"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bedew türkmen üçin bagtyň başydyr!

Synlanyňda kalbyňa aram berýän, ýyldyrym çaltlygynda ýelleri böwsüp geçeninde göwnüňi galkyndyrýan bedewlere buýsanmazlyk mümkinmi beri?! Bedewe bolan söýgi ýöne bir söýgi däl. Bu söýginiň aňyrsynda ynsan bilen bedewiň müňýyllyklaryň çuňlugyny yzarlaýan dostlugy durýar. Bedewde halkyň gadymylygy bar. Ata-babalarymyz geçmişde nähili şan-şöhrat gazanan bolsalar, olaryň ählisinde ahalteke bedewleriniň hem goşandy uludyr. Şonuň üçin hem ynsan häsiýetli bedewler her bir ýigidiň ýakyn dosty, syrdaşy, toýda-jeňde ýoldaşy hasap edilipdir. Muny halk döredijiligimize siňen bedew hakyndaky aýtgylardyr setirler hem aňryýany bilen subut edýär.

Ak ýaýlanyň arwanasy

Goç ýigitlerimiziň syrdaşy, algyr guşy hasaplanýan bedew atlarymyz, öý-ojaklarymyzyň goragçysy bolan alabaý itlerimiz, ýüňünden sungat döreýän saryja goýunlarymyz ýaly, iner düýelerimiz hem türkmen halkynyň durmuşyny ýeňilleşdirip gelen döwletli malydyr. Onuň süýdi, çaly, agarany, süzmesi müň bir derdiň dermanydyr. Aslynda, düýe maly rowaýata görä, Beýik Biribaryň alkyşyna mynasyp bolan jandardyr. Bir gün pygamberimiz medineli musulmanlaryň biriniň howlusynda daňylgy duran düýe bilen syrlaşanmyş. Şonda myhmany görüp, gözünden boýur-boýur ýaş döken düýe arzy-halyny aýdypdyr. Myhman öý eýesine özüne hyzmat etmezden öň düýesini otlatmagy haýyş edenmiş. Öý eýesi gyş üçin ýygnan ýandak küdesini aýap, düýesine az-azdan berýändigini düşündiripdir. Bu habary eşiden düýe eger rugsat etseler, hiç kime azarsyz, uzak günläp özi otlap, suwlanyp, ýene-de ýatagyna gaýdyp geljekdigini aýdanmyş. Ine, düýe şeýle janypkeşligi, eýesine maddy zyýan ýetirmeýändigi, agram salmaýandygy bilen alkyşa mynasyp bolupdyr.

Jandarlar reňkini nädip üýtgedýärler?

Käbir jandarlaryň reňki gysga wagtda, käbirleriniňki bolsa, möwsüme baglylykda uzak wagtda üýtgeýär. Mysal üçin, tebigatyň al-ýaşyl öwüsýän bahar paslynda ýaşyl reňkli bolýan çekirtge, güýzüň gelip, ýapraklaryň saralmagy bilen goňur reňkli bolýar. Käbir jandarlaryň reňki bolsa ýaşaýan ýerindäki topraga meňzeýär. Mysal üçin, şeýle jandarlar çölde ýaşaýan bolsa, çäge reňkli bolýarlar. Reňkiň üýtgemegi, adatça oňurgaly jandarlara degişlidir. Bu jandarlaryň beden gurluşlarynda dürli reňkiň emele gelmegi üçin ýagtylygy şöhlelendirýän, dargadýan kristallar we reňk molekulalaryny (pigmentleri) öz içine alýan hromatofor öýjükler bolýar. Janly organizmleriň reňkiniň üýtgemegi deriniň öýjüklerindäki pigmentleriň ýagtylygyň «siňdirilmegi » ýa-da dokumalarda we öýjüklerde biologik nanogurluşyň şöhlelenmegi we ýaýramagy arkaly ýüze çykýar. Ýagtylygyň ýa-da temperaturanyň üýtgemegi hem reňkiň üýtgemegine sebäp bolup bilýär. Şeýle- de bolsa, janly- jandarlarda bu amal, adatça daşky gurşawyň üýtgemegine jogap hökmünde ýüze çykýar. Dürli öýjükleri bolan melanoforlar reňkiň üýtgemegine düýpli täsir edýär. Melanofor öýjükleriniň içindäki melanin pigmentleriniň hereketi reňkiň üýtgemegine sebäp bolýar. Haýsy jandarlar reňkini üýtgedýär? Reňkini üýtgedýän jandar diýlende, ilki bilen hameleon ýadyňa düşýär. Bu jandarlaryň derisiniň reňkiniň üýtgemegi temperaturanyň we daşky gurşawdaky ýagtylygyň üýt

Dag goçy

Täsin tebigaty bolan ýurdumyz ösümlik we haýwanat dünýäsine baýdyr. Günorta-Günbatar Köpetdag hem şeýle ýerleriň biri bolup, bu ýerde duş gelýän ösümliklerdir haýwanlaryň ençeme görnüşleri Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu ýerde duş gelýän haýwanlaryň biri-de dag goçlarydyr. Dag gerişleriniň eňňitleri, dürli otly baýyrlyklar, çöl öri meýdanlary dag goçlaryna (aýraklara) ýaşamak üçin oňat ýer bolup hyzmat edýär. Ýatanlarynda çöketlik ýerlerde, sowuk şemaldan sowa ýerlerde gijäni geçirýärler. Beýleki toýnaklylaryň köpüsinde bolşy ýaly, dag goçlary hem irden, agşamara, käte bolsa gijelerine otlaýarlar. Günüň yssy wagtlarynda dynç alýarlar, gyşyna bolsa hemişe hereketde gezip, günüň bütin dowamynda otlap gezýärler. Iň gurak we yssy aýlarda olaryň aglabasy çeşmeleriň golaýyndaky öri meýdanlaryna aralaşýarlar. Çeşmelerden suwsuzlyklaryny gandyrmak üçin bu ýerlere yzygiderli gatnaýarlar. 

Ýewropanyň iň uly pişigi

Ýewropa diňe bir taryhy ymaratlary bilen tanalman, eýsem, baý tebigaty bilen hem bellidir. Haýwanat we ösümlik dünýäsine baý bolan Ýewropada dünýäniň beýleki materiklerinden tapawutlylykda, hiç hili çöllük gabat gelmeýär. Diňe belli bir sebitde ýaşaýan – endemiki jandarlaryň onlarçasy Ýewropada duş gelýär. Şeýle jandarlaryň biri hem ryslardyr. Az sanlysynyň galandygy sebäpli ýabany pişigiň bu görnüşi goralyp saklanýar. Rys Ýewropada duş gelýän iň uly ýyrtyjy pişik hasaplanýar. Biziň ýurdumyzda duş gelýän garagulaklara meňzeş bolan bu jandara latynça «lynx» diýilýär. Ýabany pişikler maşgalasynyň agzasynyň jemi dört görnüşi bolýar. Agramy 4,5 kilogramdan 17 kilograma çenli bolýan bu jandaryň boýy 67-106 santimetr aralygynda bolýar. Ryslaryň ömrüniň dowamlylygy 25 ýyl. Adaty pişiklerden 5 esse agyr bolýan bu jandarlaryň gulaklary uzyn we gulagynyň ujunda gara tüýjagaz bolýar. Howa sowap başlanda onuň bedeniniň ähli ýerindäki tüýleri ösýär. Bu jandarlar uly penjeli, goýy goňur reňkli, bedenine görä kellesi kiçi bolýar. Ryslar, adatça seljeň sosna tokaýlarynda ýaşaýarlar. Olaryň käbir görnüşi deňiz derejesinden 3000 metr belentlikde ýaşaýar. Ryslar beýige dyrmaşmakda ökde boluşlary ýaly, ýüzmekde hem ökde bolýarlar. Beýleki ýyrtyjy jandarlar ýaly, ryslar hem awuna ilki ýiti göreji bilen syn edýärler, soňra assyrynlyk bilen oňa golaýlap, bir towsanda ony tutmaga çalyşýarlar. Ryslar k

Kebelekler barada gyzykly maglumatlar

Kebelekleri öwrenýän ylma «lepidopterologiýa» diýilýär. * * *

«Hatarda ner bolsa...»

Türkmen halky «Düýe maly — dünýe maly», «Düýäm bar — dünýäm bar» diýen ýaly nakyllaryň manysyna magat akyl ýetirýär. Şonuň üçin hem düýe malyna uly yhlas siňdirýär. Düýäniň müň bir derde derman bolýan düýe çaly, agarany barada bilmeýän az-azdyr. Düýe çalynyň lezzeti özboluşly üýtgeşik bolýar, ony içen adamlar: «Çeşmäňe bereket!» diýip aýdýarlar. Düýäniň ýüňünden mukaddes saçak, guşak, agarçäkmen, alaja we sallançak ýüp ýaly zatlar dokalýar. Düýe janawar haýsy ýerde bolsa-da, öz eýesiniň öýüni tapyp bilýär. Goý, ol ýüzlerçe kilometr aralyk bolsun, tapawudy ýok. «Mal eýesiniň gözünden suw içer» diýlişi ýaly, düýe maly hem özüniň gowy görülýändigini bilýär we eýesine tabyn bolýar. Hatda ýaňy aýak biten çaga itse-de, yzyna düşüberýär.

Behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty

Türkmen halkynyň şöhratly taryhynda behişdi bedewler hakynda köp sanly maglumatlar bar. Müňýyllyklaryň jümmüşinden biziň döwrümize gelip ýeten atlaryň we çapyksuwarlaryň şekilleri, olaryň ajaýyp sazlaşygyny beýan edýän senetçilik önümleri munuň aýdyň subutnamalarydyr. «Oguznama», «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eserlerde bedewiň waspy giňden beýan edilýär. «Görogly» şadessanynda seýisçilige ýörite bir hünär hökmünde garalýar. Eserde gerçek ýigidiň atyna bolan hormat-sarpa ýugrulan gatnaşygynyň beýany eriş-argaç bolup geçýär. Şahyrlar belent ruha beslenen eserlerini, suratkeşler ajaýyp suratlaryny, heýkeltaraşlar heýkellerini, zergärler nepis şaý-seplerini behişdi bedewlere bagyşlapdyrlar. Özünde deňsiz-taýsyz gözelligi jemleýän, ynsan ýaly syzmagy başarýan ahalteke bedewlerini ýetişdirmegiň inçe syrlaryny halkymyz nesilden-nesle geçirip, biziň günlerimize ýetirdi. Halkymyzda «Irden tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy» diýen pähim bar. Bu parasatly jümläniň üsti bilen türkmeniň iň eziz görýän jandarynyň bedewdigine göz ýetirmek bolýar. Döwlet Baştutanymyzyň ynsan ýaly duýgur, dost ýaly wepadar bedewlere bolan söýgüsi çäksizdir.

Türkmeniň uçar ganaty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Müňýyllyklaryň dowamynda merdana türkmen halkynyň durmuşynyň ähli döwürlerinde bedew atlarymyza aýratyn üns berlipdir. Çünki halkymyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän bedewlerimiz gaýduwsyz türkmen ýigitleriniň ýakyn ýoldaşy, toý gününde ýürekdeş syrdaşy bolmak bilen, köňül buýsanjyna, dilleriniň senasyna öwrülip gelipdir» diýip belleýär. Ahalteke bedewleri milli gymmatlyklarymyzyň biridir. Şonuň üçin bedewlerimiz bilen baglanyşykly her bir işe uly üns berilýär.

Täsinlikler dünýäsi

■ Dünýäde arylaryň 21 müň görnüşi bar. ■ Bir ary öýjüginde, takmynan, 20 — 60 müň ary ýaşaýar.

Alabaý — geçmişden şu güne

Halkymyzda «It geldi — gut geldi» diýen paýhasly jümle bar. Bu çuň manyly jümle alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar. «Gut» sözüniň it bilen baglanyşdyrylmagynyň halkymyzyň alabaý itlerini saklamagy, olary ýetişdirmegi bagt bilip, olar hakynda oňyn düşünjede bolandyklaryny äşgär edýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «Türkmen topragy — dünýä ýaň salan medeni gymmatlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçirildi. Maslahatda halkymyzyň dünýä beren deňsiz-taýsyz milli gymmatlyklarynyň özara baglanyşygy, ýagny halyçylyk sungatynda türkmen alabaýlarynyň şöhlelendirilişi, «it ýatak», «tazy guýruk», «güjük yzy» ýaly gadymy göller bilen çitilen halylaryň we haly önümleriniň gadymy nusgalaryny gorap saklamak hem-de olar bilen jemgyýetçiligi tanyşdyrmak barada giňişleýin gürrüňler edildi.

«Che­wy»-niň on­laýn sa­tuw­la­ry oňyn ne­ti­je berýär

«Che­wy» kom­pa­ni­ýa­sy söw­da plat­for­ma­syn­da haý­wan iý­mi­ti­ni, ideg önüm­le­ri­ni, oýun­jak­la­ry we äti­ýaç­lan­dy­ryş önüm­le­ri­niň gör­nü­şi­ni kö­pelt­di. Soň­ky çär­ýek­ler­de «Che­wy»-niň äti­ýaç­lan­dy­ryş seg­men­ti­ni ös­dür­ýän­di­gi­ sebäpli, «Vet» te­le­luk­man­çy­lyk hyz­ma­ty­ny bi­rik­dir­di. Kom­pa­ni­ýa eý­ýäm «Au­tos­hip» abu­na­çy­la­ry­na bu hyz­mat­dan peý­da­lan­ma­gy tek­lip ed­ýär. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, ABŞ-da öý haý­wan­la­ry üçin çyk­da­jy­lar ýyl­da ABŞ-nyň 100 mil­liard dol­la­ryn­dan geç­ýär. Şol san­da bu çyk­da­jy­la­ryň azyn­dan 70%-i we­te­ri­na­ri­ýa önüm­le­ri üçin sarp edil­ýär. Ge­çen hep­dä­niň bir­ža söw­da­la­ryn­da «Che­wy» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň her bir paý­na­ma­sy ABŞ-nyň 45,82 dol­la­ry möç­be­rin­de ba­ha­lan­dy.

Melebaý

«7/24.tm», № 06 (89), 07.02.2022. Dogrusy, it diýen haýwany biz saklamzokdyk. Öň bir Uçar diýen tazymyz bar eken. Aw etmäge gaty gowudy diýýärler. «Uçar diýseň uçar-da, ýaman gaty ylgaýardy» diýip, tarypyny ýerde-gökde goýanokdylar. Ony köplenç dädem meýdana gidende çopan goşuna alyp gidýär eken. Özüň görmeseň kyn-da. Hiç zat aýdyp bolanok. Ýöne men bir gowy it hakda gyzykly zatlary bilýärin. Ol itiň adyna Melebaý diýilýär. Ýöne ol tazy däl. Türkmen alabaýy. Özem köpekdi. Asyl, ol kiçijek wagtymyz doganoglan jigim Aşyr bilen oýnap ýörkäk, gapdalymyzdaky obada (Diňlide, şahyr Çary Ýegenmyradyň obasy) ýaşaýan Pugta daýzanyň oglundan alyp gelipdiler.

Alabaý hakda kelam agyz

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. WEPALY — SPORT ÝARYŞLARYNYŇ NYŞANY

Meniň dostum Garagöz

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. Meniň iň gowy dostum — Garagöz. Ony maňa atam sowgat berdi. Näme üçindiginem aýdaýynmy? Men bir gün okuwda 5 sapakdan hem 5-lik alyp geldim. Ana, şonda atam maňa «Islän zadyňy sowgat berjek» diýdi. Menem alabaý getirip bermegini soradym. Şondan soň atam çölde çopançylyk edýän goňşymyzdan alyp, alabaýyň güjügini getirdi. Men muňa diýseň begendim. Oňa «Garagöz» diýip, at goýdum.

Milli buýsanjymyz

Türkmen halky diýlende onuň şöhratly taryhy hakydaňa dolýar. Türkmen halkynyň durmuşy ak öýi, alabaý iti, bedew aty, halysy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ata-babalarymyz alabaý itiniň bolmagyny hökmany hasaplapdyrlar. Türkmen alabaýy gaýduwsyzlygy, batyrlygy, owadanlygy bilen tapawutlanypdyr. Çopanyň iň wepadar ýoldaşy onuň alabaý itidir.

Gyş ukusyna gidýän haýwanlar

«Gyş ukusy» diýlende, ilki bilen, ertekilerden, multfilmlerden hem tanyş bolşy ýaly, aýy göz öňüne gelýär. Eýsem, gyş paslyny uklap geçirýän diňe bir aýylarmy?! Elbetde, diňe olar däl. Bilermenleriň aýtmagyna görä, olar onlarça bolup, geçirilýän gözlegleriň netijesinde gyş ukusyndan paýly haýwanlaryň sanawy kem-kemden uzaýar. Muňa mysal edip, maýmynlaryň primatlar otrýadyna degişli käbir agzalarynyň hem, guşlaryň käbir görnüşleriniň hem gyş ukusyna gidýändigi soňky ýyllarda mälim edildi. Ylma ozaldan tanyş bolan gyş ukusyna gidýän haýwanlary ýatlap geçeliň! Olar: aýylar, gemrijiler, adaty kirpi, awstraliýa ýehidnasy, zolakly ýenot, ýarganat, homýak, burunduk, alaka, torsuk, gurbagalar, pyşbaga we beýleki mör-möjeklerdir.

Gyş ukusyna gidýän jandarlar

Köp jandar üçin gyşda ýeterlik iýmit tapmak kyn bolýar. Şol sebäpden olaryň köpüsi gyşyna uka gidýärler. Haýwanlaryň energiýasyny tygşytlamak we gyşdan artykmaç iýmitlenmezden ýaşamak üçin ýürek urşuny haýallatmagyna «gyş ukusy » diýilýär. Käbir jandarlar gyşlamak wagtynda hereketini haýalladýan bolsa käbirleri süýji uka gidýärler. Uklaýan wagtynda olaryň bedeniniň gyzgynlygy peselýär we ýürek urşy haýallaýar. Şeýle jandarlar güýzüne has köp iýmitlenip, bedeninde has köp ýag emele gelýär. Bu ýag jandar uzak wagt uka gideninde bedeni üçin iýmit bolup hyzmat edýär. Ýagyň iki görnüşi bar - adaty ak ýag we goňur ýag. Goňur ýagy bolan haýwanyň beýnisi, ýüregi we öýkeni işini örän peseldýär. Oýanmagyň wagty gelende, bu synalary gaýtadan kadaly ýagdaýda işläp başlaýar. Jandarlaryň arasynda gemrijiler, kirpi, aýy, pyşbaga, ýarganat, gurbaga ýaly jandarlar çuň uka gidýärler. Süýdemdirijiler, süýrenijiler, ýerde- suwda ýaşaýanlar we hatda käbir mör-möjekler gyşy uklap geçirýärler. Aýylar gyş ukusyna gidýän jandarlaryň arasynda has belli bolsalarda, olar hem diňe sowuk wagty ýatýarlar. Günorta- gündogar Aziýanyň yssy howa şertlerinde ýaşaýan aýylar uklamaýarlar. Sebäbi olar ýylyň dowamynda bol iýmitli ýerde ýaşaýarlar. Kirpi, ýarganat ýaly jandarlar her ýylyň oktýabr- noýabr aýyndan aprel- maý aýlaryna çenli uklaýarlar. Gemrijileriň käbir görnüşi güýzde ýygnan iýmitini gyşa saklaýar. Käbi

Gyr aýragy

Ýurdumyzyň dagdyr düzlüklerinde, derýadyr köllerinde jandarlaryň ýüzlerçe görnüşi ýaşaýar. Ýurdumyzda gabat gelýän jandarlaryň biri hem gyr aýraklarydyr. Bu jandarlar çalasyn we ýüwrük bolup, daglaryň kertlerinden, iri daşly ýapgytlardan aňsat inmegi, dik ýapgytly daglara ylgap çykmagy başarýarlar. Olar onlarça metr beýiklikden aşaklygyna säginmän böküp bilýär. Düşjek ýerleri daşlyk, ýylçyr gaýa bolsa- da, ilki şahlarynyň üstüne düşüp, aşyr atyp, ýene- de aýaklarynyň üstüne dik galyp gaçmaklaryny dowam etdirýärler. Gyr aýraklarynyň sesi goýunlaryň mäleýşine meňzeýär. Olar ys alşynyň güýçlüdigi sebäpli, duşmanlaryna şemalyň öwüsýän tarapyndan golaýlaşmagyna ýol bermeýärler. Eşidiş ukyby hem güýçli bolansoň, assyrynlyk bilen hereket etmäge çalyşýarlar. Olar käbir ýabany haýwanlaryň barmasy kyn bolan daglaryň beýik ýerlerindäki ot-çöpli ýerlerde ýaşaýarlar. Şol ýerler olara goranmak üçin amatly şert döredýär. Dag-daşlardan syzylyp çykýan çeşmeler olary suwdan hor etmeýär. Köplenç süri bolup gezýän gyr aýraklarynyň aprel aýynda owlajyklary dünýä inip, olar köplenç ekiz bolýar. Gyr aýraklary tomsuň yssy günlerinde wagtlaryny günuzyn gaýalaryň, uly daşlaryň salkyn saýalarynda kölegeläp geçirýärler. Gyr aýraklarynyň esasy ýagysy möjekler bolsa- da, olaryň möjekleriň pidasy bolýan wagtyna duşmak gaty kyndyr. Gyr aýraklarynyň sanynyň köpelmeklerine, esasan hem, olaryň gezýän, suwlaýan ý

Düýe maly — dünýe maly

Ulgam—ulgam gum depeleriniň arasyndan uzalyp gidýän sähra ýodalaryny yzarlap, uzak örüden dolanyp gelýän arwana düýeler ak ýaýlanyň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Garagumuň jümmüşinde ýaşaýan islendik hojalygy düýesiz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Düýe ir zamanlarda eldekileşdirilen jandar bolup, adamzat ýaşaýşynda, hojalyk işlerinde köp hyzmatlary ýerine ýetiripdir. Onuň bilen ýer sürüpdirler, däne döwüpdirler, çuň guýulardan, kärizlerden suw çykarypdyrlar. Ýük daşamak işlerinde bolsa düýä deň geljek jandar tapylmandyr, düýeleriň kömegi bilen ýurtlar arasynda söwda gülläp ösüpdir. Halkymyzda «Düýeli baý — dünýeli baý», «Düýe — dünýä, goýun — gazna», «Düýe maly — dünýe maly» ýaly pähimler ýörgünli bolupdyr. Türkmen çarwadarlary gadymdan bäri düýeleri ösdürip ýetişdirýärler, düýe halkymyza parasatly atababalarymyzdan miras galan ajaýyp medeni gymmatlykdyr. Türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda ýetişdiren täsin arwana tohumynyň umumadamzat gymmatlyklaryna goşan ajaýyp goşandy dogrusynda dünýäniň ençeme alymlary ylmy maglumatlary ýazypdyrlar. 1910njy ýylda görnükli rus taryhçysy A.W.Kolosowskiý: «Bir örküçli düýeleri, garaköli goýunlary, goýun itleri, dünýä belli atlary bilen türkmen halky özüne müdimilik ýadygärlik dikeltdi» diýip ýazypdyr.