Welosipedler hakynda maglumatlar
«Türkmenistan Sport»: № 3 (23), 2024 Welosipedler eýýäm köp wagtdan bäri diňe bir sport ulagy hökmünde däl-de, eýsem amatly ulag serişdesi hökmünde-de tanalýar. Olar biziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda welosiped diňe bir ýönekeýje güýmenje bolmak bilen çäklenmän, eýsem ol käbir adamlar üçin A nokatdan B nokada baryp ýetmekligiň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär. Dünýäniň köp döwletlerinde welosiped hereketlerine, ýörişlerine uly ähmiýet berilýär. Welosipedler üçin aýratyn ýodajyklaryň sany barha artýar. Tigir sürüjileri bolsa ýol hereketiniň doly hukukly gatnaşyjylary hasaplanylýar. Ekologiki taýdan iň arassa ulag serişdesi hasaplanylýan welosipedleriň ýene-de bir häsiýetli aýratynlygy olaryň awtomobil ýollarynda dyknyşygy emele getirmeýänligindedir. Welosipedleriň meşhurlygy şeýle bir artýar welin, olary indi hatda awtoulaglardan hem köp satyn alýarlar. Ulag serişdesiniň bu görnüşine bolan islegleriň günsaýyn artýanlygyny göz öňünde tutup, olaryň daşky durky döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda dünýäde özüniň özboluşly dizaýny we gymmat bahasy bilen tapawutlanýan birnäçe welosipedler bar. Geliň, ola