Nebitgazly ýataklarda ýokary tehnologik seýsmobarlaglar nebitiň çykarylyşyny artdyrar
Diýarymyzda nebitiň, gazyň çykarylyşynyň, gaýtadan işlenilişiniň möçberlerini artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ugratmak bellenilýär. Onda täze nebitgaz ýataklaryny tapmaga gönükdirilen geologiýa-gözleg (geofizika we çuň buraw) işleriň depgininiň has-da çaltlandyrylmagy, aýratyn hem, nebitiň ýataklaryny gözläp tapmak, barlamak, gorlarynyň artdyrylmagy nebitgaz pudagynyň öňünde goýulýan möhüm wezipeleriň hatarynda seredilýär. Munuň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan öňe sürlüp, kabul edilen döwlet we Prezident Maksatnamalaryndaky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwatynyň barha artdyrylmagyna gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagynda gerekli çig mal binýadyny üpjün etmekde geologiýa-gözleg işleriniň kesgitlenen depginlerde geçirilmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistanda, esasan, nebitli hasaplanylýan Günorta Hazar nebitgazly basseýnde uzak ýyllaryň dowamynda sebitleýin nebitgazly, ýokary derejedäki barlanan orta pliosen çökündileriniň gyzylreňkli gatlanmalary bilen bir hatarda, onuň astyny düşeýän miosen we ondan hem gadymy mezozoý çökündilerine-de belli bir derejede seýsmobarlag we burawlaýyş işlerini alyp barmaklyk geçirilen. Hakykatynda, olardan, esasan, sebitleýin nebitgazly bolan o