"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Alyslara uzaýan menziller

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýar. Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde gatnaşmagy bolsa ýurdumyzyň dostluk ýollarynyň geriminiň has giňelmegine şert döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň 29-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Wengriýanyň paýtagtynda geçirilen 16-njy mejlisine, şeýle-de BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynda geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmagy-da taryhy kökleri asyrlaryň aňyrsyna uzaýan gatnaşyklarda täze sahypa boldy. Kökleri bir halklaryň halkara guramasynyň ýoly öz gözbaşyny 2009-njy ýylyň 3-nji oktýabryndan alyp gaýdýar. Şol taryhy senede, Türki dilli döwletleriň Baştutanlarynyň Nahiçewanda geçirilen sammitinde döredilen gurama Azerbaýjan, Türkiýe, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan hemişelik agza, Wengriýa bolsa synçy derejesinde goşuldy. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bolsa bu gurama 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda synçy hökmünde kabul edildi. Bu guramanyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisiniň Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde şu ýylyň 12-nji martynda paýtagtymyzda geçirilmegi hem Türkmenistanyň TDG bilen gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet

Dünýä dilleri öwrenilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleriň netijesinde bilim ulgamynda uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagynda hem-de hünär öwrenmeginde ähli şertler, mümkinçilikler döredilýär. 5-nji dekabrda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda «Daşary ýurt dillerini öwretmegiň innowasion usullary we tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Bu maslahat öz işini bölümleriň bäşisinde dowam edýär.

Şöhrat-şany älem içre aýlanar

Dünýäde inkär edip bolmaýan hakykat bar. Ol günüň-günden, aýyň-aýdan parhly bolup, her bir geçýän günüň halkyň hakydasynda, ýurduň taryhynda öz öçmejek yzyny goýýanlygydyr. Ata-babalarymyzyň arzuwlan ajaýyp zamanasynda eşretli günleriň hözirini görýän mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilik bilen başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän daşary we içeri syýasatyny tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar edýändiginiň şaýady bolýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň döwrebap öwüşginler bilen dikeldilýändigi uly buýsanç bilen bellenmäge mynasypdyr. Keremli türkmen topragynyň gadymyýetiň ýaňy bolan taryhy ýadygärliklere baýdygy üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň ösen merkezi bolandygyna aýdyň şaýatlyk edýär. Muny Türkmenistanyň çäginde türkmen halkynyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän taryhy-medeni ýadygärlikleriň iki müňe golaýynyň ýerleşýändigi hem subut edýär.

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Serginiň işine dostlukly ýurduň döwlet düzümlerinden, hususy pudagyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Aşgabatda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi

Çarşenbe güni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň kiçi mejlisler jaýynda Türkmen-türk işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, çärä gatnaşyjylar hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we geljek üçin meýilnamalary kesgitlediler.  Mejlis Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň we onuň türkiýeli kärdeşi Mahmut Eranyň çykyşy bilen açyldy. Taraplar işewürlik gatnaşyklary giňeltmek üçin gepleşikleri yzygiderli geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar. 

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu sergä we işewürler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, Türkmenistan bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Aşgabada geldiler. Bellenilişi ýaly, şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr. Irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynyň öňündäki meýdançada baýramçylyk gurşawy emele getirildi. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly we tansly çykyşlary çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

Türkmenistan suw meselesinde ählumumy tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Bitewi suw» sammitine gatnaşdy 3-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitine gatnaşmak maksady bilen, Saud Arabystany Patyşalygyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystanyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Hökümetiniň Başlygy döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşe eýedigini bellediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministrine “Bitewi suw” sammitine gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlyk bildirip, bu çäräniň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Türkmenistan — Türkiýe: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Häzirki wagtda Türkmenistan we Türkiýe ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Serginiň işine dostlukly ýurduň döwlet düzümlerinden, hususy pudagyň wekillerinden ybarat uly toparyň gatnaşmagy munuň aýdyň güwäsidir. Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, köp sanly işewürler gatnaşdylar. Döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.

Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürler geňeşiniň nobatdaky maslahaty öz işine başlady. Geçirilen sergä Türkiýäniň dürli ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň hem-de birleşmeleriň 70-den gowragy gatnaşdylar. Onda esasan hem tehniki serişdeleri, binalaryň ýyladyş-sowadyş ulgamlary, himiki we gurluşyk serişdeleri, dokma, azyk senagat önümleri, derman serişdeleri, öý hojalyk harytlary öndüriji, logistika hyzmatlar ulgamy hödürlenildi. Sergi iki ýurduň işewürleri üçin ajaýyp mümkinçilik boldy. Bu sergi täze işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak we tejribe alyşmak üçin amatly meýdança boljakdygy şübhesizdir. Çünki bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge, söwda hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we maýa goýumlary özüne çekmäge gönükdirilendir. Biz hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen täze mümkinçilikleriň açary boljak bu geçirilýän sergä gatnaşýan birnäçe işewürler bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Köpugurly harytlaryň sergisi

Düýn paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däbe öwrülen sergisi açyldy. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de işewürler gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Türkiýe Respublikasynyň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygy nygtalýar. Serginiň barşynda hünärmenler nobatdaky forumyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine we işewür hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigini beýan etdiler. Bu ýerde görkezilýän harytlaryň agramly bölegi Türkmenistanda öz mümkinçiliklerini we häzirki zaman tehnologiýalaryny beýan etmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň önümleridir. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köptaraply ykdysady mümkinçilikleri bilen tanyşdylar we hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Bu ýerde türkiýeli önüm öndürijileriň ýokary hilli eksport harytlary, şol sanda senagat pudaklary, oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlar, gurluşyk serişdeleri, durmuş tehnikalary, elektronika önümleri, ýumşak mebeller, dokma önümleri, durmuş himiýasyna degişli serişdeler, azyk senagatynyň dürli görnüşli önümleri we hojalyk harytla

Uzak möhletleýin gatnaşyklaryň oňyn netijesi

Bilşimiz ýaly, Türkmenistany we Türkiýäni köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýokary derejedäki hökümetara dialogy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň strategik söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Şunuň bilen birlikde, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, maýa goýumlar ulgamlarynda netijeli ikitaraplaýyn we sebit derejesindäki gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikler açylýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz iki ýurduň ykdysady kuwwatyny nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak boýunça giň mümkinçilikleri döredýärler. Şeýle gatnaşyklaryň oňyn netijesi hökmünde, 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň nobatdaky sergisiniň öz işine başlandygyny bellemek bolar. Sergä gatnaşmak üçin ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň ençemesi öz diwarlyklary arkaly öndürýän önümlerini we hyzmatlaryny sergä gatnaşyjylara hödürledi. Serginiň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oňa gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly üns bilen diňlenildi.

Saýat Nowa — şahyr hem sazanda

Gojaman Köpetdagyň etegindäki «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh top­lumynda dünýäniň belli döredijilik işgärleriniň arasynda Saýat Nowanyň hem heýkeli bar. Bir eliniň saz gurally, beýleki eliniň hem galamly görnüşinde şekillendirilmegi onuň şahyr hem aýdymçy-sazanda hökmünde meşhur bolandygyny ýüze çykarýar. Saýat Nowa meşhur ermeni şahyry Arutýun Saýadýanyň edebi lakamydyr. Ol Tbilisi şäherinde dokmaçynyň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy Karapet Saýadýan belli dokmaçy hökmünde özüni tanadypdyr. Saýat Nowa ilkinji bilimi mekdepde alypdyr we çagalygyndan döredijilik bilen meşgullanyp başlapdyr. Ilkinji goşgularyny şol ýyllarda döredipdir. Şol ýyllarda ol aýdym-saz bilen hem meşgullanyp başlapdyr. Gündogar saz gurallaryny, esasan-da, kemençe çalmagy öwrenipdir.

Merkezi Aziýa ýurtlary we Italiýa ulag we beýleki ugurlar boýunca hyzmatdaşlyk meýilnamasyny taýýarlaýarlar

3-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-de Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň Ilçisi Federiko Faillanyň ýolbaşçylygyndaky Italiýa Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Gün tertibine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Italiýanyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň torlaryny döretmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmak girizildi.

Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş topary döredildi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýada “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesini ösdürmek barada iş toparyny döretmek hakynda tabşyryk berdi. Hukuk maglumatlar resmi portalynda neşir edilen degişli resminama laýyklykda, toparyň düzümi hem tassyklandy. Şeýlelikde, iş toparynyň düzümine bäş adam girdi: topara ýolbaşçylyk etjek wise-premýer Witaliý Sawelýew, RF-iň ulag ministri Roman Starowoýt, RF-iň Prezidentiniň geňeşçisi Igor Lewitin, “Russiýa Demir ýollarynyň” baş direktory Oleg Belozýorow hem-de Russiýanyň Ulag ministriniň orunbasary Dmitriý Zwerew dagylar girdi. Dmitriý Zwerew iş toparyň jogapkär sekretary hökmünde bellendi.

Hyzmatdaşlygyň döwletli ýörelgeleri

Türki halklaryň agzybirliginiň, özara arkalaşygynyň sütünleriniň birine öwrülýän Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň işi barha möhüm ähmiýete eýe bolýar. Munuň şeýledigine 29-njy noýabrda Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisiniň işi hem nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprelinden bäri bu geňeşiň agzasy bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz Türki döwletleriň guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binaly Ýyldyrymyň çakylygy boýunça Aksakgallar geňeşiniň agzasy, şeýle hem hormatly myhman hökmünde Geňeşiň 16-njy mejlisine gatnaşdy. Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisi ýylda iki gezek geçirilip, şu ýylyň mart aýynda bu düzümiň 15-nji mejlisi Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirildi. Aksakgallar geňeşiniň 16-njy mejlisinde bu Geňeşiň işi bilen baglanyşykly möhüm meselelere garaldy, şeýle hem Gurama agza ýurtlaryň bilelikdäki işiniň ileri tutulýan ugurlary, Aşgabatda geçirilen 15-nji mejlisde kabul edilen teklipleriň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mynasyp mertebe

Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeşt şäherinde geçirilen mejlisinde eden çykyşy, orta atan teklipleri ýüregimize jaý boldy. Taryhçy mugallym hökmünde bu teklipleriň örän jaýdardygyny aýratyn nygtamak isleýärin. Şol teklipleriň arasynda bu geňeşi mundan beýläk «Ýaşulular geňeşi» diýip atlandyrmak, geňeşiň neşirini çykarmak, onuň «Hormatly il ýaşulusy» diýen sylagyny döretmek bilen bagly teklipler aýratyn uly orny eýeleýär. Islendik döwletde, esasan hem, dili, medeniýeti ýakyn döwletlerde ýaşululara aýratyn sarpa goýulýar. Çünki olaryň pähim-parasady döwletleriň okgunly ösüşine oňyn täsir edýär. Ýaşuly nesil ― şu günüň we geljegiň ýol görkezijisi. Hut şolaryň paýhasy, ak pata bermegi bilen belent tutumlara girişilýär. Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisinde orta atan teklipleri bu geňeşiň halkara derejesindäki abraý-mertebesini has-da beýgelder. Mejlise gatnaşyjylaryň gyzgyn goldawyna eýe bolan başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň sözi diňlenilýän, pähimi oňlanylýan Liderdigini ýene bir ýola tassyklady.

Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Hytaý” DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşdy

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýekşenbe güni Hytaýyň Syçuan sebitindäki Çendu şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki daşary işler ministrleriniň bäşinji duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-ni habar berýär. Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar sebit ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen “Merlezi Aziýa – Hytaý” formatynyň özara gatnaşyklary işjeňleşdirmekdäki möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan üstaşyr geçelgeleriniň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň gatnaşmagynda ygtyýarly ykdysady operatorlary özara ykrar etmek baradaky üçtaraplaýyn ylalaşygyň baglaşylmagy Türkmenistanyň Döwlet Gümrük Gullugynyň başlygy bilen Halkara Transport diplomatiýasy merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runowyň arasyndaky duşuşygyň esasy temasy boldy. Duşuşyk I.Runowyň Aşgabatda durnukly ulaglar boýunça halkara maslahata, şeýle hem degişli çärelere, esasanam, ministrler ýygnagyna gatnaşmak üçin Türkmenistana eden iş saparynyň çäginde guraldy.

Taryhy hakyda we döwrüň hakykaty

Ol Gahryman Arkadagymyzyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeşt mejlisinde sözlän sözünde aýdyň beýanyny tapdy ...Köki bir, köňli bir dünýä. Umumy maksatlar, bitewi bähbitler. Şöhratly taryh, aýdyň geljek... Türki dünýä hakynda söz açylanda, öňi bilen, ine, şeýle düşünjeler seriňe gelýär. Türki halklar Baýkaldan Balkan ýarymadasyna çenli ägirt uly giňişlikde ýaşaýarlar. Türki siwilizasiýanyň öz gözbaşyny Merkezi Aziýa giňişliginden alyp gaýdýandygy bolsa hemmä mälim. Çeşmäniň gudratynyň durulygynda, derýanyň kuwwatynyň joşgunynda, deňziň güýjüniň çuňlugynda bolşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň berkligi-de, ilkinji nobatda, taryhy köklere, bitewi gymmatlyklara daýanýar. Häzirki döwrüň ýönekeý bolmadyk şertlerinde döwletleriň arasyndaky şeýle jebisligiň belli bahasy ýokdur.