"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Daşoguz welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçesi, 8
Telefon belgileri: 2-55-85, 2-55-31, 2-55-34
Email: dashoguz.habarlary@sanly.tm

Habarlar

Ak keçe ýaraşar öýüň törüne

Gadymyýetden miras galan senetçilik däpleri häzirki döwürde-de öz ähmiýetini, gadyr-gymmatyny ýitirmeýär. Eli çeper zenanlaryň zehininiň, yhlasynyň miwesi bolan keçe we keçe önümleri milli mukaddesliklerimiziň biridir. Keçeler, adatça, dörtburç bolýar. Olaryň bir ýa-da iki ýüzi nagyş bilen bezelýär. Keşde çekmek, dokma dokamak ýaly keçe taýýarlamak hem irginsiz zähmeti talap edýär. Ene-mamalarymyz derýalaryň, ýaplaryň boýlarynda ösýän hyşşalardan orlup alynýan gamyşlary arassalap, belli bir ölçegde berk ýüpler bilen çyg dokapdyrlar. Soňra sähetli gün diýip hepdäniň çarşenbe güni üýşüp, gamyş çygyň üstünde keçeleri gülläpdirler. Çygyň ýüzüne inçe edilip çekilen reňkli ýüňler bilen salynjak nagyşlaryň keşbi çekilýär. Keçäniň merkezi meýdançasyna güller we dürli şekilli nagyşlar aýlawly goýlup çykylýar. Soňra ýogyn görnüşinde çekilen reňkli ýüňler arkaly onuň içi doldurylýar. Keçelerde merkezi nagşyň we gyra nagyşlaryň arasy alajalar bilen bezelýär. Alaja keçä owadanlyk çaýýar we nagyşlaryň biri-biri bilen goşulyşmazlygynda hem uly ähmiýete eýe bolýar.

Gadymy suw desgalary

Biziň şu söhbedimiz Çärjew etrabynyň Amyderýanyň sag kenaryndaky çäklerinde irki döwürlerde gurlan suw desgalary hakynda bolar. Olar öz döwründe ata-babalarymyzyň suwaryş ulgamlaryny çekmekde gazanan üstünliklerine aýdyň şaýatlyk edýär. Mälim bolşy ýaly, Çärjew etrabynyň Hojakenepsi, Ýylmangaýa, Eljik, Osty obalarynyň çäklerinde Amyderýanyň kenar ýakalary uzaboýuna belent gyrlyklardan ybarat. Derýanyň bu kenarynda obalar irki döwürlerde peýda bolupdyr. Oba ilaty ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanypdyr. Kowçum bolup oturmak, ekin ekmek üçin bolsa süýji suw köp gerek bolýar. Obalylar kenary belent gyr depeli derýadan suw almagyň özboluşly usulyny oýlap tapypdyrlar. Olar depeleriň aşagyndan ötük — lagym gazyp, ekerançylyk ýerlerine bol suwy getirmegiň hötdesinden gelipdirler. Bu ýeňil bolmadyk, örän köp möçberde el güýjüni talap edýän iş bilen erkek adamlar meşgullanypdyrlar. Gazuw işlerine tejribeli ussalar, miraplar ýolbaşçylyk edipdirler.

Törlere ýaraşyk gülli keçeler

Mirasym — hazyna-genjim Arkama-arka dowam edip, biziň şu günlerimize gelip ýeten el işleriniň biri bolan milli keçelerimiz törlerimiziň, toýlarymyzyň ýaraşygydyr. Türkmen zenanlarynyň döredýän nepis sungaty halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülendir. Munuň şeýledigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanyp, Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň bilelikde yglan eden «Gülüň owadan!» atly keçe bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek boldy.

Jemşidiň jamyna deňelen

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkymyzyň medeni, ruhy derejesi ösýär we özgerýär. Ata-babalarymyzdan galan edebi-ruhy mirasymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegi, halkymyzda uly gyzyklanma döredýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy uludan toýlanylýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanylyp halkara ylmy-amaly maslahatlar, dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Türkmeniň ruhy sütüni Magtymguly Pyragynyň akyl-paýhasa, inçe duýga ýugrulan setirleri halkyň milli ruhy bilen ýaşaýar. Jemşidiň jamyna deňelen şahyryň sowallaryň ummanyna çelgi bolýan goşgulary bahasyz hazynadyr. Şahyryň her bir setirinde halkyň ykbaly, paýhasy, şahyrana ussatlygyň, yhlasyň belentligi, çuňňur filosofiki pikirler bar. Her setiriň aňyrsyna umman ýaly pikir çuňlugyny siňdiren poeziýanyň bir ýürege, bir akyla sygandygyna haýran galýarsyň. Şahyryň döredijiliginiň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň ruhy medeniýetinde tutýan orny baradaky pikirleri dünýä belli alymlar tarapyndan hem bellenildi.

Süýtden alynýan önümler

Süýt we süýt önümleri adam saglygy üçin ýokary kaloriýaly we çalt siňiji azyklyk iýmitdir. Olar witaminlere we mineral maddalara baý. Muňa garamazdan süýt we süýt önümleri çalt zaýalanýan önümlere degişlidir. Howanyň temperaturasynyň ýokary bolan döwründe süýt we süýt önümleri derrew turşap, zaýalanyp başlaýar.

Nepisligiň nusgasy - türkmen halysy

Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, yzygiderli tagallalary netijesinde milli medeniýetimiziň ösdürilmegi, mirasymyzyň giňden wagyz edilmegi ugrunda uly mümkinçilikler döredilýär.  Halkymyzyň baý taryhynyň, milli mirasymyzyň ylmy esasda öwrenilmegi medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, ösdürmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligini türkmen zenanlarynyň döreden milli gymmatlyklary bilen giňden tanyşdyrmaga ýardam berýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren, milli sungatymyzy, medeniýetimiziň geçmişini, şu gününi we geljegini şöhlelendirýän «Türkmen medeniýeti», «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaplary hem aýdyň mysaldyr. Adamlaryň ruhy kämilligi öz halkynyň taryhyny hem sungatyny bilmekden başlanýar. Şoňa görä-de, öz halkyň taryhyny, sungatyny bilmek, ýürekden söýmek, oňa hormat goýmak her bir ynsanyň mukaddes borjudyr.

Inçe iňňeden dörän sungat

Mährem gelin-gyzlarymyzyň elinden çykan her bir keşdäniň süňňüne türkmeniň dünýägaraýşy, ýaşaýşa bolan yhlasy, söýgüsi, gözellige buýsanjy siňdirilendir. El işleriniň arasynda keşde çekmek däbi aýratyn bir ussatlygy talap edýär. Ene-mamalarymyz özleriniň sungat derejesine ýetiren el hünärleri bilen milli lybaslary bezäp, sünnäläp tikipdirler. Keşde, köjüme, pugtama, basma, alaja we başga-da birnäçe el işleriniň görnüşleri bilen milli egin-eşiklerimiz has-da gözel görke gelipdir. Gelin-gyzlarymyz diňe bir toý köýneklerini däl, eýsem gündelik durmuşdaky öý geýimlerini hem el keşdeleri bilen bezäpdirler. Keşdeçilik sungaty çeperçilik taýýarlygy, irginsizligi, sabyr-takatlylygy talap edip, ýaş gyzlaryň sungata garaýyşlaryny kämilleşdirip, häsiýet aýratynlyklaryny hem terbiýeläpdir. Şeýle-de ene-mamalarymyz ýaşlygyndan gyzlarymyzyň ökde hünärli, çeper elli bolmaklaryny arzuwlap, eýýäm olar sallançakda wagty oňa hüwdüleriň üsti bilenem terbiýe berip başlapdyrlar. Muňa biz islendik döwürdäki edebiýatymyza, taryhymyza, ylmy, edebi çeşmelerimize salgylananymyzda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Işigi atly, töri döwletli türkmen

Türkmen halkynda «Aty çykmak» diýen düşünje şatlykly wakanyň buşlugy hökmünde kabul edilýär. Her ýylyň ýazky hem-de güýzki at çapyşygy möwsüminiň geçirilmegi ýurdumyzda ahalteke bedewlerine belent sarpa goýulýandygyndan nyşandyr. Gahryman Arkadagymyz meşhur ahalteke atlary, görnükli seýisler, atşynaslar bilen baglanyşykly işleriň içgin öwrenilmegine, atşynaslyk sungatynda syrly iş tärleriniň türkmen we dünýä atşynaslaryna giňden açylyp görkezilmegine uly mümkinçilik döredýär. Bu bolsa ahalteke bedewlerini içgin öwrenýän dünýäniň belli atşynaslaryň, alymlaryň we hünärmenleriň, ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň atçylygy ösdürmekdäki tagallalaryny birleşdirmäge we olaryň işlerini utgaşdyrmaga uly ýardam berýär. Şonuň üçin bu gün watandaşlarymyzyň, hususan-da, behişdi bedewlerimiziň muşdaklarynyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize hoşallygynyň çägi ýokdur.

Dün­ýä we Mag­tym­gu­ly

Ger­ma­ni­ýa­da Ger­ma­ni­ýa Fe­de­ra­tiw Res­pub­li­ka­sy­nyň Maýn bo­ýun­da­ky Frank­furt şä­he­rin­de be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi my­na­sy­bet­li Türk­me­nis­ta­nyň kon­sul­ly­gy ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ri­lip, oňa Hes­sen fe­de­ral çä­gi­niň Döw­let kan­sel­ýa­ri­ýa­sy­nyň, Frank­furt şä­he­ri­niň, Hes­sen­de akk­re­di­tir­le­nen dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ryň we­kil­le­ri, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri, alym­lar, bu ýer­de köp­çü­lik­le­ýin ýa­şa­ýan türk­men­ler we ta­lyp­lar iş­jeň gat­naş­dy­lar. Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň di­rek­to­ry D.Oraz­sä­he­do­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýe­tiň dü­zü­min­de Bi­lim, Me­de­ni­ýet mi­nistr­lik­le­ri­niň, Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň ag­za­la­ry bar.

Dün­ýä halk­la­ry­nyň he­re­ket­li ça­ga oýun­la­ry

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Mil­li he­re­ket­li oýun­la­ryň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bol­şy ýa­ly, dün­ýä halk­la­ry­nyň hem ça­ga­la­ry ter­bi­ýe­le­mek­de gy­zyk­ly we tä­sir­li oýun­la­ry bar. Hem­mä­mi­ziň bil­şi­miz ýa­ly, ol oýun­lar he­niz sport däl. Ýö­ne olar kör­pe­le­riň ösüp-ula­lyp, be­den­ter­bi­ýe we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy­na, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri­ne hö­wes dö­red­ýän il­kin­ji dur­mu­şy hem-de ru­hy bin­ýat­dyr di­ýip aýt­mak bo­lar. Çün­ki oýun­lar­da­ky he­re­ket­ler ça­ga­ny he­mi­şe he­re­ket­de, çus, gal­jaň bol­ma­ga iter­ýän bol­sa, oýun­la­ryň maz­mu­ny, öň­de goý­ýan mak­sa­dy ça­ga­ny ir­gö­zin­den dur­mu­şa, ha­lal, ada­lat­ly ýa­şaý­şa, wa­tan­sö­ýü­ji­li­ge gö­zük­dir­mek­dir.

Milli mirasymyza sarpa

Her bir halkyň milli mukaddesliklerini, ruhy gymmatlyklaryny aýdyň görkezýän zatlar bolýar. Türkmen özüniň ýyndam we owadan bedewi, nepis halysy, şaý-sepleri bilen örän ir eýýamlardan şöhratlanan halkdyr. Azady, Magtymguly, Andalyp, Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly beýik şahyrlar şu toprakda dünýä indi. Dünýäniň esasy edebi eserleri bilen bir hatarda durup biljek «Görogly», «Gorkut ata» şadessanlary şu toprakda döredildi. Abu Aly ibn Sina, Abu Reýhan Biruni, Omar Haýýam ýaly alymlar gadymy Merwiň müňlerçe gymmatly kitaby özünde jemlän kitaphanasynda gözýetimini giňeltdiler. Nusaý, Köneürgenç, Merw, Amul, Änew, Sarahs, Dehistan ýaly her biri gadymy ýa-da orta asyrlar döwründe dünýä medeniýetine goşant goşan iri siwilizasiýalaryň mesgeni bolan meşhur şäherleriň binýady şu toprakda tutuldy. Halkyň içinden çykan akyldarlar, alymlar, ýazyjy-şahyrlar, pelsepeçiler halkyň taryhy, dil hazynasy, isleg-arzuwlary, dünýä akyl ýetirmek baradaky pikirler siňdirilen terbiýeçilik ähmiýetli eserleri döredipdirler. Halk öz nesliniň ahlak taýdan päkize, mert, watansöýüji, ynsanperwer bolup ýetişmegi, ata-babalarynyň ýoluny abraý bilen dowam etdirmegi üçin özboluşly mekdep bolan milli mirasyna daýanypdyr. Halkyň milli mirasy şu güni we ertiri birleşdirýän köpri bolan bahasyz ruhy baýlykdyr. Şeýle bolansoň, ýurdumyzda milli mirasymyza örän aýawly garalýar, ony geljekki nesillerimiz üçin gora

Düýe maly — dünýe maly

Halkymyzda «Aňmaza düýe görünmez» diýen nakyl bar. Bu nakyl düýe malyna belet bolmasaň, onuň häsiýetli aýratynlygyny, nesil ulgamyny bilip bolmaýar diýen manyny berýär. Gum obalarynda ýaşap, ömürboýy düýäň yzynda gezen adamlaryň aýtmagyna görä, bugradan bugra gaýsa, ondan bolan köşek bugra bolýar. Eger bir örküçli arwana düýe bugradan önse, ol erkek bolsa iner, inen bolsa maýa diýilýär.

Dünýä nusgalyk nepislik

22-nji iýunda Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli desgalar, hususan-da, Çeperçilik haly kärhanasynyň taýýarlanylan taslamasy bilen tanyşmagy milli gymmatlyklarymyzyň sarpalanýandygynyň aýdyň beýany boldy. Halyçylyk pudagynyň bu desgasy täze şäheriň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirip, türkmen halylarynyň dünýä nusgalyk görnüşleriniň dokalmagynda mynasyp orny eýelär. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň halyçylyk sungatynyň däpleri uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Arheologlar ýurdumyzyň çäginde gazuw-agtaryş işlerini geçirenlerinde tapylan daş ikler, egriji gurallar, ýüplük we keser türkmenleriň örän gadymy wagtlardan bäri haly sungaty bilen meşgullanyp gelendigine şaýatlyk edýär.

Ýadygärlikler — türkmen halkynyň ruhy dünýäsi

Türkmen halkynyň şöhratly taryhy biziň her birimiziň buýsanjymyzdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň üçin hem muzeýlerde, ylmy maslahatlarda ata-babalarymyzyň geçen ýoly, gadymdan gelýän gymmatly mirasymyz giňden wagyz edilýär. Munuň özi milli medeniýetimize, gadymdan gelýän mirasymyza belent sarpany aýdyň beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde taryhy binalary ylmy esasda öwrenmäge, binagärlikde ulanylýan sungatyň, bezegleriň aýratynlyklaryny durmuşa ornaşdyrmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa milli mirasymyzy saklamak we ony dünýä derejesinde ýaýbaňlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän iri göwrümli işleriň aýdyň subutnamasydyr.

Taryhy-medeni mirasy öwrenmekde syýahatçylyk pudagyny ösdürmek

«7/24. tm» №26 (213), 24.06.2024 Türk­men hal­ky şöh­rat­ly ta­ry­hy, ta­ry­hy şah­sy­ýet­le­ri we mil­li mi­ra­sy bi­len dün­ýä döw­let­le­ri­niň we jem­gy­ýet­le­ri­niň ara­syn­da öz my­na­syp or­nu­ny ta­pyp­dyr. Hal­ky­my­zyň bu aja­ýyp gym­mat­lyk­la­ry he­mi­şe adam­za­dyň üns mer­ke­zin­de sak­la­nyp, jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ryn­da kä­mil­lik ru­hun­da ke­ma­la gel­me­gin­de my­na­syp or­ny eýe­läp­dir. Şo­nuň üçin türk­men hal­ky­nyň mad­dy we me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry umu­ma­dam­zat gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na yzy­gi­der­li gi­ri­zil­ýär. Bu ba­bat­da hemişelik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz dün­ýä döw­let­le­ri we hal­ka­ra ab­raý­ly gu­ra­ma­la­ry bi­len yzy­gi­der­li ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­ýar we gün­sa­ýyn ös­dür­ýär.

Arap zy­ba­ny gör­sem...

Magtymgulynyň arap ýazuwyndaky neşirleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hakydasynyň rowaçlanmagyna, ylmy, çeper, şahyrana edebi mirasy bilen dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşan döredijilik ussatlarynyň ömür ýoluny, olaryň eserlerini toplumlaýyn öwrenmekde uly işler alnyp barylýar. Wagtyň geçmegi bilen Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä derejesinde öwrenilişiniň çäkleri barha giňeýär, akyldaryň şahyrana owazynyň halkara giňişliginde dürli dillerde, dürli ýazuwlarda neşir edilişi barha rowaçlanýar.

Geldi Poşa pälwan

Ahal ýaýlasynyň Gökdepe etrabynyň gadymy Gökdepe (häzirki Tagan Baýramdurdyýew adyndaky geňeşliginde) obasynda 1946-njy ýylyň 12-nji fewralynda Berdimyrat Amandöwlet oglunyň maşgalasynda oglan bäbejik dünýä inýär. Oglanjyga Geldimuhammet diýip at dakýarlar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda ýarygije Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde bolan güýçli ýertitremesinde heniz iki ýaşyny hem doldurmadyk Geldimuhammet kyblasyny ýitirýär. Berdimyrat kiçijik wagtlary posalajyk çaga bolansoň, ene-atasy oňa: «Posalajygym, posalajygym...» diýip, söýgülemegi bilen onuň ýörgünli ady «Poşa» bolup galyberýär. Şeýlelikde, onuň nesil ýaýrawynyň hem familiýasy Poşaýewler bolýar. Geldimuhammet doganlary Han, Nabat, Ejegyz we Ogulgerek dagy bilen ejesiniň elinde terbiýelenip, kemala gelýär. 1953-nji ýylda bolsa, ýedi ýaşly oglanjyk käbesinden hem jyda düşýär. Kakasynyň Poşa ady onuň adynyň yzyna goşulyp, halk arasynda ýörgünli ady Geldi Poşa bolýar.

Şöhrata çümmüş Änewim

Şöhrata çümmüş Änewim, taryhy jümmüş Änewim. Owadandyr binalaryň, dilde kändir senalaryň. Metjidiň üýtgeşik seniň, kamatyň utgaşyk seniň. Türki dünýäniň medeni paýtagtysyň sen, Änewim, täleýi galkynan iliň çyn bagtysyň sen, Änewim. Gazan bary atarylar gujagyňda kän, Änewim, toýlaň tutumy uludan, saňa şöhrat-şan, Änewim! Gözelligiň juda köpdür bir-bir sanardan, Änewim, gül görküň juda sünnädir, bakyp ganardan, Änewim! Taryh bary basyrylgy gujagyňda eziz mekan, şan gazanan türkmenimiň päkligine delil mekan. Gazuw-agtaryş işleri kän gazna tapdy goýnuňdan, topragyňdan tapylanlar habar berip dur düýnüňden. Änew, şan-şöhratly Änew, gymmatlyklaň uzyn sanaw. Seni arzylaýar ilim, şanyňa taryply dilim. Ak bugdaýyň watany sen, owazaň dolmuş illere. Taryhyň şan gatany sen, buýsanç bagyşlaýaň sere. Döwrebap keşbiň waspyna sözler az geler, Änewim, görküňi aýdyma salsaň, juda saz geler, Änewim! Derejeli binalaryň köçeleri getir görke, şaýollaryň tekiz hem giň, beslenipsiň ajap durka. Agşamlar seň kamatyňa nur-şuglaly ýalkym çaýar, gijeki durkuňy synlap, göwün al-asmanda gaýar. Iki ýana gatnaw eder ulag bary ýollaryňda. Tükeniksiz bereket bar bagty çüwen illeriňde. Myhman-gonak geler durar saňa sary ajap şährim, görkana metjitli mekan, keşbiňe siňipdir mährim. Geçmişe ýaň saldy adyň, berkden tutulan binýadyň, howalaly belent jaýlar beýige galdyrýar şöhratyň. Topragyň bar gurby ýetik, ekerançyň

Agaş, şiraş, begaş...

Biz Alaja köp garaşdyk. Soňky on gün «Söýünjiläniň söýünji paýy bar» diýlensoň-a, hasam köp garawulladyk. Ýöne bir gün mamam daň bilen: «Turuň, üstüňize Gün dogrup ýatmaň. Baryň, säheriň tämizliginden rysgal diläň hem gölejigi görüp gaýdyň!» diýdi. Barsak maňlaýy sakar, kirpikleri jaýtaryp duran alaja gölejik enesine özüni ýaladyp dur. Biz haýal etmän goňşulara owuz süýt paýlap, buşlugymyzy aldyk. Dört günden soň süýtlaşam paýlamaly bolduk. Mamamdan: «Owuz-a düşnükli, ýöne süýtlaş näme?» diýenimde, ol şu gürrüňi aýdyp berdi... ...Goňşokara — köne däp. Süýtlaş — süýtli tüwi, süýtli bürünç, agaş, begaşy, şiraşy diýip tanalýan köne tagam. Ir döwür myhmana duýdansyz üstüni basdyran zenan çalt bişeri diýip beglere süýtlaş bişirip beripdir. Begler saryýagly süýtlaşyň üýtgeşik tagamyna haýran galyp, goşunlaryna: «Begaşyndan galan teperrik bor. Iýmäge wagtyňyz bolmasa, begaşy bişýän ak öýüň gamşyna süýkenip, ysyny kalbyňyza siňdiriň» diýenmişler.

Ynsan kalbynyň ruhy lukmany

Halkymyz söz ussatlaryna hemişe belent sarpa goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň şöhraty has-da dabaralanýar. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, «Ynsan kalbynyň ruhy lukmany» bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden durmuşyň her bir ýüze çykarýan soragynyň jogabyny tapmak bolýar. Şahyryň many-mazmundan ýüki ýetik şygyrlarynda durmuşyň dürli ugurlaryna, ähli taraplaryna degişli meseleler bilen birlikde, türkmen zenanynyň çeper keşbine hem uly baha berilýär. Goşgularda türkmen gelin-gyzlaryna mahsus bolan asyllylyk, agraslyk, mylakatlylyk, alçaklyk ýaly gylyk-häsiýetler  inçeden yzarlanýar.