"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Sag­lyk – baş baý­lyk

Ýur­du­my­zda sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­na uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Hal­ky­my­zyň sag­dyn dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün ed­ýän ka­da­la­ry or­naş­dyr­mak, şol san­da sport bi­len meş­gul­lan­mak we beý­le­ki ugur­lar bi­len saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak ýa­ly iş­ler ile­ri tu­tul­ýar. «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da kes­git­le­nen ugur­la­ryň bi­ri hem ila­tyň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni, sport he­re­ket­le­ri­ni ös­dür­mek­dir. Şun­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny, saglyk bo­ýun­ça baş mak­sat­na­ma­nyň saz­la­şyk­ly ut­gaş­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ähli ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da, sag­ly­gy go­ra­ýyş­da hem uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar, be­lent üs­tün­lik­le­re ýe­til­ýär. Ta­mam­la­nyp bar­ýan 2024-nji ýyl­da hem bu ul­gam­da örän uly iş­ler durmuşa geçirildi. Dün­ýä ülňülerine do­ly la­ýyk gel­ýän 250 orun­lyk Hal­ka­ra fi­zio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň we 400 orun­lyk Hal­ka­ra sa­gal­dyş-di­kel­diş mer­ke­zi­niň gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­niň aýdyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Awtomobil sporty täze tapgyra gadam basýar

Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň aw­to­mo­bil spor­tu­nyň öňün­de uly müm­kin­çi­lik­ler açyl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aý­ra­tyn üns ber­me­gi ne­ti­je­sin­de türk­men aw­tos­por­tu­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy tä­ze­len­ýär hem-de gi­ňel­dil­ýär. Ýaş­la­ryň spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len köp­çü­lik­le­ýin meş­gul­lan­ma­gy­ny, sport aw­tou­lag­la­ry­ny sü­rü­ji­le­riň we ola­ryň tä­lim­çi­le­ri­niň us­sat­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­ma­gy­ny ga­zan­mak mak­sa­dy bi­len dür­li sport aw­tou­lag­la­ry IIM-niň ga­ra­ma­gyn­da­ky Aw­tos­port mer­ke­zi­niň yg­ty­ýary­na ge­lip go­wuş­ýar. Ýa­kyn­da türkmen halkynyň Mil­li Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly

Türkmenistan-Malaýziýa: hyzmatdaşlygyň täze derejesi

Azi­ýa — Ýu­waş um­man se­bi­ti­niň ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň alyp bar­ýan da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Şun­da Ma­laý­zi­ýa bi­len hyz­mat­daş­ly­ga mö­hüm orun de­giş­li­dir. Türk­me­nis­tan bi­len Ma­laý­zi­ýa­nyň ara­syn­da­ky dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­lar 1992-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýyn­da ýo­la go­ýul­dy we hä­zir­ki wagt­da ýo­ka­ry de­re­je­de al­nyp ba­ryl­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­z Ma­laý­zi­ýa il­kin­ji res­mi sa­pa­ry ama­la aşyr­dy. Sa­pa­ryň do­wa­myn­da ne­ti­je­li gep­le­şik­ler ge­çi­ri­lip, on­da iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny mun­dan beý­läk-de ber­kit­mä­ge gö­nük­di­ri­len 14 sa­ny döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra, pu­da­ga­ra res­mi­na­ma gol çe­kil­di we ka­bul edil­di.

Paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde döwrebap lukmançylyk toplumy emele geler

Ir bi­len luk­man Ar­ka­da­gy­myz Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň gu­rul­ýan ýe­ri­ne gel­di. Mil­li Li­de­ri­miz gur­lu­şyk­da ula­nyl­ýan se­riş­de­le­riň gör­nüş­le­ri bi­len tan­şyp, ola­ryň on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy ba­bat­da bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ra do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni, gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň uzak möh­let­le­ýin­lik, berk­lik şert­le­ri­ni özün­de jem­le­me­li­di­gi­ni aýt­dy. Soň­ra luk­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ga­ra­ma­gy­na tä­ze top­lu­myň bi­na­la­ry, ola­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, en­jam­laş­dy­ry­lyş aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň gör­nüş­le­ri ba­ra­da­ky şe­kil tas­la­ma­la­ry gör­ke­zil­di. Olar ba­ra­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nist­ri M.Mäm­me­dow we se­bit­de iň iri Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň al­nyp bar­ly­şy­na jo­gap­kär ýol­baş­çy N.Aman­ne­pe­sow ha­sa­bat ber­di.

Ýurdumyzyň telekeçileri ýyly üstünlikli jemlediler

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­ri­niň ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­ny ber­kit­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler­de te­le­ke­çi­le­riň my­na­syp pa­ýy bar. Bu gün ýur­du­myz­da bäs­deş­li­ge ukyp­ly te­le­ke­çi­lik iş­jeň­li­gi, te­le­ke­çi­li­gi gu­ra­ma­gyň hem-de hyz­mat­la­ry et­me­giň hä­zir­ki za­man usul­la­ry ke­ma­la gel­di. Te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi, il­kin­ji no­bat­da, ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň çuň­laş­ma­gy­na, önüm ön­dü­ri­ji­le­riň ara­syn­da­ky bäs­le­şi­giň art­ma­gy­na, ba­zar­da önüm bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň kuw­wa­ty­ny art­dyr­ýar. Te­le­ke­çi­ler ýur­du­myz­a da­şa­ry döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dü­rip, şol önüm­ler bi­len hal­ky­my­zy el­ýe­terli ba­ha­dan üp­jün ed­ýär­ler. Öz önüm­le­ri­ni da­şa­ry ýurt­la­ryň ba­za­ry­na çy­karyp, ila­ta önüm­le­riň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni hö­dür­le­mä­ge ça­lyş­ýar­lar.

Ata Wa­ta­ny­my­zyň at-abraýy belende galýar

«Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!»

Täze ýyl ýagşy arzuwlar bilen garşylanýar

Täze ýyl baýramçylygy ähli ynsanlaryň kalplaryna şatlyk paýlap, uly-uly umytlara, owadan arzuwlara besleýär. Bu ajaýyp baýramçylyk dünýäniň ähli künjeklerinde bellenilýär. Täze ýyl baýramy maşgala baýramçylygy hökmünde hem meşhurdyr. Öz senenamalaryny millileşdirip ulanýan medeniýetleriň köpüsinde Täze ýyl baýramçylygyny bellemek örän möhüm çäreleriň biri bolup durýar. Häzirki döwürde ýurtlaryň köpüsinde Grigoriý senenamasy ulanylýar. Täze ýyl baýramynyň belleniliş senesiniň senenamalara görä üýtgemegi bilen, şol baýramçylygyň belleniliş tertibi, däpleri we özboluşly aýratynlyklary hem üýtgeýär. Meselem, Mikroneziýada hem täze ýyl 1-nji ýanwarda garşy alynýar. Ähli adamlar täze ýyl güni özi üçin täze bir at oýlap tapýar we bu hakda ýakynlarynyň gulagyna pyşyrdap aýdýarlar. Garyndaşlarynyň bir bölegi bolsa şol wagt bar güýji bilen deprek çalýarlar. Käbir ýurtlarda adamlar Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda iň gowy arzuwlaryny kagyza ýazýarlar. Sagat 00:00-da jaň kakylanda kagyz ýakylýar. Jaň kakylyp gutarýança kagyz ýanyp gutarsa arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanýarlar. Täze ýyl agşamynda bir bölek süýjülik torty Tibetden geçip barýanlara paýlanýar. Täze ýylyň bereketli gelmegi paýlanan süýjülik tortunyň sany bilen baglanyşykly.

Ýaşaýşa ýaraşyk berýän tutumlar

Gurmak, döretmek, guran hem döreden mukaddesliklerine buýsanyp ýaşamak halkymyza mahsus häsiýetlerdir. Zähmetsöýer halkymyz bu gün öz parasatly döwlet Baştutanynyň alyp barýan çuňňur oýlanyşykly içeri hem daşary syýasatyna tüýs ýürekden uýmak bilen, Watanymyzyň okgunly ösüşleriniň bähbidine nusgalyk işleri amala aşyrmagy başarýar. Bu buýsançly hakykata «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Balkan welaýatynda gazanylan üstünlikleriň mysalynda hem magat göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ata Watanymyz Türkmenistany dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde senagatlaşdyrmak syýasatynda Balkan welaýatyna aýratyn orun degişlidir. Diňe tamamlanyp barýan ýylda sebitde öndürilen 20 milliard manatlyga barabar senagat önümleriniň deň ýaryndan gowragy, bölekleýin satuwyň haryt dolanyşygynda bitirilen 10 milliardlyga barabar işiň 90 göterimden gowragy hususy eýeçiligiň paýyna düşýär. Welaýatda elektrik energiýasyny öndürmekde, uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemekde, oba hojalyk önümlerini taýýarlamakda-da guwandyryjy netijeler gazanyldy. Geçen galla oragy möwsüminde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Balkan welaýatyna amala aşyran mübärek iş saparynda gallaçy babadaýhanlar bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirmegi hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze

Döwrebap aragatnaşyk tehnologiýalaryny özleşdirip

Ýurdumyzyň ösüş maksatnamalarynyň strategik ugurlarynyň hatarynda telekommunikasiýa we aragatnaşyk ulgamy möhüm orun eýeleýär. Bu ugurda ýetilýän sepgitler milli ykdysadyýetimiziň guwandyryjy üstünlikleriniň, ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň güwäsine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň milli aragatnaşyk ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça öňde goýan wezipeleriniň çalt çözülmegi, iň öňdebaryjy enjamlaryň hem-de innowasiýalaryň ulanylmagy netijesinde Türkmenistanda telekommunikasiýalaryň köpşahaly ulgamy hereket edýär. Kommunikasiýa tehnologiýalarynyň elýeterliligi ykdysadyýetiň ösüşini çaltlandyrýar. Häzirki wagtda sanly, kompýuter ulgamlary jemgyýetiň ösüşiniň möhüm şertine hem-de ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy serişdesine öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda elektron önümleri we aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary döreýär. Onuň ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri boljakdygyny häzirden ynamly aýdyp bileris. Bu bazaryň hereket etmegi beýleki pudaklaryň ösmegine, umuman, makroykdysady ýagdaýlara uly täsirini ýetirer.

Bir günde 16 Täze ýyl

Orbitada Täze ýyl baýramyny 16 gezek — dürli sagat guşaklyklarynyň deňinden geçilende belläp bolýar. Ýöne, adatça, ony 3-4 gezek, kosmonawtlaryň ýaşaýan ýurdunyň wagtyna görä belleýärler. Ýeriň golaý asman giňişliginde Roždestwo baýramyny ilkinji gezek 1968-nji ýylda Apollon-8-iň uçarmanlary baýram etdiler. Täze ýyly bolsa sowet kosmonawtlary G.Greçko bilen Ý.Romanenko 1978-nji ýylda «Salýut-6» stansiýasynda bellediler. Kosmonawtlar häzirki wagtda älem giňişliginden Ýeriň dürli şäherlerinde atylýan feýerwerkleri-de synlap bilýärler. 2000-nji ýylda Halkara kosmos stansiýasyna uzak wagtlaýyn işlemäge baran birinji ekspedisiýanyň agzalary Täze ýyl baýramyny ilkinji bolup älemdäki iş ýerlerinde bellediler. Halkara älem stansiýasynda (MKC-30) şondan soň ilkinjileriň hatarynda Täze ýyly garşylanlaryň hatarynda ildeşimiz Oleg Kononenkonyň hem bardygy buýsançlydyr. Şondan bäri stansiýada kosmonawtlar hemişelik nobatçylyk edýärler, şonuň üçinem her Täze ýyl baýramynda Zemindäkileri älemden gutlamak ajaýyp dessura öwrüldi.

Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi kanuny esaslarda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 54-nji maddasynda raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren, işsiz bolan halatynda we gaýry kanuny esaslar boýunça durmuş üpjünçiligine bolan hukuklary kepillendirilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda ýaş maşgalalara, köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara döwletiň ýa-da jemgyýetiň serişdelerinden goşmaça goldaw we ýeňillikler berilýär. Raýatlaryň durmuş taýdan goraglylygynyň üpjün edilmegi, döwletiň durmuş  syýasatynyň esasy ugry hasaplanylýar. Bu bolsa, ilkinji nobatda, gürrüňi edilýän çygryň hukuk kepillikleriniň kämilleşdirilmeginiň üsti bilen amala aşyrylýar.

Baýramçylyk arzuwlary

Hoş geldiň, Täze ýyl eziz Diýara,Ilime berjegiň gowulyk bolsun.Ähli pasyllaryň bahara meňzäp,Her öýe aýdym-saz hem şatlyk dolsun. Zürýatsyz maşgalaň perzendi bolup,Ýatyrmasyn sallançagyň badyny.Ogul atasynyň yzyn göterip,Alawlatsyn ojagynyň oduny.

Täze ýylyň bosagasynda

Täze ýylyň has bagtly gelmegine garaşyp, biz süýjüden-süýji arzuw edýäris. Dünýäde adamlaryň iň köp arzuw edýän güni, megerem, Täze ýylyň baýramçylyk güni bolsa gerek. Täze ýylda arzuw etmek il içinde däbe öwrülipdir. Bu bagtly pursatlary paýlaşmak üçin biz biri-birimiziň öýlerimize myhmançylyga barýarys. Birek-biregi dürli sowgatlar bilen gutlaýarys. Eýsem, täze ýylda arzuw etmek däbi nirede, haçan döredikä? Ilkinji täze ýyly bellemek däbi nireden geldikä? Geliň,  taryha ýüzleneliň! Täze ýyl baýramçylygyny bellemegiň taryhy gadym döwürlerden başlaýar. Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilendigi baradaky ilkinji tapylan subutnamalar miladydan öňki III müňýyllyga degişlidir. Ýöne taryhçylar bu baýramy ondan hem has irki baýram diýip hasaplaýarlar.

Nurana bezegli arçalar

Däp bolup gelýän Täze ýyl baýramçylygy bosagada. Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk toý arçasyny bezemekden we ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmekden başlanýar: — Täze ýyl arçasynyň hakyky ýa-da emeli arçadygyna garamazdan, agaçdan ýa-da demirden edilen esasyň üstünde berkidilip oturdylmalydyr;

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

Geçmişiň buýsançly kelamy Ýakynda welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda türkmen halkynyň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Welaýat kitaphanasynda geçirilen dabara welaýat, şäher, etrap merkezi kitaphanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Täze ýyl baýramynyň dabaralary

Arzuwlaryň şowhunly toýy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň tamamlanyp barýan günlerinde türkmen halky 2025-nji ýyly şatlyk-şowhun bilen garşylamaga taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etraplarynda giňden we dabaraly bellenilýär. Täze ýyl baýramy mynasybetli etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti we ylym-bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň geňeşi bilen bilelikde guramagynda etrabyň medeniýet öýünde “Tarypyň dillerde dessan, eziz Watanymyz jan Türkmenistan!” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň dowamynda medeniýet işgärleri aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Täze ýyl arçasyndaky şatlyk

Gökdepe etrabynyň Medeniýet köşgüniň öňündäki Täze ýyl arçasynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Etrap bilim bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan dabara bagtyýar çagalar gatnaşdy. Bezemen arçanyň töweregini şatlyk-şowhun gurşap aldy. Çagalar el tutuşyp aýdym aýtdylar, labyzly goşgy okadylar, şatlandylar. Ýaş nesliň kalbynyň joşgunynyň beýany bolup dabaralanan çykyşlar giň toý meýdançasyndaky ruhubelentligi belende göterdi. Şeýle şatlykly pursatlar eziz Diýarymyzyň bagtyýar çagalygyň mekanydygy bilen bagly hakykata göz ýetirmäge özboluşly mümkinçilik boldy. Täze ýyl arçasyndaky dabara hemmelerde ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.

Türkmenistanyň Prezidentine «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy gowşuryldy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Ka­ra­ry bi­len Pre­zi­dent Ser­dar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly we ýa­dy­gär­lik ny­şan­lar top­lu­my bi­len

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­ne «Dus­lyk» or­de­ni gow­şu­ryl­dy

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Dün­ýä­niň 30-dan gow­rak ýur­dun­dan ýo­ka­ry de­re­je­li we­ki­li­ýet­le­ri, umu­my­lyk­da 20 müň­den gow­rak myh­ma­ny Ka­zan­da jem­län XVI BRICS sam­mi­ti iki­ta­rap­la­ýyn du­şu­şyk­la­ry ge­çir­mek üçin hem ne­ti­je­li meý­dan­ça öw­rül­di. Sam­mi­tiň çä­gin­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­tu­ta­ny Rus­tam Min­ni­ha­now bi­len du­şuş­dy.

Tä­ze ýy­lyň şow­hu­ny

«Türkmenistan Sport»: № 4 (24), 2024 Tä­ze ýyl baý­ra­my my­na­sy­bet­li Di­ýa­ry­my­zyň äh­li ýer­le­rin­de şow­hun­ly baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­la­ry do­wam ed­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­de hem baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy uly şat­lyk-şow­hu­na bes­len­di. Da­ba­ra Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­tin­iň we onuň ga­ra­ma­gyn­da­ky eda­ra-kär­ha­na­la­ryň, sport des­ga­la­ry­nyň we sport mek­dep­le­ri­niň jo­gap­kär iş­gär­le­ri gat­naş­dy­lar.