"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Daşoguz welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçesi, 8
Telefon belgileri: 2-55-85, 2-55-31, 2-55-34
Email: dashoguz.habarlary@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti kabul etdi

25-nji noýabrda döwlet Baştutanymyz Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senator Stiw Deýnsi kabul etdi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hormat goýmak, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýar. Ol syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklar soňky ýyllarda iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialog görnüşinde alnyp barylýar. Söwda-ykdysady ulgam hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir.

Budapeştda Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisi öz işine başlady

Şu gün Wengriýa iş saparyny amala aşyrýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşýar.  ...Gahryman Arkadagymyz Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasyna ugrady. 

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Wengriýa iş sapary bilen ugrady.    Paýtagtymyzyň Halkara  howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. 

Gahryman Arkadagymyz Wengriýada saparda bolýar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine gatnaşmak maksady bilen Wengriýada iş saparynda bolýar. Mälim bolşy ýaly, 25-nji noýabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Gahryman Arkadagymyzy geňeşiň agzasy hem-de hormatly myhman hökmünde Budapeştde guraljak nobatdaky mejlise gatnaşmaga çagyrypdy. Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň binasynda geçirilýän mejlise Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekiliýetleri gatnaşýar. TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, wekiliýet ýolbaşçylarynyň çykyşlary göz öňünde tutulýar. Onda türki dünýäniň hormatly ýaşululary Aksakgallar geňeşiniň işini kämilleşdirmek, Türki Döwletleriň Guramasynyň netijeliligini ýokarlandyrmak we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri boýunça pikir alşyp, anyk teklipdir başlangyçlary beýan ederler.

Iş maslahaty geçirildi

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi hem-de öndürijilikli zähmetiň berkarar bolmagy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriljek Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisine geňeşiň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň mähirli salamyny ýetirdi.

BAE-niň wekilleri bilen duşuşyk

25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleri uzak möhletli we köpugurly hyzmatdaşlygy alyp barýar. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklary özara düşünişmegiň, ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz ikitaraplaýyn görnüşde, BMG-niň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy üstünlikli utgaşdyrýar hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça öňe sürülýän başlangyçlara özara goldaw berýär.

Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de olaryň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Mill

Resmi habar

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Azyk howpsuzlygynyň bähbidine halkara hyzmatdaşlyk

Aşgabat, 28-nji noýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) Baş direktorynyň orunbasary, beýleki halkara guramalaryň, maliýe düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Şu gezekki forumyň esasy maksady howanyň üýtgeýän şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda sebit we ählumumy hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakdan ybaratdyr. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de olaryň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär. BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ekologik abadançylyk azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Türkmenistanda Howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýanyň, Mill

Resmi habar

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Netijeli maliýe syýasaty

ýurdumyzyň abraýyny artdyrýar 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň halkara maliýe reýtingini we abraýyny ýokarlandyrmak, hususan-da, Beýik Britaniýanyň «Fitch Ratings» agentligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hem hasabat berildi. Bu agentlik tarapyndan geçirilen seljerme işleriniň netijesinde şu ýylyň awgustynda Türkmenistanyň karz reýtingi ýokarlandyryldy.

Gerimi giňeýän gatnaşyklar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda sebitiň möhüm logistika çatrygyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogar, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän geoykdysady giňişligiň binýadyny döretmek bilen baglanyşykly iri halkara guramalarynyň münberinden eden teklipleriniň goldaw tapmagy netijesinde bu ugurdan uly öňegidişlikler gazanyldy. 2026 — 2035-nji ýyllarda Durnukly ulagyň onýyllygy boýunça BMG-niň maksatnamasynyň düzümine goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Durnukly ulagyň dostlary toparynyň döredilmegi hem Watanymyzyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň güwäsidir. Ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýän Garaşsyz Diýarymyzyň 1993-nji ýylda Brýussel Jarnamasyna goşulmagy TRACECA maksatnamasynyň başyny başlady. Türkmenistan häzirki wagtda TRACECA-nyň çäklerinde durmuşa geçirilen düzümleýin taslamalaryň we tehniki taýdan ýardam bermek baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi babatdaky başlangyçlarda işjeňligi bilen tapawutlanýar. 2023-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edilmegi döwletimiziň

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 15-nji no­ýabr­da hor­mat­ly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­si­ni ge­çir­di.

Berkarar döwletiň buýsançly gadamlary

Dost-doganlygyň, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň mekany bolan Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän sepgitler her bir türkmenistanlynyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýaryp, tutanýerli zähmete ruhlandyrýar. Garaşsyz ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär. Abraýly halkara guramalar, dünýä döwletleriniň ýüzlerçesi Türkmenistan bilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berýär. Şu hepdäniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýol howpsuzlygy boýunça Ýörite wekili Žan Todty, Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazruini hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaberi, şeýle-de Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Senatynyň Energetika we tebigy serişdeler boýunça komitetiniň agzasy, Montana ştatyndan senatory Stiw Deýnsi kabul etdi. Ýokary derejedäki duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň möhüm wezipelerine garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Arkadagly Gahryman Serdarymyz! Siziň başlangyçlaryňyz bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan belent sepgitlere ýetýär, taryhy ösüşlere eýe bolýar. Milli ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda uly özgertmeler amala aşyrylýar, döwletimiz ýagty geljege, has beýik ösüşlere tarap ynamly barýar. Häzirki wagtda geçmiş taryhymyz ebedileşdirilip, milli ýolumyz döwrebap derejede dowam etdirilýär.

Bagtyýarlygyň binýady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwrebap dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ekologik howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça öňe sürýän teklipleri dünýäde giň goldaw tapýar. BMG-niň Aşgabatdaky Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň alyp barýan işi hem halkara bileleşigiň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatymyzy ykrar edýändiginiň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistan adamzat üçin netijeli medeni alyşmalaryň we dialogyň oňyn nusgasy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine möhüm ähmiýet berýär. Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesi bolsa ýurtlaryňdyr halklaryň ýakynlaşmagynyň esasy şerti bolup çykyş edýän ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin amatly ýagdaýy döredýär.

Arkadag pähiminden Diýar galkynýar

Gahryman Arkadagymyzyň yhlasly tagallalarynyň netijesinde amala aşyrylýan işler halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň, halkara abraýynyň artmagyny şertlendirýär. Arkadag şäheri Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Milli Liderimiziň pähim-paýhasynyň, öňdengörüjilikli syýasatynyň, halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň ajaýyp miwesidir. 26-njy noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary hem-de gurluşygyna başlanan binalardaky işleriň ýagdaýy, olarda ulanylýan gurluşyk, bezeg serişdeleriniň aýratynlyklary bilen tanyşmagy we degişli düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi dünýäniň binagärlik tejribesiniň ajaýyp nusgasyna öwrülen Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Döwre buýsanç — zähmete hyjuw

Göwün guşumyz ganatlandy Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden döreýän ajaýyp eserler terbiýe mekdebi, paýhas ummanydyr. Ýakynda geçiren iş maslahatynyň dowamynda Milli Liderimiz zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgullanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny taraşlap, bir kitaba jemländigini aýtdy. Çeper döredijilige gadyr goýýan Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsiniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren ýakymly täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary özünde jemleýän täze «Hakyda göwheri» atly kitaby gymmatly gollanmalaryň üstüni ýetirdi. Bu hoş habar ildeşlerimiziň göwün guşuna ganat berdi. Goý, hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, ajaýyp kitaplarynyň dowamy-dowam bolsun.

Hormatly Prezidentimiziň kabul etmegi

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahata gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň Başlygy hanym Pia Kaumany kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ÝHHG-niň sebitde we dünýäde parahatçylygyň, abadançylygyň pugtalandyrylmagy ugrunda çykyş edýän Bitarap Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi.