal bilen ýüz tutup, onuň jogaplaryny okyjylar bilen paýlaşmagy müwessa bildik. — Alp Arslan, ilki bilen, ýeňşiňiz gutly bolsun. Söhbetdeşligimiziň başyny sizi çempionlyga ataran ýoluň ilkinji ädimleri baradaky gürrüňden başlaýaly?!

Gahryman Arkadagymyz Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 ­Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ça­ky­ly­gy bo­ýun­ça Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry bi­len ug­ra­dy.

Sport ul­ga­my­nyň we­kil­le­ri hal­ka­ra fo­rum­da

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň ma­ýa go­ýum fo­ru­my hem-de ugur­daş ser­gi, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ne ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we in­no­wa­si­ýa­la­ry çek­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra mas­la­hat, «HI-TECH Türk­me­nis­tan — 2024» at­ly ser­gi ge­çi­ril­ýär.

Döwür bilen beýgelýän şanly sport

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ma­wy tol­kun­ly Ha­za­ryň gö­zel ke­na­ry­ny jä­hek­läp otu­ran Türk­men­ba­şy şä­he­rin­de be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň ösüş ýo­ly şöh­rat­ly hem-de mö­hüm äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ra baý­dyr we bu ýe­ňiş-üs­tün­lik­li ýol hä­zi­rem şeý­le ru­hu­be­lent­lik­de do­wam et­di­ril­ýär.

Ynam­ly ýeň­iş

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Dün­ýä­niň çem­pio­ny! Bu jüm­le­de, gör, ne­neň­si joş­gun­ly, hy­juw­ly gö­reş ru­hy, gi­je-gün­diz­ çe­kil­ýän yh­las­ly zäh­me­tiň dat­ly mi­we­si jem­len­ýär. Wa­ta­ny­myz, hal­ky­myz, Gah­ry­man Arkadagy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz sa­ňa be­lent ynam bil­dir­se­ler, sen hem bu mu­kad­des yna­my ödäp, ýa­ryş­la­ryň, çem­pio­nat­la­ryň be­lent mün­be­rin­de ýe­ňi­ji­niň or­nu­na çyk­saň, çar tö­we­re­giň­den sa­ňa il­deş­le­riň, sport jan­kö­ýer­le­riň al­kyş­ly söz­le­ri gö­nük­dir­se­ler, şun­dan uly bagt bo­lup bi­ler­mi?!

Sport ha­kyn­da söh­bet­deş­lik

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­tin­de mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk baý­ra­my my­na­sy­bet­li uni­wer­si­te­tiň Türk­men di­li we ede­bi­ýa­ty fa­kul­te­ti­niň žur­na­lis­ti­ka hü­nä­rin­de bi­lim al­ýan ta­lyp­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da hä­zir­ki wagt­da ýur­du­my­zyň sport ul­ga­myn­da ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­ler ha­kyn­da te­ge­lek sto­luň ba­şyn­da söh­bet­deş­lik ge­çi­ril­di.

Türk­men ta­ly­by çem­pi­on bol­dy

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ga­za­gys­ta­nyň As­ta­na şä­he­rin­de do­wam ed­ýän Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ryn­da türk­me­nis­tan­ly tür­gen­ler şow­ly çy­kyş ed­ýär­ler. 10-njy sent­ýabr­da türk­men tür­gen­le­ri 3 me­dal ga­za­nan bol­sa­lar, 11-nji sent­ýabr­da il­deş­le­ri­mi­ziň ýe­ne 2-si hor­mat mün­be­ri­ne çyk­dy. Ola­ryň bi­ri Çar­wa­dar­la­ryň V Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çem­pio­ny bol­dy.

Sport ýa­ry­şy ge­çi­ril­di

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de Ber­ka­rar döw­le­ti­ň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­myz­da sport ul­ga­myn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler dün­ýä nus­ga­lyk­dyr. Bu ül­ke­de ýo­la go­ýul­ýan, bi­na edil­ýän her bir zat ra­ýat­la­ryň aba­dan we sag­dyn dur­mu­şy­ny üp­jün et­mek üçin gö­nük­diri­len­dir. Ýur­du­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de döw­re­bap sag­ly­gy go­ra­ýyş mer­kez­le­ri, şy­pa­ha­na­lar, sport des­ga­la­ry yz­ygi­der­li gur­lup ulan­ma­ga be­ril­ýär.

Sport habarlary gysga setirlerde

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 Güýz paslynyň gel­me­gi bi­len mil­li sport tür­gen­le­ri­mi­ziň iş­jeň­li­gi me­se­-mä­lim ar­typ baş­la­ýar. Çün­ki öň­de iri döw­let, se­bit we hal­ka­ra de­re­je­li ýa­ryş­lar, çem­pio­nat­lar bar. Dün­ýä­niň dost­luk­ly döw­let­le­ri­niň iri sport des­ga­la­ry dün­ýä bel­li tür­gen­le­ri, meş­hur sport klub­la­ry üçin ga­py­la­ry­ny giň­den aç­ýar­lar.

Çarwadarlar oýny: doganlaşdyryjy we jebisleşdiriji güýç

«7/24.tm»:№38 (225) 16.09.2024 In­di 10 ýy­la ba­sa­lyk­ly dö­wür­de üs­tün­lik­li ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän Çar­wa­dar­la­ryň Bü­tin­dün­ýä oýun­la­ry­nyň çuň­ňur ma­ny-maz­mu­ny ba­ra­da oý­la­na­nyň­da, umu­ma­dam­zat ta­ry­hy ta­pyn­dy­sy bo­lan çar­wa­dar­lyk dur­mu­şy ba­ra­da pi­kir­le­riň de­ňin­de az salym eg­le­ne­ni­ňi duý­man gal­ýar­syň.

Astanadaky üstünlik

Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde dünýäniň 91 döwletinden 3 müňe golaý türgeni bir ýere jemlän Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy türgenlerimizi täze ýeňişleri gazanyp, Watanymyzyň Döwlet baýdagyny belentde parlatmaga ruhlandyrdy. Türkmenistanly türgenler, esasan, kuraş we alyş göreşi boýunça geçirilen ýaryşlarda tapawutlandylar. Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Annagurban Allaberdiýew Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynda alyş göreşi boýunça 90 kilogram agram derejesinde çykyş edip, altyn medala mynasyp boldy. Ildeşimiz öz agram derejesinde dünýäniň 19 döwletinden gelen garşydaşlary bilen güýç synanyşyp, aýgytlaýjy duşuşykda özbegistanly türgeni ýeňdi we altyn medala eýe boldy.