"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Daşoguz welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçesi, 8
Telefon belgileri: 2-55-85, 2-55-31, 2-55-34
Email: dashoguz.habarlary@sanly.tm

Habarlar

Mag­tym­gu­ly — çyragym

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Mag­tym­gu­ly — as­ma­ny­myň nu­ru­dyr,Mag­tym­gu­lyň ýü­zi Ha­ka sa­ry­dyr.

Halypalardan tymsallar

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Üstünlige ýetmek üçin ilkinji nobatda özüňe bolan ynamyň bolmaly. Üstünligiň ýoly örän uzyn hem çylşyrymlydyr. Bu ýola düşeniňde ençeme synaglar we päsgelçilikler bilen garşylaşarsyň. Şol bir wagtyň özünde bu synaglar we päsgelçilikler seni taplaýar we netijede ýeňşe bolan ynamyňy döredýär. Üstünlige ýetmek üçin bilini berk guşap, ýola çykan her bir ynsan mümkinçiliklerini peýdalanmalydyr. Ynsanyň mümkinçilikleriniň çägi ýok. Hut şu nukdaýnazardanam üstünlikleriň hem çägi bolmaly däldir. Munuň şeýledigine ýaşlygyndan sporta bolan höwesini ýitirmän hasam kämilleşdiren, ýyllaryň dowamynda sport arenalarynda türkmen tuguny belentde parladyp, häzirki wagtda halypaçylyk mekdebine öwrülen türkmen türgenlerimiziň mysalynda göz ýetirip bileris. «Türkmenistan sport» halkara žurnalynyň sahypalarynda «Halypalardan tymsallar» atly şygar astynda türgende öňde goýan maksadyňa ýetmek, sabyrly bolmak, çeýelik, özüňe bolan ynamyňy artdyrmak, täze belentliklere ruhlandyrýan ýörelgelerden söhbet açýan gyzykly wakalary okyjylarymyza ýetirip durmagy maksat edindik. Indi bolsa şägirtlikden çykyp halypaçylyk mekdebine öwrülen türgenlerimizden ýaş žurnalistlerimiziň gürrüňdeşlik edip ýazga geçirmeginde, olaryň ýaşlygyndan üstünligine ýetmekleri üçin ruhy goldaw berýän tymsallary hödürleýäris.

Gahryman Arkadagyň sözi

Mirasyň şekili, taryhyň keşbi,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!Türkmeniň tükenmez kuýaşy-yşky,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi! Ulgam-ulgam Köpetdagyň syry bar,Zehin zümerretli, paýhas-düri bar,Ylym hem pähimi dünýä barabar,«Hakyda göwheri» — Arkadag sözi!

Ykbala öwrülen hünär (Oçerk)

Tamamlanyp barýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ähli ugurlar bilen bir hatarda ýurdumyzyň ylmy-önümçilik ulgamynda ýetilen sepgitler hem guwandyryjy boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynda tohumçylyk-seçgi işini has-da kämilleşdirmek, oňa häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak arkaly amala aşyrylan işler oňyn netijesini berdi. Institutyň Ahal welaýat bölüminde şu ýyl gowaçanyň täze orta süýümli «Ahal-6» sorty döredilip, önümçilige ornaşdyryldy. Oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, seçgiçi alym Gurban Nowruzowyň yzygiderli alyp baran ylmy-seçgiçilik işiniň netijesinde döredilen bu görnüş hasyllylygy, ýokary süýüm çykymlylygy hem-de zyýanly mör-möjeklere, has takygy, gowaçanyň hasyl synalaryna zyýan ýetirýän meýdan ýasmygyna garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa, gowaçanyň täze sortunyň ykdysady taýdan bähbitlilik derejesini ýokarlandyrýar.

Täze ýylyň buşlugy (Hekaýa)

— Täze ýyl baýramy hem ýetip gelýär. Ejem-ä maňa: «Sowgatlaryň iň gowusy seniňki bolar, ýöne ony almak üçin okuwyňdan diňe bäşlik baha almalydyr» diýýär. Ejemiň «Iň gowy sowgat» diýýäni nämekä, bilýäňmi? — diýip, Aýsona doganjygy Gülsona sorag bilen ýüzlendi. Gülsona-da oýnundan ünsüni sowman: — Men näbileýin. Maňa-da şeýle diýdi. Belki, bize aýtman, kakam bilen üýtgeşik sowgat taýýarlaýandyrlar? — diýdi.

Hoş arzuwlar

Täze ýylda hoş arzuwlar aýdylyp,Süýji sözler joşup çyksyn gursakdan.2025 — dur bosagamyzda,Gutlaň, bir-biregi hut şu pursatda. Täze ýyllar — bagtdan serpaýly ýyllar,Döwrümizde dünýäň gözelligi bar.Ösüşlermiz bedew bady deý ýyndam,Ömrümizde bagtyň gönezligi bar.

Köňülleriň aýdymy

Dagyň çuň jülgesinde,Gür bagyň kölgesinde,Men şadyýan hiňlenip,Aýdym aýdyp ýaýnaýan. Elimde gül göterip,Watan waspyn ýetirip,Şirin mukam getirip, Bilbiller şat saýraýar.

Buýsançnama

Synlap gül jemalyň, didelem doýmaz,Ylham joşa gelýär, erkime goýmaz,Ýürek asla özge mekany söýmez,Bagt daňy atany — Türkmenistanym! Söýmedik ýok baharyňy, gyşyňy,Bugdaý nanyň, semeni deý aşyňy,Mukaddes topragňa goýup başyny,Ärleriň mekany — Türkmenistanym!

Säher

Ýagtyltdy ýakyn-daşlary,Täze Günüň nur jemaly.Oýardy saýrak guşlary,Säheriň sergin şemaly. Gündogaryň al şapagy,Göýä, owadan bir haly.Darap geçýär giň jahany,Säheriň sergin şemaly.

Asal zybanym bar meniň

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň: «Taraşlap şaglatgyn köňle geleniň, senden soňkulara ýadygär bolar» diýşi ýaly, biziň ene dilimiz müňýyllyklaryň dowamynda söz ussatlary tarapyndan kämilleşen, taraşlanan, şahyrana edebi dildir. Çeper edebiýatda sözleýşiň täsirliligini gazanmak esasy maksatdyr. Şonuň üçin çeper eserlerde ýazyjy-şahyrlar tarapyndan dürli çeperçilik serişdeleri işjeň ulanylýar. Söz ussatlary öz eserleriniň okyja ýiti täsir etmegi üçin dil birliklerinden oňadyny saýlap-seçýärler. Metafora, metonimiýa, epitet, allegoriýa, ewfemizm, ulaltma, kiçeltme ýaly dürli çeperçilik serişdeleri bilen birlikde perifraza-da dilde işjeň ulanylýar. Perifraza grek sözi bolup, «aýlawly jümle» diýen manyny berýär. Pikiri şahyrana beýan etmekde söz ussatlary, dilewar adamlar adaty sözleri aýlawly, sypatlandyryp atlandyrýan jümleler bilen çalşypdyrlar. Bu sözleýşiň täsirliligini artdyrypdyr. Perifraza käbir zadyň bir sözden ybarat adyny sypatlandyrmak arkaly iki we ondan köp sözden ybarat jümlede aýlawly, göçme manyda başgaça atlandyrmakdyr. Perifraza çalyşýan sözünden täsirliligi we mana baýlygy bilen tapawutlanýar. Ol söz düzümi görnüşinde bolsa-da, iki söz birlikde bir soraga jogap bolýar.

Üç ýyl depe (malaý rowaýaty)

Bir döwürler kiçeňräk obada «Üç ýyl depe» diýlen bir depe bar eken. Aýdylyşyna görä, bu depeden ýykylan adam bary-ýogy üç ýyl ýaşaýarmyşyn. Günleriň birinde bir ýaşuly adam bu depä çykýarka, gapdalyndan towşan towsup gaçypdyr. Duýdansyz hasyrdy ýaşulyny şeýle bir gorkuzypdyr welin, ol deňagramlylygyny ýitirip, ýere ýykylypdyr. Bu ýagdaý ony uly ünjä goýupdyr. Gaýgydan ýaňa goja agyr derde uçrapdyr. Hassa düşeginde ýatan ýaşulynyň ýanyna bir ýaş oglan gelipdir-de:

Täze ýyl arzuwy

Täze ýyl Zeminiň ähli ýerinde,Bir-birege ynanylýan ýyl bolsun.Dünýäň çar ýanynda asuda durmuşGaýnap, dost-doganlyk has arşa galsyn! Demir ýollar, howa ýollar, suw ýollar,Ulag ýollar dosta sary uzasyn.Bu ýollaryň ählisi-de gowy ýollarBolup, halklaň ykbalyny bezesin!

«Hakyda göwheri» — paýhas düri

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy alym Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Bu ajaýyp kitap alym Arkadagymyzyň halkymyza, giň okyjylar köpçüligine ýetirilen mundan öňki kitaplarynyň özboluşly dowamydyr. Ylmy-ensiklopedik mazmunly täze kitapda taryhy, arheologik, etnografik, şeýle-de binagärlik we şekillendiriş sungaty, halk döredijiligi, nusgawy edebiýatymyz, dil, etimologiýa ýaly möhüm ugurlar bilen bagly maglumatlar ylmy çeşmelere, gadymy golýazmalara salgylanylyp, giňişleýin beýan edilýär. Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda toý şatlygymyzy artdyran «Hakyda göwheri» atly täze kitap taryhymyzy, edebi mirasymyzy, halkymyzyň şöhratly geçmişiniň arheologik ýadygärliklerinde saklanyp galan, henize çenli ylmy dolanyşyga girizilmedik syrly sahypalaryny, bürünç asyrlarynda, antik zamanda, kuwwatly Parfiýa, beýik Seljuklar, Horezmşalar, Anuşteginler — Köneürgenç nesilşalygyna degişli we orta asyrlaryň beýleki döwürlerinde gülläp ösen şäherlerimiziň taryhyny, medeniýetde, ylym-bilimde we beýleki ugurlarda gazananlaryny çuňňur öwrenmäge mümkinçilik berýär. Kitapda türkmen halkynyň gadymy hem şöhratly taryhyny, arheologik ýadygärliklerini ylmy esasda öwrenmekde uly hyzmatlary bitiren amerikan alymy Rafael Pampelli, rus alymlary Wadim Masson, Wiktor Sarianidi, Wiktor

Aýazbaba hökman geler, oglum!

(Hekaýa) Oglanjyk ir bilen ukudan oýandy-da, otagynyň töründe bezelgi duran arçanyň ýanyna baryp töweregine seretdi. Eglip bir bölek kagyzy aldy-da: «Aýazbaba meniň ýazan hatymy okamandyr-a» diýip, başyny aşak saldy. Birdenem:

Bir hekaýanyň taryhy

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 250 ýyllygyna taýýarlyk görülýän döwürdi. Has dogrusy, bir müň dokuz ýüz segsen üçünji ýylyň başlarydy. Şol günleriň birinde ýanyma köne dostlarymyň biri, zehinli žurnalist hem-de ýazyjy Wladimir Pu salama geldi. Ýaş nesliň okyjylary ony, megerem, onçakły tanaýan däldir. Şondan ötri, gadyrdan ülpedimiň gysgajyk terjimehalyna ýüzlensem, barysy aýyl-saýyl bolsa gerek. Polady ýumşak, her taraplaýyn sowady ýetik Wolodýa garynjany hem ynjytmajak diýilýänlerdendi. Ol «Aşhabad» žurnalynda işleýärdi. «Edebiyat we sungat» bilenem gatnaşyk saklardy. Onuň hekaýalaryny, makalalaryny, oçerklerini, köplenç, özüm türkmen diline geçirerdim. Wolodýanyň žurnalist hökmünde ülkämizde aýak basmadyk ýeri ýok diýerlikdi. Ol Türkmenistany, türkmen durmuşyny içgin öwrenýärdi. Türkmen tebigaty, türkmen dünýäsi bilen baglanyşykly kitaplary-da okap çykypdy.

Magtymgulynyň taglymatynda ömri dogry ýaşamak (Makalalar toplumy)

DOGRY UKY ÖMRÜŇI UZALDÝAR ýa-da GIJÄNI NÄHILI GEÇIRMELI? Uky — ynsan ogluna berlen iň uly nygmatlaryň biri. Ol adam saglygyny we durmuşyny goldaýan iň möhüm faktorlaryň hatarynda durýar. Hiç bir derman ýa-da serişdeler bilen onuň öwezini dolup bolmaýar. Adam saglygynyň aýrylmaz bölegi bolan uky ýürek-damar ulgamynyň kadaly işlemegini, immunitetiň güýçlenmegini üpjün edýär we stresiň derejesini azaldýar. Uky diňe bir dynç alyş üçin däl, eýsem, beýniniň we bedeniň täzelenmegi, duýgurlyk, ýatkeşlik, fiziki kuwwat we ruhy saglyk üçin hem möhüm zerurlykdyr. Dogry we ýeterlik ukyny almak adamyň işjeňligini, döredijiligini hem-de umumy bagt duýgusyny ýokarlandyrýar.

Şygryýetdäki ilkinji ädimler

TÄZE ÝYL ŞATLYGY Ýetip geldi Täze ýyl,Toý şatlyga gurşalyp.Dillerimiz saýrap dur,Göwünlermiz joş urup.

Öýkelek (Hekaýa)

Ol juda öýkelek. Üstesine-de dawaçyl. Biri göwnüne degäýse dagy, uzyn günläp öýüň burçunda süsek geçi ýaly mölerilip oturandyr. Şeýle bolansoň, hatda dostlary hem onuň bilen oýnamak islemeýärdiler. Dagy näme, aşyklaryny utdursa-da möňňüriberýär. Ol bu günem ejesiniň kejine kän gitdi. Bahanasyny hem jigisi Tultujagyň (Onuň ady Myratdy, ýöne tokarja bolansoň, oňa hemmeler Tultujak diýerdiler), hawa-hawa, Tultujagyň horazsüýjüsinden başlady. «Oňa uly horazsüýji beripsiňiz, ýogsam, meniň horazsüýjim gutaranda onuňkam gutarardy» diýip, şumjaryp otyr. Dişi bilen kitirdedip, lak-luk atypdyrdanym. Ejesi oňa: «Oglum, Täze ýylyň öňüsyrasynda öýkelemek bolmaýar, ýogsa Aýazbaba saňa sowgat getirip bermez» diýdi. Emma Kemaljyk ýene ejesiniň kejine gitdi: «Aldaýaňyz, hakyky Aýazbaba ýok. Geregem däl sowgat. Aýazbaba ýok hiç ýerde-de. Men çaga däl indi. Serediň boýuma, öň çyramyzy ýakamda aýagymyň aşagyna iki sany ýassyk goýýardym, indi ýassyk goýmanam öçürip bilýän» diýdi-de, çyrany ýakyp-söndürip, ýakyp-söndürip, bezzatlygyna tutduryberdi...

Geljek nesillere gymmatly hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren birnäçe ajaýyp eserleri, bütin türkmen halky üçin gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýar. Bu ajaýyp eserleriň her gatynda biziň geçmişimiz, şu günümiz aýdyň geljegimiz şugla saçýar. Şeýle ajaýyp eserleriň üsti bilen ýaşlarda Watana bolan söýgini, ata-enä bolan sylag-hormaty, maşgala wepadarlygy terbiýelenýär. Çünki, kitap ynsanyň ýakyn syrdaşy, ynsan köp okadygyça, dünýägaraýşy giňeýär, ruhy baýlygy artýar, akyl-paýhasa ýugrulan eserler ömrüňde dogry ýola düşmäge, durmuşda mynasyp ornuny saýlamagyňa esas berýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby hem şeýle ajaýyp eserleriň biridir. Türkmen we iňlis dillerinde neşir edilen kitap Milli Liderimiziň ozalky döreden ajaýyp eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeledi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 29-njy noýabrda geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň neşir edilendigini habar berdi. Şu mynasybetli, döwlet Baştutanymyz Milli Liderimize Gutlag iberdi. Gutlagda bu ajaýyp kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýolunyň, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleriniň taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilendigi bellenilýär. Bu gymmatly eser bagtyýa

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň beýik şahyry hem-de akyldary

Türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy - öçmejek ruhy we ahlak gymmatlyklaryna eýe bolup, adamlaryň ruhy dünýäsinde we durmuşynda ýagşylygyň ugrukdyryjysy hökmünde olaryň aňyna baky yşyk bolup ornaşdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde şatlykly hem-de bolelin durmuşda ýaşaýan agzybir we zähmetsöýer halkymyz Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hemmelere bagt we şatlyk, ýagşy umyt-arzuwlary eçilýän, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän 2024-nji ýylymyz hem buýsanç, şatlyk we ruhubelentlik duýgularyna beslenip, tamamlanyp barýar. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty milli gymmatlyklarymyza, geçmişde yz galdyran ägirtlerimize sarpany ömrümiziň, durmuşymyzyň manysyna öwürdi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly hem bize şu günümize hem-de geljegimize ýalkym saçjak işleri amal etmegiň täze sepgitleriniň badalgasy bolup hyzmat etdi. Akyldar şahyrymyzyň ady bilen baglanyşdyrylan ýylymyzda ähli ugurlarda joş alýan döredijilikli zähmet Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany ösüşleriň täze belentliklerine alyp bardy. Çünki, Magtymguly Pyragynyň şahyrana mirasy diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem tutuş türki dilli halklaryň hem edebiýatynyň taryhynda ähmiýeti has ýokary bolup, adamzat bilimleriniň hazynasyna möhüm goşant goş