"Aşgabat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-24, 39-95-24, 39-96-24
Email: asgabat-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Gadyrly okyjylar!

2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Bereketli toprak» gazetine elektron görnüşde abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris. «Bereketli toprak» gazetiniň elektron neşirine 2023-nji ýylyň ikinji ýarym ýyllygyna «turkmenmetbugat.gov.tm» internet sahypasynda we onuň «Türkmenmetbugat» mobil goşundysynyň üsti bilen, «Merkezi gazet-žurnallar we welaýat gazetleri» atly bukja arkaly ýazylyp bolýandygyny ýatladýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe neşir edilýän «Bereketli toprak» hepdelik gazetiniň çap görnüşine 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris.

Abuna — 2023

2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna, şol sanda «Ahal durmuşy» gazetine abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris. Gazetiň kagyzda çap edilýän görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerlerdäki bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Gazetimiziň indeksi — 69546.

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy tender yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasy ýaşaýyş jaýlaryň we binalaryň ýangyn howpsuzlyk ulgamyny abatlamak we tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Jemagat hojalyk kärhanasyna ýüz tutup bilerler.

“Demirýollary” AGPJ teplowozlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti teplowozlar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny we Br.OTSS 4-4-17 kysymly bürünç satyn almak boýunça №DÝ/AGPJ-029 belgili açyk halkara tender yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin:

«Watan» gazetiniň hormatly okyjylary!

2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallaryna, şol sanda «Watan» gazetine abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny size habar berýäris. Gazetiň kagyzda çap edilýän görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň ýerlerdäki bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz. Gazetimiziň indeksi — 69476. Ýarym ýyllygynyň bahasy 15 manat 90 teňňe.

“Demirýollary” AGPJ halkara bäsleşik yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak üçin aşakdaky lot boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-026 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Teplowozlar üçin himiki reagentler, boýaglar we çalgy ýaglar

Hormatly «Adalat» gazetiniň okyjylary!

2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin ýurdumyzyň gazet-žurnallarynyň, şol sanda «Adalat» gazetiniň çap edilýän we elektron görnüşine abuna ýazylyşygynyň başlanandygyny habar berýäris. 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Adalat» gazetiniň çap edilýän görnüşiniň 6 aýlyk ýazylyşygynyň bahasy 7 manat 80 teňňe. Gazetiň belgisi 69426. Abuna ýazylyşygy «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerinde geçirilýär.

Abuna — 2023

HORMATLY OKYJYLAR! 2023-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Daşoguz habarlary» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşygy başlandy.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 2023-nji ýylyň 11, 12-nji maýynda sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin «AÇYK GAPYLAR» gününi geçirýär.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatdaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, institutymyzda guramaçylykly geçirilýän «Açyk gapylar» gününde dabara gatnaşyjylar ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwrenilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar we internet bilen enjamlaşdyrylan täze okuw binalary, ýöriteleşdirilen okuw we lingafon otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport klubunyň işleri, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler. Biziň salgymyz: Aşgabat şäheri, 1972 (Atatürk) köçesiniň 73-nji jaýy, telefon belgilerimiz: 48-62-31, 48-62-33, 48-62-29.

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň Sarahs etrap şahamçasy kart hasaplaryňyzdaky pul serişdeleriňizi öz maşgala agzalaryňyz üçin amatly şertlerde ulanmagy hödürleýär

Ýurdumyzda döwrebap bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak arkaly bank amallarynyň hilini kämilleşdirmek, halka edilýän hyzmatlaryň gerimini has-da giňeltmek we raýatlaryň pul serişdelerini öz maşgala agzalarynyň arasynda amatly şertlerde ulanmak üçin, ýyllyk 5 göterim möçberi bilen «Maşgala» bank karty atly bank hyzmaty ornaşdyryldy. Siz «Maşgala» bank kartynyň üsti bilen şu aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz: — «Maşgala» atly bank kartyny almak üçin isleg bildirýän müşderileriň öz arzalary esasynda «Maşgala» bank karty açylýar. «Maşgala» bank kartynyň esasy çeşmesi müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasaby bolup durýar. Müşderiniň arzasyna laýyklykda ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabynyň çäginde «Maşgala» bank kartynyň hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini müşderi özbaşdak kesgitleýär.

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

Üns beriň, bäsleşikli söwda!

«D» topara degişli şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjiler işe çagyrylýar

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «D» topara degişli şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri işe kabul edýär. Bu barada açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti resmi saýtynda habar berdi. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 12) 44-35-38; (+99 12) 44-35-20.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy siziň goragyňyzyň kepilidir!

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça düýpli öňegidişlikler gazanylýar. Watanymyzy «2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» we 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinden ugur alnyp, ýurdumyzyň makroykdysady durnuklylygyny, ykdysady kuwwatyny berkitmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we sebitlerini kadaly hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ajaýyp ýylymyzda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdy ösdürmekden, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuş abadançylygyny hemmetaraplaýyn, kämil derejede üpjün etmekden ybaratdyr. Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň her bir pudagyny, zähmetkeşler toparyny, her bir maşgalany parahatçylygyň, sahabatlylygyň, ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine, maksada okgunly alyp gitmek hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň gözbaşynda durýandyr. Ätiýaçlandyryş ulgamy hem öz gezeginde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmäge öz goşandyny goşýar. Häzirki wagtda Döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynda ätiýaçlandyrýanlary durmuş-ykdysady taýdan goramak maksady bilen hökmany döwlet ätiýaçlandyryşyň 6 (alty) sany we meýlet

«Açyk gapylar» güni

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary uniwersitet bilen tanyşdyrmak maksady bilen «Açyk gapylar» gününi geçirýändigini habar berýär. «Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň uniwersitetimizde durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, taýýarlyk ugurlary, olara degişli hünärler, uniwersitetde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, medeni-köpçülik işleri hem-de okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak, sport bilen meşgullanmak üçin döredilen zerur şertler we uniwersitetiň dünýä standartlaryna laýyk gelýän okuw otaglary, häzirki zaman tehnologiýalary bilen abzallaşdyrylan tejribe otaglary, maglumat tehnologiýalar merkezi, sport toplumy, ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýlary bilen tanyşdyrylar. «Açyk gapylar» güni uniwersitetde we uniwersitetiň Balkanabat bölüminde 2023-nji ýylyň 26-njy aprelinde we 3-nji maýynda sagat 15:00-da başlanýar.

Türkmenistanyň Merkezi banky, banka degişli bolan Aşgabat şäheriniň G.Ezizow köçesiniň ugrunda ýerleşýän 13-nji ýaşaýyş jaýynyň «Sagdyn bagtly» led ýazgysyna abatlaýyş işlerini geçirmek we şunuň bilen bagly zerur bolan enjamlary satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplaryň teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär. 

Türkmenistanyň Merkezi banky, banka degişli bolan Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 81-nji ýaşaýyş jaýynyň öň tarapyndaky suw çüwdüriminde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek we bu bilen bagly zerur bolan enjamlary satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän taraplaryň teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda aşakdaky salgy boýunça kabul edilýär. 

Hormatly raýatlar!

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky melleginde (bölünip berlen ýer böleginde) şahsy hojalygyny ýöredýän raýatlara kiçi göwrümli karzlary hödürleýär. Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky tarapyndan, raýatlara melleginde (kömekçi hojalygynda, bölünip berlen ýer böleginde) ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek maksady bilen, oba hojalyk önümlerini öndürmek, esasy we dolanyşyk serişdelerini edinmek hem-de iri önümçilikler üçin zerur bolan ýerli çig mallary öndürmek maksadyna aşakda görkezilen tertipde kiçi göwrümli karzlar hödürlenilýär.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi 2023 — 2024-nji okuwa ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän Balkan welaýatynyň hemişelik ýaşaýjylary bolan ýaşlary 2023-nji ýylyň 29-njy aprelinde sagat 10:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar ýörite sungat mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara okuwa girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, medeni-köpçülik işleri, okuw otaglary, talyplaryň ýaşaýyş- -durmuş şertleri barada giňişleýin maglumat berler. Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň salgysy: Balkanabat şäheriniň Ejeke Ataýewa köçesi, 126-njy ýaşaýyş jaý toplumy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 8 (222) 6-77-25, 6-77-26.

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdelerini satyn almak boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-025 belgili açyk halkara tender yglan edýär: Lot №1 – Duýduryş (signalizasiýa) - merkezleşdirilen blokirleme ulgamyny, şeýle hem telemehanikany ýola goýmak üçin enjamlar