"Daşoguz habarlary" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Daşoguz welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Daşoguz şäheri, Gurbansoltan eje adyndaky köçesi, 8
Telefon belgileri: 2-55-85, 2-55-31, 2-55-34
Email: dashoguz.habarlary@sanly.tm

Habarlar

Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy

25-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, däp bolşy ýaly, Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Sankt-Peterburga çenli uçuşy amala aşyryp, “Pulkowo” Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

25-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde gurluşygy batly depginde alnyp barylýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň meýdançasyna bardy. Ir bilen lukman Arkadagymyz Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň binalar toplumynyň gurulýan ýerine geldi. Milli Liderimiz gurluşykda ulanylýan serişdeleriň görnüşleri bilen tanşyp, olaryň onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygy babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini, gurluşyk we bezeg serişdeleriniň uzak möhletleýinlik, berklik şertlerini özünde jemlemelidigini aýtdy.

Ýürekleriň buýsanjy Watan!

Köňüllere ýol salýan eser Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda her bir günümiz ajaýyp wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly gymmatly eseri ähli halkymyz üçin ajaýyp sowgat boldy. Şöhratly taryhymyzyň çeper beýany bolan bu eser iki bapdan we birnäçe bölümden ybarat bolup, onda halkymyzyň baý geçmişi, medeni we ruhy mirasy hakynda buýsançly söhbet açylýar. Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp eserinde: «Pederlerimiz asyrlaryň mizan eleginden geçirip, bu durmuş hakykatyny pähime öwrüpdirler: Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz. Geçmiş — geljegiň berk binýady. Geçmiş — geljegi gurmagyň sapaklary. Geçmiş — pähim-parasat. Halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan geçmişi, taryhy — mertligiň, gahrymançylygyň, ygrarlylygyň, belent ahlaklylygyň taryhy. Halkymyz özüniň bäş müň ýyldan habar berýän taryhynda şu belent ahlak sypatlaryny tug deýin belentde saklap gezdi» diýip bellemek bilen, şöhratly taryhymyza ýokary baha berýär.

Şanly ýylyň belent sepgitleri

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başynda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň merkezinde we Akdepe etrabynyň Andalyp şäherinde welaýat Polisiýa müdirliginiň Akdepe etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binalary açylyp ulanmaga berildi.

Ajaýyp eseriň gymmaty wagyz edildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň toýly günlerde çapdan çykan «Hakyda göwheri» atly gymmatly kitaby halkymyz üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly taryhy hem-de edebi mirasy hakyndaky toplan maglumatlarynyň jemi we oguz edebiýatynyň ähmiýetini açyp görkezmekde gymmatly çeşme bolup durýan täze eseriniň many-mazmunyny wagyz etmek boýunça häzirki wagtda dürli çärelere, tanyşdyrylyş dabaralaryna giň orun berilýär. Welaýat kitaphanasynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlik hem Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň ähmiýeti barada pikir alyşmak hem-de onuň many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda wagyz etmekde öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen geçirildi. «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen söhbetdeşlige Mejlisiň deputaty Ýeňiş Haýtjanow, Daşoguz şäher halk maslahatynyň başlygy Allanazar Garajanow, gazetiň bölüm redaktory Mahym Piriýewa, uly habarçysy Gözel Seýidowa, TDP-niň şäher komitetiniň bölüm müdiri Aýsoltan Nurmedowa, partiýa guramaçysy Didar Osmanow, welaýat kitaphanasynyň direktory Ogulhan Mätdurdyýewa, direktoryň orunbasary Yhlas Saparow dagy gatnaşdylar.

Baýramçylyk joşguny

Daşoguz şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde TZB-niň welaýat bölüminiň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň, welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Hoş geldiň Täze ýyl, eziz Diýara!» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara jemgyýetçilik guramalarynyň, dürli pudaklaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Üstünliklere beslenen ýyl

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen dabaralandyrylan şu ýylymyz täze döwrümiziň taryhy zer harplary bilen ýazylýan ýyllarynyň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň zehin jöwherinden syzylyp çykan ajaýyp şygryndan alnan bu şygaryň mazmun baýlygy ýurdumyzyň hem halkymyzyň, şeýle hem dünýä jemgyýetçiliginiň durmuşynda giň beýanyny tapdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ösüşiň taryhy ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyz dünýä giňişliginde öz ornuny has-da pugtalandyrdy. Onuň anyk mysallaryny doly derejede açyp görkezýän wakalar şu ýylymyzy boýdan-başa gurşap aldy. Ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda hyzmatdaşlygynyň netijeleri barha berkeýär. Onuň şeýledigini tutuş dünýäniň döwletimiz tarapyndan dürli ugurlar boýunça öňe sürülýän başlangyçlary we teklipleri doly goldaýandyklary-da açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly taryhy Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi dünýä ýüzüne parahatçylygyň nuruny çaýýan döwletimize belent ynamyň ajaýyp mysaly boldy. Milletler Bileleşigi tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy», «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary», «Merke

2024-nji ýyl meniň durmuşymda

Sultan NYÝAZOW,Akdepe etrabynyň O.Ärsaryýew adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi: — Ata-babalarymyzyň topraga yhlas edip, halal zähmet çekeniň il içinde abraý-mertebä eýe boljakdygy hakyndaky aýdanlary rast gürrüň eken. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin döredilip berilýän ägirt uly mümkinçiliklerden peýdalanyp, bäş gektar kärende ýerimden ýigrimi tonna golaý bugdaý hasylyny ýygnap, meýilnamany artygy bilen berjaý etdim. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly bereketli türkmen topragy üçin rysgally gelşi ýaly, meniň üçin hem aýratyn düşümli ýyllaryň biri boldy. «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanmagym durmuşymdaky iň ýakymly wakalaryň biri boldy.

Bagt getirsin Diýara!

Synmaz ynam bilen basyp ädimiň,Täze ýylym bagt getirsin Diýara!Kalbyny keşdeläp her bir adamyň,Täze ýylym bagt getirsin Diýara! Dostluk-doganlyga barýan ýol bile,Tutuş dünýä bilen, ähli il bilen,Tämiz niýet bilen, ýagşy päl bilen,Täze ýylym bagt getirsin Diýara!

Halkara ylmy-amaly maslahat

Durnukly ösüşiň ylmy esaslary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda oba hojalygyna döwrebap usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmakda netijeli işler alnyp barylýar. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenilendir. Şu jähtden Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan birnäçe halkara ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli guralýar.

«Magtymguly diýip adym tutsalar...»

Pyragyň arzuwlan ajap eýýamy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mejlisler zalynda «Pyragyň arzuwlan zamany bolan, Garaşsyz, Bitarap ýurdum ajaýyp» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýaşlar — Watanyň kuwwaty

«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlar hakdaky aladanyň rowaçlyga beslenýändiginiň alamaty hökmünde buýsanjymyza buýsanç goşýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hem türkmen halkynyň Milli Lideri ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak boýunça öňde uly wezipeleriň durýandygyny nygtamak bilen, bu babatda birnäçe başlangyçlardyr teklipleri beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasatyny has-da ösdürmek bilen bagly maslahatlary geçirmegi, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl boljak mejlisine dürli ugurlar bilen bir hatarda, 2026 — 2052-nji ýyllarda ýokary bilimi ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny hödürlemegi teklip etdi. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlara Watanyň daýanjy, ýurduň ösüşiniň esasy sütünleriniň biri hökmünde garalýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny tassyklaýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlaryň medeni-köpçülik çärelerine gatnaşmagy, öz ýoluny döretmegi, zehinini kämilleşdirmegi, ylym-bilim babatda tejribe toplamagy, dünýä derejesinde ussat hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda giň gerimli başlangyçlary durmuşa geçirýär. Çünki ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylyma-bilime höweslendirmek

Baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy

Berkarar döwletimize şatlyk-şowhun paýlap gelen Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralar welaýatymyzyň bagtyýar çagalary üçin hem ýatdan çykmajak pursatlara beslenýär. Welaýat häkimliginiň guramagynda «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde döwletli çagalara baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler ýurdumyzda ýaş nesil hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler.

Ykdysadyýetiň möhüm pudagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli daýhançylyk däpleri mynasyp dowam etdirilýär. Oba ýerinde märekelerde, toý-tomaşalarda ýa-da bäş-atly adamyň üýşen ýerinde ekilen ýer boş çykmasyn diýilmesi häli-şindi gulagymyza degýär. Öňki döwürlerde adamlar miweli agaçlary, gök-bakja, däneli ekinleri ösdürip ýetişdiripdirler. Daýhanlar halal zähmet siňdirilip ýetişdirilen oba hojalyk ekinleriniň bitginli hasylyny ýygnap, däne saklanýan jaýlarda, şeýle-de ýörite niýetlenen ýerlerde saklapdyrlar. Käbir ýyllarda güýz aýlarynda ekinleri sowugyň ir urmagy, ýaz paslynyň salkyn, ýagyşly bolmagy ýa-da ýaz paslynyň daýhançylyk üçin amatsyz gelmegi netijesinde ekin ýerleriniň hasylynyň pes bolmagyna, şonuň ýaly-da, ýere harçlanan tohum-çigidiňem ödelmedik mahalynda daýhanlaryň hasyl bolmady diýen manyda boş çykdyk diýäýmesi bar.

01 duýdurýar!

Düzgünleri berjaý edeliň! Täze ýyl her bir adama şadyýanlyk, bagtyýarlyk eçilýän maşgala baýramy. Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmek bolsa jan saglygyňyzyň we baýramçylyk ruhubelentliginiň kepilidir. Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölümi Täze ýyl mynasybetli edara-kärhanalarda, bilim-terbiýeçilik edaralarynda baýramçylyk arçasy gurnalanda, dabaraly baýramçylyk çäreleri geçirilende ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmelidigini ýatladýar.

Rysgally ýyl

Halkymyzyň müçe hasaby boýunça bosagada duran 2025-nji ýyl ýylan ýylydyr. Halk hakydasynda: «Ýylan ýylyny ýaman görseň, ýylky alnyňdadyr» diýen bir aýtgy bar. Ata-babalarymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak babatdaky ýaşaýyş-durmuş terzi, ençeme ýyllyk tejribesi, synçylygy bilen baglanyşykly dörän bu aýtgyda ýylan, ýylky ýyllarynyň gyş paslynyň biraz aýazly boljakdygyna ýaňzydylýar. Emma «Gyşy gyş bolmadygyň, ýazy ýaz bolmaz» diýen pähimi hem ýatdan çykarmak bolmaz. Ýylan ýyly rysgal-bereketli ýyllaryň biri bolar. Dünýä halklarynyň aglabasynyň halk döredijiligine dahylly eserlerde ýylan genji-hazynanyň goragçysy hökmünde teswirlenýär. Köneden galan yryma görä, ata-babalarymyz öýe ýylanyň girmegini hem gowulyga ýorup, oňa kast etmän, çeträk bir ýere goýberip gaýdypdyrlar. Eger öýe giren ak ýylan bolsa oňa süýt hödür edilip, özi çykyp gidýänçä el degirmändirler. Öýe giren ýylan geljek rysgal-döwletiň alamaty saýylypdyr.

Siziň baýramçylyk saçagyňyza!

Tokly tamdyrlamasy Gerekli önümler:

Ak gar – bagt nury

(Hekaýa) Ine-de, penjireden bulut bürän tebigaty synlap durun. Hemmeler ýaly meniň üçin hem bu Täze ýyl üýtgeşik duýgulara beslenip geldi. Ejemiň öý işlerine gümra bolup, baýramçylyk saçagy üçin taýýarlaýan tagamlary öýümiziň içini doldurdy. Saçaga gerek zatlar üçin şäheriň bazaryna tarap ýola düşdüm. Öýümize golaý bolansoň bazara pyýada gaýdyşyma, ýol ugruna gyşyň tebigata çeken täsin portretini synladym. Kalbymdaky duýgular meni ýene-de bagtymyň sebäpkärine «sms» ýazdyrdy. Men Aknura hat ýazdym. «Salam Aknur! Täze ýyl baýramyň gutly bolsun! Bu gün agşam Baş arçanyň ýanyna gelersiň-ä?». Aknurdan habar bolmady. Men bazara aýlanyp, ejemiň sargydyny bitirdim. Soňam köňlümiň taryna owaz beren gyza Täze ýyl sowgatlygyny — garjagaza oranyp duran ýürek şekilli ýylanyň keşbini saýladym. Sessiz galan telefonymdaky sagada sereden wagtym Aknurdan gelen habary okadym. Ol öýlerine myhman gelýändigi üçin baýramçylyga baryp bilmejekdigini ýazypdyr. Birhili göwnüm çöken ýaly boldy. Birden oýa batdym.

Giň dünýäniň geň habarlary

Ýylyň reňki Täze ýylyň öň ýanynda Halkara «Pantone» institutynyň hünärmenleriniň gelen netijesine görä, «Mocha Mousse», ýagny «Mokka kofesiniň goýaltmasy» diýip atlandyrylan reňk öwüşgini ýylyň esasy reňki hökmünde yglan edildi. Goňur reňkiň adaty bolmadyk täsin öwüşgini inçe duýguçyllygyň we aňrybaş kaşaňlygyň sazlaşygyny özünde şöhlelendirýär. Institutyň kesgitleýän reňkine bütin ýylyň dowamynda dünýäniň nysak äleminde aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen bir hatarda, institut tarapyndan ýylyň reňkine berilýän at hem bütin ýylyň ruhy halatyny, ylhamyny alamatlandyrýar.