"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mol­la­ga­ra şy­pa­ha­na­sy – mel­hem­ler me­ka­ny

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny dikeltmekde häzirki wagtda hereket edýän şypahanalar saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm böleginiň biri bolup hyzmat edýär. Şypahanalaryň işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemek we Türkmenistanda tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň öwrenilmegi, peýdalanylmagy, ösdürilmegi hem-de onuň goralmagy babatyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmekde «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hereket edýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, adam­la­ryň dur­mu­şy gö­nü­den-gö­ni ola­ryň sag­ly­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Sag­dyn adam ru­hu­be­lent, ýa­şaý­şa, dur­mu­şa, zäh­me­te hö­wes­li bol­ýar. Sag­dyn jem­gy­ýet bol­sa döw­le­tiň berk bin­ýa­dy ha­sap­lan­ýar. Döw­le­tiň äh­li kuw­wa­ty, ro­waç­lyk bin­ýa­dy il-hal­kyň sag­ly­gyn­da, jem­gy­ýe­tiň sag­dyn­ly­gyn­da­dyr. Bu ba­bat­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz: «Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lup dur­ýar. Şo­ňa gö­rä-de, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak we ýok et­mek, sag­ly­gy go­raý­şy we der­man se­na­ga­ty­ny dün­ýä de­re­je­sin­de ös­dür­mek bo­ýun­ça köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar» di­ýip bel­le­ýär.

Türk­men be­dew­le­ri­niň at-owa­za­sy dün­ýä dol­ýar

Her bir ýur­dy, her bir hal­ky äle­me ta­nad­ýan mil­li me­de­ni­ýet­i bolýar. Dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­de, ta­ry­hyn­da öç­me­jek yz gal­dy­ran türk­men hal­ky en­çe­me gym­mat­lyk­la­ry bi­len ta­nal­ýar. Olar­dan türk­men aty­ny, ala­ba­ýy­ny, ha­ly­sy­ny, du­ta­ry­ny, zer­gär­le­riň ýa­san şaý-sep­le­ri­ni we en­çe­me zat­la­ry­ny my­sal ge­tir­mek bo­lar. Ga­raş­syz­ly­ga eýe bo­la­ny­myz­dan soň ahal­te­ke atlarynyň mil­li mi­ras hök­mün­de ga­dym­y şöh­ra­ty di­kel­di­lip baş­lan­dy we bedewleriň kö­pel­dil­me­gi üçin ýur­du­myz­da äh­li şert­ler dö­re­dil­di. 1991-nji ýyl­da «Türk­men at­la­ry» döw­let bir­le­şi­gi dö­re­dil­di. Bir­le­şik ahal­te­ke be­dew­le­ri­ni se­ýis­le­mek we kö­pelt­mek ug­run­da ýur­du­myz­da bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri zäh­met çek­ýän hü­när­men­le­ri bir­leş­dir­di. 2010-njy ýyl­da Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da dö­re­di­len, ştab-kwar­ti­ra­sy Aş­ga­bat şä­he­rin­de ýer­leş­ýän Hal­ka­ra ahal­te­ke at­çy­lyk as­so­sia­si­ýa­sy dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­den hü­när­men­le­ri, alym-at­şy­nas­la­ry, be­hiş­di be­dew­le­re sar­pa goý­ýan beý­le­ki adam­la­ry bir­leş­di­rip, bi­le­lik­de tas­la­ma­la­ry alyp bar­ma­ga, öza­ra tej­ri­be alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­ret­di.

Ýur­du­myz­da yn­san sag­ly­gy­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär

9-njy okt­ýabr­da Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň aka­de­mi­gi, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türk­me­nis­ta­nyň der­man­lyk ösüm­lik­le­ri» at­ly düýp­li yl­my işi­niň XVI jil­di­niň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bol­dy. Tä­ze ne­şir ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän hü­när baý­ra­my­nyň – Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­ne aja­ýyp sow­gat bol­dy. Ýer­li der­man­lyk ot­la­ryň on­lar­ça gör­nü­şi­niň, ösüm­lik­le­riň kök­le­ri­niň, mi­we­le­ri­niň, en­de­mik ösüm­lik­le­riň der­man­lyk hä­si­ýet­le­ri gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­ýän bu yl­my iş oky­jy­la­ra adam­za­dyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­niň ha­zy­na­sy­na, şol san­da luk­man­çy­lyk yl­my­na uly go­şant go­şan türk­men hal­ky­nyň kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si hem-de däp­le­ri bi­len ta­nyş­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da uly iş­ler ge­çi­ril­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de bu ugur­da gur­lan bi­na­la­ry sa­na­saň so­ga­by bar. Ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak­da bu döw­re­bap sag­lyk mer­kez­le­ri­niň we has­sa­ha­na­la­ryň äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Ýur­du­my­zyň is­len­dik ra­ýa­ty sag­lyk ýag­da­ýy­ny bar­ladyp, öňün­den be­jer­gi alyp bilýär. Şu­nuň ne­ti­je­sin­de bol­sa hal­ky­my­zyň ömür do­wa­mlylygy uza­ýar.

Hünär baýramy mynasybetli halkara sergi

9-njy okt­ýabr­da Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň Ba­şa-baş sö­weş sun­ga­ty sport top­lu­myn­da «Sag­ly­gy go­ra­ýyş, bi­lim we sport Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de» at­ly hal­ka­ra ser­gi­niň açy­lyş da­ba­ra­sy ge­çi­ril­di. Ýy­lyň-ýy­ly­na in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ra we giň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­ga da­ýan­ýan tä­ze­çil pi­kir­dir çe­me­leş­me­le­ri hö­dür­le­mek bi­len, fo­ru­ma gat­naş­ýan ýurt­la­ryň sa­ny yzy­gi­der­li art­ýar. Ser­gi­de ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň ösüş dep­gi­ni, Türk­me­nis­ta­nyň luk­man­çy­lyk yl­myn­da we se­na­ga­tyn­da, ila­tyň sag­ly­gy­ny go­ra­mak­da ýe­ten sep­git­le­ri, ägirt uly kuw­wa­ty, da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ryň bu ul­gam­da­ky iş­jeň gat­na­şyk­la­ra bar­ha art­ýan gy­zyk­lan­ma­la­ry öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Ser­gä öz di­war­lyk­la­ry bi­len gat­naş­ýan­la­ryň ara­syn­da Rus­si­ýa­dan, Be­la­rus­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, ABŞ-dan, Fran­si­ýa­dan, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­dan, Tür­ki­ýe­den, Hin­dis­tan­dan, Hy­taý­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan we beý­le­ki döw­let­ler­den luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň, te­bi­gy gö­zel­lik se­riş­de­le­ri­niň, ça­ga iý­mi­ti­niň dür­li gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­ýän, der­man­la­ry, luk­man­çy­lyk en­jam­la­ry­ny, sarp ediş ha­ryt­la­ry­ny ön­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­lar bar.

Wena baly – türkmen-awstriýa medeni hyzmatdaşlygynyň nusgasy

Me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet ber­ýän Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gyç­la­ry bi­len we bu ul­gamda ägirt uly iş­le­ri alyp bar­ýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da dün­ýä döw­let­le­ri­niň bi­le­lik­dä­ki dö­re­di­ji­lik çä­re­le­ri­ni ýur­du­myz­da ge­çir­mek in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Ýew­ro­pa hem-de Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ara­syn­da meş­hur bo­lan We­na ba­ly bi­ziň ýur­du­myz­da il­kin­ji ge­zek şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 20 ýyl­lyk to­ýy my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­di. Türk­me­nis­tan bi­len Awst­ri­ýa­nyň ara­syn­da­ky me­de­ni hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm bö­le­gi­ne öw­rü­len We­na ba­ly­nyň soň­ky ýyl­lar­da paý­tag­ty­myz­da gu­ral­ma­gy iki ýur­duň ara­syn­da­ky dost­luk köp­rü­si­ni ber­kit­mä­ge giň­den ýar­dam ed­ýär.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň pa­ra­hat­çy­lyk tag­ly­ma­ty

Pa­ra­hat­sö­ýü­ji­lik hem-de yna­nyş­mak ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­la­nan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty dur­mu­şa ge­çir­ýän Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň pa­ra­hat hem-de asu­da dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin oňyn baş­lan­gyç­la­ry öňe sür­ýär. Bu oňyn baş­lan­gyç­lar Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­ly­gy hem-de he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň «Ber­ka­rar döw­let is­tä­rin» di­ýip, öz­baş­dak döw­let, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir, asu­da we aba­dan dur­muş­da ýa­şa­ma­gy ha­kyn­da eden ar­zuw­la­ry ha­syl bol­dy. Şol ar­zuw­lar­da ke­mal ta­pan aba­dan dur­muş ýö­rel­ge­le­ri da­na şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de mä­käm orun al­dy. Şol yn­san­per­wer tag­ly­mat­lar hä­zir­ki wagt­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de eme­le gel­ýän ýag­daý­la­ry na­za­ra ala­nyň­da, has mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Türkmen-gazak gatnaşyklary — dost-doganlygyň aýdyň nyşany

Paýtagtymyzda gazak halkynyň beýik şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň heýkeli dabaraly ýagdaýda açyldy Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Aşgabat, 10-njy oktýabr (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde gurlan «Kalbyň şypasy» atly binanyň hem-de durky täzelenen şaýoluň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramyna ajaýyp sowgat boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň paýtagtymyzy ösdürmek boýunça başyny başlan şähergurluşyk maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Aşgabatda hem döwrebap şäher gurşawyny döretmek boýunça özboluşly taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň baş şäheriniň häzirki zaman ýol-ulag düzümi döwrebaplaşdyrylýar. Desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda tebigy aýratynlyklara möhüm ähmiýet berilýär. Tebigy we şäher gurşawynyň sazlaşykly utgaşmagy, ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, paýtagtymyzyň ekologik abadançylygy, adamlaryň ýaşamagy, oňaýly dynç almagy üçin zerur şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň üstünlikli amala aşyrýan döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýandygyny görkezýär.

Sahawatlylyk — ömrüň gymmaty

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardamy bilen, paýtagtymyzdaky Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde, Arkadag şäheriniň köpugurly hassahanasynda, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda dürli kesellerden ejir çekýän çagalara ýerli we daşary ýurtly lukmanlaryň gatnaşmagynda hirurgiýa bejeriş işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär. Degişli hassahanalarda nobatdaky dikeldiş bejergilerini alan çagalar deň-duşlarynyň hataryna goşulyp, bagtyýar çagalygyň hözirini görýärler. Häzirki döwürde birnäçe kesellerden ejir çekýän çagalara bu haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna dürli çylşyrymly operasiýalar ýerine ýetirildi. Näsag çagalaryň operasiýadan soňky bejergi we dikeldiş çärelerini ýerine ýetirmek dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň enjamlary ornaşdyrylan saglyk merkezlerinde amala aşyrylýar. Bu bolsa degişli bejergi işleriniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Pagta hasylyny ýangyndan goralyň!

Beýik ösüşlere, şanly zähmet üstünliklerine beslenýän bereketli Diýarymyzda zähmetsöýer daýhanlarymyzyň der saçyp, bütin ýylyň dowamynda ýadawsyz zähmet çekip ýetişdiren bol pagta hasylynyň ýekeje übtügini-de isrip etmän, ýitgisiz ýygnap almak, ony ýangyndan goramak biziň her birimiziň borjumyzdyr. Munuň üçin pagta kabul ediş kärhanalarynda, ammarlarda aşakdaky talaplary ýerine ýetirmek zerurdyr. Hemme işçi-gullukçylar bilen ýangyn dörän halatynda ýerine ýetirilmeli borçlar barada gönükdiriş-düşündiriş işlerini geçirmeli. Pagta hasylyny kabul ediji harmanlarda, pagta arassalaýjy kärhanalarda işlediljek pagta ýükleýjileriň, pagtany dagadyjylaryň işe goýberilmezden öň, tehniki taýdan guratlygyny barlagdan geçirmeli. Barlagyň netijesi esasynda delilnama düzmeli. Pagta hasylyny ýygnaýan, daşaýan ähli tehnikalara wagtynda tehniki hyzmatlar geçirilmedir.

El hünärim — baýlygym

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, kämil bilimli we hünärli şahsyýetler bolup kemala gelmeklerine uly ähmiýet berýär. Şundan ugur alnyp, okuwçy gyzlaryň arasynda olaryň hünär ussatlyklaryny ýüze çykarmak, milliligimize, däp-dessurlarymyza bolan söýgini, sylag-sarpany has-da artdyrmak maksady bilen yzygiderli bäsleşiklerdir çäreler geçirilýär. Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň we Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramaklarynda orta mekdepleriň 2 ― 5-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen «Haly dokar ellerim, gazal aýdar dillerim» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşik okuwçy gyzlaryň ene-mamalarymyzdan gelýän milli el işlerimize bolan höwesini artdyrmak maksady bilen guraldy.

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy

Aşgabat, 9-njy oktýabr (TDH). Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVI jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Täze neşir ýurdumyzda giňden bellenilýän hünär baýramynyň — Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününiň öňüsyrasynda çap edildi. Dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, beýleki ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar gatnaşdylar. Çykyşlarda köp jiltli ylmy neşiriň diňe bir halkara lukmançylyk jemgyýetçiliginde däl, eýsem, giň okyjylar köpçüliginde hem uly gyzyklanma döredýändigi we uly meşhurlykdan peýdalanýandygy nygtaldy. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler hem-de milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik iş dünýäniň köp dillerine terjime edilip, daşary ýurt okyjylarynyň millionlarçasyna elýeterli boldy. Ol ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýan hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz milli lukmançylygy ösdürmegiň pederlerimiziň paýhasyny we tejribesini, dünýä luk

Hünär baýramymyza ajaýyp sowgat

Her güni toýlara beslenýän güneşli ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeler taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar. Hünär baýramymyzyň öňüsyrasynda welaýat merkezimizde buýan kökünden ýylda 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň açylyp, ulanylmaga berilmegi ählimiziň depämizi Göge ýetirdi. Welaýat köpugurly hassahanasyndaky hoşallyk maslahaty hem bu kuwwatly kärhananyň açylmagy mynasybetli geçirildi. Welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň hem-de S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynyň bilelikde guramaklaryndaky maslahata ulgamyň we toplumyň agzybir işgärleri gatnaşdylar.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Düýn welaýat merkezinde buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň açylyp, ulanylmaga berilmegi diňe bir saglygy goraýyş ulgamynyň işgärlerini däl, eýsem, welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylaryny çäksiz begenje besledi. Şu gün welaýat häkimliginde geçirilen hoşallyk maslahaty hem ildeşlerimiziň täze kärhananyň ulanylmaga berilmegi bilen bagly begenç-buýsanjynyň beýanyna öwrüldi. Maslahata welaýatymyzyň ýolbaşçylary, milli parlamentimiziň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, saglygy goraýyş işgärleri we il sylagly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.

Lebaply teatr ussatlary festiwala gatnaşar

Şu ýylyň 18―20-nji oktýabry aralygynda Aşgabatda Türki medeniýetiň halkara guramasyna ― TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň ikinji teatr festiwaly geçiriler. Oňa Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry hem gatnaşar. Häzirki günlerde teatryň döredijilik topary festiwala ýokary derejede taýýarlyk görýär. Has takygy, festiwala ildeşlerimiz «Gelin ýörişi» atly sahna eseri bilen gatnaşarlar. Bu eseriň edebi esasyny ýazan we sahnalaşdyran teatryň baş režissýory Perhat Hudaýberenowdyr.

Sagdynlygyň dabaralanmasy

Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli giňden ýaýbaňlandyrylan dabaralar şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Täze taryhy döwürde halkyň saglygy hakynda ägirt uly aladalaryň edilýändigi hünär baýramy mynasybetli geçirilen medeni, sport, wagyz-nesihat çäreleriniň, dabaraly maslahatlaryň mazmunynda aýdyň şöhlelendi. Welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli welaýat Stomatologiýa merkeziniň mejlisler zalynda «Ynsan saglygy — ýurduň baş baýlygy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly tagallalar hakynda buýsançly çykyşlar edildi.

Dünýä edebiýatynyň ägirtlerine sarpa

Merjen şäherimiz Aşgabadyň keşbinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini görýäris. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýä derejesinde bellenilip geçilýär. Parahatçylygyň we dost-doganlygyň ýolundan ýagty geljege tarap ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli gymmatlyklarymyz sarpalanyp, dünýä halklarynyň medeniýetine uly hormat goýulýar. Şu gün – 10-njy oktýabrda paýtagtymyzyň gözel künjeginde dostlugyň nyşany bolan, häzirki zaman gadymy we köp žanrly gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşyp, taryhy söz sözlediler. Gahryman Arkadagymyz, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, şeýle-de dabara gatnaşyjylar we myhmanlar soňra gazak halkynyň beýik oglunyň heýkeline ter gül desselerini goýdular. Iki doganlyk ýurduň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary açylyş dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Zenanlar guramasynda

Hünär bäsleşigi Hormatly Prezidentimiziň «Zenanlarymyzyň zähmetiniň miweleri eziz Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerinde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrýan beýik işlerimize gelin-gyzlarymyzyň mynasyp goşant goşýandyklary üçin men olara minnetdarlyk bildirýärin» diýen belent ynamyny ödemek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny dabarlandyrmak maksady bilen, halkymyzyň köpasyrlyk medeni mirasynyň iň görnükli nusgasy bolan türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigine bagyşlanyp, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden «Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» atly bäsleşigiň golaýda Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.

Aýdyň maksatlar dabaralanýar

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdepde etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan “Aýdyň maksatlar dabaralanýar” ady bilen “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda geçen söhbetdeşlikde etrapdaky 21-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Gurbangözel Muhammedowanyň çykyşy ünsi çekiji boldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşyjy hökmünde ol umumy milli forumyň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy çykyşlary bilen bagly gürrüň etdi. Söhbetdeşlige gatnaşyjylar Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, jemgyýetiň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipelere hem üns çekilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky tagallalaryna hoşallyk sözlerini aýtdylar.

Ýurt abadan — il bagtyýar

Babadaýhan etrabyndaky 17-nji orta mekdepde «Ýurt abadan — il bagtyýar» ady bilen bäsleşik geçirildi. Welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda ýangyn howpsuzlygy bilen baglanyşykly geçirilen wagyz-ündew ediji bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, berk bedenli, sagdyn ruhly, geljekki durmuşa taýýar, düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmekleri baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de orta mekdepleriň okuwçylarynyň ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri baradaky bilimlerini kämilleşdirmek, olaryň ýangyn howpuna garşy raýatlyk borçlaryna düşünjesini artdyrmak bäsleşigiň esasy maksady boldy. Onda özara bäsleşen mekdep okuwçylaryndan düzülen toparlar ýangyn-tehniki serişdeleriniň ulanyş ýagdaýy, olar babatdaky bilimlerini, ussatlyklaryny aýan etdiler.