Gymmaty egsilmejek ruhy hazyna
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy Türkmen oba hojalyk institutynda geçirildi. Oňa institutyň mugallymlary hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän günlerinde, Halkara Bitaraplyk baýramynyň öň ýanynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagynyň ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň biri bolandygyny nygtadylar. Ylmy maglumatlara esaslanýan bu kitabyň «Taryha syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat bolup, onuň birinji babynyň türkmen halkynyň baý taryhyna, ikinji babynyň bolsa bahasyz ruhy mirasyna bagyşlanandygy bellenildi. Onlarça kitaby, düýpli ylmy işleri ýazyp halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby taryh ylmynda möhüm waka bolmak bilen, ilkinji nobatda, bu ugurda işleýän alymlar üçin aýratyn gymmatly gollanmadyr diýip, çykyş edenler nygtadylar.