Tanyşdyrylyş dabarasy
Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy, welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Akdepe etrabynda hem geçirildi. Etrap häkimliginiň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda medeniýet merkezinde geçirilen dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyzy, asylly däp-dessurlarymyzy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, dünýä ýaýmakda, röwşen ertirlere ýetirmekde, uly tutumly işleri durmuşa ornaşdyrmakda «Hakyda göwheri» atly täze kitabyň ähmiýetiniň uludygyny nygtadylar. Kitabyň girişden we iki bapdan ybarat bolup, onda şöhratly taryhymyz hem-de şol taryh bilen bagly saklanyp galan taryhy medeni ýadygärliklerimiz hakynda gürrüň berilýändigi, Gahryman Arkadagymyzyň bular baradaky garaýyşlarynyň we pikirleriniň giň beýanynyň tapýandygy dogrusynda belläp geçdiler. Alym Arkadagymyzyň ylmy-filosofik işleriniň we çeper eserleriniň geljekki nesiller üçin gymmatly hazynadygyny aýtmak bilen, çykyş edenler milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy dünýä tanatmakda «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň okyjylaryň ýankitabyna öwrüljekdigini buýsanç bilen bellediler.