Ewerest dagy ösýär
Geçirilen täze barlaglaryň netijesinde dünýäniň iň beýik dagy bolan Ewerestiň her ýyl 2 millimetr ösýändigi mälim edildi. Alymlaryň bellemeklerine görä, muňa dagyň töwereginde derýalaryň täsirinden emele gelýän eroziýa sebäp bolýar. Angliýanyň London kollejiniň bilermenleri beýikligi 8 müň 849 metre ýetýän dagyň nädip uzalýandygyny bilmek üçin barlag geçirdiler. Netijede, mundan 89 müň ýyl ozal Ewerestiň golaýyndaky Arun derýasynyň Kosi derýasy bilen birikmegi netijesinde bu sebitde eroziýa artypdyr. Derýalar birigenden soňra suw köp mukdardaky daş we toprak gatlagyny sürüp äkidipdir. Şonuň netijesinde ýeriň aşagyndan gelýän basyş Ewerestiň beýgelmegine sebäp bolupdyr.