Moldowada 11 dalaşgär hasaba alyndy
20-nji oktýabrda Moldowada geçiriljek Prezident saýlawlary bilen baglanyşykly 11 dalaşgär hasaba alyndy. Bu barada Moldowanyň Merkezi saýlaw komissiýasy habar berdi. Prezidentlige bellige alnan dalaşgärleriň dördüsi zenan. Bular – Moldowanyň häzirki Prezidenti Maýýa Sandu, Gagauziýa awtonom territorial bölüminiň öňki başlygy Irina Wlah, žurnalist Natalýa Morar, öňki prokuror Wiktoriýa Furtune. Prezidentlige dalaşgärleriň arasynda 2019-2021-nji ýyllarda ýurduň prokurory bolup işlän Aleksandr Stoýanoglo, öňki häkim Renato Usatyý, öňki Premýer-ministr Wasiliý Tarlew, Ion Kiku we beýlekiler bar. Häzirki wagtda prezidentlige dalaşgärleriň saýlaw kampaniýasy dowam edýär. Hiç bir dalaşgär sesleriň 50 göteriminden gowragyny almasa, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçiriler.