"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe kabul edýär

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «D» topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejiribesi bolan sürüjileri işe kabul edýär. «D» topara degişli şahadatnamasy we tejiribesi bolan hem-de işe ýerlemäge isleg bildirýän sürüjiler şu aşakdaky salga ýüz tutmalydyrlar:

Üns beriň! Bäsleşikli söwda!

Jemgyýetçilik kabul edişligi

2023-nji ýylyň 11-nji we 25-nji martynda Türkmenistanyň Adalat  ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçirilýär. Kabul edişlik Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda, ýagny Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda sagat 09:30-dan 12:00-a çenli geçirilýär.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 18-nji martynda, 22-nji aprelinde we 13-nji maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

Bu günlerde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti barada maglumatlary www.tohu.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar:

Türkmen oba hojalyk instituty 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 25-nji martynda, 15-nji aprelinde we 13-nji maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan işler, şeýle hem hünärler we taýýarlyk ugurlary, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen şertler barada giňişleýin maglumat berler. «Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 9:00-da başlanýar.

Hormatly işewürler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar. Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini hem görmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, siz özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

«Demirýollary» AGPJ işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirer

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işgärler bölüminiň işini sanly ulgama geçirmek üçin potratçy seçip almak boýunça №DÝ/AGPJ-028 belgili açyk halkara bäsleşigini yglan etdi. Bu barada türkmen metbugatynda bildiriş berildi. Bäsleşige gatnaşmak üçin:

Üns beriň, bäsleşik!

«Magtymguly Pyragy — şygryýetiň ussady» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY Bäsleşigiň maksady:

Bildiriş

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 517-VI belgili kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryndan Köneürgenç şäher medeniýet bölüminiň, merkezi şäher kitaphanasynyň, 1-nji kitaphana şahamçasynyň we çagalar çeperçilik mekdebiniň Köneürgenç etrabynyň medeniýet bölümine birikdirilendigi, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň Bereket geňeşligindäki kitaphana şahamçasynyň mundan beýläk Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň Bereket şäherçesindäki kitaphana şahamçasy diýlip atlandyrylýandygy habar berilýär. * * *

Üns beriň, bäsleşik!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy, Aşgabat şäher häkimligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde «Adyň ýüreklerde aýdym, Aşgabat!» atly gözel paýtagtymyzy wasp edýän iň gowy makalalaryň, goşgularyň hem-de ak şäherimiziň täsinlige baý, binagärlik taýdan kämil künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň döredijilik bäsleşigini yglan edýär Bäsleşige paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýaşaýan islendik ýaşdaky ildeşlerimiz, döredijilik işgärleri gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň baş maksady mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ak şäherimiz Aşgabadyň binagärlik, gözellik, ekologik abadançylyk, ýaşaýyş üçin döredilen köpugurly şertleri taýdan ýeten beýik sepgitlerini, ösüşlerini, täsin keşbini, halkymyzyň mähriban paýtagtymyza bolan belent söýgüsini, buýsanjyny mynasyp şöhlelendirýän, giňden beýan edýän iň gowy eserleri, fotosuratlary halkymyza ýetirmekden ybaratdyr. Bäsleşige hödürlenýän makalalaryň, goşgularyň möçberi 2 kagyzdan uly bolmaly däl. Döredijilik eserleri ozal ba

Üns beriň, bäsleşik!

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Milli bahar baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Gelse Nowruz äleme» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, ýurdumyzyň döredijilik kuwwatynyň we taryhy-medeni gymmatlyklarynyň rowaçlanmasynyň baýramy hökmünde giňden bellenilýär» diýip belleýşi ýaly, türkmen halkynyň, şeýle hem Gündogar halklarynyň durmuşyna berk ornaşan, parahatçylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýörelgelerini giňden dabaralandyrýan Nowruz baýramy ýurdumyzda ýokary derejede bellenilip geçilýär. Taryhyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Nowruz baýramy  akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň dürdäne eserlerinde hem giňden şöhlelenipdir.

Türkmenistanyň hormatly raýatlary!

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy önümçilikleri goldamak maksady bilen, ýurdumyzyň raýatlaryna olaryň melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylyk etmek we maldarçylygy ösdürmek, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksatlaryna kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. Kiçi göwrümli karzlar 6 aýa çenli ýeňillikli döwri bolan, 3 ýyla çenli möhlet bilen, 30000 (otuz müň) manada çenli möçberde, ýyllyk 10% tölegli berilýär.

8-nji mart — Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we «Zenan kalby» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaş žurnalistleriň we talyp gyzlaryň arasynda geçiriljek «Ýaşlyk joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

I. Bäsleşigiň maksady Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly üstünliklere beslenýär. Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep-gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda tagallalar edilýär.

Awtoulag sürüjisi ýaşaýyş zolagynda nähili hereket etmeli

Sürüjileriň köpüsi ýaşaýyş jaýly ýerlere ýa-da öz ýaşaýyş jaýlarynyň çägine girip ýol hereket kadalaryna eýermäge arkaýyn çemeleşýärler. Bu ýagdaýlarda hereket düzgünleriniň bozulmagy hem jerime çärelerine getirip bilýär. Ýaşaýyş zolaklaryna ýaşaýjylaryň gezelenç etmegi, güýmenmegi hem-de dynç almagy üçin niýetlenen ýerler, jaýlaryň öňleri we howlular degişlidir. Mälim bolşy ýaly, jaýlara golaý köçelerde, şeýle-de sowa ýerleşen ýerlerde çagalar oýnaýarlar, ýaşuly adamlar gezelenç edýärler. Bu bolsa sürüjilerden degişli ýeriň çoladygyna garamazdan, düzgüne görä hereket etmegi, seresaplygy talap edýär.

Ýeňil awtoulaglara sürüjileri işe çagyrýarys!

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň "Lebapawtoulag" önümçilik birleşigi ýeňil awtoulaglarda sürüji bolup işlemäge isleg bildirýän “A,B” sürüjilik derejesi bar bolan raýatlary aşakdaky günlerde söhbetdeşlige kabul edýär: Duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna günleri 9:00-dan 17:00-a çenli

Üns beriň: terjime bäsleşigi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi «Maru — şahu jahan» welaýat gazeti hem-de «Miras» hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkezi bilen bilelikde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylan ýylda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen ýaşlaryň arasynda «Ýaş terjimeçiniň ussatlygy» atly bäsleşigi yglan edýär. BÄSLEŞIGIŇ DÜZGÜNNAMASY

Bildiriş

Türkmenistanyň Mejlisiniň «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» 2022-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky 517-VI belgili hem-de Daşoguz welaýat häkiminiň 19.11.2022-nji ýyldaky 412 belgili, Şabat etrap häkiminiň 22.11.2022-nji ýyldaky 1129 belgili kararlaryna laýyklykda, Şabat (öňki S.A.Nyýazow adyndaky) etrabyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginiň ýapylýandygy habar berilýär. * * *

Bal­kan we­la­ýa­ty bo­ýun­ça «Bal­kan­te­le­kom» WE­AK-nyň ga­ra­ma­gyn­da­ky ra­dio we te­le­ýaý­ra­dy­jy bö­lüm­le­rin­de tä­ze gur­na­lan we ýaý­ly­ma ber­len FM ra­dio­ýaý­ra­dy­jy en­jam­la­ry­nyň iş­leý­şi ba­ra­da MAG­LU­MAT

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky ýurdumyzda ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. «Talyp karzy» Türkmenistanyň raýaty bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara degişli okuwyň bahasyny tölemek üçin gaýtadan dikeldilýän karz ugry boýunça berilýär.