"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Meýilnamalar artygy bilen

Ýurdumyzyň uglewodorod çig malyna baý ýataklaryndan alynýan nebiti gaýtadan işleýän senagatda innowasion taslamalary durmuşa geçirmäge aýratyn üns berilýär. «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda bitirilýän işler hem muňa aýdyň güwä geçýär. Bu häzirki zaman toplumyna şu ýylyň geçen hasabat döwründe gelip gowşan 2 million 220 müň tonna nebit çig malynyň 2 million 211 müň tonnadan gowragy gaýtadan işlenilip, bellenilen meýilnamalar, degişlilikde, 102,9 we 103,1 göterime barabar berjaý edildi. Taýýarlanylan awtoulag benzinleriniň dürli görnüşleriniň umumy mukdary bolsa 669 müň tonna golaýlap, tabşyryga 105,3 göterim hötde gelindi. Şeýle hem ýylyň birinji ýarymynda bu ýerde kerosin öndürmegiň meýilnamasy 108,8 göterim, dizel ýangyjy babatda 101 göterim, çalgy ýaglary boýunça 116,7 göterim ýerine ýetirildi. Daşarky bazarlarda geçginli önümleriň hatarynda durýan suwuklandyrylan gazy taýýarlamagyň tabşyrygynyň 281,6 göterim berjaý edilendigini aýratyn nygtamak gerek. Bu iri önümçilikde nebit bitumyny taýýarlamagyň meýilnamasy hem artygy bilen ýerine ýetirildi.

Amyderýanyň üstünden gurlan köprüler

Ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistika düzümini, aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamyny kemala getirmek boýunça görülýän anyk we netijeli çäreler diňe bir milli ykdysadyýetimize däl, eýsem, ösüşiň sebit ýörelgelerine hem güýçli itergi berýär. Geografiki taýdan örän amatly ýerleşýän, sebitde we yklymda möhüm üstaşyr-ulag geçiriji merkez hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan Türkmenistanyň bu ulgamda bar bolan ägirt uly mümkinçilikleri tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ugrukdyrylandyr. Şu maksat bilen, Berkarar Diýarymyzda hereket edýän awtomobil ýollary yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar, ýurt we halkara möçberinde täze demir ýol ulgamlary, Halkara howa menzilleri gurulýar we deňiz portunyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda beýleki ulag ulgamlary bilen birlikde demir ýol we awtomobil ulaglarynyň aýratyn orna eýedigini belläp geçmek möhümdir. Bu barada gürrüň edilende häzirki zaman demir we awtomobil ýollary bilen birlikde dünýäniň iň uly we bol suwly, joşgunly derýalarynyň biri bolan Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtomobil köprüleriniň ähmiýeti barada söhbet etmek wajypdyr.

Altyn şuglaly mekan

Döwletimizde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», şeýle hem ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, energetika pudagyny ösdürmek babatda üstünlikli işler amala aşyrylýar. Pudakda önümçilige öňdebaryjy innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, elektrik energiýasynyň möçberi ýyl-ýyldan artdyrylýar. Ýurdumyzda energiýa gurluşykçylarynyň zähmetsöýerligi netijesinde energiýa kuwwatlyklaryny sebitleriň arasynda paýlamak işi taslama laýyklykda dowam edýär. Taslamanyň birinji tapgyry 2021-nji ýylda Ahal—Balkan bölegi, 2023-nji ýylda Mary—Ahal bölegi boýunça işe girizildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolsa Daşoguz welaýatynda «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň garamagyndaky «Altyn Tug», «Ýedi tolkun» hususy kärhanalarynyň işjanly gurluşykçylary tarapyndan ýerine ýetirilen ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň Balkan—Daşoguz ugry boýunça üçünji tapgyrynyň ulanylmaga berilmegi, her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan iki sany täze elektrik beketleriniň açylmagy ähmiýetli wakalaryň biridir.

«MSC» dünýäniň deňiz boýunça konteýner daşamak bazarynyň bäşden birine eýelik edýär

«MSC-niň» global konteýner daşamak bazaryndaky paýy 20 %-e ýetdi. Ol 2018-nji ýyldan bäri bazaryň bäşden birini eýelän ilkinji konteýner ugrudyr. Alty ýyl ozal bu paý şeýle derejäni bary-ýogy birnäçe aýlap saklap bilýän «Maerske» degişlidi. Bu barada «Alphalineriň» maglumatlaryna salgylanýan «Splash» habar berýär. 6 million TEU-lyk bellige ýetmek üçin «MSC-de» Megamax tapgyrynyň diňe bir konteýner gämisiniň mümkinçiligi, ýagny 24000 tonna gämi ýetmezçilik edýär. Seljerijileriň çaklamalaryna görä, «MSC-niň» 2025-nji ýylda göterijilik ukyby geljek ýylyň fewral aýynda resmi taýdan işe başlajak «Maersk» we «Hapag-Lloýd» tarapyndan döredilen «Gemini» bileleşiginiň flotuna deň bolar.

«Şir ýag» täze güýç paýlaýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, hususy pudagyň işini barha kämilleşdirmek babatynda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle döwletli tutumlaryň netijesinde häzirki wagtda Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriň önümçilikleriniň aglabasy ýola goýuldy. Ine, şeýle hususy kärhanalaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ismaýilguly Ahmedowa degişli bolan, Dänew etrabynyň çäginde ýerleşýän «Şir ýag» hususy kärhanasydyr. «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň düzüminde hereket edýän bu döwrebap hususy önümçilik jemi 30 müň inedördül metr meýdany eýeläp, şonuň 3 müň inedördül metrinde ýapyk binalardaky önümçilik desgalary, barlaghanalar, we ammarlar ýerleşdirilipdir. Häzirki wagtda bu ýerde 40-dan gowrak işçi-hünärmen yhlasly zähmet çekýär. Hususyýetçi geljekde önümçiligiň gerimini has hem giňeldip, işgär sanyny 100-e ýetirmegi meýilleşdirýär. Bu döwrebap hususy kärhana kämil innowasion enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, önümçilik, esasan-da, bölümleriň 6-synda guramaçylykly alnyp barylýar. Bu ýerde awtoulaglar we oba-hojalyk tehnikalary üçin ýaglaryň 25 görnüşi taýýarlanylýar.

Gümrük edaralaryna harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi döredildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, daşary ykdysady işine gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleridir harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek mümkinçiligi döredildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, deslapky maglumatlary berlen ulag serişdeleri we harytlar Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi hem-de gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar. Deslapky maglumatlary serhetýaka gümrük edaralaryna internet torunyň serişdelerini ulanmak bilen islendik çäkden bermek mümkinçiligi bar.

Türkmenistanyň energetika kuwwaty pugtalanýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeler maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda ýurdumyzyň iň iri gaz känleriniň biri bolan «Galkynyş» gaz käniniň degişli gaz guýusynda geçirilen buraw işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymynyň alynmagy Türkmenistany dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň birine öwürmek ugrunda yzygiderli alnyp barylýan işlere goşant boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýangyç-energetika toplumynyň öňünde möhüm wezipeler durýar. Şunda täze nebitgaz ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen, gözleg-agtaryş işlerini geçirmäge, uglewodorod serişdeleriniň çykarylýan hem-de gaýtadan işlenilýän möçberini artdyrmaga, türkmen energiýa serişdelerini dünýäniň energetika bazarlaryna ibermegiň dürli ugurlaryny döretmäge, nebitgaz önümçiliginde innowasiýalary ulanmaga, guýulary burawlamak we düýpli abatlamak boýunça işleri işjeňleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda gaz pudagynda täze ýataklaryň üstüni açmakdan, barlag geçirmekden, ulanmaga bermekden, uglewodorod serişdelerini ibermekden hem saklamakdan başlap, taýýar önümi sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilik işiniň ähli tapgyrlary öňdebaryjy tehnologiýalar esasynd

Ýurdumyzyň buýsandyryjy ösüşleri

Beýik ösüşlere beslenýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ykdysadyýetde, gurluşyk senagat pudagynda uly üstünliklere ýetilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda belent maksatlar rowaçlanýar, giň möçberde amala aşyrylýan özgertmeler dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýar. Biz muňa ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň halkara güwänamalaryna eýe bolýandygynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Ýurdumyzy uzak möhletleýin ösdürmegiň strategik maksatnamasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda durmuşa geçirilýän işleriň halkyň bähbidine gönükdirilendigini görmek bolýar. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň yzygider ýokarlanýandygyny, amala aşyrylýan beýik işleriň ösüşleri üpjün edýändigini beýan edýär.

Ählumumy awiasiýa ýük dolanyşygynyň ösüş depgini 14,7%-e ýetdi

Ählumumy raýat awiasiýasynyň ýük dolanyşygy 2024-nji ýylyň maý aýynda ösüş depginine eýe boldy. Şeýlelikde, Halkara howa ulaglary birleşiginiň (IATA) synyna görä, ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 14,7%-e ýetdi. Howa ulagy arkaly ýük daşamalaryna isleg yzly-yzyna altynjy aý bäri iki belgili san bilen ösýär: bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende, dekabrda 10,8%-e, ýanwarda 18,4%-e, fewralda 11,9%-e, martda 10,3%-e, aprelde 11,1%-e deň boldy.

Serhetsiz logistika: Aşgabatda Hytaý bilen ýük daşamak pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Aşgabatda «Türkmen Logistika» assosiasiýasynyň wekilleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Şandun prowinsiýasynyň esasy logistika operatory bolan «Shandong Hi-Speed Qilu Eurasia Railway Logistics Co.» logistika kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda iş duşuşygy geçirildi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berildi. Hytaý wkiliýetine bu kompaniýanyň Özbegistan Respublikasyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy, şol bir wagtyň özünde hem Gazagystan Respublikasyndaky şahamçasynyň başlygy Lýuý Szýunfen ýolbaşçylyk etdi. Kompaniýa esasan demir ýol we awtoulag ýoly arkaly ýük daşamak bilen meşgullanýar. Onuň wekilhanalary dünýäniň köp ýurtlarynda hereket edýär.

Türkmen — eýran hyzmatdaşlygynda gaz senagatyna möhüm ähmiýet berilýär

Geçen çarşenbe güni Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi dolandyryş binasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary bilen Eýran Yslam Respublikasynyň (EYR) wekiliýetiniň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda iki dostlukly döwletiň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň barha pugtalandyrylýanlygy bellenildi. Bu babatda gaz senagatynda alnyp barylýan işler has-da bellärliklidir. Şu gezekki duşuşykda hem türkmen tebigy gazyny «swap» usuly arkaly EYR-nyň çäginden üstaşyr Yrak Respublikasyna ibermek boýunça möhüm ylalaşyk gazanyldy. Möhüm çärä gatnaşyjylaryň nygtamagyna görä, türkmen we eýran gatnaşyklary gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar we birek-birege hormat goýmak bilen, häzirki döwürde giň gerimde ösdürilýär. Söwda-ykdysady gatnaşyklar aýratyn möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň tagallasy bilen ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň pudaklarynda uly işler durmuşa geçirildi. Möhüm gaz geçirijiler guruldy. «Mawy ýangyjy» daşarky bazara çykarmakda gazanylan ýokary netijeler dünýä ýurtlarynyň işewürlerini özüne çekýär. Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň netijesinde halkara arenasynda ynamly hyzmatdaş hökmünde öňe çykdy we ykrar edildi. Türkmenistanyň durnukly ösýän döwletdigi, tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolmagy, parahatçylyk söýüjilik syýasaty ugur edinmegi gatnaşyklary pugtalandyrmakda esas

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň baýry edarasy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň baýry edaralarynyň biri hasaplanýar. Ol 1949-njy ýylyň 15-nji maýynda esaslandyrylypdyr. Şol döwürden bäri bu ekspedisiýa dürli atlar bilen geologiýa, gidrogeologiýa we inžener-geologiýa ugurlar boýunça ülkämizde ilatly ýerleriň hojalyk-agyz suw üpjünçiligi, oba hojalyk ýerlerini suwlulandyrmak we maldarçylyk pudagyny suw bilen üpjün etmek, şeýle hem senagat we balneologik ähmiýetli mineral hem-de senagat ýerasty suwlary gözlemek we barlamak, olaryň ulanyş gorlaryny hasaplamak, ýüze çykarylan ýerasty suwlaryň hilini öwrenmek boýunça geologik-gidrogeologik barlaglar bilen baglanyşykly geologiýa-gözleg işlerini amala aşyrmak bilen meşgullanypdyr. 2002-nji ýylda bu ekspedisiýa häzirki, ýagny Ahal gidrogeologiýa ekspedisiýasy diýen adyna eýe bolýar. Adyndan belli bolşy ýaly, ol häzirki döwürde «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň geologiýa-gözleg işleriniň gurluşlar boýunça meýilnamasy esasynda Ahal welaýatynyň çäginde, esasan, şu ugurlar boýunça geologik-gidrogeologik gözleg-barlag işlerini alyp barýar: ýerasty agyz suwlarynyň gözleg we barlag işleri, suw ýataklarynyň ulanyş gorlaryny kesgitlemek hem-de hasaplamak boýunça deslapky we jikme-jik barlag işleri, 1:200 000, 1:50 000 ölçeglerde geçirilýän geoekologik barlaglar, gidrogeologik surat almak işleri, kartalaş

Abu-Dabide geçiriljek forum ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini açyp görkezer

Şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forum geçiriler. Halkara forumy daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrar we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňelder. Forumyň 4-7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär.

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzyň raýatlaryna erkin pul serişdelerini amatly şertlerde ýerleşdirmek maksady bilen «Magtymguly Pyragy» atly täze möhletli goýumyny hödürleýär. «Magtymguly Pyragy» atly möhletli goýumy ýyllyk 11 (on bir) göterim bilen 1 (bir) ýyl möhlete açylýar, şeýle hem goýuma pul serişdeleri nagt görnüşinde kabul edilýär. Şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soňra goýumçynyň talaby boýunça pul serişdeleri nagt ýa-da nagt däl görnüşinde gaýtarylýar.

Türkmenistanda fiziki şahslar üçin niýetlenen «sanly karz» ulgamy ulanyşa giriziler

Golaýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işleri kämilleşdirilýär

Golaýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gämigurluşyk hem-de gämi abatlaýyş işlerini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, senagaty ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýerli çig maly önümçilikde, şol sanda gämileri arassalamakda ulanmak hem-de ony daşary ýurtlara eksport etmek mümkinçiliginiň öwrenilýändigi barada aýdyldy.

Hytaý Şençžen-Çžunşan ulag ulgamynyň gurluşygynda 10 dünýä rekordyny goýdy

Hytaýda Şençžen hem-de Çžunşan şäherlerini birleşdirýän köprüleriň we ýerasty geçelgeleriň ulgamy açyldy. Bu özboluşly ulag ulgamynyň gurluşygy 7 ýyl dowam etdi. Bu ulgam özünde emeli adalary hem jemleýär. Olaryň arasynda suwasty geçelgeler çekildi. Adalar gury ýer bilen köprüler arkaly baglanyşýar. Şäherleriň arasyndaky ýoluň umumy uzynlygy 24 kilometre deňdir.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň telekeçileri ECO-93 kysymly awtobenzini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümlerini, gruziýaly işewürler bolsa “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük we pagta linti ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 85 million 547 müň dollaryndan gowrak boldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 28 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden, Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Gyrgyz Respublikasyndan hem-de Gruziýadan gelen telekeçiler «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen awtobenzini, 10 litrlik polietilen bedreleri, «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen nebit bitumyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 85 million 547 müň 900 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Gadymy Çyn-Maçynyň häzirki ykdysadyýeti

Dünýä döräp, Beýik Ýüpek ýoly döräp özüni Çyn-Maçyn diýip tanadan Hytaý döwleti bu günki gün dünýäniň söwda bazarynda iri «täjirleriň» biridir. Dünýä bakgallarynyň arasynda «Ilkinji edilen söwdanyň nirede bolany belli bolmasa-da, şol satylan haryt hökman Çyn-Maçynda öndürilen bolmaly» diýen aýtgy bar. Bu günki global ykdysadyýetiň agramly «oýunçylarynyň» biri bolan Hytaý Halk Respublikasynyň üstünlige çenli geçen ýoly nusgalykdyr. Hytaý senagat syýasaty hem-de 5 ýyllyk meýilnamalary öz içine alýan, ösýän, garyşyk, sosialistik bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bellidir. «Forbes» žurnalynyň ýylyň birinji çärýeginde çap eden sanawyna laýyklykda, ýurt nominal jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan soň 2-nji, satyn alyş kuwwaty babatda bolsa 2016-njy ýyldan bäri dünýäniň iň uly ykdysadyýetidir. Has dogrusy, häzirki wagtda ýurduň nominal jemi içerki önümi 18 trillion 566 milliard amerikan dollaryna, ilatyň jan başyna düşýän JIÖ 13,16 müň amerikan dollaryna, JIÖ-niň ýyllyk ösüş depgini bolsa, 4,2 göterime deňdir. 2023-nji ýylyň jemleri boýunça ýurduň nominal jemi içerki önümi 5,2 göterim ýokarlanyp, 17 trillion 890 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Ýeri gelende aýtsak, Hytaý 2022-nji ýylda dünýäniň nominal jemi içerki önüminiň 18, satyn alyş güýjüniň 19 göterimini emele getirdi.