"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Daşoguz welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçesi, 8
Telefon belgileri: 2-55-85, 2-55-31, 2-55-34
Email: dashoguz.habarlary@sanly.tm

Habarlar

Wagyz-nesihat çäresi

Öwüt-ündew edildi Halkymyzyň baý medeni mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, maşgala edebini, şeýle-de, ýaşlar syýasatyny giňden wagyz etmek maksady bilen yzygiderli çäreler geçirilýär. Golaýda etrabyň medeniýet bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de etrap medeniýet bölüminiň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa etrapdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar.

Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Asuda ýollar — röwşen ýollar Golaýda welaýat baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, welaýat salgyt bölüminiň bilelikde guramagynda «Asuda ýollar — röwşen ýollar» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga welaýat baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň, welaýat salgyt bölüminiň işgärleri, TMÝG-niň Mary etrap geňeşiniň işgärleri gatnaşdylar.

Arkadag şäheri täze halkara baýraklara mynasyp boldy

2024-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Arkadag şäheri Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisine gatnaşdy. Bu sergi dürli döwletleriň, daşary ýurt kompaniýalaryň jemi 116 sany pawilýonlaryny özünde jemledi. Arkadag şäheri — «Iň tapawutlanan «akylly» şäher» (bu baýrak bilen diňe Arkadag şäheri sylaglandy), «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» halkara baýraklaryna mynasyp boldy. 

Peder ýoly dowamat-dowam

Gahryman Arkadagymyzyň açan röwşen ýoly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasady bilen geljege uzaýar. «Ýoly ýörän ýeňer». Ata-babalarymyzyň döreden çuň manyly nakylyndaky «ýol» düşünjesine biz bu ýerde arzuw-maksatlara alyp gidýän ýol, ýagny ýörelge hökmünde garaýarys. Öňe gitmek üçin, ozaly bilen, ýoluňy dogry saýlamaly. Onsoň bu ýoluň ýagtysyny artdyrmaly. Onuň hümmetine hümmet, hikmetine hikmet goşmaly... Görnüşi ýaly, milletiň döwletlilik ýoluny geljege alyp gitmek ýeňil iş däl. Bu uly yhlasy, berk ynamy talap edýär. Uly paýhasy, uly düşünjäni, är gaýratyny talap edýär. Şeýle yhlas, şeýle ynam, şeýle paýhas, şeýle düşünje, şeýle gaýrat hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzda jemlenipdir. Allatagala bu milleti ýalkapdyr, bu topraga sahawat nazaryny aýlapdyr. Milletiň bagtyna halkyň saýlan perzendi peder ýoluny mynasyp dowam etdirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýurduň taryhy ösüşleri, halkyň bagtly durmuşy bilen şöhratlanýar. Edil öz Gahryman Arkadagyna belent söýgüsi hem ynamy ýaly, halkymyzyň ýüregi Arkadagly Gahryman Serdaryna belent söýgiden doly. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk senesiniň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň agzybirlige, joşguna, hyjuwa beslenjekdigine doly ynanýarys. Ýeri gelende, Ha

Halkyň alkyşy

Zamana saýlaýar gahrymanlary, Beýikleri beýik işler döredýär! Geçip Arkadagyň menzil-mekdebin,Asylzada peder ýolun ýöredýän Arkadagly Serdar!                                    Gahryman Serdar!  Dünýä ady bilen gelen Serdarsyň!Milletiň yrylmaz ynam-ygrary,  Päk umydy bilen gelen Serdarsyň!  Döwletli ojagyň,                                             halal ojagyňÖçmez ody bilen gelen Serdarsyň!Size jan ynanan iller hakyna,Ertelere barýan ýollar hakyna,Gül Watana,Giň jahana derkarsyň! «Döwlet gonsa, goç ýigidiň başynda,Hemaýatly ili gerek daşynda!».Dana Pyragynyň pendi berjaýdyr.Bu iller –                                dünýe deý gadymy iller Serwerine sagadatly türkmendir! Sahawatly, adalatly türkmendir!Gahrymany bolup bu beýik halkyň, Heňňam çarhyn ertirlere aýlamakMizemez ynamdan,                                    polat erkdendir!

Döwletli il ge­ňeş etse, toý bo­lar

Berkarar ýurdumyzda peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halkymyz eşretli durmuşda ýaşaýar. Ata-babalarymyz halkyň bähbidine amala aşyrylýan her bir işi ýaşululara geňeşip, halk bilen maslahatlaşyp çözmegiň tarapdary bolupdyr. Munuň şeýledigini «Maslahatly il myrada ýeter», «Geňeşene giň dünýä», «Döwletliniň başlan işi oň bolar» ýaly pähimli jümleler aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Häzirki bagtyýar döwrümizde-de halkymyz gadymy däp-dessurlaryny, milli ýol-ýörelgesini ýitirmän, döwrebap röwüşde dowam etdirýär. Şonuň üçin hem «demokratiýa» düşünjesi türkmen taryhynyň has irki döwürlerinde-de bar bolan düşünjedir diýsek ýalňyşmarys. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Her ýyl Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda halk demokratiýasynyň özboluşly nusgasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. Onda ara alnyp maslahatlaşylýan, kabul edilýän döwlet, il-ýurt ähmiýetli çözgütler halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Bagtyýar halkymyz Garaşsyzlygy örän möhüm milli gymmatlyklarynyň biri hasaplaýar. Döwlet Garaşsyzlygymyzyň saýasynda demokratiýanyň we adam hukuklarynyň ösüşinde taryhy ähmiýetli üstünlikler gazanylýar.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Garaşsyz döwletimizde watandaşlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, döretmegi, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyz bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylýan elektrobuslaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow 22-nji sentýabrda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadag saparynyň barşynda täze şäherde ulanylýan elektrobuslaryň aýratynlyklary bilen hem tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri elektrobuslaryň amatlylyk we tehniki görkezijiler babatda häzirki zamanyň ösen talaplaryna, ýokary halkara ülňülerine laýyk gelmelidigini belledi. Munuň üçin degişli düzümleriň hünärmenleri bilen bilelikdäki tagallalaryň edilmeginiň zerurdygy aýdyldy. Şeýle-de häzirki wagtda bar bolan we geljekde satyn alynjak elektrobuslaryň ýerli tebigy-howa şertlerine laýyk gelmegi, olarda ähli amatlyklaryň üpjün edilmegi we ilata ýokary derejede hyzmat edilmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigi bellenildi.

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»

2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda ýurdumyzyň ähli sebitleriniň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen Halk Maslahaty döwletimiziň berkararlyk binýadyny we kanunçylyk-hukuk esaslaryny berkitmekde, döwlet dolandyrylyşyny kämilleşdirmekde taryhy ähmiýete eýe boldy. Milli ýörelgelere esaslanýan we hakyky halk demokratiýasyna daýanyp, watandaşlarymyzyň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylan konstitusion özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi. Jemgyýetimiziň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin halkymyzyň çäksiz sylagynyň, belent sarpasynyň we söýgüsiniň beýany hökmünde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenildi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip, Konstitusion kanun esasynda ykrar edildi. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty:

Ak ýollaryň şamçyragy Arkadagly Gahryman Serdarymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatyna, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp, 22-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi. Ol «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletlilik ýörelgesi — beýik geljegiň nusgalyk ýoly» diýlip atlandyryldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, bilim ministri, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Joşgunly owazlar belentden ýaňlandy

Ýurdumyzda döwlet ähmiýetli wakalar şatlyk we ruhubelentlik ýagdaýynda geçýär. Muňa 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly, // Arşa göterilýär halkyň ykbaly» ady bilen geçirilen konsertiň mysalynda göz ýetirmek bolýar. Onda sahna ussatlary, halypa we ýaş estrada aýdymçylary, meşhur folklor-tans toparlary, Döwlet hory, çagalar döredijilik toparlary çykyş etdiler.

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy

Aşgabat, 23-nji sentýabr (TDH). Şu gün ir bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekiller ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli, «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular. Garaşsyz döwletimizde watandaşlarymyzyň netijeli zähmet çekmegi, döretmegi, dünýäniň ähli ýurtlary we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Halkymyz bagtyýar durmuşy alamatlandyrýan bu Garaşsyzlyk gününe aýratyn hormat goýýar.

Döwletlilik ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri buýsançly günler bilen baýlaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan döwletimiz özüniň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýär. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň syýasy giňişliginde ykdysady taýdan okgunly ösýän, durmuş abadançylygyna eýe bolan, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açyk döwlet hökmünde mynasyp orun aldy. Muňa Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan köpugurly işler türkmen döwletiniň beýik ösüşleriniň ýyl ýazgysyna täze şanly seneleri, nurana sahypalary ýazýar. Bular bolsa halkyň bähbidine gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çözgütleriň kabul edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler ýolunyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini, has giň gerimde ösdürilýändigini görkezýär. Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz tarapyndan uly ynama eýe bolup, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagynyň ýokary ähmiýeti barada nygtamak raýatlyk borjumyz hökmünde ýerlikli bolar. Çünki halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. Munuň özi täze döwlet Baştut

Belent maksatlar rowaçlanýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen paýhasly ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýän zamanasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýy Arşa göterilýär. Eziz Diýarymyz tutuş Ýer ýüzünde parahatçylygyň, dost-doganlygyň, sagdynlygyň we sportuň mekany hökmünde ykrar edilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ajaýyp ösüşler barada gürrüň etmek diýseň ýakymly. Çünki Garaşsyzlygyň miweleri ata Watanymyzyň ähli ugurlarda ýeten belent sepgitlerinde aýdyň şöhlelenýär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini, oba hojalygyny, senagatyny, medeniýetini ösdürmek, saglygy goraýşy, bilimi we ylmy dünýä derejesine çykarmak, ägirt uly şäher gurluşygyny amala aşyrmak babatda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan gurluşyklaryň gerimi barha giňeýär. Gojaman Köpetdagyň eteginde sanlyja ýylyň içinde bina bolup, sebitde ilkinji «akylly» şäher hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheri eziz Diýarymyzyň köptaraply ösüşleriniň aýdyň şaýadydyr. Ähli amatlyklary döredilen ýaşaýyş jaýlary, ylym, bilim ojaklary, häzirki zaman enjamlary ýerleşdirilen saglyk merkezleri, sport ulgamyna degişli desgalar täze şähere görk berýär.

Ak ýollar abadan durmuşyň hözirini artdyrýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň toýlara beslenýän günlerinde ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň geçirilmegi halkymyzyň abadan, asuda durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen möhüm işleriň biridir. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny, düzgün-tertibini pyýadalaryň we sürüjileriň arasynda giňden wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp, bu biraýlyk çäräniň geçirilmegi ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşy, rahatlygy ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň ýol-ulag ulgamy dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen üpjün edilýär. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreleri guramaga we ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga möhüm mesele hökmünde garalýar.

Abadançylygyň goragynda

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň esasy watandaşlarymyzyň howpsuzlygydyr. Şeýle bolansoň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy şulary ýatladýar: Otluçöpi, çakmagy çagalara elýetmez ýaly ýerlerde saklap, çagalara ot bilen garagolluk etmäge ýol bermeli däldir. Kiçi ýaşly çagalary gözegçiliksiz galdyryp, işläp duran gaz-elektrik enjamlaryna gözegçilik etmegi tabşyrmak örän howpludyr. Işläp duran gaz-elektrik durmuş enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak, senetçilik usulynda ýasalan gaz-elektrik enjamlaryny ulanmak dürli hadysalaryň üstünden eltýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Baýramçylyk joşgunyna beslenen dabaralar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralar uly ruhy joşguna beslenýär. Welaýat kitaphanasynda «Garaşsyzlyk – parahatçylygyň we dostlugyň gözbaşy» diýen şygar bilen geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem täsirli pursatlara baý boldy. Welaýat Medeniýet müdirligi bilen welaýat kitaphanasynyň guramagynda geçirilen söhbetdeşlige kitaphana işgärleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler barada buýsançly gürrüň etdiler. Şeýle hem çykyşlaryň dowamynda Garaşsyzlygyň parahatçylygy, dost-doganlygy berkitmekdäki ähmiýeti barada aýratyn durlup geçildi.

Mä­hir­den do­ly dün­ýä

Il içinde: «Ýeke-täk zatlaryň ählisi-de mukaddesdir» diýilýär. Şonuň üçin şol mukaddeslikler dünýäniň söýgüsine, hormatyna mynasyp bolýar. «Şol mukaddeslikleriň iň naýbaşysy Watandyr, enedir» diýen sözler bolsa kalbymyzyň töründen hemişelik orun alandyr. Bu, hakykatdanam, şeýle. Ene Ýer ýüzünde beýik söýgä, hormata, mertebä mynasyp bolýan iň mähriban ynsan. Akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly, adamzatda bar bolan ähli ajaýyplyklar Günüň altyn nurundan, enäniň mährinden kemala gelýärmiş. Watanymyzyň ata, göbek ganymyzyň siňen topragymyzyň enä deňelmegi, belki, şondandyr. Gowy saz ýa-da aýdym diňläniňde, göwnüň ganatlanýar. Ýürege ýakyn eser okanyňda bolsa, kalbyň has-da baýlaşýar. Eser ýürekden ýazylanda ol ruhy iýmit bolup, ýüreklere ýetýär. Biziň döredijilige uly itergi berýän, köňüllere ylham berýän bagtyýar döwrümiz bar. Kitaba, çeper söze, sungata sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar. Okanyňda ähli köňüllere mähir paýlaýan, Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitap her birimiziň kalbymyzda eziz enelerimize bolan çäksiz söýgini, hormat-sarpany janlandyryp, şol mähribanlyga bolan çäksiz mähir-muhabbeti has belentliklere göterýär. «Biziň bagtyýarlygymyz eziz eneleriň arzuwydyr. Biziň arzuwymyz bolsa eneleriň bagtyýar bolmagydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz bu eserinde

«Gyz we aždarha» filmi 143 million gezek görüldi

«Netflix» striming platformasy özünde ýerleşdirilen filmleriň we seriallaryň görülen sany baradaky maglumatlary paýlaşdy. Oňa laýyklykda, ýylyň birinji ýarymynda iň köp görlen film «Gyz we aždarha» kinokartinasy bolup, oňa 143 million gezek tomaşa edilipdir. Şeýle-de bu ugurda ikinji orny «Howadaky ogurlyk» (129 million) filmi eýeleýän bolsa, ilkinji üçlügi «Gar jemgyýeti» (103 million) filmi jemläpdir. Seriallaryň arasynda bolsa, birinji orun 107,5 million gezek görülen «Ýeke sapar ýalan gürlän» serialyna degişli.

Ýekeje ulanyja niýetlenen sosial tor işläp başlady

«App Storede» diňe bir ulanyja niýetlenilen sosial tor — «SocialAI» peýda boldy. Ol «Facebook» kompaniýasynyň ozalky işgäri Maýkl Saýman tarapyndan döredilip, bu torda ulanyjynyň özünden başga hakyky adamlaryň ýokdugy, ýagny onda diňe emeli aň esasynda işleýän botlaryň bardygy bilen tapawutlanýar. Bu sosial torda ulanyjy postlary ýerleşdirip, dürli botlardan teswir we laýk alyp biler. Käbir taraplary bilen öňki «Twitteri» ýadyňa salýan täze sosial torda emeli aň bilen işleýän botlar edil adam häsiýetlerine mahsus görnüşde, degişme, ýaňsylaýjy, ruhlandyryjy we beýleki ençeme äheňli teswirleri galdyrýarlar. Onuň iň gowy tarapy-da ulanyjy özüni yzarlaýjylaryň toplumyny kesgitläp bilýär: munuň üçin «akyllylar», «muşdaklar» we ş.m 32 sany görnüş hödürlenilýär.