"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Daşoguz welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçesi, 8
Telefon belgileri: 2-55-85, 2-55-31, 2-55-34
Email: dashoguz.habarlary@sanly.tm

Habarlar

Parahatçylyk söýüjiligiň halkara baýramy

Welaýatymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy dabaraly bellenildi

Lebapda Halkara Bitaraplyk güni bellenilýär

Şu gün ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Gündogar welaýatda-da Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary giňden bellenildi. Olara bagtyýar ildeşlerimiz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Ir säher çagynda welaýat merkezindäki Baş Baýdak meýdançasynda we ähli etrap-şäherleriň Baýdak meýdançalarynda keşbine baky Bitaraplygymyzdan nyşan bolan zeýtun şahajyklaryny siňdiren Döwlet baýdagymyz Döwlet senamyzyň joşgunly mukamynyň astynda belende göterilip, şanly toýuň dabarasy asman belentligine ýaýyldy. Soňra ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň baýramçylyk gutlaglaryna gezek berildi. Ildeşlerimiziň ýürek buýsançlary baýramçylyk gününiň ir säherindäki dabaralaryň ählisine aýratyn şadyýanlyk we bagtyýarlyk ruhuny çaýdy. Soňra baýramçylyk dabaralaryny aýdym-sazly çykyşlar gurşap aldy. Welaýatymyzyň görnükli sungat ussatlary hemişelik Bitaraplygymyzy we sakasynda hormatly Prezidentimiz duran beýik tutumlary joşgunly aýdymlar bilen wasp etdiler.

Baýramçylyk konserti

Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 28 ýyllyk şanly toýy mynasybetli welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ajaýyp sahnasynda baýramçylyk konserti geçirildi. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna giň orun berlen konsert köpöwüşginliligi bilen aýratyn tapawutlandy. Baýramçylyk sahnasynda dürli ýurtlaryň aýdym-sazlary, ajaýyp tanslary ýaýbaňlandyryldy.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 28 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, «Bitarap Watanym — toý-baýramlaryň mekany» atly buýsançly şygar astynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň, welaýat Medeniýet müdirliginiň, okuw jaýlarynyň bilelikde guramagynda şäheriň Baş baýdak meýdançasynda geçirilen dabara talyp ýaşlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk sahnasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň we halkara guramalaryň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Bitarap döwletimiziň halkara giňişlikde alyp barýan daşary syýasatyna degişli möhüm meseleler girizildi. Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, ertir, 12-nji dekabrda uly baýramyň — Halkara Bitaraplyk gününiň bellenip geçiljekdigini nygtap, ýygnananlary we mähriban halkymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de hemmelere berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş, uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dialog — parahatçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň kepili

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Watanymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, döwletimiziň taryhynda täze eýýamy açdy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýurdumyzyň halkara hukuk derejesini tassyklaýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Halkymyzyň parasatly durmuş filosofiýasyny we gadymdan gelýän ynsanperwer däplerini özünde jemleýän bu hukuk derejesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär.

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Toparyň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda oňa 25 döwlet goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Dialog — parahatçylygyň we netijeli halkara hyzmatdaşlygyň kepili

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 28 ýyllygy mynasybetli “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara forum geçirildi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Watanymyz üçin aýratyn ähmiýete eýe bolmak bilen, döwletimiziň taryhynda täze eýýamy açdy. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy dünýä tejribesinde ilkinji gezek ýurdumyzyň halkara hukuk derejesini tassyklaýan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Halkymyzyň parasatly durmuş filosofiýasyny we gadymdan gelýän ynsanperwer däplerini özünde jemleýän bu hukuk derejesi BMG-niň Tertipnamasynyň esasyny düzýän umumadamzat gymmatlyklaryna hem doly laýyk gelýär.

Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi

Aşgabat, 11-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda utgaşykly görnüşde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki mejlisi geçirildi. Duşuşyga Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletleriň wekilleri, şeýle hem halkara, sebit guramalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri gatnaşdylar. Toparyň 2020-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda oňa 25 döwlet goşuldy. Bu topar halkara derejede, hususan-da, BMG-niň çäklerinde yzygiderli hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, öz syýasatyny bitaraplyk ýörelgeleri esasynda guraýan döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini iş ýüzünde peýdalanmaga, gapma-garşylyklaryň öňüni almaga, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmaga, ynsanperwerlik meselelerini çözmäge gönükdirilendir.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Diýarymyzda toýlar toýa ulaşýar ýa-da goşa baýramçylygyň ruhubelentligi

Şu gün Türkmenistan milli baýramynyň — hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň 28 ýyllyk şanly senesini uly dabaralara, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan üstünliklere besläp, uly ruhubelentlikde belleýär. Soňky ýyllaryň tejribesi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde özüni barha aýdyň äşgär edýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň nebitgazçylary hem hünär baýramyny — 14-nji dekabrda bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi zähmet üstünliklerine besleýärler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen Diýaryna toýlaryň goşa-goşadan gelmegi Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýaň salan başlangyçlaryny döwrebap ösdürýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasat ugrunyň, halkymyzyň abadançylygyna, maddy hal-ýagdaýynyň öňküden-de gowulanmagyna gönükdirilen içeri syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň taryhy mejlisinde 185 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen Türkmenistan döwletine hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berilmegi ýurdumyzdaky parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgeleriniň ykrarnamasy boldy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Arkadagly Bitarap ýurt dowamata dowam bolsun!

Döwür Arşa ganat açýar, hoşmeýilli ýollar bilen,Watan dünýä ýalkym saçýar, şöhratly ykballar bilen,Öňe beýik ýollar geçýär Arkadagly iller bilen,Her köňül öz bagtyn guçýar läle-reýhan güller bilen,Hemişelik Bitarap ýurt, synmaz erkim, Türkmenistan! Pederleň mertlik mekdebi täze eýýamyň ünsünde,Türkmeniň ygrar-messebi bu gün dünýäniň ünsünde,Asmanda akja kepderi Arşyň-ummanyň ünsünde,Şadyýan çaga sesleri ruhy diwanyň ünsünde,Täze ruhly Bitarap ýurt, ynam-erkim, Türkmenistan!

Bagtly geljegiň kepili

1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý mejlisinde guramanyň şol wagtky agza ýurtlarynyň 185-siniň biragyzdan ykrar etmeginde hemişelik bitaraplyk derejesiniň berilmegi we onuň taryhy Kararnama bilen berkidilmegi ýurdumyzyň daşary syýasatynda gazanan iň uly üstünlikleriniň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» barada Kararnamanyň gaýtadan kabul edilmegi Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolany bäri Türkmenistana parahatçylygyň goragynda durýan, zemin asudalygynyň bähbidine ylalaşyklaryň gazanylýan ýurdy hökmünde garalýar. Mundan 28 ýyl ozal ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy türkmen döwletiniň häzirki zaman ösüşiniň esaslaryny goýdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy — munuň özi hoşniýetli gatnaşyklary ýol-ýörelge edinýän şu günümizdir we ösüşli geljegimizdir. Onda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň syýasy, ykdysady, taryhy, medeni ugurlaryny öz içine alýan döredijilik başlangyçlar jemlenýär.

Durnukly ösüşiň ygtybarly guraly

Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň gadymdan gelýän parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen Türkmenistanyň halkynyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem, hemişelik Bitaraplyk syýasaty halkara gatnaşyklarynda ägirt uly döredijilikli güýje eýedir. Türkmen Bitaraplygy — gelip çykyşy boýunça ykrar edilen, mazmuny boýunça oňyn, görnüşi boýunça hemişelik bolup durýar. Mazmuny boýunça ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek babatda alyp barýan işjeň meýillerini öz içine alýar.

Türkmen zenanlarynyň halkara gatnaşyklaryndaky orny

Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistan Diýarymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň baýramçylygy, Halkara Bitaraplyk güni giňden bellenilýär. Garaşsyz ýurdumyzyň Bitaraplyk, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmek ýörelgelerine berk eýermek esasynda alyp barýan daşary syýasaty Watanymyzyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, Bitarap döwletimiziň jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde dünýäde tutýan ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bitaraplyk dostlugyň nyşanydyr. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, daşary döwletler bilen gatnaşyklary deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek we beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk ýörelgeleri esasynda ýola goýýar. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hem goňşy ýurtlar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we olar bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekdir. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän taglymatlarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistan dünýäniň ençeme döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Bu bolsa, öz gezeg

Parahatçylygyň nyşany

Taryhdan belli bolşy ýaly, zeýtun baldajyklary müňýyllyklaryň dowamynda dürli halklarda parahatçylygyň we jebisligiň nyşany hökmünde ykrar edilip gelinýär. Zeýtun agajyna meňzeş agajy tapmak gaty bir aňsat däl. Gadymy döwürlerde Ýewropa ýurtlarynda zeýtun agajy parahatçylygyň, ýeňşiň we bakylygyň daragty hasaplanypdyr. Munuň şeýledigine zeýtun bilen bagly dürli rowaýatlary, gadymy ýazgylary okanyňda-da, aýdyň göz ýetirýärsiň. Taryhy maglumatlara görä, antiki döwürde zenanyň elinde şekillendirilen zeýtun baldajygy parahatçylygyň nyşany hasaplanypdyr. Bu şekil Rim imperiýasynyň teňňelerinde hem ýerleşdirilipdir. Mundan başga-da, Gadymy Gresiýanyň Afiny şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan türgenleriň kellesine zeýtun agajynyň şahasyndan taýýarlanan täçleri geýdiripdirler.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Eziz watandaşlar! Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de bütin dünýäde uly ähmiýetli waka bolan Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen döwletliliginiň ganaty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşyp, beýik başlangyçlary öňe süren, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna («СOP28») gatnaşyp, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan eden Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda toýlanýan Halkara Bitaraplyk güni hoş habarlara beslenip geldi. Türkmenistanyň teklip eden «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda ýurdumyzyň bu düzümiň Ilat we ösüş boýunça komissiýasyna 2024 — 2028-nji ýyllar üçin biragyzdan agzalyga saýlanmagy türkmen halkynyň dünýä beren gymmatlyklarynyň, Watanymyzyň her bir raýatyny abadan, bagtyýar durmuşda ýaşatmak ugrunda edilýän taýsyz tagallalaryň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!» diýip belleýär. Biziň kuwwatly, täzeçil ykdysad

Bitaraplyk — köňülleriň birligi

Parahatçylyk — dünýädäki iň uly gymmatlyk. Bilşimiz ýaly, türkmen halky adamzat taryhynyň ähli döwürlerinde-de parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolupdyr. Hemişelik Bitaraplygymyzyň düýp özenini düzýän bu ýörelgeler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralanýar. Milli Liderimiz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar gününde geçiren umumy sapagynda: «Gadymy dünýä taryhynda ilkinji gezek Nusaýda Gündogar döwleti Hytaý we Günbatar döwleti Rim bilen diplomatik gatnaşyklar ýola goýlupdyr» diýip, türkmen Bitaraplygynyň şöhratly sahypalary hakda giňişleýin durup geçdi. Gahryman Arkadagymyz taryhy çykyşynda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynyň, daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň derwaýys ugurlaryny hem beýan etdi.