Hünärim bar — hormatym bar
Türkmen halky adamzat taryhynda gaýtalanmajak medeni we ruhy gymmatlyklary bilen tanalýan iň gadymy halklaryň biridir. Zergärçilik, halyçylyk, keşdeçilik sungaty, keçe basmak senetçiligi, çeper döredijiligiň aýratyn bir ugry bolan ussaçylyk ösüp, kämil derejelere ýetdi. Häzir ýurdumyzda çeper döredijilik bilen meşgullanýan ussalary has-da döredijilikli işlemäge höweslendirmek, ussaçylygyň halk tejribesini peýdalanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Has tapawutlanyp işleýän ussalara her ýylda «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen hormatly at dakylýar. Düýn Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty bilen bilelikde guramagynda geçirilen «Halk ussalary — çeper döredijiligiň ussatlary» atly maslahat hem ýurdumyzda çeper döredijilik işine goýulýan sarpanyň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.